• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • UÇUK ÝOKANÇLYGYNYŇ KÖP DÜRLÜLIGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

UÇUK ÝOKANÇLYGYNYŇ KÖP DÜRLÜLIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.74 (23 Ses)

Uçuk (gerpes) ýokançlygy – belli bir kesel däl-de, öz içine keseller toplumyny alýan düşünjedir. Ol uçuk wirusynyň täsiri bilen ýüze çykyp, deriniň, nemli örtükleriň, merkezi nerw ulgamynyň we başga beden agzalarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Janly tebigatda uçuk ýokançlygynyň 80-e golaý görnüşi belli bolup, şolardan 6-sy adamda duş gelýändir. Bu uçuk maşgalasyna agzyň, jyns agzalaryň uçugy, garamygyň, sitomegalowirusyň, ýokançly mononukleazyň, gurşaýjy uçugyň wirusy, Berkittyň uçugy degişlidir.

Uçuk ýokançlygynyň uly adamlarda dowamly ýadawlylyk alamatlaryny hem ýüze çykarýandygyny ylmy barlaglar subut etdi. Uçuk ýokançlygynyň esasy çeşmesi adamdyr. Wirus howadan galtaşyk ýoly, jyns agzalarynyň ýokançlygy bolsa jynsy gatnaşyk arkaly geçýändir.

Çagalarda dogabitdi uçugyň döremegi wirusyň çaganyň ýoldaşy arkaly geçýänligi bilen düşündirilýär.

Gerpes ýokançlygy  ýer ýüzünde giňden ýaýran bolup, ýer ýüzüniň ilatynyň 65-90%-e çenlisi uçuk göterijiler bolup durýandyrlar. Entek çagalyk döwründe wirusyň ýokuşmasy bolup geçip, 6 ýaşly çagalaryň 80%-de bu wirusy göterijilik ýüze çykyp biler.

Uçuk ýokançlygyň iň köp ýüze çykýan görnüşi – dodaklarda, has takygy deri bilen dodaklaryň araçäginde gabarçaklaryň emele gelmegidir. Il arasynda bu gijeýän düwmejikleri "gyzdyrma" diýip atlandyrýarlar. Ýöne şu "gyzdyrmalaryň" kä adamlarda (ýa-da çagalarda) köp duş gelip, beýlekilerde bolsa az derejede ýüze çykyp, üçünjilerde bolsa asla ýüze çykmaýanlygyny syn edip bolýandyr. Bu bolsa adamynyň umumy saglyk ýagdaýyna, onuň kesellere durnuklylyk ulgamynyň ýagdaýna baglydygy bilen düşündirilýändir.

Wirus bedene deriniň we nemli örtükleriň üsti bilen aralaşyp, nerw düwünlerinde köpelme tapgyryny geçýändir. Ondan soň, periferiýa nerw süýümleri boýunça işjeň ýagdaýa geçen wirus bedene ýaýrap, deride köpsanly üýtgemeleriň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup durýandyr. Şunuň ýaly üýtgeşmeler nemli örtüklerde hem ýüze çykýandyr.

Wirusyň bedende gizlin ýagdaýda galmagynyň ýa-da işjeňleşme ýagdaýlaryna getirýän faktorlar barada maglumat entek ýeterlik däldir. Ultramelewşe şöhlelenmeler, deriniň ýa-da nerw süýümleriniň şikeslenmegi, immun ulgamynyň işiniň peselmegi wirusyň ýene-de işjeň ýagdaýa geçmegine sebäp bolup biler.

Gerpes ýokançlyklaryň inkubasion döwri 2 ginden 12 güne (köplenç 4 gün) çenli dowam edýändir.   Ýokançlygyň zeper ýetirýän ýerine görä aşakdaky kliniki görnüşleri belläp bolar:

1. Deriniň gerpes şikeslenmeleri (çäklendirilen ýa-da ýaýran)

Çäkli gerpes ýokançlygy köplenç başga keseller bilen (ýiti respiratop keselleri, öýken sowuklamasy, gyzzyrma, meningokokk ýokançlygy) utgaşyp ýüze çykýar. Gerpes örgünleri esasy keseliň ýiti döwründe  ýa-da  sagalma döwründe ýüze çykyp bilýär. Örgünler agzyň töwereginde, dodaklarda, burunda ýerleşip bilýärler. Örgün ören ýerde näsag gyzgynlylyk, awuşama duýgusy, deriniň gijimegi ýaly alamatlary duýup biler.

