• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • BÜRME KESELI: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BÜRME KESELI: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGISI, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (24 Ses)

Bürme keseli (rus. - stolbnýak; latynça - tetanus) – haýwanlar we adamlar arkaly geçýän ýiti bakteriýal ýokanç kesel bolup, nerw ulgamynyň zeperlenmegi we beden myşsalarynda dartgynlylygyň we ýaýraň tutgaýlaryň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýändir.

Bürme keseliniň sebäbi

Kesel dörediji – howasyz şertlerde ýaşamana ukyply taýajyk şekilli, hereketli Clostridium tetani bakteriýasydyr. Glostridium tetani güýçli täsir ediji tetanospazmin we tetanolizin zäherlerini bölüp çykarýandyr.

Tetanospazmin – biologik zäherleriň iň güýçlileriniň biridir. Zäher nerw öýjükleriniň üstünde saklanyp, nerw ösüntgileri arkaly Merkezi nerw ulgamyna aralaşýar. Zäher ilki bilen gyraky nerwlere täsir edip, ýerli myşsalaryň ýygrylmagyny döredýär. Soňra 5-7 günüň dowamynda tutuş bedeni zäherleýär.

► Tetanolizin – gan we ýürek-damar ulgamyny zeperleýji täsirleri hem-de ýerli jansyzlanma (nekros) hadysalaryny döretmäge ukyplydyr. Bedene düşen pursatyndan 20-30 sagat soň zäheriň toplanmagynyň ýokary çägi syn edilýändir.

Toprakda kesel dörediji spora görnüşinde birnäçe ýyllap saklanyp bilýär. Spora görnüşi 90 °С. iki sagadyň dowamynda saklanýar, wegetatiw görnüşi 80 °С gaýnadylanda 30 min dowamynda ölýär. Arassalaýjy serişdelere durnuksyz bolup, 3-6 sagadyň dowamynda ölýärler.

Keseliň ýokuşma we ýaýraýyş ýollary

Keseliň çeşmeleri – ösümlik bilen iýmitleniji haýwanlar, gemrijiler, guşlar we adamlardyr. Içegede ýaşaýan kesel dörediji nejesatlaryň üsti bilen daşky gurşawa (topraga) düşýändir. Bürme taýajygy toprakda hem uzak wagtlap saklanyp bilýär. Toprakdan tozanyň üsti bilen kesel dörediji islendik ýere (şol sanda sargy ýa-da operasiýa geçirilýän otaga) we hirurgiýada ulanylýan serişdelere (dürli toz görnüşli serişdelere, gips, bejeriş palçyklary, hasadyr pamyklar we ş. m.) düşüp biler.

Adamlaryň 5-7%-den 40% gowragy kesel döredijini göteriji bolup, esasan olaryň içinde maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýanlar (atşynaslar, sagymçylar, çopanlar we baş.) agdyklyk edýändir.

Kesel dörediji zeperlenen deri örtüginiň ýa-da nemli gatlagyň üsti bilen bedene aralaşýar. Ýokançlyk düşen göbek ýaralary arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmedik ýagdaýynda täze doglan bäbekleriň bürme keseline ýolukmagynyň sebäbi bolup bilýändir. Deri goranyş işjeňligini ýitiren halatynda: ýanyklarda, sypjyryklarda, sowuk almalarda, açyk döwükde, dişlemelerde kesel döredijiniň bedene aralaşmagy aňsatlaşyp, şikeslenmeden soňky bürme keseli döräp bilýändir. Lukmançylyk edarasynyň daşynda geçirilen abort hem, bu kesele ýolukmagynyň sebäbi bolup biler.

Keselçilik esasan ýaz-tomus aýlary ýygy duş gelýändir. Kesellänleriň arasynda esasan hem oba ilaty, çagalar we gartaşan adamlar agdyklyk edýär. Kesel döredijiniň toprakda saklanmagy sebäpli, öý şertlerinde alnan şikeslenmeleriň netijesinde kesele ýolukma ähtimallygy ýokary bolmagyna galýandyr.

Bürme keseliniň alamatlary

Keseliň gizlin (inkubasion) döwri birnäçe günden 1 aýa çenli dowam edýändir. Kesel ýiti ýagdaýda başlap, diňe kähalatlarda şikeslenen ýeriň myşsalarynyň dartylmagy, umumy gowşaklyk, kelagyry, derlegenlik, gaharjaňlyk alamatlary ýüze çykyp bilýändir.

