• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • STOMATIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

STOMATIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (29 Ses)

Stomatit (grekçe, stoma - agyz) – dürli sebäpleriň täsiri bilen döreýän agyz boşlugynyň nemli gatlagynyň alawlama hadysasy bolup, esasan hem çagalarda köp duş gelýändir.

STOMATIT NÄMEDEN DÖREÝÄR?

Keseli dörediji sebäpleriň birnäçe görnüşleri yüze çykarylyp, olaryň islendik biri ýa-da birnäçesi bir wagtda stomatitiň dürli görnüşlerini döretmäge ukyplydyr.

DIŞ PASTALARY ÝA-DA AGYZ ÇAÝKAMAK ÜÇIN NIÝETLENEN SUWUKLYKLAR

Häzirki wagtda köpsanly diş arassalaýjy pastalaryň düzümine girýän laurli natriý sulfaty stomatitiň döremeginde esasy sebäpleriň biri bolup bilýär. laurli natriý sulfat maddasynyň bu häsiýetini hünärmenler onuň agyz boşlugynyň nemli örtügini guraklandyrma häsiýeti bilen baglanyşdyrýarlar. Netijede agyr boşlugy özüniň goraýjylyk ukybyny ýitirip, dürli hili iýmitleriň düzümindäki turşulyklaryň agyz boşlugyna edýän täsiriniň ýokarlandyrýar.

MEHANIKI ŞIKESLER

Käbir näsaglarda stomatit agyz boşlugynyň belli bir şikeslerinde – agzyň yumşak dokumasy dişlenende, dişleriň ýa-da olara goýlan petikleriň tekiz däl gyralary, protez ýada haýsydyr bir gaty iýmit bölegi bilen nemli gatlagy zeperlenende ýüze çykyp biler. Adatça beýle şikesler birnäçe günden yz galdyrman bitip gidýär, ýöne gaýraüzülmeleri uzak wagtlap ynjalyksyzlyk döredip biler.

EMOSIONAL DARTGYNLYLYK

Stomatit bilen keselleýän adamlar köplenç ýaralaryň peýda bolmagyny özlerinde emosional-psihiki dartgynlylyk dörän döwürleri bilen gabat gelýändigini belleýärler.

IÝMIT ÝETMEZÇILIGI

Stomatologlar stomatit bilen kesellän adamlaryň aglabasynyň iýmit düzgünini nädogry düzýändigini belleýärler. Stomatit iýmitde birnäçe witamin-minerallaryň ýetmezçiliginde döräp biler.

Witamin toparlarynyň ýetmezçiligi: C, B, B1, B2, B6, B12.

Başga birnäçe elementleriň ýetmezçiligi: sink, foliý turşylygy, demir, selen.

ALLERGIÝA TÄSIRLILIGI

Iýmit önümlerine we beýleki maddalara bolan allergiýa hem stomatiti döredip biler. Allergiýa döredýän maddanyň agyz boşlugynyň dokumasy bilen galtaşmagy keseliň başlangyjyna itergi berip biler.

Eger näsag özünde iýmit allergiýasynyň täsirinde stomatitiň döreýändigini gümän edýän bolsa, onda iýmit gündeligini düzüp haýsy iýmite bolan allergiýanyň bardygyny kesgitläp biler.

Aşakdaky iýmit önümleri käbir näsaglarda allergiýaly stomatitiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler:

► däneli önümler: greçka, bugdaý, ýarma, çowdary, arpa;

► ir-iýmişler, bakja ekinleri: limon, pyrtykal, ananas, alma, injir, pomidor, yer tudanasy;

► süýt we süýt önümleri;

► beýleki önümler: hoz, şokolad, soýa, uksus;

► diş pastalary, narpyz, sakgyç, stomatologiýa serişdeleri, diş ýasalýan metallaryň käbir görnüşi, derman serişdeleri.

GORMONAL BOZULMALAR

Gelin-gyzlarda stomatitiň emele gelmegi aýbaşy halkasynyň bozulmalary bilen baglanşyklydyr. Şeýle hem, göwrelilik döwründe bu keseliň ýüze çykmaklygynyň ähtimallygy ýokarydyr.

GENETIKA

Geçirilen barlaglar stomatitiň nesil yzarlaýjylyk häsiýetini hem mälim etdi. Stomatit bilen ýygy keselleýän ene-atalaryň çagalarynyň hem onuň bilen keselleme ähtimallygy ýokarydyr.

