• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Erkek saglygy
  • ERKEK ADAMLARYŇ SAGLYGYNA ZYÝAN ÝETIRÝÄN HÜNÄRLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ERKEK ADAMLARYŇ SAGLYGYNA ZYÝAN ÝETIRÝÄN HÜNÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.49 (35 Ses)

Mançestr uniwersitetiniň hünärmenleri erkek adamlaryň "esasy erkeklik duýgusyna" (esasy instinktine) ýaramaz täsirini yetirýän hünärleriň sanawyny bellige aldylar. Lukmanlar synagyň gidişinde bedene zyýan ýetirýän endikleriň, iş şertleriniň, ynjalyksyzlygyň ýa-da stress yagdaýlarynyň agdyklyk etmesiniň gönüden-göni erkek adamlaryň meşgul bolýan hünarleri bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Şeýle-de, bu ýagdaýdaky erkek adamlarda maşgalasy bilen aýrlylşmagynyň kop bolmagy hem esasy ünsi özüne çekdi.

Gözlegleriň esasynda alnan netijeler öwerlik däl. Görnüşinden belli bolşy ýaly, hünärleriň hemmesi diýen ýaly, her hili ýollar bilen erkekleriň saglygynyň berkligini synagdan geçirýär. Mançestrli alymlar käbir "pajarlap ösýän" hünärler barada aýratyn durup geçdiler.

OFIS IŞGÄRLERI

Az hereketli durmuş endikleri, iýmiti kadasyz kabul etmek, ynjalyksyzlyk, stress ýaly ýagdaýlar telekeçileriň, işewür adamlaryň we ofis işgärleriniň mydamalyk ýanýoldaşy bolýar. Bu ugurda işleýän erkek adamlar hemişe diýen ýaly ruhy ýagdaýyna täsir edýän her dürli kynçylyklar bilen çaknyşyp durýarlar. Mysal üçin, garşydaşlaryň hilegärligi, syýasy durnuksyzlyk ýa-da ýene bir şulara meňzeş meseleleriň ýüze çykmagy erkekleriň emosional ýagdaýyna ýakymsyz täsirini ýetirýär.

Haçanda durmuş wezipe dalaşgärligine kowalaşmak, öz eýeleýan wezipäňi gorap saklamak ýa-da işde öz şahsy nukdaýnazaryňy (pikiriňi) dogry hasap edip, ony erjellik bilen subut etmekden ybarat bolsa, onda bular ýaly durmuşda söýgi hezilliginden keýp almaklyga, söýgüniň sapaly gatnaşyklaryna maýyl bolmaklyga asla orun hem, güýç hem galmaýar. Ondan başga-da psihologiýa bilen meşgullanýan hünärmenleriň pikirine görä, käbir menejerler işlerinde uly sepgitlere ýetip, durmuşyň ahli eşretinden, ajaýyplyklaryndan peýdalanan-da bolsalar, olaryň aglabasy intimofobiýadan (ýakynlaşmak gorkusy) ejir çekýärler.

Bu özüne maýyl ediji erkek adamlarda zenan maşgalanyň esasy ünsüni çekýan zat nämeka? Gartaşan top menejeriň adamkärçiligimi ýa-da onuň şahsy emlägi? Bu ýagdaý ilkibaşda düşnüksizräk görünse-de, soňunyň aýdyň bolýandygy bizi geň galdyrmaýar.

HARBY LYBASDAKY ERKEK ADAMLAR

Zenan maşgalalaryň göwnüne harby gullukçylaryň, deňizçileriň, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaraýandygyny kopler bilýärler. Ýöne dartgynlylyk, howply ýagdaýlar bu karleriň aýrylmaz hemrasy bolup durýar. Şonuň üçin hem, bu kärlerdäki erkek adamlar zenanlaryna kanagatlanarly ünsi yzygider berip bilmeýärler. Hatda mydama garnizonlara aýlanyp göçüp-gonmakdan, harby hereketlerden azat wagtlary hem berk tertip-düzgün, iýmitiň dürli-dürli bolmazlygy, töweregini gazaply, talap ediji serkerdeleriň gurşap almagy esgerlere öz täsirini ýetirýär. Bular ýaly ýagdaýlaryň bolmagy ýakymly söýgi sözlerini bilmeýän esgerleri näzenin zenanlaryň arasynda bolup keýp almakdan, lezzetli duýgulary başdan geçirmekden mahrum edip biler.

