• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • OKUMA ÇYKMA: SEBÄPLERİ, BEJERİŞ WE ÖŇÜNİ ALYŞ ÇÄRELERİ

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKUMA ÇYKMA: SEBÄPLERİ, BEJERİŞ WE ÖŇÜNİ ALYŞ ÇÄRELERİ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.76 (21 Ses)

Okuma (rusça-panarisiý) – bu elleriň we aýaklaryň ýumşak dokumalarynyň we süňkleriniň iriňli alawlamasydyr. Köplenç bu ýagdaý şikeslenme we ýokançlyklaryň düşme ähtimallygy ýokary bolan elleriň dyrnaklarynyň ýerleşýän ýerinde duş gelýändir.

Dürli kesiji we çümüji-deşiji gurallar bilen iş çalyşýan adamlarda şikeslenme hadysalary ýygy-ýygydan bolup durýar. Şahsy gigiýena düzgünleriniň berjaý edilmedik ýagdaýlarynda bu şikeslenen ýerlerden ýokançlyklar girip, alawlama hadysasynyň döremegine sebäp bolýarlar.

Keseliň alamatlary

Okumanyň alamatlary we ýüze çykyşy keseliň görnüşlerine bagly bolup durýan bolsa-da, onuň umumy alamatlary aşakdakylardan ybaratdyr:

► Deriniň gyzarmagy;

► Ýaralanan ýerde iriňli çişiň döremegi;

► Gijeme, gowşak agyry;

► Çişiň hasabyna barmagyň ulalyp başlamagy;

► Wagytyň geçmegi bilen lowlama şeklinde ýiti agyry;

► Bedeniň umumy ýagdaýyna görä kelle agyry, ysgynsyzlyk, ukysyzlyk, beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy.

Eger okumanyň derasty görnüşi ýüze çykan bolsa, onda keseliň beterleşmegine baglylykda barha artýan yiti agyry gije has hem möwjäp, näsagy ukudan mahrum edip biler.

Keseliň sebäpleri

Okuma barmaklaryň ýumşak dokumasynyň şikeslenmegi netijesinde oňa ýokançlyklaryň düşmegi sebäpli döreýär. Deriniň uly bolmadyk şikeslenmeleri (kesik, sanjylma, kiçi gyryndylaryň derä sünjülmegi, uly bolmadyk dyrnaçaklanma ýa-da ýanyk) hem alawlama ýagdaýynyň döremeginiň başlangyjy bolup bilerler. Köplenç keseliň sebäbi streptokokk we stafilokokk ýokançlyklary bolup durýar.

Tämizleme bilen bagly işlerde işleýänlerde elleriniň ýuwujy himiki maddalara galtaşmagy netijesinde eliň derisiniň ýagly örtüginiň zeperlenip, deriniň guramagy sebäpli döreýän kiçijik ýaryjaklardan ýokançlyklaryň düşmegi bilen zeperlenme döräp bilýändir. Öý hojalykçy zenanlaryň elleriniň köplenç öl (hemişe suw bilen bagly hojalyk işleri) bolmagy sebäpli hem bu keseliň döreme töwekgelçiligi artýandyr.

Dyrnaklar tämizlenende (manikýur) hem dyrnagyň üstüniň we düýbüniň törpülenmegi netijesinde olaryň gorag gatlagy şikeslenip, ýokançlyklaryň aralaşmagy üçin şert döreýändir.

Keseliň görnüşleri

Alawlamanyň ýüze çykýan ýerine baglylykda keseliň birnäçe görnüşi tapawutlandyrylýar:

Deri okumasy – barmagyň arkasyndaky deride deriniň üstki gatlagynyň aşagynda iriňiň toplanmagy netijesinde içi bulançak, käte gan gatyşykly düwme görnüşli çiş döreýär. Çişin töweregi gyzarýar. Güýçli bolmadyk agyry we ötme duýgusy duýlup bilner.

Dyrnak ýanynyň okumasy – dyrnak erňeginiň alawlamasy bolup, ony paronihiý diýip hem atlandyrýarlar. Dyrnagyň erňegi ilkibada gyzaryp we çişip agyrýar. Wagtyň geçmegi bilen dyrnak erňeginiň derisi galyp, ondan iriň bölünip çykýar. Keseliň bu görnüşi köplenç nädogry edilen manikýur bejergisi sebäpli ýüze çykýar.

