• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • SITOMEGALOWIRUS ÝOKANÇLYGY: ESASY HÄSIÝETNAMASY, ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY, BEJERGISI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SITOMEGALOWIRUS ÝOKANÇLYGY: ESASY HÄSIÝETNAMASY, ÝÜZE ÇYKYŞ ALAMATLARY, BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.92 (13 Ses)

Sitomegalowirus (SMW) ýokançlygy – ýer ýüzünde giňden ýaýran ýokançlyk bolup, immunitetiň gowşamagy bilen baglanyşykly, köpdürli kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Uçuklar wirusy maşgalasynyň iň howply görnüşlerine degişlidir.

Häzirki zaman amaly lukmançylykda bu wirus ýokançlygy aýratyn ünse eýe bolup, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa bölümi tarapyndan ol ýokanç keselleri bilen keselçiligiň geljegini kesgitleýän keseller toparyna degişli edildi.

Wirusyň ýaýramagyna getirýän faktorlar

Bu wirusyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, häzirki wagta çenli epidemiki ýaýrama ýagdaýlary duş gelenok.

SMW ýokançlygynyň kliniki alamatlary bedeniň kesellere garşy göreşme ukybynyň peselen ýagdaýlarynda ýüze çykýandyr.

Soňky ýyllarda immunitet ýetmezçiligi ýagdaýlary AIW-iň ýüze çykmagy, ekologiki deňagramlylygyň üýtgemegine getirýän faktorlaryň köpelmegi, dürli derman serişdeleriniň ulanylmagy (derman keseli, gormonlar bilen bejergi) netijesinde ýokarlandy.

Göwrelilik döwründe ene bilen ösýän düwünçegiň arasyndaky immun gapma-garşylygy azaltmak üçin döredilen fiziologiki immun ýetmezçiligi hem ýokançlygyň ýaýramagyna getirip biler.

Şu faktorlaryň hemmesi, esasan hem olaryň birnäçesiniň utgaşmasy ýokuşma babatda töwekgelçilik toparyna girýän täze doglan çagalara, gan goýberilen näsaglara, dürli beden  agzalary oturdylan (transplantirlenen) näsaglar, immun ulgamy basýan serişdeleri ulanýan näsaglara bu ýokançlygyň dürli ýollar bilen ýokuşmagynyň sebäbi bolýar. Bu topara ahlak taýdan bozuk aýallary, gomoseksualistleri, neşekeşleri hem degişli edip bolar.

ABŞ-da geçirilen barlaglar, 1-2% çagalaryň doglandan soň peşew bilen SMW bölüp çykarýandygyny, 1 ýaşa çenli şeýle çagalaryň sanynyň 10-20% -e ýetýändigini, 35 ýaşly ulularyň 40%-iň öz ganynda bu wiruslara garşy antitelalary saklaýandygyny, 50 ýaşyň sepgidinde bolsa uly adamlaryň aglaba böleginiň bu wirusy göterýändigini mälim etdi.

Wirusy göterijiler ýa-da keseliň köpdürli görnüşlerini başdan geçirýän adamlar wirusly ýokançlygyň gözbaşy bolup biler.

Gan, peşew, tüýkülik, jynshana bölünip çykmalary, ýaş suwuklygy, ene süýdi, çaganyň ýan suwlary, döl, täret ýaly biologiki bölünip çykmalar arkaly wirusyň ýokuşmagy bolup geçip biler.

Şonuň ýaly-da, transplantalogiýada ulanylýan beden dokumalary hem-de agzalary, donor gany, göwreli aýallar hem wirusy ýaýratmagyň çeşmesi bolup bilerler.

SMW ýokançlygynyň ýaýramagynda esasy orun tüýkülik arkaly ýaýramalara berlip, bu keseli "opüşmeleriň keseli" diýip hem  atlandyrýarlar. Bu wirus ýokançlygy bilen öň duşuşmadyk adamlar oňa has hem duýgurdyrlar.

Kliniki alamatlary we ýüze çykyş aýratynlyklary

SMW ýüze çykyşy boýunça häsiýetli alamatlara eýe däldir. Bu wirusly ýokançlygyň ýüze çykyş alamatlary ýokançlygyň geçiş görnüşine, bedeniň ýagdaýyna bagly bolýar.

Kadaly immun işjeňlikli adamlarda wirusyň birinji gezek ýokuşmagy kliniki alamatsyz geçip, wirus göterijilik ýagdaýy ýüze çykýandyr.

Diňe uly adamlaryň 5%-de wirus dümewi ýadyňa salýan alamatlar toplumy  (beden temperaturasynyň galmagy, burnuň dykylmagy, boýun we äňasty limfa düwünleriniň ulalmagy), gulagyň ýanyndaky tüýkülik mäzleriniň ulalmagy hem-de agyrmagy (sialoadenit) bilen ýüze çykýandyr.

Seýrek ýagdaýlarda sitomegalowirus gepatiti döräp, onuň üçin gepatitlere häsiýetli alamatlar hem-de biohimiki üýtgeşmeler mahsus bolýar.