Deride dury suwuklyk saklaýan kiçijik düwmejikler emele gelip, käwagtlar olar uly birleşmeleri hem emele getirip bilýärler. Düwmejikleriň içindäki suwuklyk ilkibada dury bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen ol bulanyk ýagdaýa geçýär. Düwmejikler ýarylyp, kiçijik ýarajyklary hem emele getirip bilýärler ýa-da gurap gabyjaklara öwrülýärler. Bu döremelere bakterial ýokançlyklary hem goşulyp bilerler. Ýokançlyk gaýtadan dörände şol bir ýerleri täzeden şikeslendirip biler.

Deriniň gerpes ýokançlygynyň ýaýran görnüşi köp mukdardaky wirusyň täsiri bilen emele gelýär. Meselem, göreş tutýan adamlaryň ýakyn galtaşygynda wirus derä gowy "çalnyp" biler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda, deriniň uly bölegi zeperlenip, gerpes örgünleri emele gelen ýerlerde gijilewük, awuşama, agyry döreýär. Bedeniň gyzgyny 38-39ºС çenli galyp, ysgynsyzlyk, myşsada agyrylar ýaly umumy beden zäherlenmesiniň alamatlary  ýüze çykýar. Örgünler adatça ýüzüň sag tarapynda, ellerde, göwrede ýerleşip bilýärler.

2. Agyz boşlugynyň nemli örtüginiň gerpes zeperlenmeleri

Ýiti gerpes stomatiti ýa-da gaýtalanyp durýan ýaraly (aftoz) stomatit görnüşde ýüze çykyp biler. Ýiti stomatit gyzdyrma bilen utgaşyp, dulugyň nemli bardasynda, kentlewükde, diş etinde kiçijik düwmejik toparlarynyň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Näsaglary zeperlenen ýerlerde  dörän awuşama, sanjylama alamatlary biynjalyk edýär. Ýarylan düwmejikleriň ýerinde ýüzleý ýerleşýän ýaralar döreýär. 1-2 hepdeden gerpes örgünleri geçip gidip, nemli örtükler öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär.

Aftoz stomatitde näsagyň ýagdaýy üýtgemeýär. Agzyň nemli bardasynda sarymtyl nem bilen örtülen ulyrak  ýara (diametri 1 sm ýetýän) döreýär.

3. Ýiti respirator keseller

Ýönekeý gerpes wirusy ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli örtügini hem zeperlendirip bilýärler. ÝRK-iň 5-7%  ýagdaýlary gerpes ýokançlygynyň täsiri bilen ýüze çykýandyr. Damagyň gerpes zeperlenmeleri onuň yzky diwarynda, käwagtlar bolsa badam şekilli mäzinde hem ýarajyklaryň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Köp näsaglarda (30%-e çenli) dil, dulugyň nemli örtügi, diş etleri hem zeperlenip bilýär. Ýöne köplenç ýagdaýlarda gerpes ýokançlygy bilen ýüze çykýan ÝRK-ni, başga sebäpler bilen ýüze çykýan görnüşlerinden aýyl-saýyl etmek kyn bolýandyr.

4. Jynsy agzalaryň gerpes zeperlenmeleri 

Täze doglan çagalarda gerpes ýokançlygyň agyr, ýaýraň görnüşiniň ýüze çykýanlygy  sebäpli, göwreli aýallar üçin has hem howply bolup durýandyr.

Gerpesiň wirusy ýatgynyň boýunjygynda rak keseliniň döremeginde hem uly töwekgelligi ýüze çykarýandyr.

