Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÖZ-ÖZÜŇE KAST ETMÄGE MEÝLIŇ DÖRÄNDIGINDEN HABAR BERÝÄN 11 ALAMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (28 Ses)

Ömür adama bir gezek berilýär. Ony göwnejaý, hemme meýilleriňi amala aşyryp, uly abraý we kanagatlanma bilen ýaşap geçme her bir ynsana berlen uly peşgeş, şonuň bilen birlikde uly synag bolup durýar. Şol synagy biziň hemmämiz geçip bilýärismi?...

Hiç haçan gaýtalanyp bilme mümkinçiliksiz, öz-özüňe kast etme synanşyklary (suisid) köplenç adamyň lapykeç ýagdaýynda bolup geçýär.

SANLAR WE DELILLER

► Erkekler bilen deňeşdirlende, suisid synanşyklary aýallaryň arasynda üç esse ýygy duş gelýän bolsa-da, erkek adamlar tarapyndan özlerini öldürme dört esse köp syn edilýändir.

► Ýaragdan özüňi atma – günbatar ýurtlarynda erkekler üçin ömür bilen hoşlaşmagyň esasy "usuly" bolup durýar.

► Özüne kast etmäge meýilli adamlaryň 10-dan 8-si öz meýli barada daş-töweregindäkileri habarly edýändir. Şonuň üçin hem, gylyk-häsiýetinde üýtgemeler duýulýan her bir adam uly ünse mätäçdir.

► Bahar aýlary suisid synanşyklaryň has ýygy duş gelýän wagtydyr. Bu ýagdaý Gün energiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär.

► Üç ölümiň biri arakhorluk keseli sebäpli ýüze çykýar.

► Öz-özüňe kast etme ykdysady taýdan ösen ýurtlarda has ýygy duş gelýär. Meselem, Latin Amerikada we Braziliýada iň pes görkezijiler bolsa, Russiýada, Ýaponiýada we Fransiýada bu pajygaly ýagdaýlaryň derejesi ýokarydyr.

► 20 suisid synanşyklarynyň diňe biri başa barýandyr.

► Öz janyna kast etmeleriň ýokary derejesi, köp adamlar üçin dartgynly geçýän duşenbe gününe gabat gelýändir.

Ýöne ýakyn adamlaryň şeýle howply meýillerini aňsat ýüze çykarma juda çylşyrymly bolup durýar. Psihologlar şeýle meýilleriň döränliginden habar berip, ünsi talap edýän 11 sany alamaty tapawutlandyrýarlar:

→ Adama mahsus bolan, adaty işjeňligiň bolmazlygy – hemişelik lapykeçlik we ýadawlylyk düýgusy bilen ýüze çykýar.

→ Ukynyň we işdäniň dowamly bozulmasy – ukyda gorkunç hadysalar ýa-da öz ölümiňi, ýakyn adamlaryň ölümini görme bilen döreýän düýşler. Işdäň peselmegi ýa-da onuň düýbünden bolmazlygy.

→ Özüňi hemişe günäkär duýma, öz-özüňi tankytlama – özüňe bolan ynamsyzlyk, utanmak, jemgyýetde öz ornuňy tapyp bilmezlik duýgusy bilen döreýär.

→ Gorky, howsalalyk we gazaplylyk – depressiw ýagdaýlar öň adama mahsus bolmadyk howsalalyk, ukysyzlyk, kanagatsyzlyk bilen ýüze çykyp, nerw ulgamy tapdan düşürýär. Adam wagtyň geçmegi bilen "ýaşamadan ýadaýar".

→ Saglyk bilen bagly dowamly kynçylyklar – beden saglygyny we garaşsyzlygy ýitirme, görmeden we eşitmeden mahrum bolma adamlarda öz jebir-jepalaryndan halas bolma islegi döredip biler.

→ Gamgynlylyk ýagdaýy – suisida getirýän esasy sebäp bolup durýar. Gamgynlylygyň derejesi ýokary boldugyça, durmuşda çykalga tapyp, ýaşamaga bolan höwes peselýär. Bu ýagdaýyň esasy alamatlary – keýpsizlik, lapykeçlik, öňki durmuşy gyzyklanmalara höwesiň ýitmegi.

→ Öz-özüne kast etme barada gürrüňleri etme – adam ol barada häli-çindi gürrüň edip, hemişe gyzyklanma bildirýär.

→ Öz-özüne kast etme üçin serişdeleri gözleme we satyn alma – iň aýdyň alamatdyr. Meselem, öýde atyjy ýaragyň saklanmagy, suisidiň döreme töwekgelçiligini 10 esse ýokarlandyrýandyr.

→ Suisid barada maglumat gözleme  – göwniçökgün halda ýaşaýan ýakynyňyzyň gyzyklanmalaryna üns beriň. Onuň okaýan kitaplary, görýän kinofilmleri, Internet ulgamynda girýän saýtlary adam barada köp zatlary mälim edip biler.

