Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BRUSELLÝOZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (10 Ses)

Brusellýoz – zoonoz (haýwanlaryň üsti bilen geçýän) ýokançly kesel bolup, süňkleriň, myşsalaryň, nerw we jynsy ulgamyň şikeslenmegi bilen geçýändir hem-de bedeniň umumy zäherlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir.

Brusellýozy döredijiler togalak ýa-da taýajyk görnüşli brusellalar bolup, olaryň esasan 6 görnüşi bellidir. Adamda keselçiligi döretmekde, ownuk şahly mallarda brusellýozy dörediji – Brusella melitasis ýokançlygynyň orny uludyr. Ol keseliň agyr görnüşini döredip, onuň giňden ýaýramagyna sebäp bolup bilýandir.

Brusellýozyň iri şahly mallaryň (B. abortus) we doňuzlaryň (B. suis) brusellalary  bilen döredilmegi, keseliň onçakly bir ýaýramagyna getirýän däldir we olar ýeňil görnüşde geçýändir.

Brusellýoza halk arasynda "mal keseli" hem diýilýär, sebäbi bu ýokançlygy ownuk we iri şahly mallar, doňuzlar, gaty seýrek ýagdaýda bolsa sugunlar, düýeler, itler we pişikler ýaýradyp, keseliň köpelme çeşmesi bolup bilerler. Mallarda kesel düwünçegiň düşmegi, seýrek ýagdaýlarda ýatgynyň, süýt mäzleriniň, ýumurtgajygyň sowuklamagy, bogunlaryň we olary birleşdiriji dokumalaryň zeperlenmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp biler. Mallarda kesel gizlin dörnüşde, hiç hili alamatsyz hem geçip bilýändir, ýöne olar köp ýyllaryň dowamynda brusellýoz göterip gezýändirler. Süýdüň, peşewiň, nejesatyň, düşen düwünçegiň we onuň ýan suwlarynyň, ýatgydan bölünip çykmalaryň üsti bilen brusellalar ýataga, topraga, iým galyndylaryna we başga zatlara düşüp bilerler.

Adamyň bedenine brusellalar dem alyş we iýmit siňdiriş agzalaryň nemli bardasynyň üsti bilen, şonuň ýaly-da şikeslenen deri (deri soýuklary, ýaralary, dyrçanaklar) arkaly düşüp biler. Adama brusellýoz keselli maldan alnan çig süýt we ondan taýynlanan önümleri (mesge, dorog, peýnir)  kabul edende ýokuşyp bilýändir. Ýokuşma deri we ýüňi täzeden işleme bilen bagly önümçilikde, şonuň ýaly-da keselli mallara ideg edilende, olaryň bölünip çykmalary bilen hapalanan zatlaryň üsti bilen hem bolup biler. Köplenç bu kesel bilen sygyr sagyjylar, çopanlar, weterinar gullugynyň işgärlari we zootehnikler keselleýärler.

Brusellýoz keseline ýolugan adam ony başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.

Brusellýoz bilen kesellän aýallarda sag çagalar dogulýandyr. Kesel islendik ýaşda duş gelýändir, ýöne ol 20-50 ýaş aralygynda has ýygy duş gelýär.

Brusellýoz bilen keselçilik ýaz-tomus aýlarynda ýokarlanýar. Bu bolsa şol möwsümde maldarçylaryň mallary köpeltme, gyrkym işlerini alyp baryp, keselli mallar bilen iş salyşýanlygy bilen düşündirilýär. Hususy hojalykda mal saklaýanlaryň arasynda hem keselçilik ýokarydyr.

Keseliň inkubasion döwri 1-3 hepdeden birnäçe aýlara dowam edip bilýändir. Näsagyň bedeniniň gyzgyny 39 C˚ - 40 C˚ galyp, ol 3-7 gün saklanýandyr. Gyzdyrma üşütme we güýçli derleme bilen utgaşýandyr. Bu kesel üçin mahsus we ir ýüze çykýan alamatlaryň biri hem köpsanly ownuk limfa düwünleriň ulalmagydyr. Olar ýumşak bolup, agyrmaýarlar.