Kesel örän çalt, takmynan 1 hepdäniň dowamynda yzyna gaýdyp, soňra alamatsyz dowam edýändir.

Immun ulgamy gowşak adamlarda SMW has ýaýran häsiýete eýe bolup, dowamly ýa-da haýal geçýän ýokançlyk görnüşi bilen deňeşdirlende ilkinji gezek ýokuşma ýagdaýy has agyr geçýändir.

Şeýle ýagdaýlarda öýken, böwrekler, iýmit siňdiriş ulgamy, bagyr, merkezi nerw ulgamy, gözler, böwregüsti mäzler, aşgazanasty mäz, dalak, limfa düwünleri zeperlenip bilerler.

Zeperleniş agza baglylykda gepatitler, öýken sowuklamasy, miokarditler, iýmit siňdiriş agzalaryň baş keselleri şüze çykyp biler.

Köp halatlarda SMW ýokançlygy AIW-iň, ýiti leýkozyň, sepsisiň, wirusly gepatitleriň, limfogranulematozyň "keşbinde" hem ýüze çykyp bilýändir.

SMW ýokançlygy aýal jyns agzalaryny zeperlendirip, ýatgynyň boýunjygynyň, ýatgynyň, jynshananyň sowuklama ýagdaýlaryny döredip bilýär.

Erkek adamlaryň bu wirus arkaly jyns agzalarynyň zeperlenmegi adatça alamatsyz geçýändir.

SMW-iň göwreli aýallara ýokuşmagy örän howply bolup, wirus ösýän düwünçege geçip bilýändir.

Düwünçegiň şikeşleniş derejesi göwreliniň immun ulgamynyň ýagdaýyna, ýokançlygyň geçiş görnüşine, göwreliligiň möhletine baglydyr.

Göwrelilik döwründe SMW ýokançlygy ösmeýän göwrelilik, göwreliligiň düşme ýagdaýlary, çaganyň wagtyndan öň dogmagy, köp suwlulyk, çörekçäniň işiniň ýetmezçiligi ýa-da kadaly ýerleşýän çörekçäniň wagtyndan öň gopmagy  ýaly gaýraüzülmelere getirse, düwünçek üçin ösmeden yza galma, sarylama bilen ýüze çykýan bagryň zeperlenmegi, merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmegi (gidrosefaliýa, mikrosefaliýa, meningoensefalit), köp ulgamlaryň zeperlenmegi bilen geçýän sepsis ýagdaýly ýaly howply gaýraüzülmeleriň sebäbi bolup biler.

Gizlin geçýän SMW ýokançlygyň alamatlaryny çaga doglandan soň  kesgitlemek kynçylyk döredip, olar (görüş nerwiniň atrofiýasy, kerlik, akyl taýdan ösüşde yza galma) çaganyň ösüşiniň has giçki tapgyrlarynda mälim bolup bilerler.

Anyklaýyş   usullary

Sitomegalowirus ýokançlygy anyklamakda laborator usullaryň görkezijilerine salgylanyp, ol usullar (immunoferment derňewi, polimeraza zynjyrly reaksiýa, immunologiki usullar) bedeniň biologiki suwuklyklarynda wirusy we oňa mahsus bolan antitelalary (göreşiji öýjükler) tapmaga gönükdirilendir.

Bejergi çäreleri

SMW ýokançlygyň bejergisinde wirusa garşy ulanylýan serişdeleri hem-de immun ulgamyň işini kadalaşdyrýan dermanlary ulanýarlar.

Ýokançlygyň ýiti ýüze çykmalarynda asiklowir üstünlikli ulanylýar. Ony 8-10 gün damariçre goýberýärler. Asiklowiriň beden üçin ýaramaz täsirleriniň bardygy sebäpli, ony, has hem çagalar babatda seresaply ulanmak maslahat berilýär.

Transportirlenen (oturdylan) bagyrly, böwrekli näsaglarda hem wirusyň ýokuşma ýa-da gaýtadan işjeňleşýän halatlarynda bu dermany üstünlikli ulanyp bolýar.

Immun ulgamyny kadalaşdyrýan serişdelerden lewamizol SMW bejergisinde has giňden öwrenilen serişde bolup, ony ýörite tertip boýunça 12 hepdäniň dowamynda ulanýarlar.

Wirusly ýokançlygyň uzak wagt peşew ýa-da tüýkülik bilen bölünip çykýan halatlarynda lewamizol bilen gaýtadan bejeriş tapgyryny ýa-da taktiwini deriniň aşagyna goýberme usulyny (9-10 hepdäniň dowamynda) ulanýarlar.

Aýdylyp geçilen serişdeleri göwrelilik döwründe ulanmak bolmaýar.

Göwrelilik döwründe bejeriş we akuşerçilik jogapkärçiligi babatda çylşyrymly soraglary çözmeli bolýar.

Göwreliligiň kiçi möhletlerinde, ýokançlygyň ilkinji ýüze çykan ýa-da gaýtadan beterleşen halatlarynda göwreliligi aýyrmak maslahat berilýär.

