• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • MASTOPATIÝA: SEBÄBI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MASTOPATIÝA: SEBÄBI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (31 Ses)

"Hemme kesel nerw dartgynlylygyndan döreýär!..." Gündeki durmuşymyzda biz häli-şindi bu sözleri oýundan-çyndan gaýtalap durýas. Nähili bolsa-da, bu ýönekeý hakykat jedelsiz kabul edilmäge mynasypdyr. Güýçli ruhy dartgynlyk, stress, newroz – dürli keselleriň döremegine getirýär. Dowamly stress bedeniň gormonal durkuna täsir edýänligi bilen howpludyr. Wagtyň geçmegi bilen gormonal ulgamynyň durnuksyzlygy immunitetiň peselmegine, beden agzalarynyň we ulgamlarynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Hut nerw we gormonal ulgamynyň bozulmalary mastopatiýa keseliniň döremegine getirýän esasy sebäp bolup durýar.

MASTOPATIÝA NÄME?

Mastopatiýa – süýt mäzleriniň howply bolmadyk keseli bolup, dykyz birleşdiriji dokumanyň ösüp başlamagy netijesinde onuň gurluşynyň uýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Mastopatiýa keselinde süýt mäzleriniň adaty gurluşy üýtgeýär we işjeňligi bozulýar. Statistiki maglumatlara görä, önelgelilige ukyply aýallaryň 30-70%-de bu keseliň duş gelme töwekgelçiligi bellenilip, aýal kesellerinden ejir çekýän näsaglaryň 98%-de bu töwekgelçilik has hem ýokarlanýandyr. Bu keseliň täsiriniň astynda süýt mäzleriniň howply täze döremeleri 3-5 esse ýygy duş gelýändir.

MASTOPATIÝANYŇ DÖREMEGINE HÄME SEBÄP BOLÝAR?

Jyns gormonlarynyň (estrogen we progesteron) kadaly öndürilip durmagynyň bozulmagyna we mastopatiýa keseliniň ýüze çykmagyna bir näçe faktorlar täsir edip durýar:

► Işde we maşgalada häli-şindi bolup durýan dawa, gapma-garşylyklar, ýygy-ýygydan ýüze çykýan stress, jynsy gatnaşykdan kanagatlanmazlyk ýaly sebäpler aýal bedeninde gormonyň kadaly işläp çykmagynyň bozulmagyna getirip, süýt mäzlerinde üýtgeşmeler döredip biler.

► Aýallaryň jyns ulgamynda gormonal bozulmalar (endometrioz, ýatgynyň miomasy, ýumurtgalyklaryň işjeňliginiň bozulmagy) we alawlama hadysalary (adneksit, endometrit) netijesinde döreýän keseller.

► Çagany emeli usul bilen aýyrtmak (abort). Göwreliligiň ilkinji günlerinden aýal bedeni çaga dogrumyna taýýarlanyp, täze tertipde işläp başlaýar. Bu bolsa süýt mäzleriniň ýagdaýyna gönüden-göni täsir edýär. Göwrelilik bozulan ýagdaýynda aýalyň gormonal ulgamynda bökdençlik döreýär we mastopatiýa keseline getirip bilýär.

► Bagryň we öt çykaryjy ýollaryň keselleri (bagryň sirroz keseli, gepatit, holesistit we baş.) aýal bedeniniň gormonal durkuna täsirini ýetirip, mastopatiýanyň döremegine itergi berip biler.

► Endokrin mäzleriň keselleri: süýji keseli, galkan şekilli mäziniň işjeňliginiň peselmegi (gipotireoz) we ş. m.

► Göwsüň şikesleri, uzak wagtlap dar göwüsligi ulanmak keseliň döremegine sebäp bolup biler.

► Mastopatiýa keseliniň döremeginde nesil yzarlama faktory hem uly orun eýeleýär. Ýakyn hossarlarynyň arasynda bu keselden ejir çekeni bar bolan aýallarda, mastopatiýa keseli bilen syrkawlamak töwekgelçiligi ýokarydyr.

