Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AÝAGYŇ YSLANMAGY WE OŇA GARŞY GÖREŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (25 Ses)

Siz myhmançylyga barýarsyňyz, ýöne köwşüňizi çykarmana ýaýdanýarsyňyz. Her gezek siz köwşüňizi çykaranyňyzda özüňizi oňaýsyz duýýaňyz. Ondan başga-da, aýakdaky deriň ysy siziň köwşüňize hem siňdi. Eger aýak ýakymsyz yslanýan bolsa näme etmeli?

Aýaklar näme üçin yslanýar?

Aýaklardan deriň bölünip çykmagy bu tebigy ýagdaýdyr, ýöne käbir adamlarda dürli sebäplere görä deriň bölünip çykmagy ýokarlanýar.

Aýaklarda müňlerçe der çykarýan mäzleri bolup, olar günüň dowamynda 200 ml çenli der işläp çykarýarlar. Eger siz işjeň durmuş ýörelgelerini alyp barýan bolsaňyz, sport bilen meşgullanyp, hemişe aýak üstünde bolsaňyz, aýaklaryň "gyzmagynyň" öňüni almak üçin deriň bölünip çykmagy has hem ýokarlanýar. Barlaglaryň görkezişi ýaly, deriň düzüminiň köp bölegini suw, azotly maddalar, dürli ýag turşylyklary we holesterin düzýär. Haçanda hiç hili bozulmalar ýüze çykmaýan ýagdaýlarynda, der bilen döreýän kynçylyklar bolmaýar, çünki der yssyz bolýar.

Güýçli derlemelerde bakteriýalaryň köpelmegi üçin amatly şertler döreýär. Aýak derisiniň üstünde bar bolan dokumalaryň bölejikleri dargap, ýaramaz ysyň döremeginiň sebäbi bolýarlar. Günüň dowamynda tutuş bedenimiz derleýär, emma aýak hemişe ýapyk gurşawda bolany sebäpli bakteriýalaryň ýaşamagy, olaryň köpelmegi we aýagyň yslanmagy üçin şertler hemişe dowam edýär.

Şeýle-de, aýagyň aşa derlemegi we yslanmagy endokrin kesellerde ýygy duş gelýändir.

Aşakdaky şertleriň bolmagy aýagyň yslanmagynyň ilkinji sebäpleridir:

► Howany ýaramaz geçirýän, ýapyk ýa-da tebigy serişdelerden bolmadyk köwüşler;

► Sintetik joraplar;

► Deriň bölünip çykmagyny ýokarlandyrýan işjeň durmuş ýagdaýlary, sport we beýlekiler;

► Stressler, gorkular, howsala, nerw keselleri we goşmaça deriň bölüp çykyşyny ýokarlandyrýan ýagdaýlar;

► Ýygy-ýygydan duş kabul etmeklik, joraplary çalyşmaklyk we köwşi gezekleşdirip geýmeklik ýaly mümkinçilikleriň bolmazlygy.

Şemallatmaklyk we köwüşleri ýuwup guratmaklyk ýaly çäreleri ýerine ýetirmeklik ýerliklidir. Ýakymsyz ysdan dynmaklygyň birnäçe usullary bolup, olaryň birnäçesi halk arasynda ýörgünlidir:

► köwşi daşarda goýmaklyk;

► köwşi spirt bilen süpürmeklik;

► köwşi şampun ýa-da ýörite serişdeler bilen ýuwmaklyk;

► köwüşler üçin dezodarantlary ulanmaklyk.

Nädip öňüni almaly?

1. Gündelik joraplary çalyşmaklyk zerurdyr we olary bir günden artyk geýmeli däldir. Eger jorap hapalanmadyk bolsa hem olary çalyşmaklyk we ýuwup goýmaklyk oňaýlydyr. Sebäbi birinji güni duýmadyk ysymyz, ikinji gün has ýiti ýüze çykyp bilýändir.

2. Diňe tebigy önümlerden edilen joraplary saýlap, sintetik düzümli joraplary ulanmaň.

3. Şol bir jübüt joraplary 3 ýyldan köp geýmeklik zerurlygy ýokdur. Her möwsümde iki sany köwüş ediniň we olary günaşa geýiň, şeýle edilse köwüşler şemmalladylmana ýetişer.

4. Petekleri wagty-wagtynda çalşyp, arassalap duruň.

Şeýle hem:

1. Azyndan bir gezek günüň dowamynda aýagyňyzy ýuwuň. Diňe bir suw akydyp ýuwmaklygyň peýda etmeýändigini bellemelidir. "Esasan hem duş kabul edeniňde der we bakteriýalar aýakdan aýrylyp gidýär" diyip pikir edýänler aýratyn üns bermelidirler. Aýaklary yzygiderli we birnäçe gezek ýuwmalydyr. Esasan hem barmaklaryň aralarynda bakteriýalaryň uzak ýaşap bilýändigini nazarda tutmaly.

