Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ATA BOLMAK ÝEŇILMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (21 Ses)

Dünýädäki erkek adamlaryň 80%-ne öz dürmuşlarynda ata bomak miýesser eder diýlip täze hasabatda nygtalýar. Erkek oglanlaryň aglaba bölegi çaga idegi barada habardar bolup, olaryň bu barada öz düşünjeleri bolýarlar. Gynansakda çaga terbiýesinde, çaga ideg etmekde atalaryň tutýan möhüm orny entek jemgýýetiň doly üns merkezinde bolmadyk meseledir.

Şu ýylyň 15-nji iýunynda "Dünýadäki atalaryň ýagdaýlary" atly hasabat birinji gezek taýýarlanyp köpçülige hödürlendi. Hasabat atalaryň çagalarynyň durmuşyndaky tutýan möhüm ornuna bagyşlanýar. Atalaryň çagalarynyň durmuşyna ýetirýän täsiri “ýitmez we ömürlük” diýlip häsiýetlendirilýär. Hasabatda atalaryň çaga idetmekde, terbiýelemekde, göreldeli ata bolmakda, eneleriň we çagalaryň saglygyna ýetirýän täsirleri we maşgaladaky zorlugyň öňüni almaga degişli çäreler, sanlar, maglumatlar, barlaglar, meýilnamalar, dürli döwletleriň bu babatda alyp barýan syýasatlary beýan edilýär.

Hasabatda getirilýän faktlar:

Atalar maşgala durmuşyna bagt we saglyk getirýärler.

► Atalar çagalarynyň ösmegine, idegine, terbiýesine we kämilleşmegine işjeň gatnaşanlarynda olaryň çagalary we aýallary sagdyn bolýarlar. Aýallary saglyk hyzmatlaryndan wagtly-wagtynda peýdalanýp, göwrelilik döwrüni ýeňil geçirýärler. Atalaryň işeňňir gatnaşmagy, dogrumdan soňky döwürde aýallarynda ýüze çykyp biljek ruhy çökgünlige uçramagynyň töwekgelçiligini peseldýär.

► Çaga dogandan soň atalaryň işden rugsat alyp, bäbege seretmegi, ideg üçin gijelerine turmagy uly kömek bolup durýar. Bäbeklik döwründe ideg berip başlan atalar, çaga ulalanda-da aýallaryna kömek bermegi dowam edýärler.

► Atalaryň kömegi, goldawy bilen bagtly we sagdyn çagalaryň ulalyp ösmeginde arabaglanşyk bar. Çagalar mekdebi taşlaman okuwy tamamlaýarlar. Atalaryň gatnaşmagy çagalarda depressiýa, ruhy çökgünlik, gorky, öz güýçlerine ynamsyzlyk ýaly duýgulary azaldýar.

► Atalary öý hojalyk işlerine gatnaşan maşgalalarda olaryň ogullary hem deň derejede gatnaşyp, geljekde hem öz maşgalalarynda kömek bermegi dowam edýärler.

Aýal maşgalanyň öý hojalygynda, çaga ideginde edýän tölegsiz işleriniň gizlin bahasy.

→ Hiç bir ýurtda erkek-oglanlar öý hojalygynyň işine, çagalara seretmäge, terbiýelemäge aýal-gyzlar bilen deň derejede gatnaşanoklar.

→ Eger aýallar erkekler bilen deň derejede tölegli zähmet çekýän bolsadylar, onda ABŞ-nyň jemi içerki önümi (JIÖ) 5%, Ýaponiýnyň JIÖ 9%, Birleşen Arap Emirlikleriniň JIÖ 12% we Müsüriň JIÖ 34% artardy.

→ 83 ýurdy içine alýan barlaglara görä, erkeklere garaňda aýal maşgalalar 10%-30% az gazanýarlar.

→ Dünýäde işçi güýjüniň 40%-i, iýmit öndürijileriň 50%-i aýallardan ybarat.

Maşgaladaky zorluk: atadan ogluna miras galýan garaýyşlar, endikler.

⇒ Ulular tarapyndan zorluga sezewar bolan çagalaryň ýa-da zulumçylyga şaýat bolan çagalaryň özleriniň hem zorluga sebäp bolmak töwekgelçiligi ýokary bolup durýar.

⇒ Çagalykda zulumçylygy, zorlugy başdan geçiren erkek oglanlarda, aýallaryna garşy fiziki we psihiki zorluk etmek töwekgelligi 2,5 esse artýar.

⇒ Dünýäde her üç aýalyň biri ýoldaşy tarapyndan zulumçylyga sezewar edilýär.

⇒ Garyp we ösüp barýan ýurlarda her dört çaganyň üçüsi, 2-14 ýaş aralygynda ene-atalary tarapyndan terbiýe bermek işinde zorluk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Hasabat birnäçe halkara guramalaryň hyzmatdaşlygynda we gatnaşmagynda taýarlandy – the MenCare Campaign, Promundo, Sonke Gender Justice, Save the Children, Rutgers WPF, the MenEngage Alliance.

WEB salgy / Hasabat

  • 5968 gezek okalan