Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GANLY IÇGEÇME

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Ganly içgeçme – içege ýokançlyklarynyň keselleri toparyna degişli bolup, iýmit siňdiriş ulgamynyň, esasan hem ýogyn içegäniň zeperlenmesi bilen geçýän keseldir. Il arasynda muňa "hapa elleriň keseli" hem diýilýär. Bu keselde esasan-da ýogyn içegäniň aşakybölüminiň nemli gatlagy zeperlenýär. Keseliň alamatlary bedeniň umumy zäherlenmesi, içagyrylar, gan we nem gatyşykly içgeçmeler görnüşinde ýüze çykýar.

Ýokançlygyň ýokuşma ýollary we keseliň geçiş aýratynlyklary

Ganly içgeçme näsag adamdan sagdyn adama täret bilen hapalanan iýmit önümleri, suw we öýdäki gatnaşyklar arkaly ýokuşyp bilýär.

Bu kesel şu topara degişli adamlar arkaly giňden ýaýrap bilýär:

  • ýiti ganly içgeçmäniň ýeňil we alamatlarynyň aýdyň ýüze çykmaýan  görnüşlerine ýolugan adamlar;
  • sagdyndygyna garamazdan, şu keseliň bakteriýalaryny göteriji adamlar;
  • bu keseliň dowamly görnüşi bilen kesellän adamlar.

Şu topardaky adamlar özlerini oňat duýýansoňlar, lukmana ýüz tutup-da durmaýarlar Olar degişli bejergini wagtynda alman, işlemeklerini dowam edýärler, köpçülik ýerlerinde bolup, keseli ýaýratmagy dowam edýärler.

Şeýle-de ýokarda bellenilşi ýaly, bu kesel ýokançlykly iýmit (kompotlar, işdäçarlar, üwelen et, süýt önümleri, tort-kökeler), hapalanan suw, gap-gaçlar arkaly ýaýrap bilýär. Keseliň ýaýramagyna siňekler hem ýardam berýär. Bu kesele ilatyň hemme toparlary ýolugyp bilýär. Ýöne kiçi ýaşly çagalar bu kesele has ýygy duçar bolýandyr. Ganly içgeçme tomsuna, esasan-da iýul-awgust aýlarynda giňden ýaýraýar.

Ganly içgeçmäni Şigell maşgalasyna degişli bakteriyalar  döredýändir. Şigell bakteriýalaryň  4 görnüşi belli bolup, olar nerw-damar ulgamyny zeperlendirip bilýän zäherleri bölüp çykarýar. Bu bakteriýalar aşgazanda birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli (seýrek ýagdaýlarda) saklanyp, inçe içegä düşýändirler. Bakteriýalaryň bölüp çykarýan zäherleri inçe içegäniň içinde köp mukdarda suwuklygyň we minerallaryň işlenip çykmagyna sebäp bolýar. Şigellalar inçe içegäniň nemli bardasynda sowuklama ýagdaýlaryny döredip, zäherleriň täsirini has hem güýjedýändirler. Ýogyn içegä şigellar biraz soňrak, ýöne uly mukdarda düşýändirler. Bakteriýalaryň zäherleri gana düşüp bedeniň umumy zäherlenmesiniň alamatlaryny döredip biler.

Adam ganly içgeçmäni başdan geçirensoň, onda bu kesele bolan durnuklylyk emele gelýär. Ýöne bu durnuklylyk gowşak bolup, biraz wagtdan adam ýene-de bu kesele ýolugyp bilýär.  

Keseliň kliniki alamatlary we görnüşleri

Ganly işgeçmäniň inkubasion döwri adatça 1-7 gündür (ortaça 2-4 gün), ýöne käwagt bu döwür 2 sagatdan 12 sagada çenli gysgalyp bilýändir.

Adam ganly içgeçmäni döredýän bakteriýalara ýolugyndan soň, bu keseliň alamatlary tiz ýüze çykýar. Ilkibaşda umumy zäherlenmäniň alamatlary peýda bolup, bedeniň gyzgyny artýar. Näsag gyzdyrýar, üşüdýär, ysgyny bolmaýar, işdäsi kesilýär, gan basyşy peselýär.

Aşgazan-içege ulgamynyň işiniň bozulmalary garyn boşlugyndaky agyrylar arkaly ýüze çykýar. Olar ilkibada gowşak bolup, tutuş garyn boşlugyna ýaýraýar. Soňabaka bu agyrylar güýjäp, näsag adamyň içi towlap başlaýar. Agyrylar garnyň aşaky böleginde, adatça çep tarapynda jemlenip, täret etme wagtynda has-da güýjeýär.

Keseliň geçiş derejesi dürli görnüşde ýüze çykyp biler:

Ganly içgeçmäniň ýeňil görnüşinde adam birnäçe sagatdan 1-2 güne çenli gyzdyrýar. Bedeniň gyzgynlylygy adatça 38ºС çenli artýar. Kesele ýolugan adam ol diýen güýçli bolmadyk agyrylary, esasan-da, täret etmäniň öň ýanynda döreýän agyrylary duýýar. Onuň täreti suwugrak bolup, gije-gündiziň dowamynda takmynan 10 gezek täret edýär. Täretinde nem we gan görünmeýär. Beden zäherlenmesi we içgeçme 1-3 gün saklanýar. Näsag ganly içgeçmäniň bu görnüşinden 2-3 hepdeden soň bütinleý gutulýar.

