• Makalalar
  • Psihologiýa
  • DINDEN ÇYKSAŇ ÇYK, ILDEN ÇYKMA!

DINDEN ÇYKSAŇ ÇYK, ILDEN ÇYKMA!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

solomon asch introBiz nirede ýaşaýan bolsak hem bir jemgyýetiň ýa toparyň agzasydyrys. Biz jemgyýet bolup dem alýarys, jemgyýet bolup işleýäris, we jemgyýet bolup ýaşaýarys. Köplenç täzelikleri hem köpçüligiň dilinden eşidýäris, köpçüligiň geýýän eşigini geýip, köpçüligiň diňleýän aýdymyny diňleýäris. Siz köpçüligiň agzasy hökmünde, öz islegleriňize we saýlawlaryňyza özüňizi doly jogapkär duýýarmysyzyň? Okuwda, işde, ýa maşgalaňyzda bir zady saýlamak üçin topar bolup ses berýärsiňizmi? Köpçülik bolup edilýän saýlawlara gatnaşanyňyzda köpçüligiň basyşyny duýýarsyňyzmy ýa erkin hereket edip bilýärsiňizmi?

Hut şu soraglara jogap tapmak üçin hem, Solomon Aş 1951-nji ýylda eksperiment geçirýär. Ol adamyň köpçüligi yzarlamasyna sosial basyşyň nähili derejede täsir edýändigini anyklamak isleýär.

Sosial Basyşyň Täsirleri Eksperiment

Her gatnaşyjy birnäçe nätanyş adam bilen bir otagda oturdylýar. Olara nätanyşlaryň hem "gatnaşyjylardygy" aýdylýar. Hakykatda welin, nätanyş adamlar gatnaşyjylaryň roluny oýnaýan aktýorlardy. Soňra olara birnäçe sorag berilýär. Soraglaryň ählisi bir esasy çyzykdan we 3 sany sorag çyzygyndan ybaratdy. Eksperimentçi oturanlara aşakdaky ýaly şekiller görkezýär.

solomon asch explained

Soňra oturanlardan bir-birden 3 çyzygyň (A, B, C) haýsynyň boýunyň esasy çyzyga deňdigi soralýar. Ilki aktýorlar jogap berýärler we olar bilgeşleýin ýalňyş jogap aýdýarlar. Nätanyşlaryň jogaplaryny eşden hakyky gatnaşyjy jogabyň ýalňyşdygyny bilse-de, 18 soragyň 12-sinde beýlekileriň saýlan ýalňyş jogabyny saýlaýar.

Aş hakyky gatnaşyjynyň köpçüligiň pikiri bilen razylaşyşy bilen gyzyklanýar.

Şeýle-de Aş eksperimenti diňe hakyky gatnaşyjynyň ýeke özi bilen hem geçirýär.

Netijeler

↪ Aktýorlar bilen bir otagda goýlan gatnaşyjylaryň ortaça üçden biri (32%) köpçüligi yzarlap, göze dürtülip duran ýalňyş jogaby saýlaýar.

↪ 12 synanyşyk berlen gatnaşyjylaryň 75% azyndan bir gezek köpçüligi yzarlaýarlar, we 25% hiç haçan köpçüligi yzarlamaýarlar.

↪ Synanyşyklara ýeke bolup gatnaşyp, köpçülik basyşyny duýmadyk gatnaşyjylaryň ählisi diýen ýaly hemişe dogry jogaby saýlaýarlar. Olaryň 1%-den hem az sanlysy ýalňyşýar.

Gelnen netije

Gatnaşyjylar näme üçin şeýle aňsatlyk bilen köpçüligi yzarladylar? Eksperimentden soňra olardan interwýu alnanda, olar jogaplarynyň ýalňyşdygyny bilseler-de üstlerinden güldürmejek bolup ýa-da "birhili" görünmejek bolup köpçüligi yzarlandyklaryny aýtdylar.

Olaryň käbiri bolsa hakykatdan hem köpçüligiň pikirine ynanandyklaryny aýtdylar.

Görüp otursak, adamlar 2 sebäp bilen köpçüligi yzarlaýarlar:

1. Olar köpçülige laýyk bolmak isleýärler (ilden çykmazlyk).

2. Olar çyndanam "Il agzynyň keramatdygyna" ynanýarlar. Ýagny, köpçüligi özlerinden has akylly görýärler.

Çeşme: Conformity experiment

  • 314 gezek okalan