Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ALADA GOÝÝAN MESELE: GOŇAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.53 (17 Ses)

Aýallary we erkekleri uly we ýakymsyz alada goýýan meseleleriň biri goňakdyr. Adamlaryň köpüsi  goňakdan dynmak üçin dürli serişdelerden, emlerden peýdalanýarlar, meseläni özbaşdak çözmäge synanyşýarlar. Goňak ýörite şampunlaryň kömegi bilen aýrylýan akja tozgajyklardyr diýen pikir nädogrudyr. Eger ulanýan ýörite serişdeleriňize garamazdan, goňak aýrylmaýan bolsa, bu bedeniňizde bir näsazlygyň dörändiginden habar berýändir.

Goňak nädip emele gelýär?

Kelläniň saçly böleginiň deri örtüginden wagtal-wagtal gopýan buýnuz gowjagazlara  goňak diýilýär. Her dört hepdeden deriniň  buýnuz gatlagynda öýjükler doly täzelenýär. Şol sebäpli hem azajyk goňagyň emele gelmegi kadaly fiziologiki hadysadyr. Emma käwagt goňak teňňeli demrew ýaly deri keselleriniň alamatlarynyň  biri  hökmünde hem döräp bilýär. Teňňeli demrewde örgün diňe bedende däl-de, eýsem, kelläniň saçly örtüginde-de emele gelýär. Kesele mahsus bolan gyzylymtyl gabarçaklaryň ýüzi agaryp, goňaga meňzeýär. Olar deriden aňsatlyk bilen gopýar. Goňagyň döremeginiň hakyky sebäbini bilmek üçin dermatolog ýa-da triholog lukmanyň maslahatyny alyp, umumy lukmançylyk barlaglaryndan geçmek zerurdyr.

Seboreýanyň alamaty bolan goňak

Birnäçe barlaglaryň netijelerine görä, goňak köplenç seboreýanyň alamatlarynyň biri bolup durýar. Ýöne seboreýa näme? Seboreýa ýüzüň, kelläniň, arkanyň, döşüň saç örtükli böleginiň kadadan artyk ýaglanmagy bilen häsiýetlendirilýän keselidir. Bu hadysa ýag mäzleriniň bölüp çykaryjylyk işjeňliginiň ýokarlanmagy, şeýle hem deri ýagynyň himiki düzüminiň üýtgemeginiň netijesinde ýüze çykýar.

Seboreýada şikeslenen deri bölekleri köplenç öýjük-öýjük bolup, ýaldyraýar. Saç ýagly bolýar. Bölünip aýrylan deri öýjükleri ýag mäzleriniň gözbaşlaryna dykylýar. Netijede kelläniň açyk böleklerinde düwürtikler, saçly böleginde bolsa goňak emele gelýär. Käte seboreýada deri gurak hem bolup bilýär. Onda ol örän duýgur we ynjyk bolýar, goňak bolsa köp mukdarda aňsatlyk bilen dökülýär. Seboreýanyň dowamly görnüşinde ýygy-ýygydan ýitileşme döwürleri ýüze çykýar. Seboreýa nesil yzarlaýjylyk häsiýete eýedir.

Ýetginjeklik döwründe  deri ýagy has köp mukdarda bölünip çykýar. Şol sebäpli hem seboreýa, esasan, 14-25 ýaş aralygynda emele gelýär. Bu döwürde bedende  aýal we erkek gormonlarynyň deňagramlylygy bozulýar.

Seboreýa kelle derisine nädogry ideg edilmegi (aşgarlaýjyly, hili pes şampunlardan peýdalanmak, saçlary ýygy-ýygydan boýamak, himiki buýralama) netijesinde-de döräp biler. Iýmitde witaminleriň ýetmezçiligi, aşa ýadawlyk, atmosfera täsirleri hem seboreýanyň döremegine itergi berýär.

Barlag üçin deri bölegi alnyp, oňa mikroskopda seredilse, seboreýanyň häsiýetli aýratynlyklaryna syn etmek bolar: ýokarky gatlagyň has galňamagy (giperkeratoz), deriniň aşa guraklygy, ýag mäzleriniň ulalmagy (gipertrofiýa).

Seboreýanyň görnüşleri

Seboreýanyň alamatlary we geçişi öwrenilip, onuň ýagly, gurak, garyşyk görnüşleri bellenildi.

