• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÇAGALARDA ÖÝKEN SOWUKLAMASY: SEBÄPLERİ, GEÇİŞ AÝRATYNLYKLARY, BEJERGİ ÇÄRELERİ

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGALARDA ÖÝKEN SOWUKLAMASY: SEBÄPLERİ, GEÇİŞ AÝRATYNLYKLARY, BEJERGİ ÇÄRELERİ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.52 (25 Ses)

Uly adamlar bilen deňeşdirlende, öýken sowuklamasy (pnewmoniýa) çağalarda ýüze çykyşy boýunça tapawutly häsiýetlere eýe bolup, bejergide aýratyn çäreleri talap edýändir.

TÖWEKGELÇİLİK SEBÄPLERİ WE ÝOKANÇLYKLARYŇ TÄSİRİ

Lukmanlaryň bellemegine görä, pnewmoniýanyň ýüze çykmagy üçin töwekgelçilik sebäpleri göwrelilik döwründe, dem alyş agzalaryň emele gelýän möhletinde döräp başlaýar. Enäniň ýokanç keseller bilen kesellemegi, allergiýa täsirliligi döredip biljek önümleriň (şokolad, deňiz önümleri, bal) kabul edilmegi surfaktant maddanyň kadaly işläp çykmagynyň bozulmalaryna getirip biler.

Surfaktant öýkendäki dem alyş hanalaryň (alweola) öz görnüşini saklap, dem alyşda gysylyp we gowşap bilmegini üpjün edýän gorag bardasy bolup durýandyr. Onuň ýetmezçiliginde öýken dokumasynyň pyssarmagy we dem alyş ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy döräp biler.
Şeýle-de, öýken damarlarynyň doga kemçiligi, ýürek-damar ulgamynyň kemçilikleri, dem alyş ýollarynyň dowamly keselleri, dem alynýan howanyň kadaly düzüminiň üýtgemegi öýkenlerdäki gan aýlanşygyň bozulmagyna we ýerli goraglylygyň peselmegine getirip, pnewmoniýanyň döremegi üçin şert döredip bilerler.

Kiçi ýaşly çagalarda pnewmoniýanyň döremegi üçin ýerli goraglylygyň peselmeginden başga-da, itergi beriji sebäpleriň bolmagy wajypdyr. Şol sebäpleriň görnüşine baglylykda bakteriýaly, hlamidiýaly, wirusly, kömelekli pnewmoniýalary tapawutlandyrýarlar. Çagalarda öýken sowuklamasy köplenç pnewmokokklaryň täsiri bilen döräp, alamatlary ýokuşmadan 2-3 gün soň ýüze çykýar. Beden gyzgynynyň 38-390 C çenli ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, ukuçyllyk ýaly alamatlar bilen geçip, bejerginiň talabalaýyk geçirlen halatynda keseliň dowamlylygy 10 günden uzaga çekmeýär. Şeýle-de, stafilokoklaryň we streptokoklaryň ýa-da olaryň utgaşmasy bilen ýüze çykýan pnewmoniýany hem tapawutlandyrýarlar.

Çagalar üçin legionellezli, hlamidiýaly pnewmoniýalar has agyr we howply alamatlar bilen geçip, onuň üçin öýkeniň köp böleginiň zeperlenmegi, dem alşyň ýiti ýetmezçiliginiň döremegi häsiýetlidir.

Çagalarda bedeniň goraglylyk ulgamynyň, şonuň ýaly-da wagtyndan öň doglan çagalaryň beden agzalarynyň kämilsizligi kesele bolan durnuklylygy peseldýändir.

ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY

Pnewmoniyanyň alamatlary çaganyň ýaşyna we döreden ýokançlygyna baglylykda üytgap biler. Köphalatlarda dürli sebäpli pnewmoniýalar üçin aşakdaky umumy alamatlar mahsusdyr:

► Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy (380 C we ýokary);

► Üsgürmäniň döremegi;

► Kadaly dem alşyň üýtgemegi – dem alşyň ýygjamlaşmagy, hyžžyldyly sesleriň döremegi, gakylygyň toplanmagy. Şonuň ýaly-da, öýkeniň uly böleginiň zeperlenmelerinde dem almada döreýän kynçylyk netijesinde gapyrgara myşsalaryň çekilmegi syn edilip bilner;

► Uly ýaşly çagalar döşünde döreýän agyra arz edip bilerler;

► Deri örtüginiň, keseliň ötüşen tapgyrlarynda dodagyň üstüniň we dyrnaklaryň gögermegi (sianoz);

► Çaganyň tapdan düşmegi, işdäsiniň peselmegi we horlanmagy;

► Çaganyň rahatsyz bolmagy we ýygy aglamagy.

Ýokarda agzalan alamatlary we olaryň ýaýbaňlanmasyny syn eden ene-atalar haýal etmän lukmana ýüz tutmalydyr.