2. Ýumşak antibakteriýal (ýokançlyklara garşy) sabynlardan peýdalanyň. Antibakteriýal sabynlary aýagyňyzdaky "bakteriýa-atyrlaryndan" dynmaga netijeli kömek eder. Şol sanda, antibakteriýal sabynlary ulananaňyzda sabynyň deriňize ýetirýän täsirini hem göz öňüne tutuň. Sabyny aýaklardan oňat edip durlap aýyryň. Antibakteriýal sabynlaryň deriniň tebigy goranyş gatlagyny ýuwup aýyrmagy we deriniň gyjynjylygyny ýokarlandyrmagy, olaryň ýaramaz täsiri bolup durýandyr.

3. Ýuwunaňyzdan soňra aýagyňyzy gowy guradyň. Ýokarda belleýşimiz ýaly, çyglylyk bakteriýalar üçin oňat şertdir. Şonuň üçin aýagyňyzyň hemişe gury we arassa bolmagyna üns beriň. Bakteriýalardan, ýakymsyz yslardan başgada, çyglylyk aýakda kömelek (mikoz) keselleriniň döremegine hem getirýändir.

4. Aýagyň derisiniň erkin dem almagy üçin oňaýly köwüşleri geýiň. Sintetik önümlerden tikilen köwüşler der bölüp çykaryşy ýokarlandyrýar we bakteriýalar üçin amatly şerti döredýär, ýakymsyz ysyň peýda bolmagyny ýokarlandyrýar. Mümkin boldugyndan, deri önümlerinden ýa-da aýagyň dem almagy üçin amatly önümlerden tikilen köwüşleri geýmelidir.

5. Köwşüňizi guradyň. Her gezek okuw, iş, gezelenç, sport bilen meşgullananyňyzdan soňra köwşüňizi şemalladyň. Munuň üçin haýsydyr bir fen ulanmak hökman däl, bagjyklary gowşadyp diljagazyny daşyna çykaryp goýmaklyk ýeterlikdir. Esasy zat – köwüşiň içiniň gury bolmagydyr.

6. Joraplary tebigy önümlerden tikilenini saýlaň (pagta, ýüň). Düzüminde neýlon ýa-da poliester saklaýan joraplar aýagyň güýçli derlemegine getirýär.

7. Yzygiderli aýagyňyzy gözden geçiriň, ýaltanmaň. Dabanyňyzy, ökjeleri, dyrnaklary, barmak aralaryny yzygiderli gözden geçiriň. Eger sizde gijilewük, deriniň teňňe ýaly bolup gopmagy, çiş ýaly alamatlar bar bolsa, hökman lukmana ýüz tutuň. Bulardan başga-da, dyrnaklaryňyzyň reňkinde, görnüşinde üýtgeşme bar bolsa lukmana ýüz tutuň, sebäbi beýle alamatlar ýokançlyklardan habar berýändir. Aýak derisinde döreýän ýokançlyklar hemişe ýakymsyz ysy döretmäne ukyplydyrlar.

8. "Ýakymsyz ysly" iýmitleri iýmezlige çalşyň. Yssy howalarda iýmit düzümiňizden sogany, sarymsagy we ýiti ysly önümleri aýyrmaklygy ýola goyuň. Ýiti iýmitler der bölüp çykaryşy gowulandyryp, sogan we sarymsak deriň ysyny üýtgetýär.

9. Ýörite aýak we köwüş üçin niýetlenen tozlary, kremleri ulanyň. Häzirki wagtda aýakda we köwüşdäki yslary aýyrmak üçin ýöriteleşdirilen serişdeleriň örän köp dürli görnüşleri bardyr.

Halk arasynda belli bolan käbir bejeriş – öňüni alyş çäreler:

1. Duzly wanna. Uly legene 1 litr ýyly suw guýuň, soňra ýarym bulgur nahar duzy atyp erediň. Duz oňat eränden soňra, aýagyňyzy 15 minut duzly suwda saklaň. Duz kömek eder, sebäbi ol derini guraklandyrýar.

2. Nahar sodasy. Sodaly wanna aýagyň derlemegi bilen göreşmekde örän gowy kömek edýär. Wannany taýýarlamak örän aňsatdyr:1litr ýyly suwa 2 çaý çemçesi nahar sodasyny goşmaly. Soňra taýýar bolan wanna 15-20 minut aýagy salyp saklamaly. Sodaly ergin köp mukdarda bakteriýalary öldürmekde we olaryň köpelşiniň öňüni almakda gowy peýda edýär. Mundan başga-da, iki çümmük sodany köwüş petegine, ýakymsyz ysy aýyrmak üçin goşup bilersiňiz.

