Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PROSTATIT

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (11 Ses)

Prostatit – erkeklik jyns mäziniň sowuklamagy bolup, 20-50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda iň köp duş gelýän urologiki keseldir. Barlaglaryň görkezişi ýaly, 30 ýaşdan soň prostatitden erkekleriň 30%-i, 40 ýaşdan soň 40%-i we 50 ýaşdan soň 50%-i ejir çekýändir.

Erkeklik jyns mäzi (prostata) jyns ulgamynyň wajyp agzasy bolup, ýörite suwuklyk işläp çykarýandyr. Bu suwuklyk dürli dispersli böleklerden ybarat bolup, öz düzüminde beloklary, elektrolitleri, ýaglary we gormonlary saklaýandyr. Ol erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotozoidleriň) hereketliligini amala aşyrmak üçin tohumlylygy suwuklandyrýandyr. Ondan başga-da, jyns mäzi testosteronyň kadaly işläp çykmagyna gatnaşýan esasy agzadyr. Jyns mäziň we tohum haltajygynyň myşsalarynyň ýygrylmagy netijesinde, peşew çykaryjy kanala tohumlygyň zyňylmagy amala aşyrylýar. Bu ýagdaý başgaça "eýakulýasiýa" diýlip atlandyrylýar.

Erkeklik jyns mäzi peşew çykaryjy kanalyň ýokarky bölegini tutup, peşew haltasynyň aşagynda ýerleşýändir. Onuň ulalmagy bilen, peşew bölüp çykarmagyň dürli kynçylyklarynyň başlanmagy hem bu anatomiki ýakynlyk bilen düşündirilýändir. Mäziň ululygy, görnüşi, dykyzlygy erkek adamynyň ýaşyna görä üýtgäp durýandyr. Ol çylşyrymly nerw birleşmelerine  baýdyr. Şol sebäpli ujypsyz kynçylyklar hem, agzada ýerli we umumy üýtgemelere getirip biler.

Mäze dürli ýokançlyklaryň düşmegi, prostatitleriň döremegine itergi bolýandyr. Bu ýagdaýa mäziň anatomiki ýerleşişi hem sebäp bolýar. Ýokançlyk erkeklik jyns mäzine peşew haltadan, peşew çykaryjy kanaldan, göni içegeden, kiçi çanaklygyň gan we limfa damarlaryndan düşüp biler. Ýöne mäze ýokançlygyň düşmegi, keseliň doly ýagdaýda emele gelmegine getirip bilmeýär. Keseliň doly ýüze çykmagy üçin ýörite şertleriň bolmagy hökmandyr.

Keseliň ýüze çykmagyna esas bolýan faktorlara aşakdakylar degişlidir:

• Bedene pes temperaturanyň umumy täsir etmegi;
• Ýygy-ýygydan içiň gatamagy;
• Oturyp işleme ýagdaýlary, meselem, sürüjiler, ofis gullukçylary we başgalar;
• Jyns gatnaşyklarynyň seýrek bolmagy; Ýöne jyns taýdan işjeňlik hem prostatitleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler;
• Az hereketlilik ýagdaýy;
• Bedende dowamly sowuklama keselleri (meselem, dowamly bronhit) we dowamly ýokançlyklaryň ojagy ( meselem, tonzillit, çüýrän dişler) bolanda;
• Jynsy gatnaşygy arkaly ýüze çykýan ýokançlyklar ýa-da urologiki keselleriň bolmagy (meselem, hlamidioz, sözenek, uretritler);
• Bedeniň kesellere durnuklylyk ukybyny peseldýän islendik başga ýagdaýlarda (çendenaşa türgenleşmek, dowamly nerw dartgynlylyk, kadasyz iýmitlenme, uzaga çekýän ýadawlylyk).

Ýokarda agzalyp geçilen faktorlar, çanaklyk agzalarynda gan aýlanşygyň kynlaşmagyna getirýär. Netije-de, durgunlylyk ýagdaýy ýüze çykýandyr. Bu ýagdaýlar bolsa, ýokançlyklaryň täsirini güýjedip, mäziň sowuklama alamatlaryny emele getirýändir.

