Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝUKALYP BAŞLAN SAÇY NÄDIP HALAS ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1

yukalyp baslan sacDuýduryş: Saçyňy ýognaltmak ýa-da çalt ösdürmek üçin suplment içmek aňsat çözgüt ýaly görnüp biler, emma käbir minerallary ýa-da witaminleri aşa kabul etmek saç düşmesini beterleşdirip biler.

Saçlary düşüp ýa-da ýukalyp başlanda, köpler nireden kömek sorajagyny bilmeýärler. Olar köplenç:

↪ Saçlarynyň stilini üýtgetmek arkaly meseläni gizlemäge synanyşýarlar;

↪ Saç ösdürmegi wada berýän önümleri satyn alýarlar;

↪ Saç ösdürmäge niýetlenen suplmentleri we witaminleri kabul edýärler;

↪ Käbirleri şampuny az ulanyp başlaýarlar.

Emma, bu usullar köplenç kanagatlanarly netije bermeýärler we meseläniň düýp sebäbini öwrenmäge we çözmäge kömek etmeýärler. Eger saçyň ýukalmaga başlan bolsa, hünärmenler aşaky maslahatlary berýärler:

1. Tejribeli dermatolog bilen görüş. Saç düşmesiniň ençeme sebäbi bolup bilýär. Sen öz meseläň sebäbini näçe çalt öwrenseň, onuň çözgüdini hem şonça çalt agtaryp bilersiň. Dermatolog seniň deriňe, saçlaryňa we dyrnaklaryňa täsir edýän keselleri anyklamak we bejermek ugrundan ýokary hünärli lukmandyr. Ol meseläniň düýp sebäbini tapyp we köp ýagdaýlarda saç düşmesini ussatlyk bilen bejerip bilýär.

2. Saçlaryňy emaý bilen ýuw we ýumşadyjy ulan. Ýukalyp ýa-da düşüp başlan saç ejiz we aňsat zeper ýetegen bolýar. Şonuň üçin, saçlaryňy ýuwanyňda güýçli bolmadyk, näzik we ýumşak şampun bilen ýuw we şampundan soňra saç ýumşadyjy serişdeleri (kondisioner) ulan. Saç ýumşadyjylaryň ilki saça çalnyp, soňra ýuwlup aýrylýan görnüşleri hem bolýar, saçyňy ýuwanyňdan soň çalnyp goýulýan görnüşleri hem bar. Olar saçyň tarlaryny bölünmekden we uçlaryny ýarylmakdan goraýarlar. Şeýle-de, saçyňy fen bilen guratmankaň ony polotensä dolap, suwuny siňdirseň saçyňa fenden geljek zeperi azaldarsyň.

3. Gyzgyn ýaglardan uzak dur. Gyzgyn ýaglary öz içine alýan saç maskalary saçlary gyzdyryp, ejiz saçyň ýagdaýyny beterleşdirip bilýär.

4. Öýde saç boýamakdan, buýralamakdan (perming), himikatlar bilen tekizlemekden we saçyň tebigy halyny üýtgetmekden saklan. Eger bulary etmek isleýän bolsaň, ol hyzmatlary professional hünärmenleriň hödürleýän salonlaryna ýüz tut. Olar kelläňi we saçlaryňy derňäp, seniň üçin iň laýyk önümleri saýlap bilerler.

5. Saçlaryň şeklini üýtgetmek üçin ulanylýan gyzgyn ütükleri we daraklary ulanmagyňy çäklendir. Olaryň hem çykarýan gyzgynlygy saçlara ýakmaýar. Olary seýrek ýagdaýlarda, diňe zerur bolanda ulanmak maslahat berilýär.

6. Feniň sazlamalaryny iň pese düşür. Mümkin bolsa saçlaryňy howa we polotense bilen gurat. Eger fen ulanmaly bolsaň, onuň tizligini we gyzgynlygyny iň pesinde goý.

7. Saçlaryňy çekdirip bogmakdan ýa-da örmekden saklan. Saçlaryň yzygiderli çekdirip oňarylmagy olaryň düýbüni gowşadyp, wagtyň geçmegi bilen saçlaryň düşmesine eltip bilýär.

8. Saçlaryňy barmaklaryň ujuna dolamak ýa-da çekmek endigiňi taşla. Beýle endikler ejizlän saçlary goşmaça strese salýar.

9. Saçlaryňy usul bilen we diňe geregiçe dara.

10. Çilim çekýän bolsaň, çilimi taşla. Çilim çekmek bütin bedende alawlama sebäp bolup, saçyň düşmesini ýaramazlaşdyryp bilýär.

11. Sagdyn iýmitlen. Eger-de nädogry iýmitlenmek arkaly demir ýa-da belok ýaly käbir möhüm ýokumlary ýeterlik kabul etmeýän bolsaň, ol saç ýukalmasyna eltip bilýär.

12. Her gün bedeniň talap edýäninden has az kaloriýa kabul etmek hem saç düşmesine sebäp bolup bilýär.

13. Saçy ösdürýän ýa-da ýognaldýan suplementleri satyn almazdan öňürti, gan barlagynyň üsti bilen bedeniňdäki witaminleriň we minerallaryň derejelerini öwren.

Ýokary bilimli we tejribeli dermatolog bilen maslahatlaşmak arkaly, saç meseläňe düýpleýin düşünip we özüňe laýyk bejergi görnüşini seçip bilersiň.

Çeşme

  • 13 gezek okalan