Keseliň ýokuşmagy dem alyş ýollary arkaly bolup geçende badam görnüşli mäziň, damagyň, bronhlaryň sowuklamagynyň alamatlary  ýüze çykýandyr. Seýrek ýagdaýda öýken sowuklamasy duş gelýär. Näsaglaryň işdäsi pes bolup, agyzlary guraýar, olary teşnelik we içiň gatamagy biynjalyk edýär. Brusellýozda bagryň ulalmagy, käwagtlar dalagyň ulalmagy ýüze çykýar. Näsagy myşsalarda, süňklerde, bogunlarda (artalgiýa) döreýän agyrylar biynjalyk edýär. Ol agyrylar soňundan döreýän zeperlenmeleriň alamatydyr. Bedeniň deriasty gatlagynda fibrozitler – gaty we agyryly emele gelmeler döreýär.

Bu kliniki alamatlar aýrylyp hem bilýär, ýöne köp halatlarda keseliň güýjemegi bolup geçip, ýiti gaýtalanýan brusellýozyň alamatlary döreýändir. Gyzdyrma tutgaýlary täzeden döräp, 3-6 güne çenli dowam edýär. Gyzdyrma döwründen soň, ol 1-2 aý näsagy biynjalyk etmeýär. Tutgaýlar wagty gyzdyrma 3-7 güne çenli dowam edip, gyzgyn örän ýokary galyp, näsagda tolgunma, keýpiköklük ýagdaýy, ukysyzlyk bolup biler. Gyzdyrmasyz döwürde myşsa gowşaklygy, hereketsizlik, el- aýaklarda agyrylar we sanjylamalar biynjalyk edýändir.

Gyzdyrma döwri bilen deňeşdirlende, gyzdyrmasyz döwürde näsagyň ýagdaýy has hem ýaramaz bolup biler.

Kesel başlanandan 6 aýdan soň, ýiti gaýtalanýan brusellýoz dowamly işjeň görnüşe geçýändir.

Bu döwri ýerli zeperlenmeleriň ýüze çykmagy häsiýetlendirýär. Bedeniň gyzgyny 37,5 C˚ - 37,8 C˚ çenli galýar, ýöne köplenç gyzgyn galman hem biler.

Kesel dürli alamatlar utgaşmasy bilen ýüze çykyp, dürli agzalaryň we ulgamlaryň şikeslenmegi bolup biler. Köplenç myşsalaryň, baglaýjy dokumalaryň, bogunlaryň daşky gatlagynyň sowuklamagy görnüşinde direg-hereketlendiriji ulgamyň zeperlenmegi  bolup geçýändir.

Birnäçe, esasan hem uly bogunlaryň zeperlenmegi ýüze çykýar. Brusellýoz netijesinde köpsanly bogunlaryň sowuklamagy birnäçe hepde, hatda aýlar hem dowam edip biler. Oňurgada, esasan hem bil-türre böleginde güýçli agyrylar, hereketleriň çäkliligini döredýän üýtgemeler ýüze çykyp biler.

Brusellýoz nerw ulgamyna hem täsir edip, nerw topbajyklaryň, beýniniň daşky gatlagynyň, görüş we eşidiş nerwiniň sowuklamagyna getirýändir. Erkeklerde we aýallarda jyns agzalaryň sowuklamagy ýüze çykýar. Aýallarda köplenç çaga düwünçegiň düşmegi, wagtyndan öň dogrum ýagdaýlary döreýändir. Erkeklerde jynsy gowşaklyk, aýallarda bolsa, aýbaşy bozulmalary, önelgesizlik duş gelip biler.

Uzak wagt dowam edýän gowşaklyk (asteniki sindrom) ruhy gamgynlylyk, huşuň bulaşmagy ýaly ruhy nähoşluk (psihoz) ýagdaýlaryny döredip biler. Köplenç bu ýagdaýlaryň gaýtalanmagy bolup biler.

