• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • FURUNKULEZ: SEBÄBI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

FURUNKULEZ: SEBÄBI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (34 Ses)

Biziň halkymyzda "çyban" (rus. – çireý) diýip atlandyrylýan ýiti deri keselleriniň biri bolan furunkulez hakda eşitmedik az-az bolsa gerek. Eger habarly hem bolsaňyz, bu deri keseli baradaky umumy we giňişleýin maglumatlary şu makalanyň kömegi bilen size ýetirme makul bilindi.

Furunkulez – derini örtýän tüýleriň follikulalarynyň (kökleri) we olaryň töweregindäki birleşdiriji dokumanyň iriňli jansyzlanmagy netijesinde döreýän deri keselidir. Egerde deride ýekeje çyban peýda bolan bolsa oňy "furunkul" diyip atlandyrýarlar. Eger olaryň birnäçesi dörän bolsa bu kesel "furunkulez" adyna eýe bolýar. Kesel deriniň aýratyn böleklerinde ýüze çykyp biler, meselem, boýunda, tirsekde, bilde, ýanbaşda. Şeýle-de furunkullaryň tutuş derä ýaýramagy hem bolup biler.

Furunkulezyň görnüşleri

Ýiti furunkulez. Köp sanly furunkullaryň (çybanlaryň) emele gelmegi bilen ýüze çykýar. Ýiti furunkulezda başda deriniň içinde dykyz, agyryly çiş döräp, 3-4 günüň dowamynda çişiň merkezinde iriňli özen peýda bolýar we ol çiş öz-özünden ýarylyp goýy iriňiň çykmagy bolup geçýär. Çişe gözegçilik edilende ýaranyň özeninde, gögümtil reňkl, iriň we gan gatyşykly jansyzlanan dokumalardan ybarat birleşmäniň bardygy görünýär. Umumy gowşaklyk, kelle agyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar hem ýüze çykyp biler.

Dowamly ýa-da ötüşen furunkulez. Immun ulgamynyň gowşamagy netijesinde keseliň gaýtalanmagy bolup geçip, yzygiderli, uzak wagtlap dowam edýär. Dowamly furunkulez dürli üýtgeýiş tapgyrynda bolan, agyryly çybanlaryň peýda bolmagy, umumy gowşaklyk ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýär.

Heniz doly "bişmedik" çybany gysmaklyk, deşmeklik ýa-da iriňli çişi kesmeklik, gyzdyryjy ýapgylary ulanmaklyk, agyr gaýraüzülmelere (flebit, sepsis) we ikilenç howply keselleriň utgaşmagyna getirip biler. Beýnä ýakynlygy sebäpli, has hem ýüzde dörän furunkuly gysmakdan saklanmalydyr.

Furunkulezyň sebäpleri

Deriniň şikeslenmegi we zeperlenmegi netijesinde kesel dörediji ýokançlyklar deri gatlagyna aralaşýar we şol ýerde köpelýär. Tüýleriň köklerini we onuň töweregindäki sagat dokumalary zeperläp, iriňli dargama hadysanyň güýjemegine itergi berýärler. Bu hadysanyň ýüze çykmagynda esasy sebäpleriň biri, ýerli we umumy immunitetiň peselmegidir.

Furunkulezyň döredijisi – altynsow stafilokokklardyr. Bu görnüşli bakteriýalar bedende ýaýrap we ýaşap, adaty ýagdaýlarda deride hiç hili keseli ýüze çykarmaýarlar. Ýöne sähel kiçijik deri şikeslenmelerinde, sypjyryklarda ýa-da deriniň goraýjylyk häsiýetleri peselen halatynda, örän ýeňillik bilen derä zyýanly täsirini ýetirýär. Şahsy gigiýena düzgünlerine biperwaý garamalar hem stafilokklaryň derä ýetirýän täsirini ýokarlandyryp biler.

Düzgün boýunça, bir furunkulyň yüze çykmagy, eýýäm immunitetiň peselendiginden habar berýär. Eger birnäçe furunkullar peýda bolýan bolsa, immuniteti yokarlandyrmak ugrunda çäreleri amala aşyryp başlamalydyr. Immunitetiň gowşaklygy sebäpli döreýän furunkulez bedende gan aýlanşygynyň bozulmagy, endokrin ulgamyndaky näsazlyklar, dowamly stress ýaly birnäçe alamatlar bilen utgaşyp biler.

