Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ONKOPSIHOLOGIÝA: NÄSAG BILEN DOGRY ARAGATNAŞYGYŇ USULLARY
Amerikan alymlary onkologiýa keselli näsaglara düşünmäge, ony goldamaga, onuň bilen dogry, ýakyn aragatnaşygy saklamaga kömek etjek ylmyň täze ugruny – onkopsihologiýany döretdiler.
Amerikan lukmançylyk iş kadalaryna laýyklykda, lukman näsaga bu howply kesel barada habar bermek üçin 1 sagatdan 2 sagada çenli wagty sarp etmäge hukuklydyr. Dogrudan hem, rak keseliniň özüňde bardygyny bilmek gorkuly, howsalaly ýagdaýy döredýär. Şeýle pursatda näsaga ony kabul etmäge, köşeşmäge, düşünmäge, lukman bilen hemme bejergi usullary hem-de bar bolan mümkinçilikleri seljermäge wagt gerek.
Biziň lukmançylyk iş normatiwlerimize laýyklykda, Saglyk öýündäki onkolog lukmanyň 1 näsagy kabul etmeli wagty 15 minuta deň bolup durýandyr. Lukmanlaryň iş wagtynyň çäkliligi, olara näsag bilen oturyp arkaýyn gepleşmäge, bu howply kesel kesgidini äşgär edip, düşündiriş bermäge mümkinçilik bermeýär. Hemme gürrüňdeşlikler "iş ylgawynda" alnyp barylýar. Edil şunuň ýaly ýagdaýa onkologiýa merkezli keselhanalarda hem syn edip bolýar. Wagt çäkliligi, howlukmaçlyk, dogrusyny aýdanyňda, köp halatlarda lukmanlaryň biraz wagtlyk näsaga üns bermek isleginiň bolmazlygy, näsaga teselli beriji sözleri aýtmagy aňyrda dursun, köp halatlarda gerek boljak bejergi çäreleri barada düşündiriş bermäge hem mümkinçiligi tapdyrmaýar.
Şeýle wagt näsag öz ýakyn dost-ýarlarynyň goldawyna, kömegine mätäçdir. Eger howsalaly ýagdaý ýüze çykyp, ýakyn adamyňyzy barlaga iberýän bolsalar, onuň bilen bile gitmäge çalyşmalydyr. Çynlakaý ýagdaý döräýende hem, siz diňe bir öz ýakyn adamyňyza kyn pursatda goldaw bermän, eýsem lukman bilen bejerginiň peýdaly usullary barada maslahat edip bilersiňiz.
"Kabul etmek" tapgyrlary
Hemme adamlar dürli häsiýetli bolsa-da, olaryň stresse bolan duýgurlygy birmeňzeşdir. Dürli adamlarda "kabul etmek" häsiýeti dürli derejede ýüze çyksa hem, aşakda suratlandyrylýan gam-gussaly ýagdaýlary "rak" kesel kesgidi goýlan hemme näsaglar diýen ýaly başyndan geçirýändirler. Şeýle näsaglaryň keselini bilenden soň özüni alyp baryş häsiýetleriniň üýtgeýiş tapgyrlaryny bilmek, olaryň ýakyn garyndaşlaryna kömegiň, aragatnaşyklaryň dogry, peýdaly ugurlaryny saýlap almaga kömek eder.
"Şok ýagdaýy" tapgyry – uzaga çekmeýär, ýöne örän aýgytly bolup geçýär. Adam öz keseli barada bilenden soň, öz durmuşyna başga-ça seredip başlaýar. Näsag gama batýar, aglaýar, keseliň döremeginde özüni günäkärleýär, öz-özüne rehimi gelýär, gynanmalary başdan geçirmezlik üçin öz ölümini hem diläp bilýär. Adam ägirt uly emosional zarbany başdan geçirip, ol pursat hakykata baha bermek mümkinçiligini ýitirýär. Bejerginiň peýdaly netijeleri berjegini bilse hem, şok ýagdaýynyň öňüni alyp bolmaýar. Emosional "tolgunma" geçýänçä garaşmalydyr.
Inkär etmek – bu tapgyrda psihologiki taýdan goranma başlanyp, adam öz keselini inkär edýär, kabul etmeýär. Ol özüni we ýakynlaryny keseliň geçjekdigi barada ynandyrýar. Elbetde, näsagda ynam döretme we ony goldama wajypdyr. Ýöne öz ýagdaýyňy kabul etmezlik bejergi baradaky çözgüde täsirini ýetirmeli däldir. Bu tapgyrda köp näsaglar lukmançylyk kömeginden ýüz öwrüp, halk lukmançylygyna, tebiplere, palçylara ýüzlenmegi dogry hasaplaýarlar. "Lukmanlaryň aýdyşy ýaly, meniň keselim çynlakaý däl. Ony çalt bejerip bolýar!", "Maňa göz degen bolmagy ýa-da doga edilen bolmagy mümkin. Men palça baraýyn" diýen pikirler bilen adam gymmatly wagty ýitirmegi mümkindir. Halk lukmançylygy rak keselini bejermeýär we bu ýagdaýda lukmanlaryň beren bejergisini almagy ynandyrmalydyr.