ÝOKANÇLYKLAR

Stomatitde döreýän ýaralar barlananda düzüminde bakteriýalaryň bardygy we stomatitiň ýüze çykmagynda olaryň ornunyň uludygy anyklanyldy. Bakteriýalar stomatitiň yüze çykmagynyň göniden-göni sebäbi bolmasa hem (olar kadada agyz boşlugynyň nemli gatlagynda saklanýar), keseliň geçişini kynlaşdyrýp bilýärler.

BAŞGA SEBÄPLER

Stomatitiň döremegi we agyz boşlugynda ýaralaryň peýda bolmagy başga keseller we sebäpler bilen göni baglanşykda bolup biler. Ol sebäplere:

♦ Himiýa we şöhle bejergisiniň goşmaça tasirleri;

♦ Nikotin, alkogolly içgileri ulanmaklyk;

♦ Bedeniň suw ýitirmekligi – içgeçme, gaýtarma, suw ýetmezçiligi, uzak wagtlap beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, köp mukdarda peşew etmeklik, köp mukdarda gan ýitirmeklik;

♦ Agyz boşlugynyň gigiýenasynyň ýetmezçiligi;

♦ Pes hilli ýa-da nädogry oturdylan diş protezleri degişli edilip bilner.

STOMATITIŇ ALAMATLARY

Stomatitde döreýän ýara dodaklaryň we duluklaryň içki ýüzünde, agyz boşlugynyň düýbünde, diliň aşagynda, ýumşak kentlewükde we badam şekilli mäzleriň töwereginde emele gelýär.

Keseliň başynda nemli gatlakda uly bolmadyk gyzarma, çişginlilik, awuşama peýda bolup, wagtyň geçmegi bilen zeperlenen ojakda ýara döreýär.

Özüniň görnüşi boýunça ýarany hem toparlara bölmeklik mümkindir:

→ Çuň däl ýara, şekili boýunça tegelek ýa-da owal görnüşe eýedir;

→ Ýaranyň merkezi yukajyk ak ýa-da çal gatlak bilen örtülen;

→ Ýaranyň gyralary göni, tekiz, töweregi gyzyl halka şekilli. Ýarany gurşap alýan dokumalar sagdyn kadaly görnüşe eýedir.

Stomatitde köpsanly ýaralaryň bolmagy mümkin bolup, ýaralaryň sany alta barabar bolup biler. Ýaralar biri-biri bilen ýakyn ýerleşmän, garşylykly ýerleşýändir.

Eger agyz boşlugynda biri-birine ýakyn ýerleşen ýara peýda bolsa, olar wagtyň geçmegi bilen birleşip, nädogry şeklli uly bir ýarany emele getirýärler.

Şeýle-de uly we çuň bolmadyk ýara hem-de dokuma çuň aralaşýan uly ýaralar bolýar. Beýle ýaranyň bejergisi çylşyrymly bolup, bitenden soň yz galdyrýar.

Stomatitde ýara adatça agyryly bolup, köp halatlarda iýmit iýmäne ýa-da diliňi hereketlendirmäne päsgel berýär.

STOMATITI HÄSIÝETLENDIRÝÄN BAŞGA ALAMATLAR:

⇒ Kesel adatça 4 günden 14 güne çenli dowam edýär. Bitmeklik döwri adatça hiç hili kynçylyksyz we yz galdyrman geçýär.

⇒ Eger siz öň stomatit bilen kesellän bolsaňyz, keseliň gaýtalanmak ähtimallygy ulydyr. Bu kesel bilen ýylda 3-4 gezek hem keselläp bolar. Käbir näsaglarda kesel ötüşen görnüşe geçip, heniz doly bitmänkä täzeden gaýtalanyp biler.

⇒ Düzgün boýunça stomatit bilen 10-20 ýaş aralykdaky adamlar keselleýär. Wagtyň geçmegi bilen kesel agyrsyz görnüşde gaýtalanyp biler.

⇒ Stomatit keseli adamlaryň takmynan 20%-de gabat gelýär.

⇒ Stomatitiň yokanç keseldigi barada hiç hili subutnama ýokdur.