Çagalarda brusellýoz edil uly adamlarda geçişi ýaly geçýändir. Çagalaryň limfa, nerw, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamy  brusellýoz ýokançlygyna has duýgurdyr. Olarda hem iýmit siňdiriş ulgamyň bozulmagy, içege sowuklamalary, bogunlaryň töweregindäki dokumalaryň zeperlenmegi, köpsanly örgünler ýaly alamatlar bolup biler. Ýöne çagalarda bogunlaryň dowamly sowuklamasy we hereketsizlenmegi örän seýrek duş gelýärdir.

Keseli anyklamak üçin ganyň bakteriologiki barlagy, sünk ýiliginiň we düwünleriň punksiýasy (agzany deşip barlag üçin çig mal almak) ýaly çäreler ulanylýar. Anyklaýyş çärelerinde Raýtyň, Haddsonyň, Kumbsuň reaksiýalary ýaly serologiki usullar hem giňden ulanylýar. Soňky ýyllarda immunoferment seljermesi giňden ulanylyp başlady. Süňkleriň we bogunlaryň, oňurganyň şikeslenme derejesi rentgen barlagy arkaly anyklanylýar.

Ýiti brusellýozda we dowamly brusellýozyň ýitileşme  ýagdaýynda näsaglar keselhana ýerleşdirilýändir. Brusellýozyň bejergisi keseliň görnüşine görä bellenilýändir.

Ýiti döwründe adaty antibiotikler (tetrasiklin, doksisiklin, rifampisin, lewomisetin, seýrek ýagdaýlarda streptomisin) berilýär. Bejergi 10-12 gün dowam edýändir. Ondan başga-da, antigistamin, rahatlandyryjy serişdeler, C we B toparyň witaminleri ulanylýar.

Nerw ulgamynyň we köpsanly bogunlaryň zeperlenmesinde kortikosteroid serişdeleri (prednizalon, deksametazon) antibiotikler bilen utgaşmada bellenilýär. Bejergide 4-aminohinolin hatarynyň serişdeleri (delagil ýa-da hlorohin) we indometasin, brufen, ibubrufen hem ulanylýar.

Bogunlaryň zeperlenmeginde fizioemleri (UWÇ bejergi, ultramelewşe şöhleler, elektrofarez, ultrases usullary) giňden ulanylýar.

Näsag sanator-kurort bejergisine, keseliň ýiti döwri geçenden 3 aýdan az bolmadyk wagtdan soň ugradylýandyr. Suw, palçyk ýaly tebigy faktorlar, esasan, brusellýozyň bedende galdyran zeperlenmesiniň bejergisi üçin ulanylýar.

Brusellýozyň wagtynda we doly bejerilmegi sagalma getirip biler. Ýöne direg-dikeldiş ulgamynyň zeperlenmegi zähmete ukyplylyk ýagdaýyny  juda peseldip bilýändir.

Brusellýozyň öňüni almak weterinar-sanitar, lukmançylyk we hojalyk çäreler toplumy öz içine alýar:

  • Mallaryň arasynda brusellýoz bilen keselçiligi ýok etmek;
  • Iýmit önümlerini (süýdi gaýnatmak ýa-da pasterizasiýa geçmek) we maldarçylyk önümleri zyýansyzlandyrmak;
  • Mallar we maldarçylyk önümleri bilen iş salyşýan işgärlere brusellýoza garşy öňüni alyş sanjymlary etmek;
  • Maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlar ýörite gorag egin-eşikleri geýip, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanyp bilmelidirler.

Ýürek, böwrek keselli, inçekeselli, guryagyryly adamlara, ýetginjeklere, göwrelilere mallara seretmek rugsat berilmeýär.

Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek hem brusellýoz bilen keselçiligi peseldip biler.

