• Makalalar
  • Psihologiýa
  • PERWERZ NARSISISTIK ADAMY NÄDIP TANAMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PERWERZ NARSISISTIK ADAMY NÄDIP TANAMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

narcissistic disorderPerwerz narsisistik bozulma – psihologik bozulmanyň ady.

Perwerz narsisist – perwerz narsisistik bozulmadan ejir çekýän adam.

Perwerz narsisistik şahsyýet (перверзный нарцисс) – bu ýiti narsisistik bozulmadan ejir çekýän adam bolup, ol aslynda öz-özüni ýazgaryjy we özüne bolan ynamy pes bir keşbe eýedir. Emma başgalaryny kemsitmek arkaly özüne bolan ynamyny artdyrmaga çalyşýar. Beýle bozulmasy bolan şahslar yzygiderli özlerini beýlekilerden üstün görkezip, daş-töweregindäkileri özlerine haýran etdirme zerurlygyny duýýarlar.

Perwerz narsisistik bozulmanyň alamatlary

Perwerz narsisistik bozulmasy bolan adam köplenç ýakymly, özüne çekiji we şol bir wagtyň özünde, syr bermezek bolýar. Bu şahsyýetlerde adatça aşakdaky alamatlar bolýar:

↪ töweregindäkiler bilen düşnüksiz aragatnaşyk saklaýar;

↪ pikirini ýygy-ýygydan üýtgedýär;

↪ ýalan sözleýär;

↪ gabanjaň/görip;

↪ ýalňyşyny boýun almaýar we eden işi üçin jogapkärçilik çekmeýär;

↪ başgalaryň zerurlyklaryny ýa-da duýgularyny görüp bilmeýär;

↪ çenden aşa özüne çekiji we ýolbaşçy häsiýetli;

↪ çalt dost gazanýar;

↪ ökde manipulýator;

↪ özüni öwüji;

↪ "Ýok" diýeniňe düşünmeýär;

↪ jynsy we ýakyn gatnaşyklarda wepasyz;

↪ dowamly meşhurlygyň we üstünligiň ugrunda.

Perwerz narsisistik bozulmanyň sebäpleri

Şahsyýet bozulmasynyň bu görnüşi çylşyrymly bolup, ol heniz düýpli öwrenilmedikdir. Emma, bize bir mälim bolany: Adam çagalykda yzygiderli fiziki ýa-da psihologik (söz) zorluga sezewar edilse ýa-da çenden aşa gorag astynda saklanylyp, ondan uly tamalar edilse, bu bozulmanyň döremegine eltip bilýär. Mundan başga-da, genetiki ýa-da newrobiologik näsazlyklar hem narsisistlige sebäp bolup bilýär.

Narsisistik bozulmalary bolan şahsa islendik gatnaşykda duşmak bolýar, meselem: ene-ataň, ýanýoldaşyň, doganyň ýa-da dostuň, işdeşiň perwerz narsisist bolmagy ahmal. Perwerz narsisistik bozulmasy bolan adamyň zyýan ýetirýän pidalary belli bir derejede özüne göwni ýetmezlik we özüni günäkärleme duýgularyny başdan geçirýärler. Pida agyr psihologik zorluga sezewar bolup, öz şahsyýetini, erkini we isleglerini tutuşlaýyn narsisistiň erkine berýär, onuň oýunjagyna öwrülýär. Şol sebäpli, perwerz narsisistik bozulmalary bolan şahsdan gaça durmak zerurdyr. Ondan goranmak üçin iň esasy zat şeýle şahsy tanap bilmekdir.

Perwerz narsisist beýlekileri hormatlamagyň nämedigini bilmeýär. Şonuň üçin ondan goranmak ýa-da onuň täsirinden saplanmak üçin:

↪ ondan çekinmeli däl we özüňe hormat edilmegini talap etmeli;

↪ öz şahsy çäkleriňi goramagy başarmaly;

↪ narsisistiň ulanýan hokgalaryna aldanmaýandygyňy görkezmeli;

↪ özüňi hiç hili kemsitmeli ýa-da çetleşdirmeli däl;

↪ perwerz narsisistiň aslynda güýçli bolman, şeýle görünjek bolýandygyny ýatda saklamaly;

↪ narsisiste ejizlemeýändigiňi we emosional taýdan durnuklydygyňy görkezmeli;

↪ narsisistden daşlaşmakçy bolanyňda, özüňi günäkär duýmaly däl;

↪ ýakynlaryňdan goldaw soramaly;

↪ has agyr ýagdaýlarda hünärmenlere (psihoterapewt) ýüzlenmeli.

Gadyrly okyjy, Sen daş-töweregiňde şeýle häsiýetleri bolan adamlary saýgaryp bilýärmiň? Olardan nädip goranýarsyň?

  • 1240 gezek okalan