STOMATITIŇ GÖRNÜŞLERI

Kömelekli stomatit – ony başgaça ak düşme (moloçnisa), kandidoz hem diýip atlandyrýarlar. Köplenç kömelekleriň maşgalasyna degişli Kandida tarapyndan döredilýär. Stomatitiň bu görnüşi bilen köplenç çagalar keselleýärler. Bu görnüş agyz boşlugyny örtýän ak reňkli ojaklaryň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Gerpesli (uçukly) stomatit – gerpes wirusynyň täsiri bilen döredilýär. Keseliň ýokuşmaklygy näsag çagadan sagat çaga: göni däl gatnaşyk, oýunjaklaryň, emzikleriň üsti bilen, howa-damja arkaly geçip biler. Çaganyň birden gowşamagy, gyjynjylygynyň ýokarlanmagy, deriniň solgun reňki, beden gyzgynlygynyň galmagy, işdäniň peselmegi, eňekasty limfa düwünleriniň ulalmagy ýaly alamatlar peýda bolýar. Beden gyzgynlygy ýokarlananda agyz boşlugynyň nemli gatlagynyň gyzarmagy we çişmegi ýüze çykyp, soňundan ýarylýan we ýaralara öwrülýän içi suwly örgünler peýda bolýandyr.

Bakteriýaly (şikesli) stomatit – şikeslenen agyz boşlugyna yokançlyklaryň (stafilokok, streptokok) düşmegi bilen döreýän görnüşidir.

Allergiýaly stomatit – hemişe aýratyn bir görnüş hem hasap edilmän, köpsanly allergenleriň täsiri bilen döreýän allergiki täsirlilik hasaplanylyp, esasy kesel bilen bile bejerilýändir. Gyzarmaklyk, ak örtügiň, örgünleriň we nokatjyk şekilli gan öýmeleriň peýda bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Eroziýaly (başly) stomatit – bu görnüş iýmit kabul edilende, gepleşilende agyrynyň güýjemegi bilen tapawutlandyrylýar. Gyzaryp, çişip duran agyz boşlugynyň, yumşak kentlewigiň, diş etleriniň, dodaklaryň, diliň üstki gatlaklarynda ak dury suwuklykly örgünleriň bolmagy, olar ýarylandan soňra eroziýanyň (başyň) peýda bolmagy bilen geçýän görnüşidir. Bir eroziýanyň ulalyp, köp meýdany eýelemegi hem mümkindir. Diş etlerinde gyzarmalar, çişler, azajyk gan öýmeleriň bolmagy ýakymsyzlyklary döredip biler. Çagalarda bu görnüş umumy gowşaklyk, gyzgynlygyň ýokarlanmagy, limfa düwünleriň çişip agyrmagy ýaly alamatlar bilen agyr geçip biler.

Kataral stomatit – görkezilen ýagdaý köplenç allergiki täsirliligiň ýeňil görnüşlerinde ýüze çykýar. Çagalarda nemli gatlagyň gijemegi, awuşamagy, tagam biliş duýujylygyň bozulmagy we iýmit kabul edilende agyry alamatlary döräp bilýändir.

STOMATITIŇ BEJERGISI

Stomatitiň bejergisi agyryly oňaýsyzlyklary aradan aýyrmaga, keseliň dowamly görnüşe geçmeginiň öňüni almaga gönükdirilen bolmalydyr. Keseliň alamatlary aýrylýança aşa gyzgyn ýa-da sowuk, gaty, ajy, ýiti, turşy, duzly iýmiti aradan aýyrýan berhizi saklamaga çalyşmalydyr.

TAÝÝAR SERIŞDELER BILEN BEJERGI

Stomatit üçin niýetlenen taýýar derman serişdeleri bir ýa-da birnäçe serişdäni öz düzüminde saklap, dürli taraplaýyn täsirliligini görkezip biler. Şeýle dermanlar barada maglumatlar aşakda beýan ediler.

Ýatda saklaň! Ilki bilen haýsydyr bir derman serişdesini ulanmazdan öň, bu barada hökman lukman bilen maslahatlaşyň, üns bilen dermanyň görkezmesini okaň, ulanşyny, mukdaryny öwreniň. Dermanyň siziň üçin oňaýsyzlyk döretmejekdigine göz ýetirip, soň kabul ediň.