Keseliň döremek howpuny ýokarlandyrýan töwekgelçilik toparlary:

• giçki göwrelilik we çaga dogrumy (30 ýaşdan soň);

• aýbaşynyň has ir başlamagy ýa-da giç gutarmagy;

• jynsy gatnaşyklaryň kadasyzlygy;

• çagany 6 aýdan az emdirmek ýa-da emdirmekden boýun gaçyrmak.

MASTOPATIÝA KESELINIŇ ESASY GÖRNÜŞLERI HAÝSYLAR?

Keseliň bir näçe görnüşleri bardyr:
1. Diffuz (ýaýraň) görnüşli mastopatiýa – göwsüň dokumasynyň bütünleý üýtgemekligi bilen häsiýetlendirilip, onuň birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar:

⇒ fibroz-kistozly diffuz mastopatiýa – süýt mäzinde içi suwuklyk bilen dolup duran gabarçaklaryň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär.

fibrozly diffuz mastopatiýa – mastopatiýanyň bu görnüşinde süýt mäzlerinde birleşdiriji dokuma artykmaçlyk edýär.

adenozly diffuz mastopatiýa – süýt mäzlerinde mäzli dokumanyň agdyklyk etmegi bilen häsiýetlenip, süýt öndürýän mäzler ulalýar.

diffuzly mastopatiýanyň gatyşyk görnüşi – bu görnüş aşa ösýän birleşdiriji dokumanyň, içi suwuklykdan dolan gabarçaklaryň (kistanyň) emele gelmegi bilen utgaşmagy netijesinde döreýär.

2. Düwünli mastopatiýa – süýt mäzlerinde birleşdiriji dokumadan ybarat düwünleriň (bir ýa-da birnäçe) döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

3. Fibroadenoma – göwüsde birleşdiriji we mäzli dokumadan ybarat, togalak, hereketli, dykyz döremedir. Bu döreme howpsuz bolup, operasiýa usuly bilen aýrylýar. Süýt mäzleriniň fibroadenomasy örän ýygy syn edilýän görnüş bolup, adatça ýaş aýallarda duş gelýär.

MASTOPATIÝANYŇ ALAMATLARY NÄHILI BOLÝAR?

Mastopatiýa uzaga çekýän keseldir. Onuň ilkinji alamatlarynyň duýulman geçmegi hem ähtimaldyr. Adatça haýsy hem bolsa bir alamatlaryň peýda bolmagy ýa-da ýitip gitmegi aýbaşy halkasynyň döwrüne bagly bolýar.

Mastopatiýanyň esasy alamatlary şulardan ybaratdyr:

1. Süýt mäzlerinde aýbaşynyň öňünden güýjeýän agyrynyň döremegi (mastalgiýa). Keseliň başlangyç tapgyrynda agyry gowşak we sorkuldyly bolýar, aýbaşy başlamagynyň öň ýanynda, adatça, agyry duýgusy aýrylyp gidýär. Soňky tapgyrda yzygiderli agyry ýüze çykyp, eginlere, arka, boýna we goltugyň aşaklaryna ýaýraýar. Göwse degilende agyry duýgusy ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda aýbaşynyň başlamagy bilen hem agyry aýrylmaýar. Adatça, mastalgiýa süýt mäzleriniň gatamagyna we çişmegine, şeýle hem ulalmagyna getirýär.

2. Emziklerden agymtyk ýa-da sary reňkli, kähalatlarda ganly bölünip çykmalaryň bolmagy syn edilýär.

3. Göwsüň käbir ýerlerinde, aýbaşy dowam edip durka hem aýrylmaýan, çäkli dykyzlanmalar peýda bolýar. Näsag, esasan, aýbaşynyň öň ýanynda, käbir ýagdaýlarda bolsa aýbaşynyň ikinji döwrüniň başlanmagy bilen kütek, sorkuldyly agyrynyň ýüze çykýandygyna arz edýär. Aýallaryň 10-15%-niň göwsünde dykyzlanma dörän ýerleri bolsa hem, olarda agyry duýgusy bolmaýar.

MASTOPATIÝANYŇ ANYKLAMASY NÄHILI ALYNYP BARYLÝAR?

