• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon
  • ÝOKANÇLY MOLLÝUSK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝOKANÇLY MOLLÝUSK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

Ýokançly mollýusk – wirusly kesel bolup, deri örgüniniň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Deri örgüni deriniň reňkine meňzeş, ýeke-ýekeden ýa-da topbaklaýyn ýerleşýän düwünjiklerden ybaratdyr.

Ýokançly mollýuskyň wirusy diňe näsag adamdan geçip bilýändir. Bu wirus haýwanlarda keselçilik döredýän däldir.

Bu kesel dürli ýaşly adamlarda, şol sanda çagalarda hem duş gelip bilýär. Ýokançly mollýuskyň wirusynyň ýokuşmagynyň esasy ýollary:

  • jynsy gatnaşyk arkaly – keselli adam bilen jynsy gatnaşyk wagty;
  • galtaşykly ýol arkaly – näsag adam bilen bilelikde, şol bir ýorgan-düşek daşlary, egin-eşikleri, süpürgiçler ulanylanda ýüze çykýar. Şunuň ýaly ýaýrama ýoly çagalar baglarynda, köpçülikleýin ulanylýan suw howdanlarynda, jemgyýetçilik hammamlarda giňden ýaýrandyr.

Maşgalanyň hem birnäçe agzasynyň birden kesellemegi mümkindir.

Keseliň birinji alamatlary ýokuşmadan iki hepde soň ýüze çykýar. Ýokançly mollýuskyň esasy alamatlary aşakdakydan ybaratdyr:

  1. Deride agyryly örgünler ýüze çykýandyr. Örgünler uly bolmadyk, deriniň reňkinde (ýa-da gülgüne), 1-3mm. ululykda gatyja düwünjiklerden ybaratdyr. Deri örgünleri ilki ýeke-ýekeden ýerleşse-de, soň köpelip we birleşip, diametri 1,5 sm-e çenli bolan uly birikmeleri emele getirýändir. Her düwünjigiň ortasynda kiçijik çukurjyk bolýandyr. Olara basylanda, köpsanly wirus bölekleri saklaýan, ak ýag görnüşli çykyndy çykýandyr;
  2. Bu keselde örgünler eliň aýasy we dabandan başga, deriniň islendik ýerinde bolup biler. Uly adamlarda örgünler köplenç jyns agzalarynda, butlaryň iç ýüzünde ýerleşýändir. Çagalarda örgünler bedeniň islendik ýerinde: ýüzde, boýunda, elde, goltuklaryň aşagynda duş gelip biler;
  3. Bu keselde deriniň gijemegi hökmany alamat bolmasa-da, käwagtlar gijilewik ýüze çykýandyr;
  4. Örgünleri gaşap, şikes ýetirlende, olara ýokançlyklar düşüp biler. Bakteriýaly ýokançlyklar şol ýeriň gyzarmagyna, çişmegine, örgünli ýerde deriň iriňlemegine getirip biler;
  5. Kähalatlarda örgünler bejergisiz hem özbaşdak geçip gidýärler we ençeme wagt bildirmeýärler. Bedeniň kesele durnuklylyk güýçleri gowşanda (meselem, dümewden soň), wirus işjeňleşip, täze örgünleriň emele gelmegine getirýändir.

Ýokançly mollýusk howply gaýraüzülmelere getirýän däldir. Bu keselde garaşylýan gaýraüzül-melere aşakdakylar degişlidir:

  1. Deriniň sowuklamasyna (dermatit) getirýän bakterial ýokançlyklaryň ýüze çykmagy. Dermatitleriň bejergisinden soň, deride bildirýän tyg yzlary galyp bilýär;
  2. Diametri birnäçe santimetre ýetýän, örgünleriň uly birleşmesi emele gelip bilýär. Gaty seýrek duş gelip, esasan, bedeniň kesellere garşy durma ukybynyň peselmegini aňladýar. (meselem, AIDS keselli näsaglar).

Umumy barlagdan soň, ýokançly mollýuski dermatolog lukmanlary anyklaýandyr we bejerýändir.

Bu keselde örgünleriň özbaşdak häsiýetli bolany sebäpli, anyklaýyşda goşmaça usullara mätäçlik döremeýär. Aýry-aýry ýagdaýlarda başga kesellerde ýüze çykýan örgünler bilen aýyl-saýyl etmeli bolýar. (meselem, wirusly kesel bolan ýiti uçly siňňiller).

Ýokançly mollýuski bejermegiň birnäçe görnüşleri bardyr. Ol hirurgiki usul bilen aýrylanda, ýörite kýuretta guraly ulanylýar.

Örgünler aýrylyp, emele gelen ýarajyklar antiseptiki demanlar bilen (hlorgeksidin, dioksidin we başgalar) arassalanýar. Örgünleri suwuk azotyň (doňdurma ýa-da kriobejergi), lazeriň, elektrik togunyň (elektrokoagulýasiýa) kömegi bilen hem aýyrmak mümkindir.

Örgünleri aýyrmak gaty agyryly bolup, agyrsyzlandyryjy melhemler we kremler ulanylýandyr. (meselem, lidokain melhemi).

Ýokançly mollýusk keselini ýörite melhemleriň kömegi bilen hem bejerip bolýar. Bejergi üçin aldara (imikwimod) tazorak, retin-A ýaly serişdeler melhem görnüşde ulanylýar.

Aldara ýa-da retin-A deriniň örgünli ýerine günde bir gezek agşam çalynýar. Irden deri sabynly ýyly suw bilen ýuwulýar. Lukmanyň maslahatyna laýyklykda krem birnäçe hepde (16 hepdä çenli), her gün ýa-da günaşa ulanylýar.

Çagalarda ýokançly mollýuskyň bejergisi geçirlende, agyrsyz usullar saýlanyp alynýar. (meselem, kremleri ulanmak). Diňe aýry ýagdaýlarda ýerli agyrsyzlandyrma bilen hirurgiki usul ulanylyp bilner.

Ýokançly mollýuskyň bejergisini geçirmekde halk serişdeleri hem ulanylýar:

  • Örgünlere sarymsagyň şiresini günüň dowamynda, her 4-5 sagatdan çalmak maslahat berilýär. Bejergi bir aý dowam edýändir.
  • Çistoteliň täze taýynlanan şiresi hem bejeriş häsiýete eýedir. Şiräni birnäçe hepdäniň dowamynda günde örgünlere çalmalydyr. Eger täze taýynlanan şire elýeterli bolmasa, dermanhanalarda satylýan çistoteliň spirtdäki erginini hem ulanmak bolýandyr.
  • 6174 gezek okalan