• Home
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • SEN ANABOLIK STEROIDLER HAKYNDA NÄMELERI BILMELI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SEN ANABOLIK STEROIDLER HAKYNDA NÄMELERI BILMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.92 (37 Ses)

Bodybuilding ýada trenažor sözleri indi bize ol diýen nätanyş däl bolsa gerek. Sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlarymyzyň sany günsaýyn köpelýär. Beden şeklini gowulandyrmak, muskully bolmak her bir ýaş nesliň arzuwy. Emma olar beden şekilini gowulandyrmagyň uly sabyr we yzgiderlilik talap edýändiginden habarlymykalar? Ýa-da olar hem protein we steroidleriň şöhradyny eşdip geldilermikä?

Trenažor zalynda aşakdaky ýaly gürrüňdeşlige ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar.

– Salam dost, men bu gün täze başladym. Sen haçandan bäri türgenleşýärsiň?

– Salam, aramyza hoş geldiň. Men eýýäm 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýärin.

– Tüweleme, bildirýär. Ýene bir zat sorasam bolarmy? Sen hem derman ulanyp gördüňmi?

Bu gepleşikde agzalan "derman" sözi nämäni aňladýar? Proteinmi ýa-da aminoturşylyklarmy? Ýok, proteinler köplenç tozga görnüşünde bolýar we olar aminoturşylyklar bilen birlikde trenažorlarda hem satylýar. Bu ýerde göz öňünde tutulýan derman anabolik steroidlerdir.

Anabolik steroidler näme?

Anabolik steroidler erkeklik gormony bolan testosteronyň sintetiki önümleridir. Bulara anabolik-androgenikler hem diýilýär. Bu sözler grek dilinden gelip, anabolik "gurmak, ýasamak", androgenik bolsa "erkekleşdirme, erkekleşmek" manysyny berýär.

Testosteron bedenimizde süňk we muskullaryň ösüşi, aly-çalyş hadysalaryň tizliginiň ýokarlandyrylmagy, gan öndürilişiň artdyrylmagy, gyz we oglany tapawutlandyrýan ses we beden tüýleriniň özgermegi üçin zerurdyr. Bu sözlemden şu manyny çykaran bolmagyňyz mümkin: "Diýmek testosteron gyzlarda hem belli bir mukdarda barda?!"

Hawa bar, ýöne erkeklere garaňda az mukdarda.

Lukmanlar testosteronyň sintetiki görnüşlerini ýetginjeklikde ösüşde gijä galan, muskullary we agramy az çagalar, gan azlygy bolan çagalar we fiziki kuwwaty pes garrylar üçin bejergi hökmünde ulanýarlar. Lukmançylykda dürli görkezmeler bilen kortikosteroidler (böwreküsti mäziň işläp çykarýan gormonlary) hem ulanylýandyr we olary anabolik steroidler bilen çalyşmaly däldir.

Biziň agzaýan anabolik steroidlerimizi bolsa sportuň dürli görnüşindäki professional türgenler dereje gazanmak üçin, trenažora gatnaýan ýaşlar bolsa Arnold Schwarzenegger ýaly haýbatly görünmek üçin ulanýarlar.

Anabolik steroidleri nähili ulanýarlar?

Anabolik steroidler köplenç, myşsalara sanjym etmek arkaly ýa-da gerdejik görnüşinde ulanylýar. Häzirki wagtda bolsa olaryň krem we gel görnüşleri hem bar. Sport lukmanlary lisenziýaly türgenlere endokrinolog ýa-da onkolog lukmanlaryň görkezmesi bilen, myşsa ulgamynyň käbir kesellerinde anabolik steroidleri dermannama boýunça berýärler. Dermannamasy bolanlar steroidleri merkezi dermanhanalardan alyp bilýär. Steroidleri dermannamasyz almak hem, satmak hem gadagandyr. Trenažordaky ýaşlar bolsa olary bikanun ýollar bilen alýarlar we ulanýan mukdarlary lukmanlaryň maslahat berýän mukdaryndan 10-100 esse köpdür. Käbir Günbatar ýurtlarynda bodybuilding bilen meşgullanýan türgenleriň we ýaşlaryň arasynda steroid ulanýanlaryň sany 80%-e golaýdyr. Köp ýurtlarda anabolik-androgenikleri gönüden-göni ulanmagyň gadagan edilmegine garamazdan, olary ogrynça, nämedigini bilmän ulanýanlaryň sany günsaýyn artýar.