Keseliň başlangyç döwrüniň başky alamaty höküminde, kesel döredijiniň bedene aralaşan ýerinde, hatda doly biten ýara bolanda hem kütek çekiji agyrynyň peýda bolmagyny belläp bolýandyr. Kesele mahsus aşakdaky alamatlar, irki möhletde we bir wagtda peýda bolýandyrlar:

→ Trizm – çeýneýji myşsalaryň dartylmagy we agzy açmakda kynçylygyň döremegi.

Mimiki myşsalaryň dartylmagy – "sardoniki (kinaýaly-ajy) gülküniň" ýüzde peýda bolmagy, maňlaýyň ýygyrt atmagy, gözleriň sözülmegi, dodaklaryň dartylmagy we agzyň gyralarynyň sallanmagy ýaly özboluşly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir.

Disfagiýa (ýuwdunmagyň kynlaşmagy) – damagyň myşsalarynyň dartylmagy we gysylmagy netijesinde döreýändir. Trizmiň utgaşmagy bilen birlikde "sardoniki gülküniň" we disfagiýanyň döremegi dine bürme keseline mahsusdyr.

Beden myşsalaryň gysylmagy netijesinde ýeňse myşsalaryň dartylmagy meningit keseline degişli edilýän däldir we bu kesele mahsus başga alamatlar bilen utgaşýan däldir.

Keseliň ýaýbaňlanan döwründe gysylmalar göwräniň we el-aýaklaryň (penjeden we dabandan başga) myşsalaryna ýaýrap, düzgün bolşy ýaly, myşsa dartgynlylygy uklama wagty hem gowşamaýar. Bir wagtda gapyrgara myşsalarynda we diafragmada hem dartylma hadysasy başlanyp, dem alyş ýygylaşýar hem-de ýuzleý häsiýete eýe bolýar. Ýamzyň myşsalarynyň dartylmagy peşew bölüp çykarmany we täret etmäni kynlaşdyrýar. Agyr derejede geçýän bürme keselinde, arkanyň myşsalarynyň dartylmagy we agyrmagy netijesinde opistotonus ýagdaýy (diňe şu kesele mahsus) döreýär: arkan ýatan näsagyň kellesi yza gaýşan, bedeniň bil bölegi krowatdan ýokary galdyrylyp, näsagyň arkasy bilen düşeginiň arasyna eliňi sokma mümkinçiligi döreýändir.

Myşsalaryň dowamly dartylmagy bilen bilelikde dürli ýygylykda ýaýraň tutgaýlaryň ýüze çykmagy başlanýar. Keseliň ýeňil görnüşinde, günüň dowamynda 1-2 tutgaý ýagdaýlary ýüze çyksa, agyr görnüşinde tutgaýlar bir sagadyň dowamynda onlarça gezege çenli gaýtalanyp bilýändir. Tutgaýlar duýdansyz döräp, opistotonus ýüze çykýar, näsag derleýär, iňleýär, beden gyzgyny ýokarlanýar, tüýküligiň köp emele gelmegi synlanylýar, ýürek urmalar ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar. Tutgaýlar diňe näsagyň huşunyň dürs wagty ýaýbaňlanyp, huşuň bulaşmagy we samrama alamatlary näsag ölmezinden öň ýüze çykýandyr.

Keseliň birinji hepdesiniň soňundan,10-14-nji güne çenli möhlet, näsagyň saglygy üçin iň howply bolup durýandyr. Sagalma ýüze çykan halatlarynda bolsa, dikeldiş döwri has dowamly bolup, gowşaýan alamatlar ýene 2-4 hepde saklanýar, sagalma 1,5-2 aýa çenli uzalyp bilýär.

Keseliň has howply görnüşi – Brunneriň kelle bürmesidir. Ol ýüzüň, boýnuň, damagyň, gapyrgara myşsalaryň we diafragmanyň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýändir. Köplenç ýagdaýlarda dem alyş, ýürek-damar merkezleriň we azaşan (wagus) nerwiň ýadrolarynyň zeperlenmegi syn edilýändir.