Keseli we onuň geçiş aýratynlygyny kesgitlemek üçin lukmanyň barlagyndan başga-da, ganyň we peşewiň barlagyny, öýkeniň rentgen barlagyny, görkezme boýunça içki agzalaryň USB-ny geçirme zerurlygy döräp biler. Häzirki wagtda, çagalarda döreýän pnewmoniýada öýkeniň ýagdaýyna baha bermekde, rentgenografiýa barlagy has netijeli usul bolmagynda galýandyr.

BEJERGİ ÇÄRELERİNİŇ AÝRATYNLYKLARY

Bejergi çäreleriniň esasyny ýokançlyklara garşy serişdeleri ulanma çäresi tutýandyr. Bu serişdeler keseli dörediji ýokançlygyň (ýa-da olaryň utgaşmasynyň) görnüşini kesgitleme synanşygyndan soň ulanyp başlama peýdaly netijeleri berip biler. Geçirilýän bejerginiň netijeliligi, bejergi başlanansoň 24-36 sagadyň dowamynda beden gyzgynynyň 380 C pese düşýändigi bilen bahalandyrylýar. Keseliň ötüşen görnüşlerinde, 2-3 günüň dowamynda umumy ýagdaýlaryň we ýerli üýtgemeleriň gowulaşma alamatlaryndan derman serişdeleriň netijeliligini anyklap bolar.

Täze doglan bäbeklerde ampisillin (ýa-da amoksisillin-klawulanat) serişdesini sefalosporinler we aminoglikozidler bilen utgaşmada ulanma peýdaly bolsa, bäbekleriň birinji 1-6 aýlyk ýaşynda bu serişdelerden başga-da makrolidleri (midekamisin, džozamisin, spiramisin) ulanmak maslahat berilýär. Hlamidiýaly pnewmoniýalarda hem makrolidleri ulanma netijeli bolup durýandyr. Anaerob bakteriýaly pnewmoniýalarda metronidazol, amoksisillin-klawulanat serişdelerini, kömelekli pnewmoniýalarda flukonazol ulanylýar.

Soňky ýyllarda, täze Solýutab görnüşde – birsydyrgyn toz görnüşe çenli owranýan serişdeleri (flemoklaw, wilprafen, ýunidoks) ulanma uly gyzyklanma döredýär. Çünki olar tutuş ýa-da suwda eredilen görnüşde kabul edilip, ýeňil özleşmesi bilen tapawutlanýandyrlar.

Ýeterlik mukdarda suwuň kabul edilmegine (bir gije-gündizde 1 l. we köp) üns berilmelidir. Erginleri damardan göýbermä ünsli çemeleşip, artyk mukdaryň öýkenleriň çişginliligine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Kiçi ýaşly pnewmoniýaly çagalaryň bejergisi diňe keselhana şertlerinde, lukmanyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir.

PNEWMONİÝA GARŞY SANJYMLAR NETİJELİMİ?

Täze doglan we kiçi ýaşly çagalar üçin pnewnomiýanyň we onuň gaýraüzülmeleriniň howplulygy göz öňüne tutulyp, meýilnama boýunça geçirilýän sanjymlaryň tertibine bu kesele garşy sanjym etmeler hem girizildi. Sanjymlar çagalara 2, 3, 4 aýlyk möhletde lukmanyň barlagyndan soň geçirilýär.

2 ýaşdan uly, tapsyz, immun ulgamy gowşak çagalar üçin "Pnewmo-23" waksinasyny ulanma maslahat berilýär. Ol çaganyň immun ulgamyna pnewmokokklaryň dürli görnüşleriniň 23-ne garşy goraglylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Geçirilen derňewler, bu waksinanyň ulanylmagynyň howa-damja ýoly bilen geçýän keselleriň döremeginiň 6 esse, şonuň ýaly-da olaryň bronhit we pnewmoniýa ýaly gaýraüzülmeleriniň ýüze çykyşynyň peselmegine getirendigini subut etdi.

Ulanylan WEB Çeşmeleri: 1 / 2

  • 3697 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Okyjy.

Bu çagajyga daşyndan seretseň, öýken sowuklamasy bilen däl-de sary getirme keseli bilen keselläne meňzeýär.

 
  1. Okyjy.

Kiçi emýän ýagny, bir ýaşa çenli çagalarda pnewmoniýanyň alamatlarynda, geçişinde, olaryň özlerini alyp baryşlarynda tapawut barmyka! Ýaş eneler gyzgyny ýokary körpejesiniň haýsy alamatlaryna eserdeň bolmalyka!

 
  1. Gerçek

Çagalarda döreýän kiçiräk üsgürmeleriñ öýken sowuklamasyna eltip biljekdä.<br />ÝAŞ ÇATYNJYLARA HASDA PEÝDALY MAKALA

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location