Şonuň üçin furunkulezyň döremeginiň esasy iki sebabiniň bardygyny bellemek bolar. Onuň birinji (ýerli) sebäbi kesel döredijiniň (stafilokokk) deri şikeslenmelerden soň bedene aralaşmagy bilen düşündirilse, ikinji (umumy) sebäbi immunitetiň wagtlaýyn gowşamagy ýa-da umumy immun ulgamynyň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylýar.

Keseliň ýeňillik bilen dowamly ötüşen görnüşe geçip bilme häsiýetliliginiň bolmagy sebäpli, lukmanlar furunkulezy özbaşdak, öý şertlerinde bejermekden gaça durmaklygy maslahat berýärler.

Furunkulezyň döremegine aşakdaky ýagdaýlar hem getirip biler:

► Witaminleriň mukdarynyň ýetmezçiligi;

► Ýokary gyzgynlyk ýa-da sowuk alma;

► Furunkuleza ýalňyş we özbaşdak bejergi geçirmeklik;

► Yokanç deri keselleriniň geçirilmegi;

► Dowamly emosional dartgynlylyk, stress;

► Bedende alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy (süýji keseli);

► Dowamly keseller.

Ýokardaky sanalan ähli ýagdaýlar bilen bir hatarda, beden bakteriýalardan goraýjylyk ukybyny ýitirende, iriňli sowuklama hadysanyň ýaýbaňlanma ähtimallygy ýokarlanýar. Eger wagtynda bejergi işleri alnyp barylmasa, onda furunkulez dowamly görnüşe geçip, gaýtalanyp durýar.

Furunkulezyň alamatlary

Furunkulez bedeniň dürli ýerlerinde çybanlaryň peýda bolmagy bilen ýüze çykýar. Kesel deride agyryly düwürtik şekilli çişiň emele gelmegi bilen başlaýar. Soňra ol çişiň we töweregindäki dokumalaryň dykyzlaşmagy bolup geçýär. Wagtyň geçmegi bilen tüýleriň köküniň iriňli eremegi we merkezinde gaty özeniň peýda bolup, onuň daşynda dokumalaryň iriňli dargama hadysasynyň döränligi syn edilýär.

Indiki tapgyrda jansyzlanan dokumalaryň goparylyp aýrylmagy, ýaranyň arassalanmagy we bitmegi bolup geçýär. Eger furunkul uly bolmadyk ölçegde bolsa, ýara bitenden soň deride yz galmaýar. Ýara uly we çuň bolsa, onda deride ýaraň yzy biteninden soň hem saklanyp galýar.

Furunkulezda näsagyň umumy ýagdaýy üýtgeýär. Kesel agyrylara we köp halatlarda haýsydyr bir hereketiň (oturmak, ýöremek, kelläni öwürmek, elleri hereketlendirmek we ş.m.) çäklenmegine getirýär. Beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, özüni gowşak duýmaklyk, kelle agyry, işdäniň peselmegi ýaly alamatlar hem döräp bilýär. Çagalarda kesel agyr görnüşde ýüze çykyp, çalt geçýär, ýöne beden gyzgynlygy uly adamlara garaňda ýokary görkezijide bolýar.

Furunkulezyň bejergisi

Bejergi dermatolog lukmanyň berk gözegçiliginiň astynda alnyp barylmalydyr. Özüňçe bejergi işlerini geçirmeklik, esasan hem Wişnewskiniň melhemini ulanmaklyk düýbünden goldanylmaýar. Ol keseli ýaýratmana we flegmona ýaly gaýraüzülmelere çenli döretmäne ukyplydyr. Ýöne ony dine iriňli örtük aýrylandan soň ulanmaklyk maslahat berilýär. Şeýle hem, iriňli özeni howasyz giňişligi döredýän bankalar ýa-da haýsydyr bir kömekçi guralyň (iňňe, ruçka, gaýçy we ş.m.) kömegi bilen aýyrmaklyk howpludyr. Kesel döredijiler sagat dokumalary zeperläp ugran halatynda furunkuly wagtyndan öň kesip, iriňi çykarma synanşygy geçirilip bilner.

Şeýle hem iriň özeniniň doly çykarylmazlygynyň keseliň dowamly görnüşüniň ýaýbaňlanmagyna itergi berlip biljekdigini unutmaly däldir.

Suwly düzgünler. Furunkulezyň bejergisinde suwly düzgünleri ýerine ýetirmekligi çäklendirmelidir. Furunkulezyň ýaýran görnüşinde ýyly suwly wanna margansowkany goşup kabul etmeklik has peýdaly bolup, derini zyýansyzlandyrýandyr. Deriniň sagat ýerlerini antiseptik erginleri bilen süpürip durmaklygyň oňaýlylygy döredip biljekdigi şübhesizdir. Olara furasiliniň ýa-da salisil turşylygynyň spirtdäki erginini degişli edip bolar.

