• Makalalar
• Keseller barada maglumatlar
• Infeksiýon däl
• ÝITI WE DOWAMLY ORHIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝITI WE DOWAMLY ORHIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.58 (12 Ses)

Orhit – ýumurtgajygyň ýiti sowuklama keselidir. Urologiki tejribede bu ýagdaý ýygy duş gelip, adatça orhit özbaşdak döremän, ol bedende bolup geçýän umumy ýokançlyklaryň täsiri bilen geçýän hadysalaryň gaýraüzülmesi netijesinde ýüze çykýandyr.

ORHIT KESELI NÄME SEBÄPDEN DÖREÝÄR?

Orhit keseliniň döremeginiň has ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri höküminde, beýleki peşew-jyns agzalaryny zeperlendirýän we jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklaryň ýumurtgajyga geçmegini belläp bolar. Şular ýaly kesel döredijileriň hataryna gonokokklar, trihomonada, hlamidiýa, mikoplazma we ureaplazma degişli edilip bilner. Keseliň döremeginiň ýene bir sebäpleriniň biri, ýokançlygyň gan akymy arkaly ýaýramagydyr. Köplenç orhit keseliniň döremegine hapgyrtma, şeýle hem dümewiň, gyzyljanyň, garamygyň wirusy, pnewmokokklar sebäp bolýarlar. Käbir ýagdaýlarda, orhit keseli autoimmun hadysalary netijesinde döreýär, mysal üçin, ol bogun guragyry keselinde hem ýüze çykyp bilýär. Şeýle hem bu kesel ýumurgajyga şikes ýetmegi sebäpli ýa-da erkek adamynyň daşky jyns agzalaryna geçiren hirurgiki bejergisiniň gaýraüzülmesi netijesinde döräp bilýändir.

ORHIT KESELINIŇ ALAMATLARY

Orhit keseliniň ýiti we dowamly görnüşleri bolýar. Adatça, sowuklama hadysasy bir tarapda döreýär, ýöne ýüze çykýan ýagdaýlaryň takmynan 10%-de orhit keseliniň alamatlary iki ýumurtgajykda hem duýulýandyr.

Ýiti orhit keseliniň alamatlary duýdansyz, birden ýüze çykýar. Onuň ilkinji alamaty – ýumurtgajykda ýiti agyrynyň peýda bolmagydyr. Hereket edilende agyry güýjeýär, ýumurtga kem-kemden ulalyp başlaýar, ýumurtga haltajygyň daşyndaky deri dartylyp ýylmanak görnüşi eýeleýär we gyzarýar, çala degilende ýiti agyry ýüze çykýar. Ýiti orhit syrkawyň umumy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen geçýär: bedeniň gyzgyny ýokarlanyp 38-40 C ýetýär, oňa üşütme ýagdaýy hem goşulýar, kelle we beden etinde agyry döreýär, umumy gowşaklyk ýüze çykýar. Bejergi çäreleri haýal etmän işjeň geçirilip başlanan ýagdaýynda, keseliň alamatlary 7-10 günde geçip gidýär, ýöne käbir sebäplere görä bejergi gijikdirilse, keseliň ýaýbaňlanşy dürli netijeleri berip biler:

► 2-3 hepdäniň içinde keseliň öz-özünden geçip gitmegi ähtimal;

► kesel dowamly görnüşe geçip bilýär;

► ýumurtgajygyň iriňlemeginiň (absses) ýüze çykmagy mümkin.

Dowamly orhit, ýokarda bellenilişi ýaly, bejerilmedik ýiti orhitiň netijesi höküminde ýa-da bedende dowamly häsiýetde geçýän ýokançlyklaryň täsiri netijesinde döräp bilýändir. Adatça, bu ýagdaý jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklara mahsus bolýar. Bu ýagdaýda orhit keseliniň alamatlary düýbünden ýüze çykman hem biler. Wagtynda bejerilmedik, keseliň dowamly görnüşi erkek adamlaryň nesil öndürme ukypsyzlygyna getirip bilýändir. Şonuň üçin, köplenç ony diňe tötänden, önelgesizligiň sebäbini anyklamak maksady bilen geçirilýän barlaglaryň netijesinde ýüze çykarýarlar. Dowamly orhit keseliniň ýeke-täk alamaty höküminde, ellenende ýumurtgajykda güýçli bolmadyk agyry ýüze çykyp biler.