Ýiti sowuklama kesellerine mahsus bolşy ýaly, ýiti prostatitler duýdansyz başlanýandyr. Näsagda bedeniň gyzgynynyň 38-39 gradus C. çenli galmagy, ysytmanyň başlanmagy, gasykda, garnyň aşagynda, bilde, artbujakda ýiti agyrylar, agyryly peşew we täret etme ýaly alamatlar ýüze çykýandyr.

Köplenç kesel dowamly görnüşe geçip, erkek adamlarda güýçli bildirýän oňaýsyzlyk döredýän däldir. Ýokarda sanalan alamatlar az derejede bildirip, näsagy kän bir biynjalyk etmeýär.

Dowamly prostatitlerde bedeniň gyzgyny seýrek ýagdaýlarda 37 gradus C. çenli galýandyr. Näsagda artbujakda agyrylaryň we ýakymsyz sanjylamalaryň, buşukma ýa-da täret etme wagtynda oňaýsyzlyklaryň ýüze çykmagy bolup biler. Buşukmanyň kynlyk bilen başlanmagy, peşewiň inçejik çüwdürim görnüşde ýa-da damjalap akmagy näsagda uly ynjalyksyzlandyrma döredýändir.Buşukmada ýa-da täret etmeden soň, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy, prostatitlere mahsus alamatlardyr.

Käwagtlar prostatit jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň (trihomoniaz, ureaplazmoz) gaýraüzülmeleri görnişinde hem ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda buşukmadan soň agyrylar we sanjylamalar has artýandyr. Oňa artbujakda, gasykda ýüze çykýan agyrylar, peşew çykaryjy kanaldan bölünip çykmalaryň bolmagy ýaly alamatlar hem goşulyp biler. Wagtyň geçmegi bilen erkek adamlarda ereksiýanyň (ujydyň gönelmek ukyby) bozulmagy ýüze çykýandyr. Bu kynçylygyň ýüze çykmagy, erkeklik jyns mäzinde ereksiýany amala aşyrýan nerw süýümleriniň zeperlenmegi bilen düşündirilýär. Bu kynçylyk bolsa, erkek adamynyň psihiki ýagdaýyna we onuň maşgalasyndaky är-aýal gatnaşyklaryna yaramaz täsir edýändir.

Ýiti prostatitli näsag öz wagtynda urolog- androlog lukmanyna ýüz tutmasa, erkeklik mäziniň iriňlemegi (abssesi) ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda bedeniň gyzgyny 39-40 gradus C. çenli galyp, artbujakda buşukmany we täret etmäni kynlaşdyrýan güýçli agyrylar döreýär. Biraz wagtdan mäziň çişmegi we peşew çykmanyň saklanmagy ýüze çykyp biler.

Ýatda saklaň! Buşukmanyň kynçylyklary we agyrylar erkeklik mäzniň adenomasynda (howply däl täze döreme) hem duş gelýär. Gynansak-da, köplenç erkeklik jyns mäziniň rak keseli hem anyklanylýar.

Keseli ir möhletde anyklamak maksady bilen, 50 ýaşdan soň hemme erkek adamlarda ganyň jyns mäzine mahsus antigenlerine barlagy geçirmek maslahat berilýär.

Dowamly prostatitler gaýtalama we gowşama döwürleriň gezekleşmegi bilen geçýändir. Gaýtalama döwründe bejergi üçin lukmana ýüz tutulmasa, mäzdäki ýokançlyk peşew çykaryjy ulgamynyň başga agzalaryna ýaýrap, sistit (peşew haltanyň sowuklamagy) we piýelonefrit (böwrekleriň sowuklamagy) kesellerine getirip biler. Ýöne köplenç tohum haltajygynyň, ýumurtgalyklaryň we onuň goşundylarynyň sowuklamagy ýaly gaýraüzülmeler  ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar bejergisi çylşyrymly we gymmat bolan erkek önelgesizliginiň döremegine getirip biler. Prostatitli näsaglaryň 40%-den gowragy önelgesizlikden ejir çekýändir.