Jynsy agzalaryň gerpes ýokançlygyny gerpes wirusynyň I we II görnüşi hem döredip bilýändir. Ýöne wirusyň II görnüşi I görnüşi bilen deňeşdirlende, keseliň gaýtalama ýagdaýlaryny 10 esse köpeldýändir. Ýokançlygyň ilkinji ýüze çykmasy nekrozly serwisit (ýatgynyň boýunjygynyň alawlamasy) görnüşde bolup biler.

Näsaglary bedeniň gyzgynynyň galmagy, myşsalarda agyrylar, garnyň aşagynda agyrylar, gasyk limfa düwünleriniň ulalmagy biynjalyk edýär. Daşky jyns agzalarda gerpes örgünleri iki taraplaýyn bolup, olar görnüşi boýunça dürli-dürlidir. Olaryň içinde dürli ululykda düwmejikler hem, ýüzleý, agyryly ýaralar hem duş gelýär. Ýokançlygyň birinji ýüze çykma ýagdaýlarynda aýallaryň 80%-de daşky peşew çykaryş kanaly hem zeperlenýändir.

Erkek adamlarda gerpes ujytda örgünleriň döremegi hem-de peşew çykaryş kanalynda, erkeklik jyns mäzinde ýüze çykýan alawlama bilen häsiýetlendirilýändir.

II görnüşli gerpes wirusy bilen dörän gerpes ýokançlygy, näsaglaryň 80%-de bir ýylyň içinde keseliň birnäçe gaýtalanma ýagdaýlaryny (ortaça 4 gezek) döretse, I görnüşli wirus bilen keselçilikde näsaglaryň 40-50%-de ol san ortaça 1 gezege barabardyr.

5. Göni içegäniň we artbujagyň gerpes zeperlenmesi

Ol adatça gomoseksualistlerde duş gelýändir. Bu zeperlenmelerde näsaglary artbujakda agyrylar, sanjylamalar, içiniň gatamagy, göni içegeden bölünip çykmalar biynjalyk edýär. Kähalatlarda jynsy gowşaklyk, peşewiň saklanmagy hem ýüze çykyp biler.

6. Gözüň gerpes zeperlenmeleri
Esasan 20-40 ýaşly erkek adamlarda duş gelýär. Zeperlenme körlüge hem getirip bilýändir. Gerpes ýokançlygy gözüň birleşdiriji perdesiniň buýnuzlaşmagyna, göz perdesiniň ýaralaryna, gözüň älemgoşar perdesiniň üýtgemegine getirip biler. Gözüň gerpes ýokançlygy üçin gaýtalanma ýagdaýlary mahsusdyr. Gözüň GÝ-gy üç şahaly nerwiň zeperlenmegi bilen utgaşyp bilýändir.

7. Gerpes ensefaliti (beýniniň zeperlenmegi)

95% ýagdaýlarda wirusyň I görnüşi döredip, esasan 5-30 ýaş we 50 ýaşdan uly adamlar keselleýändirler. Çagalarda we ýaş adamlarda keseliň birinji ýüze çykmasy ensefalit keseline getirip biler. Uly adamlarda bolsa köplenç ol deriniň we nemli örtükleriň zeperlenmesinden soň başlanyp biler. Köp ýagdaýlarda bolsa üç şahaly nerwdäki gerpes wirusynyň täzeden işjeňleşmegi hem ensefalite getirip bilýändir.

Gerpes ensefaliti gyzgynyň ýokarlanmagy, umumy zäherlenme, ysmaz ýagdaýlaryň döreme alamatlary bilen geçip, wirusa garşy serişdeler ulanylmasa, 30% ýagdaýlarda ölümçilige getirip bilýändir.

Geçirilen ensefalitden soň beden duýgurlygynyň üýtgemegi, akylyň üýtgemegi ýaly gaýraüzülmeler duş gelip biler. Tersine, gerpes meningiti (beýni bardalarynyň zeperlenmeleri) ýeňil geçýändir. Beden gyzgynynyň galmagy, çendenaşa ýagtylygy duýujylyk, kelle agyrylar ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilip, ol alamatlar bir hepdeden geçip gidýändir.

