Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
NAS WE AGYZ BOŞLUGYNYŇ SAGLYGY
4-nji FEWRAL – HOWPLY TÄZE DÖREMELERE GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNIDIR.
Nasy ulanma Merkezi Aziýa ýurtlaryna mahsus bolup, ol atylýan, çekilmeýän temmäki önümidir. Bu önümiň adyndan belli bolşy ýaly, ony gadym wagtlar nas (nasbaý) ösümliginden taýýarlapdyrlar we şoňa görä hem at galypdyr. Nas adatça temmäkiden, külden, pagta ýa-da künji ýagyndan we sönen hekden taýýarlanylýar. Nas aşaky ýa-da ýokarky dodagyň, diliň aşagyna atylyp we dili berk saklap onuň berjek netijesine garaşylýar. Nasyň ulanylmagyny zyýansyz hasaplap, oňa çilimiň ýerini tutujysy höküminde garamak bolmaýar. Bilermenleriň belleýşine görä, sorulýan temmäki önümlerini ulanýan toparlarda agyz boşlugynyň rak keseliniň ýüze çykmak töwekgelçiligi ýokarydyr, has takygy bu keseliň ilkinji sebäpleriniň biri nasdyr.
Nasyň düzümindäki maddalar
Nasyň esasy düzümi temmäkiden, külden, pagta ýa-da künji ýagyndan we sönen hekden ybaratdyr. Käwagt nasyň düzümi çykarylýan ýerine görä ýa-da hiliniň gowy bolmagy üçin dürli hili tagam berijileri goşmaklyk bilen üýtgedilip bilýändir. Sönen hek we kül aşgar gurşawy döredip, nikotiniň nemli gatlak arkaly gana çalt sorulmagyny üpjün etse, beýleki düzümleri nasyň kesgitli görnüşe eýe bolamagyna kömek berýär.
Nas açyk ýaşyl garyndy, çalymtyk-mele ýa-da gara togalak, özüne mahsus ysy bolan görnüşlerde öndürilýändir.
Gaýtadan işlenilen temmäkiniň düzüminde 2000-den gowrak himiki maddalaryň bardygy anyklanyldy. Olaryň içinde temmäkiniň ahyrky önümleri, himiki galyndylar we beden üçin has zyýanly maddalar bardyr. Temmäkiden tapylan esasy birleşmeler: alifatik we aromatik uglewodorodlary, aldegidleri, ketonlar, spirtler, aminler, amidler, fenollar, alkaloidler, metallar we radioaktiw elementlerdir.
Nasyň himiki barlaglary onuň düzüminde 1M-nitrozo birleşmesi, nitrozonornikotin, 1M-nitrozoanatabin, nitrozoanabazin we temmäki ýapragyny gaýtadan işläňde emele gelýän 4-metilnitrozamino-1(3-piridin)-1-butanon, şeýle hem az mukdarda uçujy 1M-nitrozaminleriň bardygyny görkezdi. Geçirlen tejribeleriň görkezişi ýaly, bu birleşmeleriň kanserogen (rak keselini döretmäne ukyply) täsirliligi has ýokarydyr.
"Bagyşlaň, nas atmak mümkinmi?..."
Häzirki wagtda Orta Aziýada ýetginjekleriň arasynda giňden ýaýran bu temmäki önüminiň, öndürilşi, satylşy, ýaýradylşy hukuk goraýjy edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar. Biziň ýurdumyzda 2013-nji ýylyň dekabr aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan kabul edilen "Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda" kanuny esasynda berk gözegçilikde saklanylýandyr.
Nas atmak endigi we saglyk
Nasy käwagt çeýneýji temmäki diýip hem atlandyrýarlar, ýöne ony çeýnemeýärler. Aşaky ýa-da ýokarky dodagyň, diliň aşagyna atylyp, garaşylýan netijeleri duýulýança şol ýerde saklanylýar.
Nas atylandan soň şu alamatlar ýüze çykýandyr:
→ agyz boşlugynda güýçli ýerli gyjynma;
→ kellede döreýän agyrlygyň soňundan tutuş bedene ýaýramagy;
→ parhsyzlyk;
→ tüýküligiň köp bölünip çykmagy;
→ baş aýlanma;
→ myşsalaryň gowşamagy.
Nasyň bu täsir etmeleri, çilim çekmeklikde öň tejribesi bolan adamlarda az derejede ýüze çykyp biler. Uzak wagtlap nas atýan tejribeli naskeşler, agyz boşlugyndaky gyjynmalary, ondan gelýän ýakymsyz yslary duýma häsiýetini ýitirýärler. Howply rak keseline başlangyç berip biljek leýkoplakiýa we nemli gatlagyň bozulmalarynyň başga görnüşleri nas atýan adamlarda giňden ýaýrandyr. Nas atýan toparlarda agyz boşlugynyň nemli gatlagynyň öýjükleriniň gurluşynyň dürli bozulmalarynyň has ýygy ýüze çykýandygy barlaglar tarapyndan anyklanyldy.
Şeýle hem özbek lukmanlary tarapyndan nasyň bedene edýän täsirinin netijeleri bellenildi:
⇒ Gastritiň ötüşen görnüşi bilen kesellän nas atýan toparlarda, şol kesel bilen keselläň nas atmaýan toparlar bilen deňeşdirlende, agyry alamatlary, iýmit siňdiriş bozulmalary, aşgazanyň nemli gatlagynyň aşa galyňlaşmagy, ýaralaryň döremegi we tersine onuň inçelmegi bilen döreýän gastritleriň görnüşleri köp ýüze çykarylýar;
⇒ Ötüşen gastritli, uzak wagtdan bäri nas atýan adamlarda aşgazanyň erkin duz turşylygy az mukdarda bölünip çykýar we keseliň bejergisini kynlaşdyrýar. Ondan başga-da, aşgazandaky esasy mäzleriň işini bozup, aşgazan şiresiniň işjeňligini peseldýär;
⇒ Nasy 10 ýyldan köp wagt ulanýan adamlarda, aşgazanyň nemli gatlagynyň inçelme hadysasy bolup geçýär. Aşgazan turşulygynyň we fermentleriň emele gelmeleri peselip, Helikobakter pilory ýokançlygy köp mukdarda ýüze çykarylýar.
Nasyň çilimiň ýerini tutup bilmeýändiginiň birnäçe sebäpleri bardyr:
► Çilim çekmegiň ýerine nasy wagyz etmeklik, çilim çekýän toparlaryň çilimiň gapdaly bilen nasy goşmaça ulanyp başlamaklaryna getirip bilýär;
► Habar berilmelere görä, nas atmaklyk, yzygiderlikde çilim çekmekligi öwrenmeklige getirýär;
► Atylýan temmäki önümleriniň hemmesi, şol sanda nas hem endik etmeklige getirýär.
Ähli çekilmeýän temmäki önümleriň, şol sanda nasyň hem, esasy düzüm bölegini nikotin tutýar we endik etmek ukybyny ýokarlandyrýar. Çekilmeýän temmäki önümlerini barlap görýän toparlarda gündelik ulanmaklyga bolan höwes döreýär. Wagtyň geçmegi bilen ulanyjylar nasyň ulanyş möçberini ýokarlandyrýarlar. Bu görnüşden hem, çilim, sigara ýaly temmäki önümlerinden bolşy ýaly ýüz döndürmek kyn bolup durýar.
Temmäkiniň saglyk üçin edýän ýaramaz täsirini peseltmäge, başga görnüşini ulanmaklyk bilen däl-de, onuň ulanylşyny azaltmaklyk bilen ýetilýändir!
- 7698 gezek okalan