Prostatitleri anyklamak urolog lukman üçin çylşyrymly mesele bolup durmaýar. Gürrüňdeşlikden we umumy barlagdan soň, göni içegäniň üsti bilen erkeklik mäzi barlanyp, onuň işläp çykarýan suwuklygy barlaga alynýandyr. Bu barlagyň oňaýsyzlygyna we agyrylylygyna garamazdan, ol hökmany geçirmeli çäre bolup durýandyr.

Bejergi başlamazdan öň, peşewi we mäziň çykarýan suwuklygyny ýokançlyklara we dürli antibiotiklere duýgurlylyga barlamalydyr. Bu barlaglar dermanlary dogry saýlamaga kömek edýär. Anyklama çäresi höküminde göni içegäniň üsti bilen geçirilýän ultrases barlagy hem ulanylýar.

Prostatitleriň bejergisi birnäçe ugurlar boýunça, urolog-androlog lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylýandyr. Käwagtlar näsagyň doly bejerilmegini gazanyp bolmasa hem, keseliň alamatlaryny aradan aýryp, onuň gaýtalanmagynyň öňün alyp bolýandyr. Köp babatda ol näsagyň ýaşayys endiklerine, onuň bejeriş çärelerini ýerine ýetirşine baglydyr.

Bejergi üçin bakteriýalara garşy serişdeler, mäziň owkalanmagy, fizioemleri ýaly çäreler ulanylýar. Bejergi çäreleriniň utgaşmasynyň degerli netijä getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Bakteriýalara garşy serişdeleri, diňe degişli anyklaýyş çärelerden soň, lukman belleýändir. Olara ýokançlyklar “öwrenişmez“ ýaly, serişdeleri mukdary we ulanyş dowamlylygy boýunça dogry saýlamalydyr. Bejergi başlandan soň, ony kesmek bolýan däldir. Antibiotikleri ulanmagyň birinji üç gününde peýdaly netije bolmasa, dermany çalyşma barada pikir etmelidir.

Prostatitiň bejergisinde, mäziň owkalanmagy, köp erkek adamlar üçin iň oňaýsyz, agyryly, mertebesini peseldiji çäre ýaly bolup görünýär. Oňa garamazdan köp ýyllaryň dowamynda owkalama ýerini çalşyp bolmajak bejergi höküminde ulanylýar.

Owkalama netijesinde, sowuklama sebäpli mäzde ýygnanýan  "hapa" suwuklyk basylyp çykarylýar. Ondan başga-da, agzanyň gan aýlanşygy gowulaşyp, durgunlylyk ýagdaýy aýrylýandyr. Bu bolsa antibiotikleriň täsirini has hem güýçlendirýändir. Sowuklamanyň yiti döwründe, diňe erkeklik mäziniň owkalanmagynyň peýdaly netijäni berýänligini belläp geçmelidir. Başga agzalaryň keselleriniň ýiti döwründe, owkalama sowuklamanyň ýaýramagyna getirip biler.

Prostatitlerde fizioemleri dürli görnüşlerde ulanylýar. Fiziki faktorlar kiçi çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygynyň güýçlenmegine ýardam berýändir. Fiziobejergi üçin elektromagnit we ultrases tolkunlary, lazeriň täsiri ýa-da göni içegede temperaturanyň ýokarlanmagy ýaly faktorlar ulanylýar. Fiziobejergi geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, dürli dermanlary göni içegeden goýbermek (mikroklizma) bilen çäklenip hem bolýandyr.

Bejergi çärelerinden başga-da, her bir näsag öz durmuşyna peýdaly endikleri girizip, kesele getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga çalyşmalydyr. Sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak, gezelenç etmek, dynç almagy we işlemegi gezekleşdirmek, ýokary hilli we ýeterlik iýmitlenme, bu ýakymsyz keseli sizden daşlaşdyrmaga kömek eder.

