• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ERKEKLER NÄME ÜÇIN AÝALLARDAN IR ÝOGALÝARLAR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEKLER NÄME ÜÇIN AÝALLARDAN IR ÝOGALÝARLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (28 Ses)

Alymlaryň hasaplamagyna görä, erkekler aýallardan 10-15 ýyl ir ýogalýarlar. Olar erkekleriň   ömri orta hasap bilen 59 ýaş, aýallaryňky bolsa 73 ýaş diýip belleýärler. Umuman bu mesele babatda köp çaklamalar we pikirler bardyr. Bu çaklamalaryň we pikirleriň biri-de aýallaryň öz saglyklaryna has çynlakay çemeleşýändigini inkär etmeýär. Aýallar adatça wagtly-wagtynda lukmanlara ýüz tutýarlar, keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmanlaryň gözegçiliginden geçip durýarlar, öz iýmitine we daş keşbine üns berýärler, umuman, özlerine seredýärler. Erkekler bolsa öz saglyklaryna biperwaýrak garaýarlar: alkogol içgileri içýärler, çilim çekýärler, ýagly naharlary köp iýýärler, fiziki hereketlere we maşklara üns bermeýärler, işde, hatda dynç alyşlarda-da töwekgellik edýärler.

Dartgynlyk ýagdaýlary

Dyngysyz dartgynlyklar biologiki taýdan garramaklygy tizleşdirýändir. Netijede, datgynlyklar ýagdaýynda ýaşaýan adam olara garşy durup başarmasa, tiz garrýandyr. Garrylygy yza çekmek üçin, öz duýgularyňa erk etmegi öwrenmeli, kyn ýagdaýlardan çykalgalary alkogol içgilersiz, çilimsiz tapmagy öwrenmeli, örän gaýgyçyl bolmakdan saklanmalydyr. Şonuň üçin-de, her bir adam özüniň nerw dartgynlyklaryny gowşatmak üçin azyndan 2-3 usuly bilmelidir. Muňa öz-özüňi köşeşdirmek, dem alşy kadalaşdyrmak, relaksasiýa maşklary ýaly usullary mysal getirmek bolýandyr.

Iýmitlenme

Hünärmenler kuwwatlylyk taýdan çäklendirilen, ýöne ýokumlylygy ýokary bolan berhizleriň adamyň ömrüni uzaldyp bilýändiklerini belleýärler. Şeýle berhizi saklamak üçin mahabatlandyrylýan berhizleri saklajak bolup dyrjaşmaly. Dogry berhizler saglygy berkitmäge niýetlenip, esasan-da iýmiti dogry kabul etmeklige daýanýandyr. Şeýle berhizler ýürek-damar keselleriniň, süýji we rak keselleriniň öňüni alýandyrlar. Gereginden artyk iýmek, artykmaç agram tiz garramaga sebäp bolýarlar, kesellere uçradyp bilýärler. Bedende ýaglaryň, duzuň we şekeriň gereginden artyk bolmagy hem saglygyň gowşamagyna sebäp bolýandyr.

Zyýanly endikler

Alkogol içgileri, çilimkeşlik, neşekeşlik adamyň her bir beden agzasynyňgarramagyna sebäp bolýandyr. Ýöne zyýanly endikleriň ýetirýän weýrançylygy ilki-ilkiler göze ilýän däldir. Şonuň üçin-de, zyýanly endiklere ýoluganlar özleriniň nähili «girdaba» düşendiklerini ilkibada duýýan hem däldirler. Çilimkeşlik öýken we deri keselleriň döremegine sebäp bolýar. Emma alymlaryň soňky geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde çilimiň  akyl ukyplaryny hem peseldýändigi subut edildi. Araga «bagyş edilen» ýeke-je oturylyşyk bolsa 10000 nerw öýjügini öldürýändir. Ölen nerw öýjükleriniň gaýtadan dikeldilmeýändigi bolsa hemmelere mälimdir.

Fiziki aktiwlik

Ýetmiş ýaşan erkek özüniň otuz ýaşlyk çagyndan örän tapawutlanýandyr. Ol ýetmiş ýaşynda myşsalar agramynyň 30-40%-ne golaýyny ýitirýändir. Ýüreginiň gan geçiriş ukyby 30% peselýändir. Elbetde, bu maglumatlar begendirip bilmez, ýöne yzygiderli ýerine ýetirilýän fiziki maşklar garrama ýagdaýyny azyndan 20(!) ýyl gaýra çekip bilýär. Şoňa görä-de, erkekleriň ömür dowamlylygy olaryň ýaşaýyş ýörelgesine baglydyr. Hünärmenler takwa adamlaryň durmuşyny öwrenenlerinde, erkekleriň-de, aýallaryň-da ömür dowamlylygynyň deňdigini ýüze çykardylar. Takwa adamlar (erkekler-de, aýallar-da) çilim çekmekden, arak içmekden saklanýandyrlar, aladaçyl-gaýgyçyl bolmaýarlar. Olar parahat ýaşamaga ymtylýandyrlar. Durmuşda dogrudan-da gymmatly bolan zatlara: ýakynlaryna bolan söýgä, asuda gatnaşyklara üns berýärler.

Şoňa görä-de, eý, erkekler, ýaşaýyş ýörelgäňiz ömrüňizi uzaldyp-da, ony gysagaldyp-da bilýändir. Öz saglygyňyz barada ýaşlykdan alada ediň. Zyýanly endikleriň «girdabyna» düşmejek boluň! Öz ömrüňiziň emeli gysgaldylmagyna ýol bermäň. Öz ýakynlaryňyzyň size daýanyandygyny ýatdan çykarmaň!

  • 10888 gezek okalan