Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ILERI TUTMA ALDAWY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

private truths public liesIleri tutma aldawy (preference falsification) sosial basyş sebäpli, adamyň öz islegleri barada aldamasydyr. Bu gündelik durmuşda köp bolup geçýär. Mysallar:

↪ Myhmançylyga gideniňde berýän naharlary tagamsyz hem bolsa, ony öwmek;

↪ Başlygyňdan örän närazy hem bolsaň, işiňi ýitirmekden gorkup, ony köpçülikde öwmek we goldamak;

↪ Ýalan bilen çynyň tapawudyny bilseň hem, COVID-19 baradaky ýalan maglumatlara we konspirasiýa teoriýalaryna ynanýan dogan-garyndaşlaryň bilen ylalaşmak.

Ileri tutma aldawy adamyň köpçülik tarapyndan kabul edilmek isleginden döreýär. Başga söz bilen aýtsak, biz çyndanam isleýän zadymyzdan başga zady ileri tutýarys. Ileri tutma aldawy düşünjesini sosial alym Timur Kuran ýüze çykarýar. Bu barada Kuran özüniň 1995-nji ýylda ýazan "Gizlin hakykatlar, köpçülikdäki ýalanlar" atly kitabynda belleýär.

Kuran adamlaryň ileri tutýan zatlaryny sosial täsirler sebäpli üýtgedýändiklerini aýdyp, muny "ileri tutma aldawy" diýip atlandyrýar. Moda, kanuna, ýa-da medeni tejribelere (meselem, öýdäki zulumy köpçülikde kabul etmek, emma gizlinlikde ýazgarmak) bolan närazylygyny gizleýän adam, başgalaryň hem öz närazylyklaryny beýan etmegini kynlaşdyrýar.

Haçanda adamlar ileri tutýan zatlary barada aldanlarynda, olar özleriniň hakyky islegleriniň ýatan ýeri bolan bilimlerini gizleýärler. Şeýtmek bilen, olar köpçüligiň hem bilimini ýoýýarlar, azdyrýarlar we garyplaşdyrýarlar. Olar başgalaryň häzirki tejribeleriň kemçilikleri we alternatiw ýollaryň artykmaçlyklary barada öwrenmegini kynlaşdyrýarlar. Ileri tutma aldawynyň ýene bir netijesi hem, adamlaryň özgerişligiň getirip biljek peýdalaryny görüp bilmezlikleridir. Wagtyň geçmegi bilen, ileri tutma aldawy jemgyýetiň aň-düşünjesini daraldýar we onuň özgermek islegini göýdükdirýär.

  • 1344 gezek okalan