Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DIŞLERI NÄHILI GORAMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (15 Ses)

Dişler barada alada etmegi we olary arassalap durmagy ýaşlykdan başlamaly. Dogrusy, dünýä inilenden soň ilkinji günleri başlamaly. Munuň üçin bäbegi her gezek emdireniňizden soň, çygly esgini alyp (esgi hökman örän arassa bolmalydyr), bäbegiň kentlewüklerini süpürmeli. Bu çäre bäbegiň öz ilkinji günlerinden başlap, agyz boşlugynyň arassalygyny duýmagy üçin geçirilýär. Soňra bu çagany diş arassalamaga öwrenişdirmek aňsat bolar. Çaganyň ilkinji dişleriniň peýda bolandan soň,  pamyk bölejigi bilen olardaky örtügi süpürip aýyrmalydyr.

Diş – janly organizm bolup, çüýremä, owranma sezewar bolýandyr. Biziň döwrümize mahsus bolan işewürlik zerarly dişleri sagdyn saklamak aňsat däldir. Biziň gadymy ata-babalarymyz iýmiti çigligine we gatylygyna iýipdirler. Şol döwürde olaryň dişleri biziňkiden has sagdyn bolupdyr. Häzirki döwürde bolsa dişler adamyň organizminiň iň gowşak we ejiz bölegi diýip hasaplanylýar. Biziň süýt dişlerimizden soň çykan dişlerimiziň indi ömürlikdigi elbetde düşnüklidir. Şonuň üçin-de, ene-atalar çagalary heniz mekdep ýaşyna ýetmänkäler, olara dişlerini arassalamagy öwretmelidir. Çaga dişlerini arassalamagy öwretmek üçin, ulular dişlerini olar bilen bile arassalamalydyrlar.

Dişler üçin iň esasy zat – olaryň çüýremesiniň we owranmasynyň öňüni almak. Olary günde iki wagtyna arassalap durmaly. Her gezek kabul edilen iýmitden soň dişlerde galýan örtügi hem aýryp durmalydyr. Sebäbi dişleriň arasynda galan iýmit galyndylary dişleri weýran edip bilýärler. Elbetde, dişler her nahardan soň arassalanylsa, ajaýyp bolardy. Emma köp adamlaryň şeýle mümkinçiligi ýokdur. Şonuň üçin-de, hiç bolmanda 10 minutlap sakgyç çeýnemek maslahat berilýär. Her gezek nahar iýlenden soň agyz boşlugyny suw bilen çaýkamak hem dişleriň sagdynlygyny goraýar. Nahardan soň dişleriň arasynda galan galyndylar çüýräp, adamyň deminiň ysyny ýaramaz edýär. Bu galyndylar dişi çüýredýär.

Diş arassalaýan çotgaňyz juda gaty ýa-da ýumşak bolmaly däldir. Ony wagtal-wagtal çalşyp durmalydyr. Islendik çotganyň ulanylyş möhleti üç aýdyr. Dişleriň adaty usulda arassanan ýagdaýynda olaryň ýüzüniň diňe üçden bir bölegi arassalanýandyr. Diş pastasy we çotgalaryň bir özi ýeterlik däldir. Olary her näçe öwseler-de, olar dişleriň arasyny arassalap bilýän däldir. Dişleriň arasyny ýörite şu maksat üçin niýetlenen diş sapaklary bilen arassalap bolýandyr. Diş sapagyny ulanmaklyk diş keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.

Dişleri sagdyn saklamagyň ýene bir usuly – süýji, örän gyzgyn ýa-da sowuk naharlara ýykgyn bolmaň. Ýylyň dowamynda diş lukmanynyň gözegçilinden birnäçe gezek geçmek maslahat berilýär. Dişiň agyryp, gije ukudan goýaryna garaşyp oturmaň.

Ýokarda agzalan şertleriň baryny ýerine ýetirip, oňat diş pastasyny, diş sapagyny ulansaňyz, wagtal-wagtal diş lukmanynyň gözegçiliginden geçseňiz, dişleriňiziň owadanlygy we sagdynlygy töwrekdäki adamlary haýran eder.

Ulanylan WEB Salgy

  • 7290 gezek okalan