• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • SAÇLARYNA IDEG ETMEKDE ERKEK ADAMLARYŇ GÖÝBERÝÄN 7 ÝALŇYŞLYGY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAÇLARYNA IDEG ETMEKDE ERKEK ADAMLARYŇ GÖÝBERÝÄN 7 ÝALŇYŞLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (48 Ses)

Saçyň düşmezligine, onuň wagtyndan öň çalarmazlygyna, ýene-de şuňa meňzeş kynçylyklaryň ýüze çykmazlygyna bolan isleg erkek adamlaryň hemişelik hemrasy bolýar. Ýöne olar gündelik durmuşlarynda özlerini mümkin boldugyça saçlary tiz düşer yaly, basym çalarar ýaly ýa-da bolmasa şuňa meňzeş kynçylyklar ýüze çykar ýaly edip alyp barýandyklaryna asla düşünmeýärler. Erkek kişileriň saçlaryna ideg etjek bolup, tersine ideg edip bilmän göýberýan esasy ýalňyşlyklaryny seljerip göreliň.

№1 ÝALŇYŞLYK. SAÇYŇ DÜŞMEGI.

Alymlar saç düşmesiniň gönüden-göni testosteron erkek gormony bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Elbetde, bu hakykatdan hem şeýle. Emma soňky döwürlerde kelläni ýylçyr edip syrmagy moda salyp ugradylar. Beýle hereket etmek ýylçyr kelle bomaklyga göreşsiz boýun bolmak ýaly bir zatdyr. Ýone ýylçyrlygyň geljek wagtyny belli bir derejede yza süýşürmek hem mümkin.

Wagtyndan öň saçyň düşmegine köplenç halatlarda digidrotestosteron gormonynyň agdyklyk etmesi, ekologiýa (howanyň hapalanmasy, himiki serişdeleriň täsiri), stress, suwuň hili, kelle derisinde gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi, saçlaryňa nädogry ideg etmek ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar. Eger bu agzalyp geçilen näsazlyklar aradan aýrylsa, saçyň düşme howpy 20 ýaşap geçen jahyllarda ýüze çykman, eýsem garrylyk çagynda ýüze çykardy.

№2 ÝALŇYŞLYK. SAÇ DÜŞME DÖWRI.

Saçlary düşüp başlan wagty erkekler ýene-de ýalňyşlyk göýberýärler. Olar göni kakalarynyň ýanyna baryp, ondan haçan saçynyň düşup başlandygyny soraýarlar. Ýöne olara öz kakalaryndan soramagyň zerurlygy ýok. Olar bu barada ejesiniň kakasyndan, has takygy babasyndan, garry babasyndan sorap bilseler ýerlikli bolardy. Sebäbi saçyň düşmeginiň ene tarapyndan ýakyn garyndaş erkek adamlara meňzeş bolmak häsiýetliligi bardyr.

№3 ÝALŇYŞLYK. ÇALARAN SAÇLAR.

Çalarmak – bu fiziologiki hadysadyr. Erkekleriň köpüsi bu ýagdaýa bolaýmaly zat höküminde garaýarlar. Belli bir derejede bu şeýlede. Wagtyň geçmegi bilen saçlarymyzdaky melanin pigmentiniň emele gelmegi bozulyp başlaýar. Şuňada biziň edibiljek çärämiz ýok. Ýöne hiç kim size çalarmak hadysasynyň mümkin boldugyça gijirak, garrylyk çagynda ýüze çykmagyna päsgel berip bilmez. Elbetde bu mümkin zat. Pigmentleriň durnuklylygyna B1, B2, B6, PP witaminleri, beloklaryň düzüminde saklanýan tirozin we mis tasir edýär. Nerw bilen bagly stressler, azganlylyk, dowamly ýadawlylyk, uzak wagtlap günüň aşagynda bolmak yaly yagdaýlar pigment çalşygynyň wagtyndan öň bozulmagyna getirýär. Eger bu näsazlyklar aradan aýrylyp, dogry iýmitlenilse, bedenimiziň witaminler bilen üpjünçiligine üns berilse, onda biziň saçlarymyz beýle basym çalarmazdy.

№4 ÝALŇYŞLYK. ÝAGLY SAÇLAR.

Ykjam, daşky görnüşine üns berýän erkek kişiler saçlarynyň öte ýaglydygyna öz düşünişleri boýunça garaýarlar we saçlar çalt ýagjarýan bolsa, onda ony ýygy-ýygydan ýuwup durmaly diýen netijä gelýarler. Şeýle etmek bilen olar ýene-de ýalňyşlyk goýberýärler. Saçda ýaglylygyň ýokary bolmagy, bedende bar bolan näsazlyga bagly bolýar. Ony aradan aýyrmak üçin bolsa, ilki bilen anyklamak zerurdyr. Köplenç ýagdaýda selenyň, sinkiň, B witaminler toplumynyň ýa-da doýgun däl ýag turşylyklaryň ýetmezçiligi netijesinde ýokary ýaglylyk ýüze çykýar. Ondan başga-da, ýag mäzleriniň gereginden artyk ýag bölüp çykarmasy ýene bir esasy sebäpleriň biri bolup biler. Bu bolup biläýjek sebäpleri anyklamaklyk zerurlygy ilkinji nobatda durýandyr.