Öz saglygy barada aladalanýan erkek adamlara ýene bir gezek ýatladasymyz gelýär:

• Özüňizi sowuk howanyň täsirinden goraň. Sowuk ýerde, daşlaryň üstünde oturmaň;
• Oturymly işleme zähmeti bilen meşgullanýan bolsaňyz, her sagatdan turup, ýönekeý maşklary     ýerine ýetirjek boluň;
• Içiňiziň gatamagyna ýol bermäň. Ýötite iýmit, derman serişdeleri bilen ony kadalaşdyryň;
• Jynsy gatnaşyklaryny kadaly ýagdaýda alyp barmaga çalşyň;
• Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan özüňizi goraň. Keselçilik ýüze çykanda bejergini öz wagtynda aljak boluň;
• Kadaly iýmitleniň, wagtynda dynç alyň, nerw dartgynlylykdan gaça duruň;
• Prostatitleriň alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän urolog lukmanyna ýüz tutuň.

Iň esasy nygtamaly zat hem: 45 ýaşdan soň, öz utanjaňlygyňyzy ýa-da biperwaýlygyňyzy ýeňip geçip, urolog-androlog lukmanynda kadaly barlagdan geçmäge çalşyň.

Erkeklik jyns mäzini, "erkegiň ikinji ýüregi" diýip ýöne ýerden atlandyrmandyrlar. Ony goramaga wagt tapyň.

• 5784 gezek okalan

Teswirler (9)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. Рустам

Салам лукман, простатитден Ашгабад шахеринде Хайсы больницада говы бежерги алса болар?

1. 10

Salam lukman.Men 18 yashymda ve shuvagta chenli masturbasiya edip(kadelerine edip) dokup bilemok.Oynayan yone bolanok yzyndanam ujydym chishya shol sanda kellesinin etegindenem ayratyn chish chykya. Men yakynda ishde bilimi erbet agyrtdym...

Salam lukman.Men 18 yashymda ve shuvagta chenli masturbasiya edip(kadelerine edip) dokup bilemok.Oynayan yone bolanok yzyndanam ujydym chishya shol sanda kellesinin etegindenem ayratyn chish chykya. Men yakynda ishde bilimi erbet agyrtdym lukmanlara barlatdym gorsem keselim prostatit bolup chykdy. dokmeyanligimin sebabem shondan bolmaly.yzygiderli bejergilerden son bilimin agyrysy goydy.Indi lukman shu zatlardan son ujydym kadaly ishlap bashlarmy?

Dowamy

1. KİMYAGER EROĞLU

KRONİK PROSTATİT SEMPTOMLARI ve BİTKİSEL KÜR

MERHABA

Sayın arkadaşlar sizlere kendi yaşadığım hasta şikayetleriyle ve prostatiltihabi şikayetleri ile ilgili bazı bilgiler vermek istedim.

<br...

KRONİK PROSTATİT SEMPTOMLARI ve BİTKİSEL KÜR

MERHABA

Sayın arkadaşlar sizlere kendi yaşadığım hasta şikayetleriyle ve prostatiltihabi şikayetleri ile ilgili bazı bilgiler vermek istedim.

--- Eğer idrar yaparken yanma

-- İdrarı tam boşaltamama

--- Sürekli idrar varmış gibi bir his

--- Çok sık idrara gitme isteği

--- İdrar yaparken zorlanma ve kesik kesik idrar yapma

--- İdrar kalibresinin ve tazyikinin azalması

--- Penisin ucuna doğru sürekli bir sızlama hissetme

---- Penis kökü ile makat arasında ağrı

---- Kasıklarda ağrı

----Ağrılı boşalma ve boşalma sonrası yanma,

---- Dizlerle kuyruk sokumu arasındaki bölgede ,ağrı ,sızlama veya üşüme hissi

---- Bu semptomlarla birlikte başlayan cinsel sorunlar

Yukarıda belirtmiş olduğum semptomlardan birkaçını veya hepsini sürekli olarak yaşıyorsanız ;;;;

KRONİK PROSTATİT hastası olmanız olasılığı çok yüksektir,

Prostat bezinizin deformasyonu,sertliği ve ödemden dolayı şişliği geçmedikçe şikayetleriniz GEÇMEZ.