Mastopatiýany anyklamakda ulanylýan usullar:

1. Palpasiýa usuly – süýt mäzlerini basyp ellemek arkaly barlamak. Bu barlagyň netijesinde göwüsde ýüze çykan dykyzlanmalary we agyry duýgusyny anyklap bolýar. Bu usul ähli aýallar üçin elýeterlidir we mastopatiýa keselini irki tapgyrynda anyklamak üçin her bir aýalyň öz-özüni barlap durmagy zerurdyr. Palpasiýa usuly lukman tarapyndan ilkinji anyklamany geçirip, goşmaça barlaglary bellemek üçin ulanylýar.

2. Mammografiýa – süýt mäzleriniň rentgen suratyny öwrenmek. Bu usul palpasiýa geçirilende anyklap bolmaýan ujypsyz dykyzlanmalara çenli ýüze çykarmaga ukyplydyr.

3. Süýt mäzleriniň ultrases barlagy. Bu usul süýt mäzlerinde ýüze çykan diffuz we düwünli üýtgeşmeleri anyklamaga ukyplydyr. Mammografiýa bilen utgaşykda geçirilen USB mastopatiýany ýokary netijelilik bilen anyklap, bejergi çärelerini bellemäge mümkinçilik berýär.

4. Süýt mäzlerindäki düwünli döremeleriň punksiýasy. Bu barlagyň kömegi bilen düwüniň öýjükli düzümini anyk takyklap, ony süýt mäziniň beýleki kesellerinden (süýt mäziniň howply çiş keselleri) tapawutlandyryp bolýar. Punksiýa barlagy üçin sanjym iňňesiniň kömegi bilen süýt mäzinde dörän düwünden öýjükleri sorup alýarlar we olary mikroskop arkaly derňeýärler.

Mastopatiýa keselini anyklamakda kynçylyk ýüze çyksa, duktografiýa, doplerosonografiýa ýaly anyklaýyş usullary hem ulanylýar.

MASTOPATIÝA KESELINIŇ BEJERGISI NÄHILI ALYNYP BARYLÝAR?

Mastopatiýanyň bejergisiniň hemme aýallara birmeňzeş netijeli boljak görnüşleri ýokdur. Bejergi çäreleri aýalyň bedeniniň umumy ýagdaýyna, anyklaýyş çäreleriň netijesine görä diňe lukman tarapyndan bellenilmelidir.

Bejergi çäreleri gormonal we gormonal däl görnüşlere tapawutlandyrylyp, seýrek ýagdaýlarda, görkezme boýunça hirurgiki bejergi bellenilýändir.

Gormonal däl bejerginiň usullary.

Berhiz tutma – barlaglaryň görkezişi ýaly, mastopatiýanyň döremegi kofe, kakao, çaý içgilerinde, şokoladda saklanýan metilksantin maddanyň täsirine baglydyr. Bu önümlerden ýüz döndürme süýt mäzleriniň gatamagynyň we agyrylaryň döremeginiň öňüni alyp biler. Şonuň ýaly-da, süýt mäzleriniň ýagdaýyna içegeleriň işiniň gönüden-göni täsiri bardyr. Şol sebäpli bejergi toplumyna iç gatamalaryny aradan aýyrýan, içege mikroflorasynyň ýagdaýyny gowulandyrýan serişdeleri goşmak netijeli bolup biler. Onuň üçin iýmite iri süýümli önümleri we turşadylan süýt önümlerini goşmalydyr we günde 2 litrden az bolmadyk suwuklygy kabul etmegi maslahat bermelidir. Estrogen gormonlarynyň derejesiniň bozulmalarynyň bu keseliň döremeginiň sebäbi bolup biljekdigini aýdypdyk. Estrogenleriň himiki öwrülmegi netijesinde dörän önümleriniň bagyrda arassalanýandygy sebäpli, bu agzanyň saglygyna üns bermek hem wajypdyr. Bagryň işini kadalaşdyrmak üçin ýagly, gowurlan önümleri, alkogol içgileri kabul etmekden saklanmak, B toparyň witaminlerini kabil etmek maslahat berilýär.

