Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KOLLAGEN SUPLEMENTI DERIŇI GOWULANDYRYP BILÝÄRMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

kollagen suplementiKollagen bedenimizde iň köp möçberde saklanýan belokdyr. Ol derimizi çeýe we berk saklaýar. Emma ýaşymyz gaýdyşdygyça ol kollageniň hem hili we mukdary azalýar. Bu meselä kä adamlar suplementlerden jogap gözleýärler.

Häzirki döwürde, esasan-da internet dünýäsinde kollagen suplementleriniň saglyga we gözellige peýdalary barada maglumatlar köpeldi. Bu maglumatlar ylma esaslanýarmy?

Teoriýa

Bedendäki iň köp mukdarly belok bolan kollagen deride, saçlarda, dyrnakda, siňirlerde, damarlarda, kekirdewükde we süňklerde saklanýar. Ol derimiziň çeýe we dykyz saklanmagyna kömek edýär, myşsalarymyza we bogunlarymyza güýç berýär. Emma 20 ýaşlaryň içinde bedeniň öndürýän kollageniniň mukdary we hili peselip ugraýar.

Ultramelewşe şöhleleri, çilim çekmek we daşky gurşawy hapalaýjy maddalar kollageniň azalmagyny tizleşdirip bilýärler. Bu faktorlar ýok bolaýanda-da, garramaklygyň özi hem kollageniň düşmegine alyp barýar. Şonuň üçin köp adam kollagen suplementlerini ulanyp başlaýar.

Kollagen suplementleri adatça iki görnüşde bolýar:

1. Gidrolizlenen kollagen peptidleri aminokislotalaryň kiçi zynjyrlaryna bölünen kollagenlerdir. Olar balyk, iri şahly mallar, doňuz ýa-da towuk ýaly haýwan çeşmelerinden alynýar. Köplenç deri, saç we bogun saglygyny berkitmek üçin ulanylýan suplementleriň düzüminde bu görnüşli kollagen saklanýar. Bu agyzdan kabul edilenden soňra, garyn-içege ýollary arkaly bedene siňdirilýär we bedeniň kollagen ýetmeýän ýerlerine barýar diýlip düşünilýär.

2. Ikinji görnüşli (II tipli) kollageniň zynjyrlary bölünmedik bolýar we ol towuklardan alynýar. Kekirdewüklerde saklanýan kollageniň agramly bölegi II tipli kollagendir. Muny saklaýan suplementler bogunlary gowulandyrmak üçin ulanylýar. Bu kollagen immun ulgamyny alawlamany peseldýän himiki habarçylary öndürmäge iterýär.

Ylym näme diýýär?

Käbir ylmy barlaglar kollagen suplementleriniň deri saglygyna ýaramly täsir edýändigini görkezdi. Meselem, 2021-nji ýylda 19 dürli ylmy barlagyň meta-derňewine görä, kollagen suplementlerini içýän adamlaryň deri çyglylygy, çeýeligi we ýygyrtlarynyň azlygy suplement içmeýänler bilen deňeşdireniňde has üstün çykypdyr. Emma welin, alymlar bu ylmy barlaglaryň hiliniň pesdigini we suplement industriýasy tarapyndan maliýeleşdirilendigini ýatladýarlar.

"Ýokary hilli we industriýa tarapyndan maliýeleşdirilmedik ylmy barlaglar kollagen suplementleriniň saglyga üýtgeşik peýdasynyň bardygyny görkezmeýärler" diýip, Garward Lukmançylyk Mekdebinde dermotologiýa boýunça kömekçi professor Dr. Maryanne Senna belleýär.

Kollagen suplementleriniň bogun saglygyna täsirleri barada hem hünärmenler şol bir zady aýdýarlar. Olaryň peýdalydygyny diňe industriýanyň maliýeleşdiren barlaglary nygtaýar, başga barlaglar welin uly täsiriniň bardygyny tapyp bilmeýärler. Hünärmenler entek anyk bir zat aýdyp bolmaýandygyny nygtap, bu ugurdan has ýokary hilli we garaşsyz ylmy synaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.

Gepiň tümmek ýeri

Eger kollagen suplementlerini deriň durkuny gowulandyrmak üçin içýän bolsaň, kömegi degip biler, emma onuň dogrudan hem kömek etjegine güwä geçmäge ýeterlik deliliň ýokdugyny hünärmenler ýatladýarlar.

Emma, deri saglygyna oňaýly täsir edýändigi ylmy barlaglar bilen delillendirilen başga zatlar bar:

↪ Gün kremlerini we beýleki günden goraýjy zatlary ulanmak;

↪ Retinol ýaly A witamin esasly önümler hem kollageniň bölünip çykmasyna ýaramly täsir edýärler;

↪ Deriňi nemlendirip saklamak;

↪ Gök-önümlere, miwelere, maňyzlara we çigitlere baý bolan iýmitleri iýmek;

↪ Alkogoldan, çilimden daş durmak;

↪ Ýeterlik uky almak;

↪ Ýeterlik hereket etmek we sport bilen meşgullanmak.

Iň gowy ýeri hem, bu durmuşy endikler diňe bir deriňi däl, eýsem umumy bedeniňi sagdyn saklamak üçin örän netijelidir.

Çeşme

  • 38 gezek okalan