Köplenç halatlarda deňiz ýüzüjilere hem aňsat düşmeýär. Deňizde dowam eden uzak ýuzüşden soň kenarda bolýan wagtlary, mümkin olar zenan söýgüsini isleýandirler. Ýöne, olar "gämide aýalyň bolmagy gowulygyň alamaty däl" diýen yrymyň, ýorgudyň täsirinden çykyp bilmeýärler. Şol sebäpli hem lukmançylykda "deňizçiniň impotensiýasy" (jynsy gowşaklygy) diýen düşünje döredi. Bu käre mahsus jynsy gatnaşygyň uzak wagtlap bolmazlygy, erkek adamlarda kynçylygyň döremegine sebäp bolýar.

Hukuk goraýjy edaralardaky gullukçylaryň ýagdaýy hem çylşyrymly bolup galýar. Her gün işden soň öýlerine, söýgüli aýallarynyň ýanyna dolanýan-da bolsalar, olaryň köpüsine iş bilen baglanşykly ýüze çykan kynçylyklary kelleden aýryp taşlamak başartmaýar. Bu bolsa "söýgi ummanynda" gulaçlap ýüzmek, ondan lezzet almak ýaly duýgulary başdan geçirmeklige belli bir derejede päsgel berýär.

DÖREDIJILIK BILEN MEŞGULLANÝAN ERKEK ADAMLAR

Bu kardäki erkek adamlaryň esasy kynçylygy, olaryň bütin durky bilen öz kärlerine berlip, hemmelere özüniň akyllydygyny, zehinlidigini subut etjek bolmagyndan ybaratdyr. Ýöne şeýle-de bolsa, bu boluş bilen görnükli suratkeşlerdir, ýazyjylaryň köpüsi üstünlige, şöhrata eýe bolup bilmeýärler.

Şeýlelikde, sen galam ussady bolman hem bilersiň, ýöne çeper intelligensiýa mahsus bolan özboluşly sagdyn durmuş endiklerini berjaý etmäge welin, borçlusyň.

Ýöne zyýanly endiklere özüni aldyryp, alkogolly içgileri çakdan aşa köp içýän, temmäkidir çilim çekmek bilen çäklenmän, eýsem her hili narkotiki serişdeleri kabul edýan wagtlary, hemme zat gowy ýaly bolup görünýär. Ýöne, soňundan jynsy gatnaşyk bilen bagly kynçylyklar ýüze çykýar. Has dogrusy jynsy gatnaşygyň wagtly-wagtynda bolmazlygy ýa-da tötänleýin ýagdaýda bolmagy, jynsy ýakynlyk etmeklige bolan howesiň kadaly bolmagyna zyýan ýetirýär. Ine onsaň, bu ýagdaýlar, gadyr-gymmaty bilinmedik, ýeterlik baha berilmedik döredijilik işi bilen meşgullanýan erkek adamlarda, jynsy gatnaşyga bolan hyjuwyny köki damary bilen aýryp taşlaýar.

IŞÇI SYNPDAKY ERKEK ADAMLAR

Bu synpdaky erkek adamlar agyr zähmet bilen meşgullanýarlar we iş güniniň ahyrynda olaryň bedeni ýadap, tapdan düşýär. Olaryň köpüsi ýadawlygy basmak üçin alkogolly içgileri içýärler. Ýöne beýle hereket etmek, söýgüniň sapaly, lezzetli uzak-uzak yollary bilen gitmeklikden jyda düşürýär.

Haçanda, iş ýerlerindäki önümçilik, adam bedenine belli bir derejede zyýan ýetirýän bolsa, has takygy, zäherli gazlar bölünip çykýan, temperatura duýdansyz, çalt-çaltdan üýtgäp durýan bolsa, onda bu ýagdaýda söýgüniň täsin başdan geçirmeleri çäkden daşarda çalyberýär. Ondan başga-da, agyr fiziki zähmetiň hemişe diýen ýaly bir gapdalynda nerw datrgynlylygynyň, tolgunmasynyň bolýandygyny bellemek gerek. Mysal üçin şahtaçylar, ýangyn söndürijiler ýa-da halas edijiler mydama nerw ulgamyna täsir edýän dartgynly ýagdaýda bolýarlar.