№5 ÝALŇYŞLYK. TUTUKSY SAÇLAR.

Saçlaryň tutuksy bolmagy – bu ýagy çakdanaşa aýyrmaklyk netijesinde emele gelýän ýagdaýdyr. Saçda ýagyň bolmagynyň adatdan daşary möhumdigini erkekler ýatda saklasalar örän gowy bolardy. Bu iki sebäbe görä şeýledir. Birinjiden: ýag örtük ýa-da suwag höküminde saçlaryň taryna gorag bolup hyzmat edýär, ony öte guraklykdan goraýar, maýyşgaklygyny saklaýar we göneldýär. Şeýle saçlar daşyndan ýyldyrap, özboluşly öwüşginlilik berýärler. Eger saçdaky ýaglar yzygider ýok edilip durulsa welin, saçlaryň tutuksy boljagy ikuçsyzdyr.

Ikinjiden: tebigat saçlaryň ýagly örtügine ýokançlyklar bilen işjeň göreşýän antiseptik serişdäni örän ýerlikli goşupdyr. Antiseptik ýagy aýyrmaklyk, saçlarda kesel dörediji bakteriýalaryň emele gelmegine, saçlaryň öwüşgininiň gaçyp tutuksy bolmagyna getirip biler. Bu maglumaty zenan maşgalalara bilmek hem peýdalydyr.

Bu aýdylan zatlara örän akylly-başly çemeleşmek gerek. Siziň ýüz tutýan kosmetologyňyzyň hiç biri hem size bu zatlar barada aýtmaz. Birinjiden, her bir kosmetolog bu zatlar barada bilýän däldir, biläýen ýagdaýynda hem ol aýtmadan saklanar. Sebäbi, ony bu aýdylýan maglumatlar gyzyklandyrmaýar. Olaryň maksady öz bähbitlerine eýerip, kosmetiki serişdeleriň köp mukdaryny satmaga gönükdirilendir.

№6 ÝALŇYŞLYK. SAKGAL GÖÝBERMEK.

Erkekler sakgal göýbermek meselesinde köplenç dogry hereket edip bilmeýärler. Mysal üçin, sakgal köplenç gara saçly adamlarda duş gelýar. Olar sary saçly adamlara garanyňda sakgal göýbermäge has höwesek bolýarlar. Ýöne fiziologiki aýratynlygy göz öňüne tutanyňda bolsa, sakgaly saryýagyz erkekler goýberse has dogry bolardy. Sebäbi olaryň saçlary çalt ösýär we saryýagyz adamlaryň saçynyň sany hem köp bolýar. Deňeşdirip göreliň: saryýagyz adamlaryň kellesinde ortaça 140 müň gyl ösýän bolsa, gara saçly adamlaryňkyda bary-ýogy 102 müň gyl ösýär. Olaryň aratapawudy 30% dagy bardyr. Şeýle hem Merkezi we Demirgazyk Aziýaly erkeklere, Demirgazyk Amerikaly indeýlere sakal göýbermek maslahat berilmeýär. Olarda sakal bütünleý ösmeýär diýen ýalydyr. Kawkazly, Awstraliýaly erkekleriň, Ýaponiýaly aýnamlaryň bolsa sakal goýbermekligi fiziologiki taýdan hem dogrydyr.

№7 ÝALŇYŞLYK. SAÇDAKY GOŇAKLAR.

Goňaga garşy göreşde erkekleriň hemme 100%-i hem ýalňyşlyk göýberýärler. Olaryň hemmesi diýen ýaly kosmetologa ýüz tutup, nähilidir bir hili täsin täsir ediji serişdeleri satyn alýarlar. Häzirki döwürde bolsa olar uzak möhletleýin „bejeriji“ çäreleri hem oýlap tapdylar. Ynsapsyz kosmetologlaryň gapjygyny galňadyp, biderek gerekmejek zatlar bilen meşgullanmaň. Goňagyň döremeginiň sebäpleriniň 99%-i bedenimiziň daşynda däl-de, içinde ýerleşýär. Ýadyňyza salyp görüň. Siz öz endokrin ulgamyňyzyň işjeňligini haçan barladyp gördüňiz? Elbetde, ýadyňyza düşmez. Goňaklamagyň iň bir ýaýran sebäleriniň biri hem – gormonlaryň işjeňliginiň üýtgemesidir. Siziň içegeleriňiziň işleýişi nähili? Eger näsaz işleýän bolsa, kellede goňagyň döremegi mümkindir. Siziň nerw ulgamyňyzyň işi ýygy-ýygydan bozulýarmy? Ýagly, süýji, hamyrly önümleri çakdan artyk kabul edýärsiňizmi? Bu ýagdaýlarda hem goňak döräp biler. Daşky täsirleriň astynda goňak döremeginiň bir kiçijik sebäbi bar. Ol hem mikroskopiki kömelejikdir. Ýöne şol näsazlyk hem içden döreýär. Eger biziň immun ulgamyňyz bolmalysy ýaly işlese, onda şol kömelejikleriň döremegine ýol berilmez.

Saçlaryňyza dogry ideg etmegi edil häzirden başlaň! Tomsuna saçlaryň çalt ösýänligi köplere mälimdir. Has dogrusy, uky wagty olar has hem çalt ösýär. Şonuň üçin wagtly-wagtynda ukyňyzy alyň!

  • 10892 gezek okalan