Seboreýanyň goýy görnüşinde deri gataňsy, reňki goňrumtyl-çal bolýar. Ýag mäzleriniň gözbaşlary giňeýär, saçlar gür, gaty bolýar. Ýag mäziniň daşyna çykaryjy akymyna köplenç  deri öýjükleri dykylýp, ol bitýär. Netijede, komedon (gara düwürtik) emele gelýär. Seboreýanyň goýy görnüşinde ýag mäzleriniň kistalary (ateromalar) ýygy duş gelýär. Olar kesilip görlende, içinden doraga meňzeş madda çykýar. Ateroma beterleşende, ony kesip, iriňi aýyrmaly bolýar. Bu görnüşdäki seboreýanyň  netijesinde stafilokokklaryň we streptokokklaryň döredýän iriňli deri keselleri ýüze çykýar.

Seboreýanyň suwuk görnüşinde deri pyrtykalyň gabygyna meňzeş bolýar. Deri öýjükleri giňelýär. Deri ýalpyldaýar, onuň giňelen akymlaryndan köp mukdarda deri ýagy bölünip çykýar. Saçlar ýag çalnan ýaly bolýar, bir-birine ýelmeşýär. Olary her 2-3 günden ýuwup durmaly bolýar. Sarymtyl gowjagazlar saçlary örtýär. Netijede deriniň gijemegi  we saçlaryň dökülmegi mümkindir.

Seboreýanyň bu görnüşi furunkulýoz (köp sanly iriňli çykuwlaryň döremegi), impetigo (saç follikullarynyň şikeslenmegi) ýaly keselleriň döremegine eltýär.

Seboreýanyň gurak görnüşinde deri gury görünýär. Deri ýagy şonda-da bölünip çykýar, ýöne ol has şepbeşik bolýar. Şol sebäpli hem ol  ýag mäzlerinden kynlyk bilen bölünip çykýar. Epidermisiň ýokarky gatlaklary has gurak görünýär. Deri juda duýgur  bolýar. Goňak tutuş kellä ýaýrap, aňsatlyk bilen dökülýär, deri gijeýär. Käte goňak gat-gat bolup, çalymtyl-ak ýa-da sarymtyl-çal reňkli gabygy emele getirýär. Ýeňse-depe töweregi ýa-da kelläniň saç örtükli derisi tutuşlygyna guraksyrap durýar.

Gurak seboreýada kelläniň saçly örtüginde Pityrosporum ovale atly mikroskopik kömelejik işjeňleşýär. Ol adamlaryň hemmesinde bolýar we keseli diňe dartgynly fiziki iş, immunitetiň peselmegi ýaly belli şertlerde döredýär.

Seboreýanyň garyşyk görnüşi ýagly we gurak seboreýanyň alamatlaryny özünde jemleýär. Mysal üçin, maňlaýyň, burnuň, eňegiň derisi ýagly bolsa, ýaňaklaryň derisi gurak bolup bilýär. Seboreýanyň iň ýygy duş gelýän gaýraüzülmeleriniň biri seboreýa alopesiýasydyr (saçyň düşmegi). Ol  nädogry bejerginiň netijesinde ýa-da bejergi geçirilmedik ýagdaýynda adamlaryň 25%-nde döreýär. Başda saç çen bilen düşýär we kadaly ýagdaý hökmünde kabul edilýär. Bu fiziologiki seboreýanyň alamatydyr.  Käbir adamlarda fiziologiki seboreýa 2-5 ýyldan öz-özünden ýok bolup gidýär we bölünip çykýan deri ýagynyň mukdary kadalaşýar. Emma bu hemişe beýle bolmaýar. Fiziologiki seboreýa durnukly seboreýa öwrülýär we saçyň doly düşmegine eltýär. Täze çykýan saçyň ömri gysgalýar, olar inçelip, selçeňleşýär. Aýallaryň köplenç maňlaý saçy düşse, erkekleriň depe saçy düşüp başlaýar. Mikroskopa seredilende, saçyň köküniň düzedip bolmajak derejede üýtgändigini görmek bolýar. Diýmek, düşen saçyň ýerine täze saçyň çykmagyna hiç hili mümkinçilik galmaýar. Şeýle ýagdaýlarda aýallaryň aýbaşy halkasy hem  üýtgäp bilýär.

Seboreýanyň bejergisi

Ilkinji nobatda keseliň döremegine elten sebäpleri aradan aýyrmaly. Triholog ýa-da dermatolog lukmana ýüz tutup, barlaglardan geçmeli. Işi bozulan beden agzalarynyň  we ulgamlarynyň (endokrin mäzler, iýmit-siňdiriş we merkezi nerw ulgamy) işini kadalaşdyrmaly.