Gazaplanma – bu hem goranma usuly bolup, başga adamlara bolan gahar-gazap, öýkeleme adamyny öz saglygyna ünssiz garandygy babatda öz-özüni günäkärlemekden goraýar. Adam lukman bilen aragatnaşygyny kesip, saglygy goraýyş işgärlerini, garyndaşlaryny oňa düşünmezlikde günäkärläp biler. Ol hatda ýakyn adamlary özüniň kesele uçramagynda günäkär edip hem biler: oňa göz degirdiler, gargyş ýolladylar, ýokuşdyrdylar... Bu tapgyr garyndaşlar üçin çylşyrymly döwür bolsa-da, ony näsagyň göwnüne degmezden, onuň öýkesini, gazabyny güýçlendirmezden, gapma-garşylyksyz geçmäge ymtylmalydyr. Bu tapgyrda öz-özüňe kast etmegiň hem bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr. Gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin ýakyn adamyňyzy, eger onuň ýalňyş pikirlenmeleri aýdyň hem bolsa, ynandyrjak bolmaň. Bu tapgyrda iň peýdaly çözgüt – adamynyň ünsüni sowmakdyr. Haçanda çagajyk kellesini oturgyja degrip aglanda, biz onuň ünsüni penjirede oturan guşjagaz bilen sowýarys. Ulularyň ünsüni sowma has çylşyrymly, ýöne sabyrly we tutanýerli bolup, jan etmelidir.
Gamgynlylyk – hemme başdan geçirlen kynçylyklaryň jemlenmesidir. Adam gamgynlylyk halyna uçrap, bejergi bilen hem, ýakynlary bilen aragatnaşyk saklama bilen hem gyzyklanmaýar. Näsaglaryň käbirleri üçin bu tapgyrda düýş görme netijesinde öz ýagdaýyna baha berme häsiýetlidir. Bu tapgyrda hem özüňe kast etmek synanşyklary ýüze çykyp bilýändir. Näsagyň içki gam-gussaly duýgularyna ýakynlary düşünme bilen çemeleşmelidir. Näsagy zorluk bilen gepletjek bolmakdan ýa-da "Biz seniň sagalmagyň üçin elimizde baryny edýäris, sen bolsaň bir gowy söz hem aýdyp bileňok!" diýen ýaly äheňde igenmekden gaça durmalydyr. Ýumşaklyk we düşünme bildiriň, näsagyň ýeke özüni goýmaň. Daş-töweregine biperwaý bolup görünse-de, ol söhbetdeşe mätäçdir. Iň bolmanda, onuň ýanynda bolup, oňa ruhy goldaw beriň: bileje kinofilm görüň, saz diňläň ýa-da bir jaýda bolup, heriňiz öz işiňize gümra boluň. Onuň özi aragatnaşyk açmaga isleg bildirýänçä, garaşyň.
Kabul etme – keseli kabul etmäniň geň tapgyry bolup, ol adamynyň durmuşyny üýtgetmäge ukyplydyr. Onkologlar bu tapgyry başdan geçirýän näsaglaryň uly bir ruhy ösüşi başdan geçirýändigini belleýärler. Adam öň öz durmuşyny meýilleşdirip ýaşan bolsa, häzir ol häzirki ýaşaýan minudyna, sagadyna salgylanyp, oňa guwanyp ýaşaýar. Wagt näsaglaryň aňynda saklanýar – onuň her minudy wakalara, duýgulara baý bolup geçýär. Gynansakda, köpleriň aňynda onkologiki keseller ölüm bilen deňlikde goýulýar we olar bu tapgyrda ony ýaşaýşyň bir bölegi ýaly kabul edýärler we özlerini azat hasaplaýarlar. Bu tapgyrda garyndaşlaryň esasy wezipesi – ýakyn adamlarynda dörän ýakymly duýgulary saklamak we ösdürmekdir. Onuň üçin näsagyň dünýäsini ýakymly saz bilen baýlaşdyrmalydyr, mümkin bolsa, tebigata gezelenji, ýakyn dost-ýarlary bilen söhbetdeşligi gurnamalydyr. Mümkin boldugyça, ýakynyňyzy begendiriň, wagtyň geçmegi bilen onuň sagaljagyna ynam dörediň.
- 3133 gezek okalan