• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • FIMOZ: SEBÄBI, ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY, BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

FIMOZ: SEBÄBI, ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY, BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (23 Ses)

Fimoz – ujydyň pürçüginiň gysylma ýagdaýy bolup, ujydyň kellejiginiň daşyna çykmagynyň agyrlylygy we kynlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär.

FIMOZYŇ GÖRNÜŞLERI

Lukmançylykda fimozyň iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

⇒ Fiziologiki – ujydyň kellejigi bilen onuň pürçüginiň içki örtüginiň ýelmeşmegi bilen häsiýetlenip, 6-7 ýaşa ýetmedik (kähalatlarda jynsy kämillige çenli) oglanjyklarda anyklanylyp bilýändir.

⇒ Gazanylan (patologiki) – ujydyň pürçüginiň ep-esli gysylmagy syn edilip, esasan 16-17 ýaşdan uly adamlarda duş gelýändir. Dürli sebäpleriň täsiri bilen döräp, takmynan erkek adamlaryň 2%-de duş gelýär. Fimozyň şeýle bölünmegi şertli bolup, "fiziologiki fimoz" düşünjesi beden üçin hemişe adaty we howpsuz ýagdaýy aňlatmaýar. Çünki çagalykda ujyt pürçüginiň ujypsyz gysylmagy hem, ujydyň ösmegi netijesinde, jynsy kämillik döwrüniň başlanmagy bilen çynlakaý kynçylyklaryň sebäbi bolup bilýändir. Fimozyň dogabitdi, "holtumly" (gipertrofiýaly) we bitişme görnüşleri hem bellenilýändir.

GIPERTROFIÝALY FIMOZ

Gipertrofiýaly fimoz çagalarda, esasan hem artykmaç agramdan ejir çekýän çagalarda köp düş gelýär. Ujydyň ujyndaky deriasty ýag gatlagynyň galňamagy netijesinde "holtumyň" emele gelmegi bilen alamatlandyrylýar. Bu görnüşli fimozda dokumalarda bitişme, yz galma alamatlary döremeýär. Uly ýaşly çagalarda bu görnüşli fimoz ýag gatlagyny aýyrmak netijesinde, ujydyň kellejigini yzygiderlikde çykarmak arkaly bejergi çäreleri alnyp barylýar.

BITIŞME, YZ GALMA FIMOZY

Bitişme fimozy gazanylan fimoza degişli bolup, ujydyň dürli hili mehaniki mikroşikesleri, şeýle hem dürli hili ýokançlyklaryň täsiri netijesinde döreýär. Şulardan başga hem süýji keselli näsaglarda we jyns agzalarynyň gigiýenasynyň talaplary berjaý edilmedik halatynda döräp biler.

Bitişme, yz galma fimozy bu keseliň iň çalt ýüze çykýan görnüşidir. Bitişme fimozynyň bejergisi gysylan bölegi we bitişen ýerleri hirurgiýa usullary bilen aýyrmakdan ybaratdyr.

FIMOZYŇ SEBÄPLERI

Fimozyň sebäpleri häzirki güne çenli doly kesgitlenen däldir. Alymlar bu keseliň döremegini bedende birleşdiriji dokumanyň emele gelşindäki ýetmezçilikler bilen baglanyşdyryp, genetiki töwekgelçilik häsiýetiniň bardygyny belleýärler.

Gazanylan fimoz käbir keselleriň netijesinde döräp biler. Meselem: balanopostit (ujydyň kellejiginiň sowuklama keseli). Şeýle-de, gazanylan fimoz ujydyň mehaniki şikeslenmelerinden soň, ujydyň kellejigi bilen onuň pürçüginiň arasynda dörän sepleşme (sinehiýa) hadysasynyň netijesinde hem döräp biler.

FIMOZYŇ DEREJELERI

Lukmanlar ýüze çykyş häsiýetine we alamatlaryna degişlilikde fimozyň aşakdaky derejelerini belleýärler:

► Birinji dereje (çäkli fimoz) – erkin halda kynçylyk bolman, diňe ujydyň kellejiginiň ereksiýa (gönelme) wagtynda çykmagynyň kynlaşmagy bilen häsiýetlendirilýär;

► Ikinji dereje – erkin halda kellejigi çykarmak kynlaşýar, ereksiýa wagtynda bolsa ujydyň kellejigini çykarmak mümkün bolmaýar;

► Üçünji dereje – erkin halda hem, ereksiýa wagtynda hem ujyt kellejiginiň çykmagyny gazanyp bolmaýar;

► Fimozyň dördünji derejesinde ujyt kellejigini açmaklyk mümkinçiligi bolman, peşew etme wagtynda kynçylygyň döremegi bilen häsiýetlenýär.

FIMOZYŇ ALAMATLARY

Fimozdan ejir çekýän näsagda keseliň ýaýbaňlanmagy bilen birnäçe alamatlar döräp, olar näsagy dürli derejede biynjalyk edip biler:

♦ Peşew etmegiň kynlaşmagy;

♦ Ujyt kellejiginiň sowuklama alamatlarynyň (çişginlilik, gyzarma) döremegi;

♦ Güýçli agyry alamaty (erkin halda-da, şol sanda jynsy gatnaşygynda hem);

♦ Ereksiýanyň bozulmagy.