GAZANYLAN REKORDLARYŇ TERS TARAPLARY

Kop kişiler sportsmenler, türgenler jynsy gowşaklykdan ejir çekmeýändir diýip pikir edýärler. Ýöne, bu beýle däl. Berk tertip düzgünler, surnukdyryjy türgenleşikler mydama diýen ýaly, garaşylan netijäni berip bilmeýär. Has dogrusy, ýeňiş gazanmak barada edilýän aladalar, pikirler, kop türgenlerde öz şahsy durmuşyna güýç, mejal galdyrmaýar. Şeýlelikde, olaryň yzygider ýaryşlara gatnaşmaklygy, aýallary bilen hemişe ýakynlyk saklamagyna wagt galdyrmaýar. Şonuň üçin hem, sagdyn durmuş endiklerini berjaý edýän bu erkek adamlarda, köplenç jynsy gatnaşyk durnuksyz ýa-da tötänleýin ýagdaýda amala aşýar.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, jynsy gatnaşygyň yzygider bolmazlygy ýa-da tötänlikde käwagt bolmagy, jynsy gowşaklygynyň esasy sebäbi bolup biler. Ýöne, köp atletler türgenleşik wagtynda ýa-da ýaryşlarda alan ten şikeslerine bejergi almaga hem kop wagt sarp edýärler. Bu ýagdaý, kähalatlarda olaryň esasy erkeklik duýgusynyň täzeden döremegine bolan umydyny hem elden alýar.

JYNSY GOWŞAKLYKDAN NÄME HALAS EDIP BILER?

Britan hünärmenleri jynsy gatnaşyklaryň gowşamagyna howp salýan hünärleriň sanawyny işläp düzen hem bolsalar, nädip onuň öňüni almalydygy, nähili ýol bilen öz kaddy-kamatyňy sagdyn durkunda saklamalydygy babatda ýeterlik peýdaly maslahatlary bermeýärler. Biziň seksologlarymyz bolsa bu soraglara şeýle jogap berdiler.

Bizin lukmanlarymyz hökmany ýagdaýda lukmançylyk gözegçiliginden geçmegi, eger zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarda jynsy gatnaşygy arkaly geçýan ýokançlyklary ýüze çykarmak üçin gerek bolan barlaglary öz wagtynda geçmegi maslahat berýärler.

Esasy üns berilmeli zatlaryň biri hem, uçuk ýokançlygynyň öz wagtynda ýüze çykarylmagydyr. Çünki bu ýokançlyk erkeklik jyns mäziniň kesellerine sezewar edip bilýär. Gürrüňsiz, başardygyňdan durmuşda özüňi hereketden daşlaşdyrmajak bolmaly. Bu has hem oturyp işleýän, az hereketli işgärler üçin derwaýys bolup durýar. Hereketden daşlaşmaklyk öz-özüňe hyýanat etmekdir.

Açyk howada az wagtlygam bolsa gezelenç etmek, bedeniňi kisloroddan doýurýar, kiçi çanaklykda gan durgunlygynyň öňüni alýar. Bedeniňe agram salman, aralyk fiziki maşklary ýerine ýetirmek, diňe bir myşssalaryňy çeýe saklamaga kömek etmän, eýsem erkek gormonlarynyň kadaly işläp çykarylmasyna-da ýardam edýär. Esasy orun oýnaýan zatlaryň biri hem kadaly, dogry iýmitlenmekdir. Deňiz önümleri, iýilýän otlar, gök onümler, maňyzlar, gara şokolad erkek adamlaryň saglygyna örän peýdalydyr.

Zyýanly endiklerden daş durmak, esasy erkeklik duýgusynyň oýanmagyna, galkynmagyna ýardam berýär. Şol zyýanly endikler sebäpli, immun ulgamda her hili bozulmalaryň döreýanligi we netijede jynsy gowşaklygyň ýüze çykýanlygy bolsa hakyky bellemeli zat. Şeýle hem, elbetde jynsy gatnaşygy yzygider bolup durmaly, ara uzak wagt salyp saklanmaly däldir. Eger şu çylşyrymly bolmadyk düzgünleri berjaý etseňiz, erkek saglygyňyz sagdyn, durnukly bolar hem-de siz "söýgi şalygynyň" serpaýyndan öz paýyňyzy almaga hemişe taýýar bolarsyňyz.

  • 6986 gezek okalan