→ Alkogol içgilerine we neşe serişdelerine ýykgyn etme – ýakyn adamyňyzyň birden alkogol içgilerinden ýeňillik gözlemegi we neşe serişdeleriň kömegi bilen keýpini göterme isleginiň döremegi sizi howatyrlanmalydyr.

→ Öz-özüňe kast etme synanşyklaryň öň bolup geçmegi ýa-da "nesil yzarlama" häsiýetliligi – meselem, agzalary gamgynlylyk ýagdaýyndan ejir çekýän maşgaladan çykan adamlarda suisid ileginiň döreme mümkinçiligi 11% ýokarlanýandyr.

ÜNSLI BOLUŇ!

Eger siz ýakyn adamyňyzyň özüni alyp barşynda, ýokarda bellenen alamatlaryň iň bolmanda birnäçesini duýan bolsaňyz, ünsli bolmaga esasyň bardygyny ýatda saklamalydyr.

Adama artyk üns berip, kömek etme, goldama hyýalyňyzyň bardygyny mälim etmeden çekinmäň. Ony öz aladaňyz bilen gurşap, onuň içki dünýäsine aralaşjak boluň. Adamyny alada göýýan sebäbi anyklap, oňa düşünjek boluň, kömek ediň. Zerurlyk ýüze çykanda, özwagtynda psihiatr lukmanyna ýüz tutuň.

  • 4699 gezek okalan

Teswirler (21)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. atajan

[quote name="Batyr Babayew"]Eger men bagtly bolsam men yasasym geler.Dūnyeden doymaga olarda sebap bardyr.olaram dilap alanok bu derdi.olryn sūnninin gowşak bolmagyna özleri gūnakar dal ahyry.Men öz janyna kast eden birini bilyan ony halas etdik...

[quote name="Batyr Babayew"]Eger men bagtly bolsam men yasasym geler.Dūnyeden doymaga olarda sebap bardyr.olaram dilap alanok bu derdi.olryn sūnninin gowşak bolmagyna özleri gūnakar dal ahyry.Men öz janyna kast eden birini bilyan ony halas etdik yone özūne gelen son ol özūni asanlygynam bilenok.öz akylyna edilyan zat dal ol.[/quote]<br />dogry adam oz islegi bilen dusmaya bu kesele mejbur bolya, hemme umudy sonya.menin bir garyndasym hem ozuni otlady. adamsy ustune gelin getireni ucin. ari kowup goyberdi atasynyn oyne bardy olam kowdy. osan yzyy........ son un ozuni oldureni yazgarman olaryn toweregindaki adamlardan gunani gozlemek dogrymyka diyyen

Dowamy
 
  1. Lukman

Maksat!<br /> Ejeňiziň boýun oňurgasynda dörän inginiň ölçegleri nähili we ony nähili alamatlar biynjalyk edýär? Operatiw bejerginin hem öz kesgitli görkezmeleri bolup,olary diňe hemmetaraplaýyn geçirilen barlaglardan soň neýrohirurg luknany...

Maksat!<br /> Ejeňiziň boýun oňurgasynda dörän inginiň ölçegleri nähili we ony nähili alamatlar biynjalyk edýär? Operatiw bejerginin hem öz kesgitli görkezmeleri bolup,olary diňe hemmetaraplaýyn geçirilen barlaglardan soň neýrohirurg luknany anyklap biler. Oňurgara ingileriň bejergisiniň aýratynlyklary we operatiw bejergi üçin görkezmeler barada giňişleýin maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Oňurgara ingileriň sebäpleri we alamatlary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Dowamy
 
  1. magsat

Salam lukman size gystagly yuzlenyarin Allajan janynyz sag bolsun bize beryan maslahatlarynyz ucin ejem ozini arada barlagdan gecirdi lulmanlar ejeme boyun onurgasynda gryja bardygyny aydypdyrlar 6milimetr hemde operasiya etmeli diyipdirler bu...

Salam lukman size gystagly yuzlenyarin Allajan janynyz sag bolsun bize beryan maslahatlarynyz ucin ejem ozini arada barlagdan gecirdi lulmanlar ejeme boyun onurgasynda gryja bardygyny aydypdyrlar 6milimetr hemde operasiya etmeli diyipdirler bu zerurmy ???osmezlik un bejergi alsanam bolarmy lukman basga name etmeli bejerlisini aydayyn uly hayst sizden lukman sewa bu menin ejemdir yalwaryan lukman

Dowamy
 
  1. Mugallym

Bizde bu gabahat ýagdaý barada maglumatyň ýoklugy ýa-da gözýummaklyk döwrüň has hem erbet gabahatlygy bolup durýar.

