• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • ÝITI RESPIRATOR KESELLERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝITI RESPIRATOR KESELLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (15 Ses)

Ýiti respirator keseli bilen keselleýän maşgala

Howanyň sowamagy bilen, güýz-gyş aýlary ýiti respirator wirusly keselleri (ÝRK) köpelýär. Bu keseli wiruslaryň birnäçe görnüşi (paragripp, adenowirus, rinowirus, reowirus) döredýärler. Olar esasan dem alyş ýollaryna zeper ýetirýärler.

Halk arasynda bolsa köplenç bu kesel dodakda adaty uçugyň döremegi bilen tanalyp, “sowuklama“ diylip atlandyrylýar. ÝRK-iň üstüne bakterial infeksiýa hem goşulyp bilýär.

Keseliň esasy alamatlary: burnuň akmagy, bokurdagyň agyryp, sesiň gyrylmagy, üsgürme, bedeniň gyzgynynyň galmagy, endamyň agyrmagy. Wiruslaryň dürli görnüşleri burnuň nemli örtüginiň, bokurdagyň, öykeniň, badam şekilli mäziň sowuklamagyna getirip biler.

Kesel öý şertlerinde bejerilýär. Kesel wagtyňyz köpçülik ýerlere barmakdan, jemgyetçilik transportdan peýdalanmakdan saklanyň. Agzyňyza hasa daňyny dakyň. Köp ýyly suwuklyk (çaý, miwelerden edilen kompot we ş. m.) we witamin C kabul ediň.

Antibiotikler wiruslara täsir edenok, şonuň üçün lukmanyň görkezmesi bolmasa, olary ulanmaň. Gyzgyny düşüriji dermanlardan parasetamol we ibuprofen kabul etmek bolar.

Wirusly kesellere garşy durmaga interferon gowy kömek edýär. Ol burnyň her tarapyna günde 2 gezek 5 damjadan (0,25 ml) damdyrylýar. Keseli bejermek üçün bolsa 2-3 gün, günde 4-5 gezek, her 1-2 sagatdan burnyň her tarapyna 5 damjadan damdyrmaly. Soňky ýyllar düzüminde interferon, witamin E, C we kakao bolan Wiferon dermany (şem görnüşde) giňden we üstünlikli ulanylýar.

ÝRK öňüni almak üçün öz bedeniňizi berkidiň, arassa howada sport bilen meşgullanyň, witaminlere we fitonsitlere (sogan, sarymsak, gara turp) baý bolan iýmit bilen iýmitleniň.

  • 4157 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Mälik

Sowuklama bilen kesellän adam öý kesellisi hasap edilýär. Türkmenlerde oňden bäri ol keseli gowy derlemek bilen gök çaýy köp içip, günde gyzyl burçlyja, noýbaly, ajyja unaş içip, keseliň basym haýyny alýarlar.

 
  1. Leýli.

Wirusyň döredýän alamatyny agyz töwereginde ýüze çykýan uçugyň emele gelmegi bilen takyklaýmaly. Käbir adamlarda sowuk ýa-da tomus aýlarynda şemalyň öwüsmegi ýürege düşginç uçuklary döredýär. Emma beýle ýagdaýlarda hiç wagt uçugyň bolmaýandygy...

Wirusyň döredýän alamatyny agyz töwereginde ýüze çykýan uçugyň emele gelmegi bilen takyklaýmaly. Käbir adamlarda sowuk ýa-da tomus aýlarynda şemalyň öwüsmegi ýürege düşginç uçuklary döredýär. Emma beýle ýagdaýlarda hiç wagt uçugyň bolmaýandygy bellidir. Käbir saglygy ýaramaz adamlarda, ýagny immuniteti pes adamlarda hem uçugyň hiç wagt ýüze çykmaýandygy gabat gelýär. Onuň sebäbi kölege astynda galýar.

Dowamy
 
  1. Yhlas.

Owalam seni garawullap ýören wiruslar az owlak bahana bolsa bedeni garjaşdyryp öz hereketine başlaýarlar. Lukmançylyk ylmy näçe üstünliklere eýe bolsa-da olaryň döredýän kesellerini çalt, gutarnykly bejererýaly serişdeler we usullar döredilip...

Owalam seni garawullap ýören wiruslar az owlak bahana bolsa bedeni garjaşdyryp öz hereketine başlaýarlar. Lukmançylyk ylmy näçe üstünliklere eýe bolsa-da olaryň döredýän kesellerini çalt, gutarnykly bejererýaly serişdeler we usullar döredilip baranok.

Dowamy
 
  1. Ysa

Respirator keselli bolsaň gowysy köpçülik ýerine barmajak bol. Göz öňüne getir, gözüňden hem birnuňdan suw akyp durka özgeleriň saňa nähili garajakdygy özüňe gowy mälim ahyryn. Eger ony ret etseň seniň nähili ahlak bilen ýaşaýandygyň belli bolar.

 
  1. Sapar

Gygsa,çuň manyly,düşünükli ýazylypdyr.Sag boluň!

 
  1. Sapar

Gysga,düşünükli,çuň manyly ýazylypdyr.Sag boluň!

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location