Prostat bezinizin bu deformasyonu,sertliği ve şişliği ortadan kalktığı zaman göreceksiniz ki bütün bu semptomlarınız yavaş yavaş geçecek ve normal yaşantınıza geri döneceksiniz.

Ben kronik prostatiltihabi hastalığını 16 yılı tüm bu semptomları çok şiddetli olmak üzere toplam 26 yıl yaşadım.

Bu süre içinde 2 kez kolonoskopi.4 kez rektoskopi.1 kez defakografi.sayısını unuttuğum ultrason.tahlil yaptırdım.Herşey normal fakat ben çok kötüydüm.

Kullandığım BİTKİSEL KÜRLE prostat bezimin sertliği.deformasyonu ve şişliği azalınca tüm şikayetler çok şükür yavaş yavaş ortadan kalktı.

BİTKİSEL KÜR Kronik prostatitin semptomlarını gidererek normal yaşantınıza devam etmenizi sağlıyor.Sık sık idrara gitme ,
idrar yaparken zorlanma, idrarda yanma,idrar yapamama, idrar bitince sıkışıklık hissi olması,
penisin kökünde ve ucunda ağrı ve yanma, makat bölgesinde ağrı ve yanma ,kasıklarda ağrı, sancılı boşalma ,
boşalma sonrası yanma,cinsel isteksizlik gibi semptomları giderir.

Bilinen herhangibir yan etkisi yoktur.

Tamamen iyileşme süresi hastalığın şiddetine göre değişir.

Sayın arkadaşlar bu hastalık adı üstünde KRONİK PROSTATİT Yıllarca yerleşen şikayetlerin bir anda geçmesini bekleyemeyiz. Sabırlı ve disiplinli bir şekilde mücadele edersek sağlığımıza kavuşabiliriz.

Herkese acil şifalar dilerim

Kimyager EROĞLU

0-533-427 77 86

kimyager1960@hotmail.com

Dowamy

1. Lukman

Maksat!

Siziň belleýän alamatlaryňyza laýyklykda, ujytdan suwuklygyň gelmegi (dölmi ýa-da kadasyz bölünip çykmalarmy-ony hem kesgitlemeli) ýokanç keselleriň täsiri bilen ýa-da tohum haltajygyň, erkeklik jyns mäziniň sowuklama...

Maksat!

Siziň belleýän alamatlaryňyza laýyklykda, ujytdan suwuklygyň gelmegi (dölmi ýa-da kadasyz bölünip çykmalarmy-ony hem kesgitlemeli) ýokanç keselleriň täsiri bilen ýa-da tohum haltajygyň, erkeklik jyns mäziniň sowuklama keselleriniň döremegi bilen ýüze çykyp biler.Ýöne peşew ýa-da täret etmeden soň biraz dölüň bölünip çykmagy kadaly hasaplanýan ýagdaýdyr.Şeýle-de,ýygy-ýjgydan buşukma hem erkeklik jyns mäziniň ýa-da peşew haltanyň sowuklamasyndan habar berip biler.Görşümiz ýaly, çekinjeňligi ýeňip geçip, androlog lukmanyna ýüz tutma siz üçin peýdaly bolardy.Belli bir sebäbi anyklaman, öz-özüňe bejergi berilmegiň zyýanly bolup, soňundan gaýraüzülmelere getirip biljekdigini ýatladasym gelýär.Ýagdaýy düşündirip aýtsaňyz siziň maşgalaňyzyň hem sizi goldajakdygyna ynanýaryn.Barlaglaryň netijesini anyklaman belli bejergi bermek kynçylyk döredýär.Şol sebäpli biseptolyň ýa-da başga dermanyň size peýdaly boljakdygy barada ynamly aýdyp bolmaz. Sizi biynjalyk edýän alamatlar babatda peýdaly maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Erkeklik agzalardan bölünip çykmalat: sebäpleriň köpdürliligi we bejergi çäreleri" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Dowamy

1. Maksat

Salam Lukman! Men iki uc yerde yuz tutdym bu yerik hem yazmagy makul bildim. Men ujydym sowuklatdym. Irden turamda ujydymy syksan ak suwuklyk cykya son gun dowamynda beyle zat yok. Busuganymda da hic hil prawlema yok, bir busukmadan son 1 2...