ORHIT KESELINI ANYKLAMAK

Orhit keseliniň anyklamasy näsag ýa-da onuň ýakyn hossarlary bilen geçirilen söhbetdeşligiň netijesinde (geçiren keselleri, şikesleri we ş. m.), daşky jyns agzalaryny gözden geçirmek we ýumurtga haltajygyň ultrases barlagy arkaly kesgitlenilýär. Keseliň bejergisinde kesel dörediji ýokançlygy kesgitlemek wajyp bolup, şol maksat üçin peşew çykaryş ýollaryndan alnan nemiň ýokançlyklara barlagyny, ganyň ýokançlyklara barlagyny, peşewiň we ganyň umumy derňewini geçirmek hökmany anyklaýyş çäresi bolup durýandyr.

ORHIT KESELINIŇ BEJERGISI

Ýiti we dowamly orhit keselleriniň bejergisi biri-birinden tapawutlanýar, ýöne iki ýagdaýda hem bejergi çäreleri ilki bilen orhit keseliniň döremegine getiren esasy keseli bejermeklige gönükdirilen bolmalydyr.

Ýiti orhit keseli ýüze çykanda gyssagly antibakterial bejergi tapgyryny geçirme zerurlygy döreýändir. Keseliň bejergisiniň çalt we netijeli alnyp barylmagynyň talap edilýändigi sebäpli, bakeriologiki barlaglaryň netijesi belli bolýança, giň gerimli antibiotikler we ýokançlyklara garşy ulanylýan serişdeler (esasan sefalosporinler, ftorhinolinler, makrolidler) bellenilýändir. Olar bilen birlikde beden gyzgynyny peseldiji (parasetamol) we agyrsyzlandyryjy (ketonal, diklofenak) serişdeler hem ulanylýar. Näsaga ýorgan-düşekli ýatmak düzgüni bellenilip, hereket etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda hökman suspenzoriýa – ýörite ýumurtgajygy galdyryp, belli bir ýagdaýda saklap durmak üçin niýetlenen bandažy (sargyny) ulanma maslahat berilýär. Bejergi döwründe ýagly, gowrulan we ýiti önümleri iýmek, şeýle hem alkogol içgileri kabul etmek bolmaýar.

Dowamly orhit keseliniň bejergisi yzygiderli, erjel alynyp barylmalydyr. Keseliň bu görnüşiniň bejergisi çylşyrymly we köptapgyrlaýyn bolup, bejergi bellenilende, keseliň erkek adamlaryň nesil öndürmek ukybyna zeper ýetirip, önelgesizlige getirip biljekdigi göz öňüne tutulmalydyr. Ýiti orhit keselinde bolşy ýaly, dowamly orhit keselinde hem antibakterial derman serişdeleri bellenilip, olaryň görnüşi bakterial barlaglaryň netijesine görä saýlanyp alynýndyr. Adatça, dowamly orhit keseliniň bejergisi dürli derman serişdelerini utgaşdyryp, birnäçe antibakterial bejergi tapgyryny geçirmegi talap edýär. Şonuň bilen bir wagtda fizioemleri usullary hem giňden ulanylýar: ultrases tolkunlaryň täsiri, magnit we lazer bilen täsir etmek, ýyladyjy ýapgylary ulanma we ýyly wannada oturmak bejergi çäreleri. Şular ýaly bejeriş çäreleri sowuklama hadysasy peselen ýagdaýynd, orhitiň ýiti görnüşinde hem gysga möhletleýin bellenilýändir. Dowamly orhit keseliniň bejergisi hem berhiz saklamagy we ýaramaz endiklerden çetleşmegi talap edýändir.

ORHIT KESELINIŇ GAÝRAÜZÜLMELERI

Ýiti orhit keselinde has ýygy duş gelýän gaýraüzülme – piosele – ýumurtgajygyň iriňlemegidir. Şular ýaly gaýra üzülmeler hirurgiki usul bilen bejerilýär. Onuň üçin ýumurtga haltajygyny kesip açyp, antiseptik serişdeler bilen ýuwýarlar we iriňli bölünip çykmalary ýörite turbajygyň kömegi bilen daşyna çykarýarlar (drenirleme çäresi). Eger ýumurtgajyk tutuş iriňläp erän bolsa, orhektomiýa – ýumurtgajygy tutuş aýyrmak boýunça operatiw bejergisi geçirilýändir.

