Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAMY OGURLUKDA TUTDUM. INDIKI ÄDIM NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

cagam ogurlayarMakalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Ol gün gyzymy mekdepden almaga baranymda gaty keýpsizdi. "Näme boldy?" diýip sorasam "Hiç zat." diýip jogap berdi. Ýol boýy gepleşmedi. Biraz soň klasdaşy we iň gowy jorasy Mähriniň ejesi jaň etdi:

- Aýgül, salam. Meniň gyzym bilen seniň gyzyň bu gün mekdebiň kafeteriýasyndan zat ogurlapdyrlar we tutulypdyrlar, - diýdi.

Haýran galyp oturdym. Aglap başladym. Ynanyp bilmedim. Gyzym derrew bilenime düşündi:

- Aýdyp berjek, ejemjan. Aglama. Indi gaýdybam etjek däl. Sen bize süýji-köke kän iýdireňok. Mähriň ejesi alyp berýär. Öň Mähri meniň bilen paýlaşýardy, indi paýlaşasy gelenok. Birem, Mahriň ejesi her gün pul berýär, olam islän zadyny alynýar. Menem gyllygymy akdyryp seredip galýan. Indi Mahriň ejesi aşgazany agyrýar diýip pul bermesini goýupdyr. Bir seretsem Mähri şokolad iýip dur. "Pul nireden aldyň?" diýsem, "Alyp gaçdym satyjy görmän durka. Senem özüň alaý iýesiň gelýän bolsa", diýdi. Menem gaty iýesim geldi, onsoň bir şokolad alyp gaçdym. Ýöne tutuldym. Ýalňyş iş edenimi bilýärin. Bagyşla. Indi gaýdyp etmerin".

"Çaga näme üçin ogurlyk eder?" diýip pikirlendim. Internetde iňlisçe, orsça, türkçe ýazylan makalalary okadym. Çaga ogurlygy utandyryjy, gynandyryjy waka bolsa-da, ol barada "köp gabat gelýän adaty mesele" diýip ýazýarlar. Esasy zat ogurlygyň sebäbini öwrenmek we gaýtalanmagynyň öňüni almak. Okan makalalarymyň hemmesi şol bir sebäpleri öňe sürýärler:

Ene-atasyndan (daş-töweregindäkilerden) görelde alýar

Egerde siz goňşy bagdan rugsatsyz alma goparsaňyz, işleriňizi para berip bitirseňiz, işiňizden galam getirseňiz, çaga muny hökman görer we siziň hereketleriňizi gaýtalar. Siz näçe ogurlygyň, galplygyň ýalňyşdygyny düşündirseňizem, çagaňyz diýeniňizi däl-de edeniňizi eder.

Çaga özüniňki bilen başganyňkyň arasyndaky tapawudy bilmeýär

Çaga üçin hemme zat özüniňki. Çaga kiçilikden "Oglum, bu seniň welosipediň däl. Sürmek üçin rugsat almaly. Soraman ellemek bolanok" ýa-da "Gyzym, bu oýunjak seniňki däl. Ýerine goý, eýesi soň gözlär" diýip öwredilmese, çaga gören zadyna eýe çykyp biler. Çagaň öz eşigi, oýunjaklary, galamlary, depderi, düşegi bolmaly we çaga şol zatlaryň eýesi bolmaly. Başganyň zatlaryny rugsatsyz ellemegiň gadagandygyna düşünmeli.

Deň-duşlarynyň täsiri

Käwagt çagalaryň joralary, dostlary şeýle hereketlere iterýärler.

"Men kafeteriýadan islän zadymy alyp iýýän, senem al", ýaly iteklemeler.

Özüne erk edip bilmezlik

Çaga bir zady gaty islese we ene-atasy alyp bermese, o zada eýe bolmak üçin ogurlyk edip biler.

Maşgalada üns ýetmezçiligi

Belki çaga üns/söýgi ýetmezçiligini başdan geçirýändir. Köplenç, maşgala durmuşy birden üýtgände (ene-atanyň aýrylyşmasy, göçmek, ölüm) ýagny, çaga üns berilmedik ýagdaýlarda, çaga siziň üçin gymmatly zady ogurlap, sögülse-de üns çekmek üçin ogurlyk edip biler.

Statusyny beýgeltmek üçin

Eger çaga öýden pul ogurlap, dostlaryna süýji alyp olaryň söýgüsini gazanjak bolýan bolsa, bu ýagdaý çaganyň deň-duşlary bilen dostlaşmaga mejbur edilýändiginiň alamatydyr.

Ogurlygyň üsti açylanyndan soň näme etmeli?

Men gyzym bilen oturyp, uzyn-uzyn gepleşdim. Bu hereketiniň sebäplerini öwrendim. Aýdyp beren zatlaryny diňläp, azajyk ynjaldym. Meniň ýalňyşymam bardy. Men oňa şekerli, duzly, we umuman zyýanly zatlary iýdirmeýärdim we öýe almaýardym. Şonuň üçin, çagalarym bir ýerde görenlerinde şol zyýanly zatlary gaty isleýärdiler. Doly ýagdaýda gadagan etmek dogry däldi. Şokolad iýmek isledi, islegine garşy çykyp bilmedi. Jorasy "akyl berdi". Gygyrmadym, gorkuzmadym, "sen ogry" ýa-da "utançsyz" ýaly sözleri ulanmadym. Ogurlygyň ýalňyşdygyny aýdyp berdim. Ýagdaýy nädip düzetjegimizi gepleşdik. Islemese-de, ertesi gün kafeteriýa gitdik. Ogurlan şokoladynyň puluny töledim. Gyzym başyny egip ýanymda durdy. Kakasyna aýtmazlygymy haýyş etdi sebäbi gaty utanýardy we puşman edýärdi. Ýoldaşyma aýdyp berdim, ýöne gyzyma belli etmedim. Ýoldaşym bilen maslahatlaşyp jeza bermäli diýen karara geldik. Utanjy we stresi ýeterlik jeza diýip pikir etdik.

Awtor: Aýgül Meredowa

  • 2916 gezek okalan