Gaýra üzülmesi

Bürme keseliniň howply gaýraüzülmeleriniň biri hem – bogulmakdyr (asfiksiýa). Lukmanlaryň arasynda, bogulmaklyk bilen ýürek ýetmezçiligine keseliň gaýraüzülmesi höküminde dälde, agyr geçýän keseliň alamaty höküminde garalmalydygy barada hem pikirler bar. Şeýle hem öýken sowuklamasy, myşsalaryň üzülmegi, süňkleriň döwülmegi, oňurganyň döwülmegi ýaly gaýraüzülmeler hem ýüze çykyp biler. Kislorod ýetmezçiligi netijesinde ýürek damarlarynyň gysylmagy, ýürek myşsasynyň infarktyna, ýüregiň durmagyna getirip biler. Şeýle hem, sagalma döwründe 3-nji, 6-nji we 7-nji jübüt beýni nerwleriň ysmazlygy syn edilýändir.

Keselin anyklanylşy

Bürme keselini kakyn (tutgaý), garaguş keseli, himiki zäherlenmeler, ensefalit ýaly tutgaýlar bilen geçýän kesellerden tapawutlandyrmalydyr. Kesele mahsus alamatlar ýüze çykanda kesel döredijini bölüp çykaryp, kesgitleme çäreleri geçirme zerurlygy aradan aýrylýar.

Näsagdan ýa-da jesetden alnan dürli serişdeler, sargylar, tikiji serişdeler, şeýle hem toprak we tozan bölejikleri bürme taýajygyny anyklamak üçin ulanylyp bilner. Şeýle-de, kesel döredijini bedene düşen ýerinden (ýara, sypjyryk, çapyk we ş. m.) ýüze çykarmak ähtimaldyr. Käbir ýagdaýlarda burundan, damakdan alnan nemi, badam şekilli mäziň üstündäki örtügi, ýatgydan we jynshanadan çykýan bölünip çykmalary barlag üçin ulanýarlar. Jesetden alnan agzalaryň bölejikleri barlag serişdesi bolup hyzmat edýär.

Keseliň bejergisi

Bürme keseliniň bejergisini reanimasion bölümlerde anesteziolog lukmanyň gatnaşmagynda geçirmelidir. Daşdan gelýän gyjyndyryjylary (sesler, ýagtylyk we baş.) aradan aýryp, görüş, eşidiş, duýuş agzalaryň asudalygyny üpjün etmelidir. Näsagy iýmitlendirmek zondyň üsti bilen ýa-da damardan göýberme ýollary bilen alnyp barylýar. Näsagda dürli ýagyrlaryň (proležni) bolmazlygy üçin wagtly-wagtynda onyň ýatyşyny üýtgedip durmak, düşekleri arassalap, täzeläp durmaklyk hökmanydyr.

Ýokançlanan ýaralara bürmä garşy syworatkany (1000-3000 ME) göýberip, soňra ýarany yzygiderli arassalamaly we hirurgiýa usullary bilen çalaja açmaly (howa barma şerti döretmek üçin), del jisimlerden we jansyzlanan dokumalardan arassalamaly. Tutgaýlaryň öňüni almak maksady bilen bu çäreler köplenç narkoz astynda geçirilýär. Yzygiderlikde ýarany bejermek üçin fermentleri (tripsin, himotripsin) ulanmak talabalaýyk hasaplanýar.

Ganda bürme taýajygynyň çykarýan zäherlerini bitaraplaşdyrmak üçin myşsa içine 50 000 Halkara Birlik mukdarda bürmä garşy syworotka ýa-da 1500-10 000 Birlik mukdarda ýöriteleşdirilen immunoglobulin goýberilýär. Näsaga bürmä garşy syworotka goýberilenden soňra, anafilaktiki şogyň bolmazlygy üçin 1 sagadyň dowamynda gözegçilik edilmelidir.

Tutgaýlara garşy göreşmekde rahatlandyryjy, myşsalary gowşadyjy serişdeler ulanylýar. Häzirki wagtda 5-10 mg. mukdarda diazepam giňden ulanylýar. Şeýle hem, aminaziiň 2,5%-li, promidolyň 1%-li, dimedrolyň 1%-li erginini skopolamin gidrobromidiniň 0,5 ml. ergininiň goşulmagy bilen ulanmak mümkindir. Seduksen, barbituratlar, oksibutirat natriý, has agyr görnüşinde –droperidol, fentanil, kurare meňzeş myşsalary gowşadyjy serişdeleri belleýärler.