Göwreliligiň kiçi möhledinde ony emeli aýyrmakdan ýüz döndürilen halatlarynda, laborator barlaglaryň görkezijilerine, ösýän düwünçegiň ýagdaýyna ultrases barlagy geçirip baha bermä daýanmaly bolýar.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda, SMW garşy ýokary mukdarda antitelalary saklaýan serişdeleri (sitomegalowirusa garşy immunoglobulin, adaty adam immunoglobulini) ulanmak ýerlikli bolup biler.

Göwrelilik döwründe wirusa garşy serişdelerden wiferony ulanmak bilen gowy netijeleriň gazanylan halatlary köpdür.

Wirusyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri

SMW ýokançlygyň öňüni almak çäreleri şahsy gigiýena düzgünleri berjaý etmäge, transplantalogiýada ulanylýan agzalara we dokumalara, gan donorçylygynda gana we gandan taýynlanan serişdelere degişli  barlaglary geçirmäge hem-de immun ulgamy tapdan düşüriji faktorlardan goramaga gönükdirilen bolmalydyr.

Ene süýdünde SMW anyklanan ýagdaýynda onuň bilen çagany iýmitlendirmek maslahat berilmese hem, çaganyň göwrelilik we dogrum wagty ýokuşmagynyň derejesi bilen deňeşdirlende, şeýle  ýaýrama ýoly çaga üçin az howpludyr.

  • 3415 gezek okalan

Teswirler (5)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Lukman

Seredip otursaň, ogşaşmak nähili ýaramaz ýagdaýlary döredip biljek ekeni. Öň söýüşýän aýal-erkek ýa-da oglan-gyz öpüşýärmikä diýsek, indi niredeligine seretmezden öýde ýa-da köçede bolsun, gerek bolmasa-da, bizde aýallar öz arasynda-da...

Seredip otursaň, ogşaşmak nähili ýaramaz ýagdaýlary döredip biljek ekeni. Öň söýüşýän aýal-erkek ýa-da oglan-gyz öpüşýärmikä diýsek, indi niredeligine seretmezden öýde ýa-da köçede bolsun, gerek bolmasa-da, bizde aýallar öz arasynda-da biri-birini, çagany ogşamak pişesini çykardylar. Lukmanlara gulak asmaýan bolsalar, onda ony çilim ýa-da nas ýaly zyýanly zat höküminde döwlet derejesinde gadagan edilse saglyk üçin gowy bolardy.

Dowamy
 
  1. Zenan

Lukman aga! Men göwrelilik bilen hasaba durup, barlaglardan geçdim weli, maňa üç wirusyň adyny aýdyp, sen şolary göteriji diýdiler. Meniň we dogjak çagamyň soňky ykbaly nähili bolarka? Men bejergi almalymy? Şony aýdaýyňda!

 
  1. Ilhan.

Seredip otursaň, biziň daşymyzdan güman eder ýaly däl, hemmämiz diýen ýaly içimiz sitomegalowirusly bir guta meňzeýän ýaly. Şonuň ýaly pikir edip otursaň, köpleriň hususy gigiýena, köpçülik ýerlerinde sanitariýa ýagdaýlaryna, köre-körlük bilen...

Seredip otursaň, biziň daşymyzdan güman eder ýaly däl, hemmämiz diýen ýaly içimiz sitomegalowirusly bir guta meňzeýän ýaly. Şonuň ýaly pikir edip otursaň, köpleriň hususy gigiýena, köpçülik ýerlerinde sanitariýa ýagdaýlaryna, köre-körlük bilen üns bermezlikleri nähili netijelere getirjekdigi kyn hem dälmikä diýýärin.

Dowamy
 
  1. Çary.

Meniň özümä wiruslaryň döredýän agyz töweregindäki uçugyndan wagtal-wagtal kösenýärin. Gyşda sowuk, tomus döwründe gyzgyn şemaldan döreýän uçuga wiruslaryň bejergisi üçin niýetlenen ýag (maz) dermanlar hem onjeýli peýda bermeýär. Ýöne, geň...

Meniň özümä wiruslaryň döredýän agyz töweregindäki uçugyndan wagtal-wagtal kösenýärin. Gyşda sowuk, tomus döwründe gyzgyn şemaldan döreýän uçuga wiruslaryň bejergisi üçin niýetlenen ýag (maz) dermanlar hem onjeýli peýda bermeýär. Ýöne, geň galmaly uçuklar käbir adamlarda döremeýär. Men özümi sag, immuniteti ýokary adam hasaplasamam ýylda 3-4 gezek oňa ýolugýaryn.

Dowamy
 
  1. Deňli.

Wiruslar ýyl-ýyldan örüsini giňeldýärler. Olaryň döredýän näsazlyklary hem dürlüligi bilen ýyldan-ýyla üýtgeýärler. Ýöne olaryň bejergisi üçin anyk netije berýän dermanlar hödürlenmese gelejekde adamzada köp gabahatlyk bolmajagyna güwä geçip bolmaz.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location