Ganly içgeçmäniň ortaça agyrlykdaky görnüşiniň alamatlary tiz  ýüze çykýar. Bedeniň gyzgynlylygy adatça 38-39ºС çenli artyp, birnäçe sagatdan 2-4 güne çenli dowam edýär. Näsag ysgynsyz bolýar, kellesi agyrýar, başy aýlanýar, işdäsi kesilýär. Içgeçme adatça kesele ýolugylanylandan 2-3 sagat soň başlanýar. Näsagyň garyn boşlugynyň aşaky böleginde wagtal-wagtal içtowlamalar, gury içtowlamalar döreýär. Ol täret edesi gelýän ýaly bolsa-da, täret etmeýär. Näsag bir gije-gündiziň dowamynda 10-20 gezek täret edip bilýär. Täretiň mukdary ujypsyz bolup, köplenç nemden we gan çylgymlaryndan ybarat bolýar. Näsagyň derisi solgun bolýar. Onuň dili gurak ak gatlak bilen örtülýär. Beden zäherlenmesi we içgeçme 2 günden 4-5 güne çenli dowam edýär. Ganly içgeçmäniň bu görnüşine ýolugan adamyň içegesiniň zeperlenen nemli gatlagy diňe 1-1,5 aýdan doly dikeldilip, kadalaýyk işläp bilýär.

Ganly içgeçmäniň agyr görnüşiniň alamatlary bada-bat ýüze çykýar. Olar güýçli beden zäherlenmesi, ýürek-damar ulgamynyň işiniň düýpli bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Bedeniň gyzgynlylygy bada-bat  38-39ºС çenli artýar, näsagyň kellesi güýçli agyrýar, örän ysgynsyz bolýar, el-aýagy üşeýär, ýerinden galanda başy aýlanýar, işdäsi bütinleý kesilýär. Näsagyň ýüregi bulanyp, käwagt gaýtarýar. Onuň içi agyryp, ýygy-ýygydan täret we peşew edesi gelýär. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 20 gezekden-de köp täret edýär. Keseliň bu görnüşi 5-10 gün dowam edýär. Näsag bu keselden haýal saplanýar (adatça 2-4 hepde). Onuň içegesi diňe 2 we ondan köp aýdan kadaly işläp başlaýar.

Ganly içgeçme keseli 3 aýdan uzak dowam eden ýagdaýynda dowamly ganly içgeçme diýlen kesel kesgidi goýulýar.

Ganly içgeçmäniň gaýraüzülmeleri

Ganly içgeçmäniň gaýraüzülmelerine şular degişlidir:

  • ýokançly zäherlenme şogy;
  • ýokançly zäherlenmäniň netijesinde nerw ulgamynyň zäherlenmesi;
  • peritonit;
  • öýken sowuklamasy. 

Keseliň anyklanylmagy

Keseliň aýdyň alamatlary bolmadyk ýa-da adaty däl görnüşlerinde bu keseli anyklamak kyn bolýar.  Ganly içgeçmäni esasan-da näsagyň ýagdaýy we barlaglary esasynda kesgitläp bolar. Keseli anyklamakda rektomanoskopiýa barlagy örän peýdalydyr. Bu barlagy içege keseline ýolugyp, onuň görnüşiniň anyk kesgitlenilip bilinmedik ýagdaýynda geçirýärler. Täretiň bakteriologik barlagy hem keseli anyklamaga ýardam berýär. Bu barlagyň netijesinde ganly içgeçmäniň ýokançlygynyň ýüze çykarylmagy keseliň kesgidini anyk goýmaga esas bolýar. Eger şeýle barlagyň netijesinde ganly içgeçmäniň ýokançlygy tapylmaýanda-da, keseliň bolmazlygyny kepillendirilmeýär. Ganly içgeçmäniň bolup-bolmazlygyny anyk kesgitlemek üçin, täretiň bakteriologik barlagyny azyndan üç gezek geçirmeli bolýar.

Bejergisi

Ganly içgeçmäniň bejergisi hemmetaraplaýyn alnyp barlyp, näsagyň saglyk aýratynlyklaryny hasaba almalydyr.

Bu kesele ýolugan adama antibakterial derman serişdeleri bellenilende, näsagyň ýaşaýan çäklerinde "ýaşaýan" şigell bakteriýasynyň bu antibakterial serişdesine bolan durnuklylygyny hasaba almalydyr. Mysal üçin, eger belli bir çäklerdäki şigell bakteriýasy belleniljek bolýan antibakterial serişdesine eýýäm uýgunlaşan bolsa, şeýle antibakterial serişdesi ony öldürip bilmez. Iki ýa-da ondan köp antibiotikleriň utgaşmasy bolsa diňe ganly içgeçmäniň agyr görnüşlerinde bellenilýär.