Dowamly orhit keseliniň esasy gaýraüzülmesi höküminde, ýumurtgajygyň tohum öýjüklerini işläp çykarmasynyň peselmegi netijesinde dörän önelgesizlik ýagdaýyny belläp bolar. Käbir ýagdaýlarda dowamly orhit ýumurtgajygyň dokumasynyň jansyzlanmagyna (atrofiýasyna) ýa-da ýumurtga haltajykda suwuň ýygnanma keseline getirip bilýär. Doly bejerilmedik dowamly orhit, peşew-jyns ulgamyna degişli beýleki agzalarda hem sowuklama keselleriniň döremegine getirip, dowamly ýokançlygyň hemişelik ojagynyň täsiri bilen beden immunitetiň peselmegine hem ondan gelip çykýan netijeleriň döremegine sebäp bolýandyr.

ORHIT KESELINIŇ GETIRÝÄN NETIJESI

Ýiti orhitiň, onuň dowamly görnüşine garanyňda, erkeklik saglygyna ýetirýän zyýany pesdir. Wagtynda ýerlikli geçirilen bejerginiň netijesinde ýiti orhit hiç bir yz galdyrman geçip gidýär. Dowamly orhit keseliniň bejergisi örän kyn we çylşyrymly bolup, ol lukman bilen deň derejede, näsagdan hem erjelligi talap edýändir. Ýöne köp ýagdaýlarda, geçirilen bejergä garamazdan, ýumurtgajygyň tohum öndürme işi pesligine galyp hem bilýändir. Bu babatda çagalyk we ýetginjeklik döwründe geçirilen iki taraplaýyn orhit has hem howplydyr. Keseliň goýup biljek gaýraüzülmeleriniň öňüni almak üçin, bejergini lukmanyň gözegçiligi bilen mümkin boldugyça ir başlama derwaýysdyr.

KESELIŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Keseliň öňüni almak üçin peşew-jyns ýollarynyň kesellerini, şol sanda jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň bejergisine ünsli çemeleşme, jyns agzalary pes temperaturanyň täsirinden goramak esasy çäreler bolup durýandyr. Şonuň ýaly-da, oglanjyklarda we ýetginjeklerde ýiti ýokançlyklaryň (hapgyrtma, gyzylja, dümew, angina, öýken sowuklamasy) bejergisini özwagtynda we doly göwrümde bejermek möhümdir.

• 4893 gezek okalan

Teswirler (11)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Maslahat

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Esen

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

[quote name="Sohbet"]Hormatly lukman maslahatynyza matach[/quote]
#6 Lukman 2014-02-12 00:38

Söhbet!
Makalada bellenip geçilşi ýaly,doly bejerilmedik dowamly orhit tohum öýjükleriniň işlenip çykarylşynyň ýetmezçiligi,...

[quote name="Sohbet"]Hormatly lukman maslahatynyza matach[/quote]
#6 Lukman 2014-02-12 00:38

Söhbet!
Makalada bellenip geçilşi ýaly,doly bejerilmedik dowamly orhit tohum öýjükleriniň işlenip çykarylşynyň ýetmezçiligi, ýumurtgajygyň iriňlemesi, ýumurtgajygyň goşundysynyň zeperlenmegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biler.Degişli barlag çärelerini geçirip, bejergi tapgyry alnandan soň hem, 6 aýyň dowamynda lukmanyň gözegçiliginde bolmak zerurdyr.Dowamly orhidiň beterlemezligi üçin dümew, öýken sowuklamasy ýaly ýokançly kesellerden goragly bolmak, jyns ulgamynyň keselleriniň (erkeklik jyns mäziniň,peşew haltanyň sowuklamasy)we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň öňüni almak möhüm bolup durýandyr.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman maslahatynyza matach

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman shu dowamly orhidi bejerip bolyamy. Shu kesel agyr keselmika. Dowamly orhit keseli barlygy sebapli men ayaklam agyrya hem ysgyndan gachyrya nameden bolup bilerka?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Söhbet!
Makalada bellenip geçilşi ýaly,doly bejerilmedik dowamly orhit tohum öýjükleriniň işlenip çykarylşynyň ýetmezçiligi, ýumurtgajygyň iriňlemesi, ýumurtgajygyň goşundysynyň zeperlenmegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biler.Degişli barlag...