3. Öý şertlerinde Teýmurowyň pastasyny ulanma maslahat berilýär.

4. 20 sany lawr ýapragynyň üstüne 3 litr gaýnan suw guýup, 30 minut saklaň. Aýaklaryňyzy taýynlanan ergine sokup, ýatmazdan öň 20 minut saklaň we şeýle bejergini 5-6 gün geçiriň.

5. Guradylan şalfeý, çit-çiti we narpyz otlarynyň hersinden bir nahar çemçe alyp, 1 litr gaýnan suwda demläň we 40 min. goýuň. Bu erginde aýaklaryňyzy 15 min. saklaň.

6. Bor turşylygynyň tozy bilen dabanyňyzy we barmaklaryňyzy süpüriň.

7. Owradylan dub agajynyň gabygynyň 1 çaý çemçesini arassa, pagta jorabyňyzyň içine salyp, gijesine geýiň.

8. Lawandaly efir ýagyny zeýtun, badam ýa-da kokos ýagy bilen garyp, birnäçe damjasyny dabanlara çalyň. Üstünden jorap geýip, gijesine ýatyň.

9. Mümkin boldugyndan, açyk köwüşlerde ýa-da öý şertlerinde aýak ýalaňaç gezmäne ymtylyň. Bu siziň rahatlygyňyz we aýaklaryň sagdynlygy üçin iň oňaýly, amatly usuldyr.

  • 2620 gezek okalan

Teswirler (7)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Italmaz

Aýagyň köp derläp yslanyp dursa mydama arak içýäniň porsysy ýaly bolýany üçin köpçülige barsam gübümde dezodarant saklaýaryn. GErEk ýErinde ol hEm çykalga.

 
  1. KEnTAVR

Biz derlemege garşy DRY DRY atly sprey ulanýas. on yslanyady, gribok barmyka diyip klotrimazolam çalyp gordum. peýda etmedi. Rysgal gazetinden okadym ol barada, ulanyp gordum bet! Soz yok! hepdede 1 gezejik arassa ayaga sepyan, guraya bolany!...

Biz derlemege garşy DRY DRY atly sprey ulanýas. on yslanyady, gribok barmyka diyip klotrimazolam çalyp gordum. peýda etmedi. Rysgal gazetinden okadym ol barada, ulanyp gordum bet! Soz yok! hepdede 1 gezejik arassa ayaga sepyan, guraya bolany! <br /><br />USTUNLIK HEMMANIZE!

Dowamy
 
  1. Annaw..

Derleseň derdiň çykar diýip türkmenlerde aýdylsada aýak artygyndan derläp dursa, porsy ysdan, güzaplylykdan başga zat däl. Her zadyňam çaky ýagşy.

 
  1. Muhammet.

Hormatly Lukman! Dyz bognunyň gigromasy barada makala ýazmagyňyzy ýenede haýyşt edýärin. 6 ýaşly oglumyň dyz bognunda gigroma bar diýdiler. Rus dilinde okadym, welin onuň emele gelşine düşünip bilmedim. Haýyşymy kanagatlandyraýyňda!

 
  1. ogulgurban

Ayakda doreyan yakymsyz yslar we ondan dynmagyn birnace yollary yazylypdyr. Yone bizem yene bir yoluny salgy bermekci. Bu bizin ozumize gowy komek etdi. Ayaklar derlap yakymsyz yslanyan bolsa ya da derlap pakgaryan bolsa onda seyle prosedurany...

Ayakda doreyan yakymsyz yslar we ondan dynmagyn birnace yollary yazylypdyr. Yone bizem yene bir yoluny salgy bermekci. Bu bizin ozumize gowy komek etdi. Ayaklar derlap yakymsyz yslanyan bolsa ya da derlap pakgaryan bolsa onda seyle prosedurany ulanmak bolar.<br />Bir nahar cemcesi uksusy bas nahar cemcesi dury suw bn garmaly we ayakgaplaryn icini sol ergin bn supurmeli. Supurlen ayakgaplary bir gije dasarda acyk howada goymaly

Dowamy
 
  1. Kösenýän.

Maslahatyňyza sag boluň. Ýazylşy ýaly berjaý edip başladym. Netijesini soň habar edip, ýene bir gezek minnetdarlygymy bildirerin.

 
  1. термиз

sagja bolun tus shu gunki gunlerde yssy howada gerek maglumat ekeni

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location