Bejerginiň dowamlylygy näsagyň ýagdaýyna, onuň beden gyzgynynyň kadalaşmagyna, içgeçmesiniň azalmagyna bagly bolýar. Ganly içgeçmäniň orta agyrlykdaky görnüşiniň bejergisi 3-4 günüň dowamynda alnyp barylsa, keseliň agyr görnüşlerinde ol möhlet 4-5 gün dowam edýändir. Keselden saplanma döwründäki ýeňil içege bozulmalary, mysal üçin, günüň dowamynda 2-3 gezek örän ýumşak täretiň bolmagy, içiň ýellenmegi antibakterial bejergini dowam etmäge esas bolýan däldir.

Ganly içgeçmäniň ýeňil görnüşine ýolugyp, täretinde gan we nem bolan näsaglara şu derman serişdeleri bellenilýär: nitrofuranlar (furazolidon, furadonin, ersefuril, kotrimoksazol, oksihinolinler);

Ganly içgeçmäniň orta agyrlykdaky görnüşine ýoluganlara ftorhinolin toparynyň derman serişdeleri bellenilýär: ofloksasin, siprofloksasin, kotrimoksazol, intetriks.

Ganly içgeçmäniň agyr görnüşine ýoluganlara şular bellenilýär: ofloksasin ýa-da siprofloksasin, aminoglikozidler bilen utgaşdyrylan ftorhinolinler, sefalosporinler bilen utgaşdyrylan aminoglikozidler.

Keseliň ýeňil görnüşinde ýitirilen suwuklygyň öwezini dolmak üçin, taýýar erginler (sitroglukosalan, regidron, gastrolit we başg.) ulanylýar. Bu erginler az-azdan içirilýär. Içilýän suwuklygyň mukdary peşew we täret zerarly ýitirilen suwuklygyň mukdaryndan 1,5 esse köp bolmaly.

Ganly içgeçmäniň orta agyrlykdaky görnüşine ýoluganlara süýjüli çaý içmek, 5%-li glýukozanyň erginini ýa-da taýýar erginleri içmek maslahat berilýär.

Ganly içgeçmäniň agyr görnüşine ýoluganlara damardan 10%-li albumin erginini, gemodez we beýleki kristalloid erginlerini (trisol, laktosol, asesol), 5-10%li glýukozanyň erginini insulun bilen utgaşdyryp goýberýärler. Köp ýagdaýlarda şu agzalan serişdeleriň birinden 1000-1500ml mukdarda goýberilmegi näsagyň ýagdaýyny gowulandyrýandyr.

Içegedäki zäherleri daşyna çykarmak üçin, şu entersorbentlerden birini belleýärler: polifepan, aktiwirlenen kömür, enterodez, polisorb, smekta we başg.

Zäherleriň täsirini aýyrmak üçin, ferment serişdelerini belleýärler: pankreatin, panzinorm (bulary kalsiý serişdeleri bilen utgaşdyrmaly).

Içgeçmäniň ýiti döwründe ýogyn içegäniň gysylmalaryny aýyrmak üçin no-şpa, papaweriniň gidrohloridy bellenilýär.

Bejerginiň islendik görnüşiniň dowamynda näsaga witaminler toplumy bellenilýär.

Üns beriň: Ýokarda agzalan dermanlaryň mukdaryny näsagyň ýagdaýyna görä diňe lukman belläp bilýär!

Keseliň öňüni almak

Ganly içgeçmäniň ýiti görnüşine ýoluganlar keselhanadan doly gutulanlaryndan 3 gün soň çykarylýarlar. Munuň üçin, onuň täretini ýene-de bir gezek barlamhanada barlap, onda patologiki üýtgemeleriň ýokdugy ýüze çykarylmalydyr. Näsagyň doly gutulandygyny şu alamatlar: bedeniniň gyzgynynyň we täretiniň kadalaşmagy, beden zäherlenmesiniň, içagyrylaryň, içege gysylmalarynyň we agyrylarynyň bütinleý aýrylmagy bilen tassyklaýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ganly içgeçme hem "hapa elleriň keselidir". Şonuň üçin-de, şeýle kesele uçramazlyk üçin, arassaçylygyň sadaja düzgünlerini berjaý etmeli:

  • nahar iýmezden öz eliňi ýuwmaly;
  • hajathanadan soň eliňi ýuwmaly;
  • diňe gaýnadylan suw içmeli;
  • gök önümleri we ir-iýmişleri gaýnag suw bilen oňat ýuwmaly;
  • taýýarlanylan tagamlary diňe sowadyjyda saklamaly;
  • bişirilen nahary 2 günden artyk saklamaly däl.

Görşümiz ýaly, bu sadaja düzgünleri berjaý etmek bütinleý kyn däl. Şeýle sadaja düzgünler bizi çylşyrymly ýokançlyklardan goraýar, dermanhanalara ylgamakdan saklaýar, dermanlara sowjak pulumyzy tygşytlaýar. Siziň saglygyňyzyň köp ýagdaýda diňe özüňize baglydygyny unutmaň!

Ulanylan WEB Salgy.

  • 3669 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location