Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN BOTOKSA ISLEG BILDIRÝÄN ÝAŞLAR ARTÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

botoks nameDiňe ABŞ-nyň özünde 2019-njy ýyldan soňra 70 ýaşdan aşakda botoks etdirýänleriň sany 70%-den hem köpeldi. Ýaş adamlar bolsa, indi botoks ukollaryny entek ýüzlerinde ýygyrt döremänka alyp başlaýarlar. Ýörite ýaşlara niýetlenen az mukdarly botoks dozalaryny köp ýurtlarda ýaşlar 18 ýaşdan alyp başlap bilýärler. Botoksyň meşhurlyk gazanmagynyň esasy sebäpleri bolsa pandemiýada hemmeleriň ekranlaryň öňünde has köp wagt geçirmegi we sosial mediýada öňe sürülýän gözellik medeniýeti bilen düşündirilýär.

Botoks näme?

Botoks (botox) A tipli botulin toksininiň brend ady bolup, şpris bilen bedene goýberilýän neýrotoksindir (beýleki käbir brend atlary: Dysport, Xeomin we Jeuveau). Ol muskullara barýan nerw signallaryna böwet bolup, olaryň ýokarsyndaky derini wagtlaýynça ýylmaýar. Derini çeýe saklaýan kollagen atly belok 20 ýaşlarymyzyň içinde azalyp başlaýar, emma hünärmenleriň aýtmagyna görä, 20 ýaşlarda ýüze çykýan ýygyrtlara we gartaşma alamatlaryna esasan genetika hem-de günüň zyýanly şöhleleri sebäp bolýarlar.

"Botoks halky" (Botox Nation) kitabynyň awtory Dana Berowitz ýaşlaryň arasynda botoksa görkezilýän gyzyklanmanyň birden ýokarlanmagyny COVID pandemiýasy bilen baglanyşdyrýar. Ol döwürde adamlar, şol sanda ýaşlar hem, wagtlarynyň ep-esli bölegini ekranyň öňünde geçirip başladylar we bu olaryň öz ýüzlerini has timarlanan onlaýn ýüzler bilen deňeşdirmesini hem möwjetdi. Sosial mediýada meşhur ýyldyzlardyr influenserleriň kosmetik proseduralary aç-açan taryplamagy hem munuň adaty bir zada öwrülmegine goşant goşdy. Garramaýan gözellik status simwolyna öwrüldi, ýagny ýaşlygyňy saklamak bilen özüňe sahylyk bilen pul harçlap bilýändigiňi görkezýärsiň.

Şeýle-de, gözelligiň durmuşda mümkinçilikleriňi artdyrýandygyny hünärmenler we ylmy barlaglar belleýärler. Meselem, daşky görnüşiň özüne çekiji bolmagy okuwda has gowy bahalar, işde has uly wezipeler, hatda kanuny işlerde hem has üstünlikli netijeler bilen baglanyşdyrylýar. Hatda hassahana işgärleri tarapyndan gelşikli saýylýan bäbekler hem has ýygy göterilýärler. Şeýle jemgyýetçilik kadalary öz gezeginde köp ýaşlaryň görmegeýlige ymtylmagyna alyp barýar.

Bahasy we töwekgelçilikleri

Botoks ukollary arzan däl. ABŞ-da ýigrimi ýaşlaryndaky pasiýentler her ukol üçin birnäçe ýüz dollar töleýärler we ýylda 2-3 gezek alýarlar. Ýaşyň ulalmagy netijesinde dozanyň artdyrylmagy bahany hem barha artdyrýar we bir yzygiderli botoks etdirýän adam ömrüniň dowamynda oňa onlarça müň dollarlary sarp etmeli bolýar.

Botoksyň howply gaýraüzülmeleri seýrek bolup, olar adatça ýasama önümi ulanmak ýa-da önümi nädogry ulanmak bilen baglanyşdyrylýar. Emma ekspertler uzak wagtlap ulanylýan botoksyň 2 görnüşli howpuna üns çekýärler:

↪ Wagtyň geçmegi bilen beden botoksa garşy göreşmäni öwrenip, botoksyň täsir etmezligine eltip bilýär.

↪ Yzygiderli ýokary dozalarda ulanylýan botoks muskullary ýygryp bilýär we netijede ýüz ýaş görünmäge derek sallanyp başlaýar.

Şeýle howplary azaltmak üçin örän ukyply professionallary saýlamak maslahat berilýär. Meselem, ABŞ-da şahadatnamasy bolan islendik lukman, hatda diş lukmanlary hem ýörite okuwyny geçmezden kosmetik ukollary sanjyp bilýärler. Şonuň üçin-de, hünärmenler hüşgärligi elden bermän, diňe tejribeli professionallara, esasan-da plastiki hirurglara we dermatologlara ýüz tutmagy maslahat berýärler.

Ýene bir möhüm tarapy: botoksyň täsiri wagtlaýyn bolýar we ony hemişe etdirmek üçin oňa tölemäge taýýar bolmaly bolýarsyň. Botoks almagy bes etdigiň ýygyrtlaryň hem yzyna dolanýarlar. Şonuň üçin botoks ömürlik abuna ýazgysyna hem meňzedilýär.

Botoks etdirýänler ondan hoşalmy?

Botoksy göwnüne ýaramaýan bir ýeriniň görnüşini kämilleşdirmek üçin etdirýän adamlar onuň netijesinden örän hoşaldyklaryny aýdýarlar. Emma welin, kosmetik proseduralaryň adamyň özüne bolan ynamyny ýa-da durmuş hilini ösdürýändigini tassyklaýan ýeterlik barlaglar ýok. Depressiýa ýaly psihiki bozulmalary başdan geçirýänlere bolsa, botoksdan öňürti psihiki saglyga gönükdirilen bejergileri almak has peýdaly çözgüt hasaplanylýar.

Çeşme

  • 7 gezek okalan