Derasty okumasy – eliň aýa tarapyndan barmaklaryň şikeslenmesi bilen häsiýetlendirilýär. Barmagyň şikeslenen bölegi çişýär we ulalýar. Barmak ýarym epilen ýagdaýda bolup, ony epme ýa-da göneltme kynçylyk we agyry döredýär. Agyry sorkuldyly häsiýetde bolup, eller aşak göýberlende has hem güýjeýändir. Derasty okumada el aýasynyň derisiniň çeýeligi sebäpli iriň daşyna çykyp bilmän, süňklere çenli ýaýramaga ýykgyn bolýandyr.

Dyrnak asty okumasy – ýokançlygyň dyrnagyň aşagyna ýaýramagy netijesinde ýüze çykyp, dyrnagyň bölekleýin ýa-da tutuş soýulmagy hem syn edilip bilner. Bu görnüş köplenç dyrnagyň aşagyna del jisimiň batmagy netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

Siňir okumasy – okumanyň iň agyr görnüşi bolup, barmaklar çişýär we ulalýar. Daşky görnüşi bilen ol büzmeji ýada salýar. Çişginlilik bütün ele, hatda bütün gola hem ýaýrap bilýändir. Şikeslenen barmak hemişe ýarym epilen ýagdaýda bolup, ony göneltme mümkin bolmaýar.

Bogun okumasy – keseliň agyrlaşan ýagdaýy bolup, ýokançlyk barmak bognuna aralaşan ýagdaýynda ýüze çykýar. Bu barmak bognunyň derisiniň çuň ýaralanmagy ýa-da keseliň beýleki görnüşleriniň bogna geçmegi bilen döräp bilýar. Bogun okumasynda barmak bogny çişýär, basylanda ýa-da hereket etdirlende agyry duýulýar.

Süňk okumasy – beyleki görnüşleriň gaýraüzülmesi höküminde ýa-da barmakdaky açyk döwüge ýokançlygyň düşmegi sebäpli döreýär. Güýçli sorkuldaly agyrylar bilen ýüze çykyp, köplenç ýagdaýlarda iriň derini deşip daşyna çykýandyr.

Keseliň gaýraüzülmeleri

Okumanyň gaýraüzülmeleri örän seýrek ýüze çykýan hem bolsa, olaryň döremegi adamyň janyna howp salyp, ýöriteleşdirilen lukmançylyk bejergisi bolmadyk ýagdaýynda howply gaýraüzülmelere getirip biler. Ýokançlyk diňe bir barmagy zeperlendirmän, eýsem eliň aýasyna, dabana, kähalatlarda bolsa tirseklere hem ýaýrap bilýändir. Ondan başga-da, ýokançlyk gan we limfa damarlaryna düşüp bütin bedene (sepsis) ýaýrap hem bilýändir. Ýöne ýokançlyk ýaýraman, bir barmagyň çäginde ýerleşýän hem bolsa, barmagyň hereketlerini çäklendirip, onuň anatomiki işjeňliginiň bozulmagynyň sebäbi bolup bilýändir. Barmaklaryň hemme dokumalary zeperlenen halatlarynda howply gaýraüzülme-pandaktilit ýüze çykýandyr. Barmak ulalyp, gyzylymtyl-gök reňke eýe bolýar. Onda iriň bölünip çykýan deşijekler (swiş) dörese hem, ol ýagdaý sagalma getirmeýär. Pandaktilitiň bejergisi kynlaşan bolup, bu ýagdaý barmagyň ýitirilmegine getirip bilýändir.

Anatomiki aýratynlyklara görä başam we külbike barmakdaky okumanyň eliň aýasyna ýaýrap bilmeginiň ähtimallygynyň ýokarydygy sebäpli, bu barmaklarda ýüze çykan kesele has hem dykgatly çemeleşilmelidir.

Immun ulgamynyň gowşamagy we süýjikesel ýaly dowamly keseller, enokrin näsazlyklar, eliň aýasynyň ownuk damarlarynyň gan aýlanşygynyň bozulmagy okumanyň döremegini we ýaýramagyny aňsatlaşdyrýarlar. Şeýle adamlarda keseliň gaýraüzülmeleri has aňsat ýüze çykyp bilýär.

Okumanyň bejergisi

Okumanyň döremeginiň irki tapgyrlarynda bejergi antibiotik derman serişdelerini saklaýan kremler we ýapgylar bilen alnyp barylýar we köplenç peýdaly netije berýär. Ýokançlyklara garşy antibiotikli we çişginliligiň azalmagy üçin kortikosteroidli kremler, dimeksidli ýapgylar, ultra ýygylykly tolkunlar bilen bejergi ulanylyp bilner. Keseliň döremegine dürli görnüşli ýokançlyklaryň sebäp bolýandygy üçin, keseli ötüşdirmän bejermekde dogry derman serişdesini kesgitlemek möhümdir.