Şahsy gigiýena. Esasy ünsi şahsy gigiýena bermeklik ýerliklidir. Uly bolmadyk sypjyryklary, çapyklary hökmany suratda göwherli ýaşylyň ergini (zelýonka) bilen arassalamaly. Derä galtaşýan içki geýimler, düşek we ýassyk daşlary ýygy-ýygydan çalşylyp durmalydyr. Iýmitde ýagly we ajy görnüşli önümleri azaldyp, witaminlere, beloklara baý bolan iýmitlere ýykgyn etmelidir. Çünki olaryň täsiri bilen dokumalaryň täzeden dikeldilmegi çaltlaşýar.

Antiseptik serişdeler. Haçanda furunkul ösüp ugran halatynda deri hökmany şertde antiseptik serişdeler bilen arassalanmalydyr. Iriňli hadysanyň sagat dokumalara geçmezligine gözegçilik edip, agyryny gowşatmaly, zeperlenen bölege antibiotikli nowokain erginini goýbermelidir. Furunkulezyň has agyr görnüşinde, gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin ýokançlyklara garşy serişdeleri sanjym görnüşde ulanma ýa-da olar bilen elektroforez geçirmek peýdalydyr.

Haçanda ýaranyň araçägi anyk, aýdyň görnüp başlanda, şol ýere natriniň salisil duzlarynyň kristallaryny goýup, üstünden sargy geçirýärler. Bu usul alawlama garşy oňat netije berip, iriň özeniniň çalt gopmagyna itergi berýär.

Hirurgiýa düzgünler. Iriň özeniniň we iriňiň doly ýaýrama howpunda ýarany hirurgiki usullar bilen bejermeklik alnyp barylýar. Bu düzgün ýerli agyrsyzlandyrma bilen ýerine ýetirilýär. Yzygiderlilikde ähli iriňli bölekler aýrylýar, ýara öteturşy wodorodyň 3%-li ergini bilen ýuwulýar. Soňra bejeriji sargylar goýulýar. Bu usulda lewomikol, eritromisin ýa-da sintomisin melhemleri ulanylyp bilner. Sargy günde bir gezek hökman çalşyrylmalydyr. Iriňli özen çykyp, ýara bitişip ugranynda Wişnewskiniň, şeýle hem ihtiolly melhemleri ýaranyň çalt bitmegi üçin ulanmaklyk amatlydyr.

Furunkulezy bejermekde halk lukmançylygynda ulanylýan usullar:

1. Gaýmak ýagyny 1 nahar çemçesi möçberinde alyp, hojalyk sabyny bilen oňat edip ergin ýagdaýynda garyşdyrmaly. Alnan ergini kelem ýapragyna ýazyp we ýaranyň üstünden goýup, hasa bilen sargy etmeli. Birnäçe sagatdan sargyny çalşyrmaly. Şeýle edilende çyban 1-2 günden ýarylýar.

2. Gaýmak derä oňat siňýär. Şol häsiýeti esasynda, köplenç deri kesellerinde gaýmakdan bejergi derman serişdeleri taýýarlanylýar. Gaýmagy altyn murtlyja dermanlyk ösümligi bilen 1:1 gatnaşykda garyp, emele gelen şiräni ýaraň üstünde ýapgy etmeli. Bu usul çybanyň "bişişmegini" çaltlaşdyrýar.

3. Eşek ýorunja hem furunkulezy bejermekde peýdaly serişde bolup biler. Deriniň sowuklama kesellerinde, çykuwlarda agyryny gowşadyjy höküminde peýdalanylýar. Daşky ulanyşlar üçin, 500 ml. gaýnan suwa guradylan eşek ýorunjanyň 2 nahar çemçesi atylyp taýýarlanylýar. Erginiň çökmekligi üçin 1 sagat wagt gerek. Ýapraklaryndan, güllerinden taýýarlanylan bulamaklary çykuwlarda we furunkulezda sargy astynda ulanmak bolar.

Utgaşdyrylan bejergi dogry alnyp barlanda, halk emleriniň netijeliligi hem ýokarlanýandyr. Ýöne islendik ýagdaýda-da, lukmanyň gözegçiligi bolmazdan bejergi geçirmeklik maslahat berilmeýär.

  • 7405 gezek okalan