Salam Lukman! Men iki uc yerde yuz tutdym bu yerik hem yazmagy makul bildim. Men ujydym sowuklatdym. Irden turamda ujydymy syksan ak suwuklyk cykya son gun dowamynda beyle zat yok. Busuganymda da hic hil prawlema yok, bir busukmadan son 1 2 minutdan son iki uc damja siydik cykyar. Yone calt calt busukma peyda bolly. Urologlara yuz tutmana cekinyan masgalam ters dusunmegi mumkin. Men ozbasdak bisseptol yalak dermanlardan peydalanjak bolyan bu barada mana maslahat berayinda ???? Jogap un onunnen sag bolsun aytyan

Dowamy

1. Lukman

Gylyçmyrat!
Buşukmadan soň ujydyň kellejiginde döreýän agyrylar kömelekli ýokançlyklaryň ýa-da başga (trihomoniaz,hlamidioz)jyns ýollary arkaly geçýän keselleriň alamaty höküminde ýüze çykyp biler.Şeýle-de, bu alamat ulanýan sabynyňyza...

Gylyçmyrat!
Buşukmadan soň ujydyň kellejiginde döreýän agyrylar kömelekli ýokançlyklaryň ýa-da başga (trihomoniaz,hlamidioz)jyns ýollary arkaly geçýän keselleriň alamaty höküminde ýüze çykyp biler.Şeýle-de, bu alamat ulanýan sabynyňyza ýa-da ýuwujy serişdäňize dörän allergiki täsirlilik netijesinde hem döräp bilýändir.Eger agyry gaýtalanýan bolsa, dogry sebäbini anyklamak üçin peşew çykaryş kanalyndan çyrşak alyp,ýokançlyklara barlap görmek netijeli bolardy.

Dowamy

1. gylychmyrat

Salam Lukman,ilki bilen prostatit barada yazan maglumatynyza ullakan minnetdarlygymy bildiryarin,mende hem shun yaly problema yuze chykdy ,men her gezek bushugamda men ujydymyn ujynyng ashagy bishyan yaly agyrly bolya,bu hadysa eyyam uchinji...

Salam Lukman,ilki bilen prostatit barada yazan maglumatynyza ullakan minnetdarlygymy bildiryarin,mende hem shun yaly problema yuze chykdy ,men her gezek bushugamda men ujydymyn ujynyng ashagy bishyan yaly agyrly bolya,bu hadysa eyyam uchinji gezek mende gaytalanyshy ,bu namanin alamatyka?munung gaytalanmagy men neslim ucin howply bolup bilermi?sizing berjek maslahatyngyza sabyrsyzlyk bn garashyarn,we size yene bir gezek sagbolsun aytyan?!

Dowamy

1. gylychmyrat

Salam Lukman,ilki bilen prostatit barada yazan maglumatynyza ullakan minnetdarlygymy bildiryarin,mende hem shun yaly problema yuze chykdy ,men her gezek bushugamda men ujydymyn ujynyng ashagy bishyan yaly agyrly bolya,bu hadysa eyyam uchinji...

Salam Lukman,ilki bilen prostatit barada yazan maglumatynyza ullakan minnetdarlygymy bildiryarin,mende hem shun yaly problema yuze chykdy ,men her gezek bushugamda men ujydymyn ujynyng ashagy bishyan yaly agyrly bolya,bu hadysa eyyam uchinji gezek mende gaytalanyshy ,bu namanin alamatyka?munung gaytalanmagy men neslim ucin howply bolup biler,sizing berjek maslahatyngyza sabyrsyzlyk bn garashyarn,we size yene bir geze sagbolsun aytyan?!

Dowamy

1. Döwlet talyp.

Gaty gyzyklanyp okadym.Köp zatlary bilmeýän ekenmiz. Wagt tapyp, makalany ýazan lukmana minnetdarlyk bildirýärin.Işiňizde üstünlik, durmuşyňyzda rowaçlyk arzuw edýärin.

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location