Ýiti dem ýetmezçiliginde intubasiýa ýa-da traheotomiýa (traheýany deşmek we turbajyk oturtmak) ýaly usullary ulanylýar. Myşsalary gowşadyjy serişdeleriň dem alyş myşsalaryny gowşadýandygy sebäpli, näsag çyglandyrylan kisloroddan dem aldyrylýar. Ýokançlyklaryň öňüni almak we bejermek üçin antibiotikler bellenilýär. Antibiotikleri ulanmaklygyň öýken sowuklamasy ýa-da beýleki gaýraüzülmeleri aradan aýyrmaga doly ýardam bermeýändigini ýatda saklamalydyr.

Ýokary gyzgynlygy we kadasyz alyş-çalyş hadysalary, suwsuzlanmany aradan aýyrmak maksady bilen wena damaryna 4%-li bikarbonat natriniň erginini, gemodez, reopoliglýukin, albumin, plazma ýaly suwuklyklary goýbermeklik peýdalydyr.

Sagalmadan soň, näsag 2 ýylyň dowamynda hasaba alnyp, gözegçilikde saklanylmalydyr. Näsag beýleki adamlar üçin howply däldir.

Keseliň öňüni alyş çäreleri

Bürme keseliniň ýaýraýşynyň kanunalaýyklygyny kesgitlemek üçin, keselçiligi seljerme we öňüni alyş çäreleriniň geçiriliş düzgünini bilmek hökmandyr. Dürli şikeslerde lukmançylyk kömekleriniň hilini kesgitlemek, onuň wagtyny, häsiýetini, ýagdaýyny öwrenmek zerurdyr. Esasy çäreler – ilatyň arasynda öňüni alyş sanjymlaryň talabalaýyk geçirilşine gözegçiligi ýokarlandyrmakdyr.

Ýöriteleşmedik öňüni alyş çärelerine şikeslenmeleriň öňüni almaklyk, operasiýa geçirilýän otaglarynyň arassaçylygy, şeýle hem ýaralara (göbek we beýlekiler) yzygiderli gözegçiligi we hirurgiki bejeriş çäreleriň arassa geçirilmegi degişlidir.

Ýöriteleşen çäreler meýilnama esasynda ýa-da gyssagly ýagdaýda geçirilýär. Kesgitlenen meýilnama boýunça çagalara 2 aýlykdan 0,5 ml. AKDS waksinasy urlyp başlanýar we 3, 4 aýlykda,18 aýlykda, 6 ýaşda,15 ýaşda we 25 ýaşda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň milli meýilnamasy boýunça gaýtadan sanjymlar geçirilýär.

Gyssagly ýagdaýlarda, görkezme bilen bürmä garşy syworotka ýa-da anatoksin bilen sanjymlar islendik şikeslerde, deriniň goranyş işjeňligi ýitirlen halatynda, ýanyklarda, sowuk almalarda geçirilip bilner. Bedende kesele garşy immuniteti döretmeklik – keseliň öňüni almakda esasy ýagdaýdyr.

Oba ýerlerinde, ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat geçirmeklik, kesel barada halkyň düşünjesini döretmek hem keseliň öňüni almakda ýerlikli çärelere degişli edilip bilner.

  • 3195 gezek okalan

Teswirler (5)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Arassaçylyk bolmadyk ýerinde hapalanan ýaralar sebäpli geçirilýän sanjymlar bu kesele bolan aýgtly göreş bolup durýar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ady aýlyganç bolan bu keseliň alamatlay bir hili meningite çalymdaş. Muňa seretmezden ol keseller hakynda öňüni alyş maksady bilen lukmanlar halk arasynda wagyz-nesihat geçirseler örän ähmiýetli bolardy.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Lukmançylyk ylmynyň ösmegi bu kesele garşy bolup duran syworotkanyň tapylmagyny gazandy. Ol bolsa köp adamlary ölüm howpyndan halas etmegi başardy.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Be-e gaty howply kesel ekeni. Häzirki döwürde ýaş çagalara meýilnama boýunça sanjymlardan başga, açyk şikeslerde bu kesele garşy hökmany ýagdaýda öňüni alyş sanjymlar geçirilýärmikä?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly Lukman! Bu kesel hakynda beren degerli maglumatlaryňyza örän minnetdar. Wagtynda çäre görülmese örän howply kesel bolup, ol hakynda her bir adamynyň degerli zatlary bilmelidigine zerurlyk döredýär.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location