Söhbet!
Makalada bellenip geçilşi ýaly,doly bejerilmedik dowamly orhit tohum öýjükleriniň işlenip çykarylşynyň ýetmezçiligi, ýumurtgajygyň iriňlemesi, ýumurtgajygyň goşundysynyň zeperlenmegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biler.Degişli barlag çärelerini geçirip, bejergi tapgyry alnandan soň hem, 6 aýyň dowamynda lukmanyň gözegçiliginde bolmak zerurdyr.Dowamly orhidiň beterlemezligi üçin dümew, öýken sowuklamasy ýaly ýokançly kesellerden goragly bolmak, jyns ulgamynyň keselleriniň (erkeklik jyns mäziniň,peşew haltanyň sowuklamasy)we jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň öňüni almak möhüm bolup durýandyr.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman soragyma jogap berayinda?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam hormatly lukman soragyma jogap berayinda hayysh sizden. Men urolog doctoryna barlanymda dowamly orhidin barlygyny aytdy.shonda mana lichenya bilen ayyrylyp gitya diydi. Sizin aydyshynyza gora. Yiti orhidi ayyrylyp dowamly orhidi ayyrmak...

Salam hormatly lukman soragyma jogap berayinda hayysh sizden. Men urolog doctoryna barlanymda dowamly orhidin barlygyny aytdy.shonda mana lichenya bilen ayyrylyp gitya diydi. Sizin aydyshynyza gora. Yiti orhidi ayyrylyp dowamly orhidi ayyrmak gaty kyn diydiniz. Doctoryn aytmagyna gora gorkuly hich zat yok hayal etman lichenya alanda ayyrylyp gidya diyip mana maslahat berdi. Hormatly lukman dowamly orhidinde gorkuly zat barmyka ginden gurrun berayseniz

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

ADRESI YALNYS YAZYPDYRYN.
Salawmaleykim lukman. Sag aman islap yormusiniz. Gepin gysgasy menin halayan gyz bar. Arada sol diyyanim yaraman iki eplenip yatyp gymyldap bilman galypdyr. Ozi hem mana olar yaly zatlar hakda hic zadam aydanok...

ADRESI YALNYS YAZYPDYRYN.
Salawmaleykim lukman. Sag aman islap yormusiniz. Gepin gysgasy menin halayan gyz bar. Arada sol diyyanim yaraman iki eplenip yatyp gymyldap bilman galypdyr. Ozi hem mana olar yaly zatlar hakda hic zadam aydanok sebabi cekinyandir. Sorasdyryp anyklasam keseli nesile zyanly diydiler. Ozem ozuni lukmana gorkezmek islemeyar ekeni. Arada yaraman galanda Nasagen dermany eltip berdim. Indi sona sol keselden saplanmagy ucin ona nahili komek bersem bolar yasam 21 boldy. Ol men ucin eziz adam. Sizden geljek jogaba garasyan. Bolmasa kyn gormeseniz nomerinizi ugradaysynyz.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salawmaleykim lukman. Sag aman islap yormusiniz. Gepin gysgasy menin halayan gyz bar. Arada sol diyyanim yaraman iki eplenip yatyp gymyldap bilman galypdyr. Ozi hem mana olar yaly zatlar hakda hic zadam aydanok sebabi cekinyandir. Sorasdyryp...

Salawmaleykim lukman. Sag aman islap yormusiniz. Gepin gysgasy menin halayan gyz bar. Arada sol diyyanim yaraman iki eplenip yatyp gymyldap bilman galypdyr. Ozi hem mana olar yaly zatlar hakda hic zadam aydanok sebabi cekinyandir. Sorasdyryp anyklasam keseli nesile zyanly diydiler. Ozem ozuni lukmana gorkezmek islemeyar ekeni. Arada yaraman galanda Nasagen dermany eltip berdim. Indi sona sol keselden saplanmagy ucin ona nahili komek bersem bolar yasam 21 boldy. Ol men ucin eziz adam. Sizden geljek jogaba garasyan. Bolmasa kyn gormeseniz nomerinizi ugradaysynyz.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location