Näme üçin steroidleri ulanýarlar?

Sport türgenleriň we ýaş bodybuilderleriň näme üçin steroid ulanýandyklaryny aşakdaky ýaly sanawa düzmek mümkin:

► Haýsydyr bir ýaryşda dereje almaga ymtylýanlar.

► Plýažda özüne üns çekmek isleýänler (Bularyň uly bölegi ýazda steroid bilen muskul çykaryp, gyşda garyn sallap ýören ynsanlardyr).

► Gysga wagtda muskully bolmak islegi bilen ýanyp-tutaşýanlar.

► Başga türgenlere öýkünip, şolara meňzemäge çalyşýanlar.

Hakykatdan hem steroidleriň muskullara täsiri şeýle güýçlimi?

Elbetde, steroid ulanýan türgenler bilen ony ulanmaýan türgenleriň arasyndaky muskul binýady düýbünden tapawutly. Ony ulanmaýan türgenleriň 1 ýylda çykaran muskullaryny steroid ulanýan türgenler 3 aýda çykaryp biler. Şunuň mehanizmini şeýle düşündirip bolar: muskullaryň ulalmagy proteiniň sintezirlenmegi we öýjügiň täzeden dikeldilmegi arkaly amala aşyrylýar. Her türgenleşik geçirilende muskullar ýyrtylýar. Beden olary tebigy ýol bilen dikeldýär we myşsa öňküsinden has galyň ýagdaýa gelýär. Bu hadysa gerekli wagt 48 sagatdyr. Trenerleriň sport türgenlerini maşklara günaşa çagyrmagynyň sebäbi hem şudur. Steroidler bolsa muskullaryň dikeldiş wagtyny 24 sagada çenli gysgaldyp bilýär. Netijede maşklary ýygy-ýygydan we has agyr depginde geçirmek mümkinçiligi döreýär.

Şeýlelik bilen, steroid ulanýan türgenleriň muskullary zolaklary belli, has gaty we haýbatlydyr. Ýene-de, steroidli sport türgenleri has agyr agramlarda türgenleşip bilýärler.

Anabolik steroidleriň zyýanly täsirleri

Lukmançylykda ýan täsiri bolmadyk derman ýokdur. Anabolik steroidler ýaly güýçli gormonlaryň fiziki hem psihologiki taýdan agyr gaýraüzülmelere getirip biljekdigini çaklamak gaty kyn däl bolsa gerek.

Steroidler diňe muskullar bilen çäklenmän, beýleki dokumalarada öz täsirini ýetirýär.

Steroidleriň anaboliki ýan täsirleri:

► Bagryň işiniň bozulmalary (bagryň ulalmagy, sary getirme), bagryň howply (rak) we howpsuz keselleriniň döremegi;

► Bedende çişginliligiň döremegi;

► Ir ulanylyp başlanylanda süňkleriň wagtyndan öň ösüşüni tamamlamagy. Şol sebäpden bu topardaky türgenler iri bedenli, emma gysga boýly bolýarlar;

► Baş aýlanma, kelagyry, burun ganama;

► Gan basyşynyň ýokarlanmagy (gipertoniýa);

► Ýanbaşda we ýüzde düwürtikleriň döremegi;

► Saçyň dökülmegi;

► Erkeklik jyns mäziniň ulalmagy bilen bagly kynçylyklar (kynçylykly peşew etme, agyrylar).

Steroidleriň androgenik ýan täsirleri:

► Erkeklerde: ýumurtgalaryň kiçelmegi, dölde erkeklik öýjükleriň sanynyň azalmagy, jynsy gowşaklyk we göwüsleriň ulalmagy.

► Zenanlarda: ýüzdäki tüýleriň artmagy, sesiň ýognamagy, göwüsleriň kiçelmegi, klitoryň ulalmagy, aýbaşy halkasynyň üýtgemegi.

Şulardan başga-da, anabolik steroidleri ruhy gamgynlylyk, uky bozulmalary bilen bagly kynçylyklar, aşa öýkeleklik, ýeňilmegiň aşa ýiti kabul edilmegi we aşa gaharjaňlyk duýgulary ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Anabolik steroidler türgenleri özüne garaşly edýärmi?