► Göwüslikleri dogry saýlamak – göwüsleriň ululygyna we görnüşine gabat gelmeýän göwüslikleri geýmek hem olaryň dokumasynyň ýagdaýyna ýaramaz täsirini ýetirip biler. Olary dogry saýlama süýt mäzlerindäki agyrylaryň derejesini azaltmaga kömek edip biler.

► Witaminler – bu maddalaryň bedeniň gormonal durkuna, nerw we immun ulgamyna ýetirýän peýdaly täsiriniň bardygy sebäpli olary bejergi esasynda ulanma wajypdyr. Mastopatiýalaryň hemme görnüşlerinde A, B, C we E witaminleri ulanylýar. Mäzleriň çişginliligini azaltmak üçin P witaminini saklaýan serişdeleri (askorutin) ýa-da önümleri (sitrus miweleri, gara smorodina, itburun) kabul etmek maslahat berilýär.

► Buşukdyryjy serişdeler – göwüslerdäki agyrylaryň kadaly ýüze çykyp, elleriň we aýaklaryň çişginliligi bilen utgaşan halatlarynda bejergä ýeňil täsir edýän buşukdyryjy serişdeleri goşup we nahar duzuny çäklendirmegi maslahat bermek bolar.

► Gomeopatiki serişdeler – ösümliklerden alnan, witaminleri, mikroelementleri saklaýan (Mastokalm, Mastodinon we baş.) serişdeleri hem toplumlaýyn bejergä goşmak bolar.

Köşeşdiriji serişdeler – emosional dartgynlylygyň göwüslerdäki agyrylary beterleşdirmegi mümkindir. Aýalyň nerw ulgamynyň ýagdaýyna baglylykda ösümliklerden ýasalan (nowopassit, wamelan, biopassir, persen) ýa-da täsiri güýçli köşeşdiriji dermanlary bellemek bolar.

Gormonal bejergi.
Bellenilip geçilşi ýaly, mastopatiýa bedeniň gormonal bozulmalary netijesinde döräp, ol estrogeniň, progesteronyň, prolaktiniň derejesine baglydyr. Köplenç bejergi gormonlaryň derejesini kadalaşdyrmaga gönükdirilen bolýar. Bu maksat üçin içilýän utgaşdyrylan serişdeler, estrogenleriň derejesini peseldiji (tamoksifen), gestagenler, danazon, prolaktiniň derejesini peseldiji serişdeler bellenilýär. Gormon serişdeleri, bedendäki gormonlaryň derejesi kesgitlenenden soň, diňe mammolog lukmany tarapyndan bellenilýändir.

Mastopatiýanyň düwünli görnüşi we fibroadenoma hirurgiki bejergini talap edýändir.

MASTOPATIÝA KESELINIŇ ÖŇÜNI ALYP BOLÝARMY?

Her bir aýal mastopatiýa keseliniň öňüni almak çärelerini berjaý etmelidir. Öňüni alyş çäreleriň esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:

♦ dogry iýmitlenmek;

♦ ruhy dartgynlylyga getirýän ýagdaýlardan gaça durma;

♦ göwsi açyk gün şöhleleriniň täsirinden goramak;

♦ beden agramyny kadada saklamaga çalyşmak;

♦ endokrin we jyns agzalaryň kesellerini özwagtynda we doly bejerme.

Şeýle hem bu keseliň öňüni almakda dogrumy birnäçe gezek geçirip, ilkinji çaga dogrumyny 30 ýaşdan öň amala aşyrmak, çagany azyndan alty aýlap emdirmek, yzygiderli jynsy gatnaşygy berjaý etmek gowy netije berýär.

Mastopatiýa keselini ir tapgyrlarda ýüze çykarmakda, aýalyň aýbaşydan soň birinji hepdede özbaşdak göwüsleri basyp barlag geçirmegi peýdaly we wajyp çäredir (özbaşdak barlag geşirmegiň düzgünleri bilen saýtymyzda ýerleşdirilen "Süýt mäzleriniň howply täze döremeleri" atly makalany okap, tanşyp bilersiňiz).

  • 9141 gezek okalan