Bu alamatlar keseliň gaýra üzülmelerinde hem, agyr görnüşinde-de ýüze çykyp biler.

FIMOZYŇ GETIRÝÄN ÝARAMAZ NETIJELERI

Fimoz uzak wagtlap bejerilmedik halatynda, ol indiki ýaramaz netijelere getirip biler:

• Uretrit (peşew çykaryjy kanalynyň nemli gatlagynyň sowuklamagy). Bu ýagdaý ujyt pürçüginde mäzleriň çykarýan suwuklygyndan, peşew duzlaryndan ybarat ak maddanyň – smegmanyň toplanmagy netijesinde, ol ýerde toplanyp biljek ýokançlyklaryň täsiri bilen döräp biler;

• Dizuriýa (peşew etmäniň bozulmagy);

• Ujyt kellejiginiň gangrenasy (çüýremegi).

Birnäçe näsaglar uzak dowam eden fimozda ereksiýanyň ýaramazlaşmagyna arz edýärler. Bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler, bu hadysanyň psihologik sebäpleriň (agyrydan gorkma) netijeside döreýändigini hem belläp geçýärler. Şeýle hem, ýokarky sanalan alamatlar gaýraüzülmeler höküminde-de ýüze çykyp biler.

FIMOZYŇ GAÝRAÜZÜLMELERI

PARAFIMOZ

Parafimozda ýalaňaçlanan ujyt kellejigine pürçügiň "geýdirilmeginiň" kynlaşmagy we onuň gysylmagy ýüze çykýar. Parafimoz köplenç fimozyň 2-3 derejeleri üçin mahsusdyr. Bu ýagdaý jyns gatnaşygy, gigiýeniki çäreler geçirlende, masturbasiýa pursatynda güýçli agyry alamaty bilen ýüze çykyp biler.

Bu alamatlar ujyt kellejiginiň çişmegine getirip, onuň gögermegi we güýçli agyrmagy bilen häsiýetlendirilýär. Gysylma netijesinde ujydyň kellejiginiň gan aýlanşygy bozulyp, onuň çüýreme alamatlarynyň döräp başlamagy hem mümkindir. Näsag gyssagly kömege mätäç bolup, hirurgiýa çärelerini (sünnet etme ýa-da derini dikligine kesme) geçirmäge görkezme döreýändir.

UJYT KELLEJIGINIŇ ÝELMEŞMEGI

Bu ýagdaý adatça 3-4 derejelerde ýüze çykyp, ujyt kellejigi bilen onuň daşyny gurşap alýan pürçügiň içki örtügi birleşýär. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý beterleşip, uzagyndan agyry we ganama ýaly alamatlar döreýär. Bu görnüşi hem diňe hirurgiki usuly bilen bejermeklik netijelidir.

BALANOPOSTIT

Fimozyň ýaýbaňlanan derejelerinde jyns agzalaryň gigiýenasyny hem talabalaýyk geçirmek kynlaşýar. Smegma deri gatlak bilen ujyt kellejiginiň arasyna ýygnanyp, kellejigiň sowuklama alamatlarynyň döremeginiň sebäbi bolýar. Fimozyň balanopostit bilen utgaşýan halatlarynda hem hirurgiki usullardan peýdalanma ýokary netijeleri berip biler.

FIMOZYŇ BEJERGI USULLARY

Pes netijeli bejergi usullarynyň (gormon saklaýan melhem serişdeleri, elleriň kömegi bilen ujyt kellejigini çykarmaklyk) bardygyna garamazdan, näsaga ýeňil we netijeli bejergi usuly – sirkumsiziýa (sünnet etme) maslahat berilýär.

Bu netijeli usul fimozdan hemişelik dynmagyň ýeke-täk we iň oňaýly görnüşidir. Sünnet etme – fimozyň islendik görnüşinde hem oňaýly bejergi çäresi bolup durýandyr. Çagalykda oglanjyklara sünnet etme adaty saklanan dünýäniň musulman halklarynyň arasynda fimozyň duş gelmezligi hem (diňe çagalyk döwründe bolaýmasa), bu bejergi usulynyň netijeliliginden güwä geçýändir.

Hazirki wagtda kämilleşen lukmançylyk usullary fimozy lazeriň kömegi bilen bejerme mümkinçiligini hem döredýär. Bu bejergiden soň, onuň gaýtadan ýüze çykma ähtimallygy ýokdur.

FIMOZYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Keseliň kähalatlarda genetiki bozulmalaryň netijesinde ýüze çykýandygyny göz öňüne tutulsa, bu ugurdan aýratyn, ynamdar öňüni alyş çarelerini kesgitlemek kynçylygy döräp biler. Ýöne hökmany ýagdaýda jyns agzalaryň gigiýenasyny berjaý etmeklik, wagtly-wagtynda ujydy ýuwup durmaklyk, ony şikeslenmelerden goramak, şeýle-de, balanopostitiň peýda bolamagy bilen haýal etmän lukmana ýüz tutmak, bu keseliň öňüni alyp biljek ýerlikli çärelerdir.

  • 5789 gezek okalan