DIŞ PASTALARY WE AGYZ BOŞLUGYNY ARASSALAÝJYLAR

Häzirki wagtda bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler diş pastalaryň düzüminde lauril sulfat natriniň bardygyny anykladylar. Bu himiki madda diş pastalaryň oňat köpürjiklemegini gazanmaga kömek edip, köplenç stomatitiň döremeginiň esasy sebäbi bolýar. Söňky wagtlar bu himiki maddany saklamaýan diş pastalary, agyz arassalaýjylary öndürilip başlandy. Bu bolsa stomatitiň döreme ýygylygyny peseltmäge ýardam berdi.

AGYRSYZLANDYRYJY SERIŞDELER

Stomatitde döreýän agyry kadaly iýmitlenmäne päsgelçilik berip, agyryny peseltmek zerurlygyny döredýär. Pasta görnüşli dermanlar, ýaranyň üst ýüzüni ýapyp, onuň gyjyndyrylmagyny, agyrmagyny peseldýär. Agyrsyzlandyryjy serişdeler höküminde Anestezin, Geksoral tabs, Lidokain Asept, Lidohlor dermanlaryny belläp geçip bolar.

ÝARANY ARASSALAÝJY SERIŞDELER

Ýaranyň üstüne düşen ýokançlyklar ýaranyň çalt bitmegini kynlaşdyrýar. Birnäçe taýýar serişdeler örtügi aýyrmana ýardam berýärler. Şeýle serişdeler höküminde Ingalipt spreý, Lýugol spreý, Winilin geli, Holisal, Kamistad, Ewkarom, ösümliklerden taýynlanan Ingafitol, Ewkalipt M serişdelerini belläp bolar.

WIRUSLARA GARŞY SERIŞDELER

Eger ýara wirus tarapyndan döredilen bolsa, onda wirusa garşy serişdeleri (interferon, bonafton, tebrofen, oksolin, sikloferon, asiklowir) ulanylmalydyr. Bu dermanlary ulanmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmany unutmaly däldir.

ÝARANY GORAÝJY WE BITIRIJI SERIŞDELER

Birnäçe dürli pastalar ýörite agyz boşlugyndaky ýaralary, iýmit bölekleriň gyjyndyrmagyndan gorap saklamak üçin ulanylyp we ýaranyň ýüzinde örtük emele getirip, onuň tiz bitmegini ýola goýýar.

Şeýle derman serişdeleri höküminde karotolin, oblepiha ýagyny, ary mumiýasyndan ýasalan melhemi, itburun ýagyny, winilin, solkoseril, Şostakowiçiň melhemini mysal getirip bolýandyr.

ÖSÜMLIK ÖNÜMLERI

Ösümliklerden alynýan dermanlyk serişdeleri – bidenek (şalfeý), jerebaý, kalendula, çopantelpek, dubyň köki ýaly dermanlyk ösümlikleri stomatitiň bejergisi üçin peýdalydyr.

ÝERLI WE UMUMY IMMUN ULGAMY BERKIDIJI SERIŞDELER

Bedeniň goraýyş ulgamyny berkidiji derman serişdeleri höküminde Immudony, sikloferony, groprinosin dermanlary belläp geçip bolar. Elbetde, umumy goraýjylygy ýokarlandyrýan C we B toparyň witaminlerini hem ýatdan çykarmaly däldir.

Öňüni alyş çäreleri:

► Agyz boşlugyny şikesleýji täsirleri aradan aýyrmaly. Döwük, çüýrük, zaýalanan guýma dişleri haýal etmän lukmana bejertmeli. Dişlere goýulýan petikleriň bitewiligine üns bermelidir.

► Hatda stomatit bilen kesellan hem bolsaňyz, agyz boşlugynyň gigiýenasyny yzygiderli berjäý ediň. Öňki ulanýan diş pastalaryňyz oňaýsyzlyk döredýän bolsa, täze, düzüminde alkogol, laurilly natriý sulfatyny saklamaýan diş pastasyny alyň we stomatolog bilen hökman maslahatlaşyň.

► Allergiki täsirliligi döredip biljek iýmit önümlerini peýdalanmakdan saklanyň.

► Iýmitleniş tertibiňize ýokary ýokumly, witaminlere baý önümleri goşmaga çalşyň.

► Emosional dartgynlylygyndan gaça duruň we öz saglygyňyzy berkitmek ugrunda çäreleri alyp baryň!

Ulanylan WEB Salgy

  • 8499 gezek okalan