Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TOMSUŇ YNJALYKSYZ TARAPY: IÇGEÇME
Tomusky içgeçmeden nähili goranmaly?
↪ Elleriňizi dogry ýuwuň we şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý ediň. Eger syýahat etseňiz, gigiýeniki süpürgiçleri ulanyň.
↪ Hajathana we üýşmeleňli ýerlere baranyňyzdan soň şahsy gigiýena düzgünlerini ýerine ýetiriň.
↪ Ir ýetişýän gök önümler we miweler dürli himikatlar bilen işlenilýär. Galyň gabykly önümleriň daşyny artyp iýiň, ýuka gabyklylaryň daşyny bolsa akyp duran suwuň aşagynda gowy ýuwuň.
↪ Dükanlardan ýaramlylyk möhleti geçmedik önümleri satyn alyň. Ýaramlylyk möhleti çäksiz önümleri satyn almakdan saklanyň.
↪ Bazarlarda sowadyjy enjamlary bolmadyk nokatlardan et, balyk, süýt önümlerini satyn almakdan gaça duruň. Sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen we önümleriň saklanyş düzgünlerini berjaý edýän söwda nokatlaryny ulanyň.
↪ Ýumurtgany, süýdi, eti, balygy, towugy gowy bişirip iýiň.
↪ Arassa, zyýansyzlandyrylan suw çeşmelerinden suw içiň.
↪ Syýahat edeniňizde nätanyş tagamlary az mukdarda iýiň. Ýanyňyz bilen alýan iýmitleriňiziň ýaramlylyk möhletine we saklanylyşyna üns beriň.
↪ Tomus aýlary aşhana ýaramaz bakteriýalaryň toplanýan "mesgenine" öwrülýär. Tomusda aşhanany arassa saklaň! Hojalyk enjamlarynyň, gaz plitasynyň, aşhana rakowinasynyň, iýmit dogralýan tagtajyklaryň arassalagyna üns beriň. Aşhanadaky zibil gabyny ýygydan boşadyň.
- 3209 gezek okalan