Umumy berkidiji bejergi

Seboreýany bejermekde umumy berkidiji bejerginiň ähmiýeti uludyr: arassa howada gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak, ukyňy almak. Iýmitde duzy, ýagy, uglewodlary, ajy we kakadylan önümleri, spirtli içgileri çäklendirmeli. Bakja, miwe we süýt önümlerini, witaminleri öz esasy iýmitiňize öwürmeli.

Witamin bilen bejermegi mikroelementleri kabul etmek bilen utgaşdyrmalydyr. Zerur bolan ýagdaýynda, lukman bilen maslahatlaşyp, witaminleri sanjym görnüşinde kabul etmek bolýar. Newrozda, psihiki sustupeslikde pişik dyrnak otunyň we şirguýrugyň (pustyrnik) esasynda taýýarlanylan serişdeleri ulanmak maslahat berilýär. Sanitar-kurort bejerginiň hem örän peýdaly täsiri bardyr.

Ýagly seboreýada lukmanyň maslahatyndan soň aýalyň bedeninde erkek gormonlarynyň artykmaç bölünip çykmagyny azaldýan gormonal serişdeler ulanylyp bilner (meselem, Diane-35). Ýöne bu gormonal serişdeleri diňe lukmanyň maslahatyndan soň kabul etmelidir.

Ýerli bejergi

Seboreýada hökman ulanýan şampunyňyza üns bermelidir. Goňaga garşy ulanmaga maslahat berilýän her bir şampundan peýdalanmakdan gaça durmaly. Olar kelläniň derisini öňküsinden hem azdyryp, ýagdaýy beterleşdirip biler. Goňaga garşy göreşmek üçin lukmanyň maslahat berýän bejergi şampunlaryny ulanmaly.

Bejergi şampunlaryň dürli görnüşleri bolýar:

  • kömelejiklere garşy şampun: onuň düzümine ketokonazol (nizoral) girýär;
  • bakteriýalara garşy şampun:onuň düzümine oktopriroks, sinkiň piritony girýär;
  • deriniň üstki gatlagyny arassalaýan şampun: onuň düzümine salisil turşulygy, kükürt girýär. Bu şampun skrab hökmünde ulanylýar.
  • ösümlik ekstraktly şampun: kömelejiklere we bakteriýalara garşy ulanylýan ösümlik ekstraktlary girýär.

Bejergi şampunlary şikeslenen saçyň gurluşyny dikeltmäge ukyplydyr. Olaryň düzüminde allergiýanyň döremegine sebäp bolup biljek konserwantlar, reňkler we beýleki zyýanly maddalar ýokdur.

Seboreýany bejermekde  düzümi kükürt-salisilli melhem, salisilli, bor turşulykly, rezorsinli, kükürtli losýon, A, E we F witaminli krem hem ulanylýar.

Seboreýany bejermekde fitoterapiýa (derman ösümlikler bilen bejermek) giňden ulanylýar. Bu usul ösümliklere allergiýasy bar bolan adamlar üçin ulanylmaýar.

Oblepihanyň sykylyp alnan suwunyň 1/3 mukdaryna  zeýtun ýagyny garyp, suw hammamynda 30 minut gyzdyrmaly, bir gije goýup, saçyň köklerine siňdirip çalmaly. Oblepihanyň düzümindäki witaminler derini we saçlary iýmitlendirerler. Bu melhemi gury seboreýada ulanmak maslahat berilýär.

Pižmanyň gülleriniň 100 g 10 minut 3 litr suwda suw hammamynda gyzdyrmaly, bir gije geçensoň, ýyladyp, kelläňizi ýuwmaly. Onuň dezinfesirleýji täsiri bardyr. Bu emi ýagly seboreýada ulanmak maslahat berilýär.

Mundan başga-da, çopantelpek, dyrnakgüllüler derini dezinfesirlemek üçin giňden ulanylýar. Sogany we sarymsagy ezip, kelläňize siňdirip çalmaly. Bu melhem kesel ýaýradyjy ýokançlyklary ýok edýär we gan aýlanyşy gowulandyrýar.

Seboreýadan saplananyňyzdan soň, keselli bolan döwrüňizde ulanan daraklaryňyzy, ýaglyklaryňyzy we kelläňize geýýän beýleki zatlaryňyzy ulanmaň ýa-da olary mazaly dezinfesirläň.

Lukmanyň bellän bejergisini alanyňyzdan soň, deriňiziň ýagdaýy has gowulaşyp, goňak aýrylar. Umumy berkidiji emler we sagdyn iýmitlenme bolsa goňagyň täzeden döremegine ýol bermez.

  • 9894 gezek okalan