  • 4315 gezek okalan

Teswirler (7)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Brusellyozyn dermanyny aytsanyz bizdede şol keselde kesellan ba

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Adamzady malsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Mal bar ýerinde kesel hem bar. Türkmenlerde aýratyn oba ýerinde bu kesel örän howply.Umuman "mal keseli" diýip bilinsede onuň howlylygyna garamazdan lukmançylyk kömeginiň pesligi sebäpli geregi ýaly...

Adamzady malsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Mal bar ýerinde kesel hem bar. Türkmenlerde aýratyn oba ýerinde bu kesel örän howply.Umuman "mal keseli" diýip bilinsede onuň howlylygyna garamazdan lukmançylyk kömeginiň pesligi sebäpli geregi ýaly bejerilmeýär.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Weterinar kömegi maldarçylykda möhüm gulluk bolup, ol kömegiň ýaramaz bolmagy, belli bir ýagdaýda ünsden düşürilmegi, mallardan biri-birine geçýän keselleriň öňünde "ýaşyl çyra" ýakýarda.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Öräm möhümliligi üçin iýmit serişdesi höküminde süýt önümlerini ulansaň hem, ol kesel hakynda belli bir maglumatlaryň bolmagyna garamazdan mydama iňkisli bolýarsyň.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly kärdeş! Bruselloza garşy ýörüteleşdirilen waksina baradaky beren soragyma, wagt tapyp, ýazan jogabyňyza minnetdar.Saglyk, işiňizde üstünlik arzuw edýärin.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Brusellozyň ýiti döwri geçenden soň, waksina bilen bejergini geçirip bolýandyr. Waksinany deriiçre ýa-da wena goýberip bolýandyr. Göýbermezden öň fiziologiki ergin bilen garyşdyrmalydyr. Deriiçre göýberlende waksinanyň mukdaryny az-azdan, her 3...

Brusellozyň ýiti döwri geçenden soň, waksina bilen bejergini geçirip bolýandyr. Waksinany deriiçre ýa-da wena goýberip bolýandyr. Göýbermezden öň fiziologiki ergin bilen garyşdyrmalydyr. Deriiçre göýberlende waksinanyň mukdaryny az-azdan, her 3 günden 10 gezege çenli goýbermelidir. Onuň birinji mukdary 15 mln. mikroby saklasa, iň soňky sanjymda olaryň sany 1 mlrd. ýetýändir. Häzirki wagtda waksinanyň deriiçre goýberilmegi ulanylmaýar.<br />Waksinany wenadan goýbermek üçin ilkibada näsagyň oňa bolan duýgurlylygyny anyklaýarlar.<br />Birinji mukdary 500 müň. mikroby saklap, şol mukdary 8-10 gezek goýberilýändir. Birinji sanjymdan soň näsagy endamynda agyry, kelle agyry, gowşaklyk duýup bilýändir.<br />Waksinanyň geçirmeli wagtyny, mukdaryny kesiliň görnüşini, näsagyň ýaşyna, ugurdaş kesellerini göz öňüne tutup, lukman belleýändir.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly kärdeş! Brussellozyň bedeniň agzalaryna dowy zeper ýetirip, dowamly görnüşe geçen ýagdaýynda, bedeniň kesele garşylygyny ýokarlandyrmak maksady göz öňünde tutup, öňler ýokarda bellenip geçilen bejergiler bilen utgaşdyryp, ýörite...

Hormatly kärdeş! Brussellozyň bedeniň agzalaryna dowy zeper ýetirip, dowamly görnüşe geçen ýagdaýynda, bedeniň kesele garşylygyny ýokarlandyrmak maksady göz öňünde tutup, öňler ýokarda bellenip geçilen bejergiler bilen utgaşdyryp, ýörite taýýarlanylan waksina bilen bejergi geçirilerdi. Häzirki döwürde waksina öndürilýärmikä? Näsaga zerur bolan ýagdaýynda, bejergi utgaşdyrylýarmyka ýa-da ýöriteleşdirilen waksinanyň geregi hem ýokmyka?

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location