Gerpes wirusynyň bedene ýaýramagy netijesinde, gyzylödegiň, öýkeniň, bagryň, böwrekleriň, inçe we ýogyn içegäniň, aşgazan asty mäziň gerpes zeperlenmesi döräp, ol ýagdaýlar degişli agzalaryň zeperlenmesine mahsus bolan alamatlar bilen ýüze çykýandyr.
Gerpes ýokançlygynyň beden agzalaryna ýaýramagy, immun ulgamynyň gowşaklygy bilen baglanşykly bolýar.

8. Täze doglan çagalaryň gerpes ýokançlygy

Enäniň içinde ýokuşma arkaly döräp, onuň ýüze çykmagyna gerpes wirusynyň II görnüşi sebäp bolýandyr. Deriniň, nemli örtükleriň, gözüň, merkezi nerw ulgamynyň, içki agzalaryň zeperlenmegi bilen örän agyr geçýändir. 70% ýagdaýlarda beýni hem zeperlenip, degerli bejergi geçirilmedik ýagdaýda ölümçilik 65%-e ýetip biler. Diňe 10% ýagdaýlarda çagalar sagalyp kadaly ösüp bilýärler.

9. Gerpes ýokançlygynyň bütin bedene ýaýramagy

Diňe täze doglan çagalarda duş gelmän, immun ulgamynyň işiniň ýetmezçiligi ýüze çykan hemme ýagdaýlarda ýüze çykyp biler. Olara täze döremeleri, gan ulgamynyň keselleri bolan näsaglar, himiýa serişdeleri, kortikosteroidleri kabul edýä näsaglar, AIW-göterijiler degişli bolup biler. Kesel örän agyr geçip, köp beden ulgamlarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýaýran gerpes ýokançlygy üçin deriniň we nemli örtükleriň, gerpes ensefalitiniň we meningo-ensefalitiniň, bagryň, käwagtlar öýkeniň hem zeperlenmesi häsiýetlidir.

Biziň döwrümizde ulanylýan wirusa garşy serişdeler  ulanylmasa, bu ýagdaý köplenç ölümçilik bilen gutarýandyr.

Gerpes ýokançlygyny oňa mahsus bolan örgünler arkaly  aýyl-saýyl edip bolýandyr. Ýokançlygy takyk kesgitlemek üçin bolsa wirusy bölüp almak usuly we antitelalary (göreşiji öýjükleri) kesgitlemek üçin serologiki reaksiýalar toplumyny giňden ulanýarlar.

Gerpes ýokançlygynyň hemme ýüze çykyş görnüşleri häzirki zaman wirusa garşy serişdeleriň kömegi bilen bejerilýändir. Zowiraks, asiklowir, wiroleks, widarabin serişdeleri wirusyň görnüşine, näsagyň bedeniniň ýagdaýyna, ýokançlygyň ýaýraýyş derejesine,zeperlenen ýerine baglylykda dürli görnüşde(gerdejik ýa-da sanjym), mukdarda, tertipde ulanylyp bilner.

Her näsag üçin gerekli bejergi tertibini lukman bellemelidir.

Gerpes ýokançlyklaryň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri keselçiligi peseltmäge ýardam berip biler. Onuň üçin aşakdaky ýagdaýlary göz öňüne tutmak zerurdyr:

  • Bedeniň immun ulgamyny güýçlendirmek üçin umumy berkidiji çäreleri geçirmek (lukmanyň maslahaty bilen);
  • ÝRK-de (meselem, dümewde) ýokançlygyň howa-damja ýoly arkaly ýaýramagynyň öňüni alyş  çäreleri ýaly çäreler toplumyny   geçirmek;
  • Aýallar maslahathanalarynda we dogrum öýlerinde täze doglan çagalary ýokançlykdan goramak üçin ýörite öňüni alyş çäreleri geçirmek;
  • GÝ-nyň jynsy gatnaşyk arkaly geçmekliginiň öňüni almak üçin prezerwatiwleri ulanmak maslahat berilýär. Ýöne gerpes örgünleri dörän ýagdaýynda bu çäre ýeterlik däldir.

Gerpes ýokançlygynyň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin waksinany döretmegiň üstünde işler alnyp barylýar. Onuň peýdalylygy entek doly öwrenilenok.

  • 8292 gezek okalan