 
  1. Okyjy

Siwilizasiýanyň pajarlap ösen döwründe tesbirçi Sapargylyjyň pikirleri bilen ylalaşamok. Ol haýsy döwürde ýaşapka, onuň aňy haýsy döwür bilen pikirlenýärkä? Onuň pikiiçe bedende "şeýtanlar agalyk" sürüp, keseli şolar döredýän ýaly. Geçen...

Siwilizasiýanyň pajarlap ösen döwründe tesbirçi Sapargylyjyň pikirleri bilen ylalaşamok. Ol haýsy döwürde ýaşapka, onuň aňy haýsy döwür bilen pikirlenýärkä? Onuň pikiiçe bedende "şeýtanlar agalyk" sürüp, keseli şolar döredýän ýaly. Geçen döwürlerde "şeýtany kowýarys" diýip, ruhy kesellileri tebipleriň nähili bejerýändigini biz köp kitaplarda okadyk. "Bejergileriniň" netijelerini hem durmuşda gördük. Bu pikiri ýüregine düwen adamyň beýnisiniň aňynda, aňasty böleginde özboluşly üýtgeşmeler bolup geçýärmikä diýýärin. Şol sebäpleri tapyp bejergisini gözlemeli.

Dowamy
 
  1. Sapargylyç

Teswirlerde ara şeýtan girýär diyilen pikir bilen ylalaşmaýaryn diýipdir.Bu onuň öz şahsy pikiri bolup biler.Emma ara şeýtan girdi ýa-da et bilen deriniň arasynda şeýtan bar diýilmegi örän jaýdar aýdylan hakykatdyr!Sebäbi gapyrga arasy newralgiýa...

Teswirlerde ara şeýtan girýär diyilen pikir bilen ylalaşmaýaryn diýipdir.Bu onuň öz şahsy pikiri bolup biler.Emma ara şeýtan girdi ýa-da et bilen deriniň arasynda şeýtan bar diýilmegi örän jaýdar aýdylan hakykatdyr!Sebäbi gapyrga arasy newralgiýa (межреберная невралгия)munuň anyk subutnamasydyr.Oňurga näsazlyklary,oňurgada degenaratiw üýtgeşmeler ýüze çykanda organizm,tutuş beden gowşaýar we şonuň esasynda uly üýtgeşmeler adamyň tutuş bedenine zeper ýetirýär(şol sanda kelle,beýni).Bu uly mowzuk.Keseli bejermek,onuň öňüni almak üçin dogry kesgitleme(диагноз)gerekdir.Öz-özüňe kast etmek bu gaty aýlyganç keseldir.Onuň hem deslapky sebäpleri oňurga we ýilik,nerw ulgamydyr.

Dowamy
 
  1. Ýaşuly.

Erbet zady hem jana kast etmek Ýaşlaryň arasynda çalt-çaltdan duş gelýär. Onyň esasy sebäbi hem ýaşlaryň şu döwürde çykgynsyz durmuş ýörelgesi bilen ikiçäk galmagy. Bu ýagdaýda ony gurşap alýan adamlaryň aýratyn hem ulularyň bagyşlap bolmajak...

Erbet zady hem jana kast etmek Ýaşlaryň arasynda çalt-çaltdan duş gelýär. Onyň esasy sebäbi hem ýaşlaryň şu döwürde çykgynsyz durmuş ýörelgesi bilen ikiçäk galmagy. Bu ýagdaýda ony gurşap alýan adamlaryň aýratyn hem ulularyň bagyşlap bolmajak ýalňyşlarynyň barlygy.

Dowamy
 
  1. Aýdogdy.

Saýtda ýazylan kast etmäge meýil döredýän 11 alamata däl çykalgasyz adam üçin 2 alamat hem ýeterlik ýaly. Olardan erbedi meselem diýeli ýaramaz saglyk bilen ýa-da alkogol içgilerine hem-de neşe serişdelerine çolaşan adamyň bolmagy ähtimal.

 
  1. Weli.

Sada durmuşda ýaşalan öňki döwürlerde kast etmek seýrek zat bolupdyr. Indi durmuşyň köptaraplylygy, çylşyrymlylygy degna ulgamyna zarba urup, çydamsyz ýagdaýda adamyny bu jeza iterip, onuň köpelmegine getirdi.

 
  1. Batyr Babayew

Eger men bagtly bolsam men yasasym geler.Dūnyeden doymaga olarda sebap bardyr.olaram dilap alanok bu derdi.olryn sūnninin gowşak bolmagyna özleri gūnakar dal ahyry.Men öz janyna kast eden birini bilyan ony halas etdik yone özūne gelen son ol...

Eger men bagtly bolsam men yasasym geler.Dūnyeden doymaga olarda sebap bardyr.olaram dilap alanok bu derdi.olryn sūnninin gowşak bolmagyna özleri gūnakar dal ahyry.Men öz janyna kast eden birini bilyan ony halas etdik yone özūne gelen son ol özūni asanlygynam bilenok.öz akylyna edilyan zat dal ol.

Dowamy
 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location