Steroidiň sport türgenini özüne baglamagy neşe serişdelerindäki ýaly däldir. Sport türgenleri steroidi ulanyp başlandan soň gysga wagtyň içinde bedenindäki üýgteşmeleri görüp, has hem gyzygýar. Günleri aýnanyň öňünde özüni synlamak we türgenleşmek bilen geçýär. Türgenleşigiň meýilleşdirilşine görä bedeniň steroide dynç berilmeli aýlarynda hem, az mukdarda bolsa-da, ony ulanylma dowam edýär. Ýagny, steroidi dowamly kabul etmek zerur ýaly bolup görünýär. Bu ýerdäki esasy baglylyk steroide dälde, has haýbatly bolma islegine bolan açgözlülik diýip pikir edýärin.

Eger-de bir sebäp bilen sport türgeni steroidden uzaklaşsa ruhy gamgynlylyk, aşa gaharjaňlyk we özüne erk edip bilmezlik ýaly aýrylma sindromy syn edilip bilner. Steroid sebäpli öz janyna kast eden sport türgenleri hem bardyr.

Aýdylanlardan soň hem, "Men ýene-de steroid ulanmak isleýärin" diýýän bolsaňyz, onda size professional bodybuilderler ýa-da sport lukmanlary bilen pikir alyşmagyňyzy maslahat berýärin!

Eger-de siz steroidli serişdeleri ulanmaga başlan bolsaňyz we ýokardaky ýaly saglyk meseleleri sizde döräp başlan bolsa, haýal etmän endokrinolog lukmanyna ýüz tutuň.

Steroid ulanmazdan türgenleşip bolmaýarmy?

Elbetde, bolýar. Hatda bolmalysy hem şeýle. Dürs we dowamly ýerine ýetirilen türgenleşikler, tebigy önümler, gerek bolsa iýmit goşundylary siziň kadaly beden şeklini gazanmagyňyz üçin ýeterlikdir. Saglygyň ýerinde bolmasa, örän haýbatly muskullardan ne peýda?

Sabyrly boluň! Sport bilen meşgullanmagy durmuş ýörelgesine öwüriň!

Awtor: Batyr Baýmyradow

  • 1708 gezek okalan

Teswirler (4)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Türgen.

Bu dermanlaryň ulanmasynyň öňüni almak indi başartmasa gerek. Wagtlaýyn üstünlik ýa-da owadan görünjek bolmak birnäçelere mahsus bolup, onuň nähili ýagdaýlara getirýändigi hakynda oýlanmak bir näçelere hyýaly bolmagy mümkn.

 
  1. Eriklin

Sport bilen meşgullanmak isleýän we meşgul bolýan ýaşlary yzygiderli gözegçilikde saklamak ol serişdeleri gizlin ulanmak ýagdaýyny aradan aýyrmaly. Başga ýagdaýda ol serişdelerden biznes edýän adamlaryň köpelip, adamlaryň saglygyna bolsa, palta...

Sport bilen meşgullanmak isleýän we meşgul bolýan ýaşlary yzygiderli gözegçilikde saklamak ol serişdeleri gizlin ulanmak ýagdaýyny aradan aýyrmaly. Başga ýagdaýda ol serişdelerden biznes edýän adamlaryň köpelip, adamlaryň saglygyna bolsa, palta urjagy gümansyz.

Dowamy
 
  1. Bahram

Durmuşda sport babatda soňky ýyllarda himiki öwrülşikler arkaly ornaşdyrylýan serişdeler soňabaka nämelere getirjegini akylyňda aýlamak örän kyn bolup durýar. Sportyň biznese öwrülip barmagy mundan beýläk hem köp ahwalatlar döretjegi ikiuçsyzdyr.

 
  1. A8 B8 D8 Y8

Gaty adushi tema acpsynyz molades admin gaty gowy yere baspsyn. Tuveleme an dusnje zehine hayran galym we 1 2 aytjak zadym bar oz bedenineze ya yashyna seretman adam nevsine dushup etyandir 1 gezek gezekden bolandyr hemme zat gaytdym hichili...

Gaty adushi tema acpsynyz molades admin gaty gowy yere baspsyn. Tuveleme an dusnje zehine hayran galym we 1 2 aytjak zadym bar oz bedenineze ya yashyna seretman adam nevsine dushup etyandir 1 gezek gezekden bolandyr hemme zat gaytdym hichili peyda yok birdan daga dyrmashyp birdan dagdan ozin oklamak boLyar ol we dagdan gacanson gaty guycli karekter gerek tazeden ayaga galmaga men 38 yashymda 17 yl trainer bolum 6 yyl ulandym !!!

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location