Deri we derasty okumany Saglyk öýleriniň şertlerinde bejerip, bejergi içi suwuklykly düwmejigi açyp, aseptiki ýuwujy serişdeler bilen işlenmeden ybaratdyr.

Süňk, bogun we siňir okumasyndan ejir çekýän näsaglara bejergi keselhananyň hirurgiki bölüminde geçirilýändir.

Keseliň öňüni almak

Okumanyň öňüni almak üçin her ýaralanmada, hat-da kiçijik çyzylmada hem ýara ýeri antiseptiki serişdeler (ýod, wodorodyň öteturşy ergini, spirt ergini we ş.m.) bilen arassalanmalydyr.

Goranmagyň iň ygtybarly usuly bolsa elleriň arassaçylygy, ýagny şahsy gigiýena çärelerini berjaý etmekdir. Eller hapa jisimler bilen galtaşandan soň hökman sabyn serişdeleri bilen yuwulmalydyr. Ýöne elleriň sabynlar we beýleki tämizleýji maddalar bilen aşa köp galtaşmagy eliň derisini guradyp, kiçijik ýaryjyklaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýändigini hem bellemelidir. Bu ýerlerden ýokançlyklar aralaşyp, kesele sebäp bolup bilýärler.

Öý we bakja arassalaýyş işlerinde ýörite ellikler ulanylmalydyr. Eger ellik ulanmaga şert yok bolsa ýa-da ulanmak islemeýän bolsaňyz, onda ýörite goraýjy kremleri ulanmak mümkindir.

Haçan-da kesiji enjamlar bilen işlenende seresap bolunmalydyr. Azyk harytlary arassalanylanda we dogralanda hem ünsli bolmak zerurdyr.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 3077 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Mykgy.

Bu kesel köplenç bedeni gowşak adamlarda haçan barmaklaryna ownuk şikes ýetende başlap bilýär. Ýöne çalaja çişip ugrandan barmagyňy margansiň (margansowka) turşusyny eredilen gyzgyn suwda köp saklamaly. Soň bolsa barmak derisi guramaz ýaly krem...

Bu kesel köplenç bedeni gowşak adamlarda haçan barmaklaryna ownuk şikes ýetende başlap bilýär. Ýöne çalaja çişip ugrandan barmagyňy margansiň (margansowka) turşusyny eredilen gyzgyn suwda köp saklamaly. Soň bolsa barmak derisi guramaz ýaly krem çalmaly. Keseliň öte geçmezligi üçin bu örän peýdaly. Men muňa örän gowy göz ýetirdim.

Dowamy
 
  1. Lukman.

Hudaýa şükür gowy dermenleyň ýüze çykmagy bilen okuma bilen keselleýänleriň mäçberi örän azaldy diýip bolar. Ýöne näme nebsimiz agyrsa-da hususy gigiýena parhsyz garaýan adamlarda entek-entekler hem ýüze çykmasy gaýtalanyp dur.

 
  1. Paýzy.

Wagtynda bejergi geçirmeseň bedeniňe hem howply keseldigi ikiuçly däl. Ondan başga hem keseliň yz galdyrmagy kesellän barmagyň dartylyp durmagy bilen işjeňlik ýagdaýy peselýär. Kähalatlarda dyrnagyň gopmagyna getirýär.

 
  1. Neder.

Dogry aýdypsyňyz Batyr, agyrysy bilen ýürege düşgünç keseldir. Öňler türkmenlerde okumany bişirilen sogan bilen sabyny bilelikde çiş ýere ýapyp bejererdiler. 4-5 günüň dowamynda emele gelen iriň ýarylyp, keseliň bejerilmegi bilen geçýärdi.

 
  1. Şäherli.

Obada önüp-ösemsoň ýadymda gowy galan zat oba adamlarynda bu kesel çalt-çaltdan ýüze çykýardy. Köp ýagdaýlarda barmaklaryň, elleriň derisiniň, dyrnaklaryň etiniň ownuk şikeslenmesi sebäp bolýar. Köplenç bejermek üçin oba tebiplerine ýüz tutardylar.

 
  1. Batyr.

Keseliň gowysy-ha ýokdyr welin, okumany keseliň bir ýigrenjisi hasaplaýaryn.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location