Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HAL: KOSMETIK KEMÇILIGIMI ÝA-DA HOWPLY ALAMAT?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (20 Ses)

Bedeniň dürli ýerlerinde ýerleşýän hallar ( oňa "meň, nar, täç" hem diýilýär) adamlaryň ählisinde diýen ýaly duş gelýär. Ýaňy doglan çaganyň bedenindäki, ýüzündäki hallar hiç birimiz üçin geň hadysa däl. Şol hallara ýanap, çagalara Hally, Nartäç, Meňli ýaly atlar dakylýar. Eýsem, çaganyň bedenindäki hallary görüp, aladalanmak  gerekmikä?

Newuslar (hallar) derini emele getirýän bir ýa-da birnäçe gatlaklaryň öýjükleriniň  çendenaşa ösmegi netijesinde emele gelýän üýtgeşmelerdir. Belli bolşy ýaly, deri ýokarky gatlak hasaplanylýan epidermisden (deri üsti), saç haltajyklaryny, gan we limfa damarlaryny, ýag, der mäzlerini, nerw süýümleriniň uçlaryny saklaýan dermadan  hem-de deriasty ýag gatlagyndan ybaratdyr. Newuslar (hallar) deriniň her bir gatlagyndan döräp bilýändir.

Emele gelen dokumasyna baglylykda, newuslaryň  melanin (pigmently) öýjüklerinden, deriniň öz gatlaklaryndan, gan damarlardan gelip çykýan görnüşleri tapawutlandyrylýar. Her bir görnüşde newuslaryň 20-30 dürlüsi bolýar. Şeýlelikde, olaryň 100-den hem köp görnüşlerini bellemek bolýar. Elbetde, olaryň ählisi barada gürrüň etmegiň geregi ýok. Biz newuslaryň iň giň ýaýran görnüşleri barada gürrüň ederis.

NEWUSLAR KÖPDÜRLÜDIR…

Newuslaryň melanin öýjüklerinden hem-de dokumasyndan döreýän  görnüşleri adamy günüň ultramelewşe şöhleleriniň agdyklygyndan goraýan we deriniň ýakymly reňkli bolmagyny üpjün edýän melanin pigmentinden ybarat melanosit dokumalaryndan durýar. Pigmentasiýanyň bozulmalarynda melanositler deriniň bir ýerinde toplanýarlar ýa-da onuň belli-belli ýerlerine ýaýraýarlar. Elbetde, şol ýerler deriniň beýleki ýerlerinden tapawutlanyp,  gararak ýa-da agyrak görünýär. Şeýle newuslary pigment tegmilleri diýlip  atlandyrýarlar. Şeýle tegmilleriň reňkiniň goýulygy melaniniň deride ýerleşişiniň çuňlugyna bagly. Pigment tegmilleri açyk mawydan gara reňke çenli bolýar. Hallar köplenç goňur reňklidir. Olar oglanlarda-da, gyzlarda-da, ýaňy dünýä inen çagalarda-da döräp bilýär. Hallar ömrüň dowamynda hem emele gelýär.
Adamyň bedeninde birnäçe ýa-da ýüzlerçe halyň bolmagy mümkin. Olaryň ululygy has ownuklardan 15-20 santimetre çenli ýetýändir. Hallar agyryly bolmaýar, gyzarmaýar we çişmeýär. Olar örän ýumşak ýa-da has dykyz bolýar. Örän uly pigment newusy ýaňy doglan çagalarda duş gelýär. Ol bedeniň iki tarapynda ýa-da bir tarapynda simmetriki ýerleşýär. Äpet newus uly meýdany eýeleýär. Ol köplenç tüý bilen örtülen bolýar. Şol sebäpli oňa pigment-tüýli newus hem diýilýär.

Newuslaryň ýene bir görnüşi bolan mawy (gök) newus bäbeklik döwründe döräp bilýär. Onuň ululygy 0,5-2 sm ýetýär. Reňkniň  çalymtyl-mawy ýa-da gök bolýanlygy sebäpli, oňa mawy newus diýilýär. Ol köplenç adamyň ýüzünde, elinde, käte bedeninde emele gelýär. Halo-newus (ýunan dilinde "halos" – çyzmyk aýlawy, obodok) -pigment newusynyň ýene  bir görnüşidir. Ol köplenç ömrüň dowamynda, käte bäbeklik döwründe hem döräp bilýär. Halo-newus süýri ýa-da tegelek düwün görnüşli, goýy goňur reňkde bolýar. Onuň diametri 2-5 mm ýetýär. Halo-newusyň töweregindäki deri bolegi ýasy, ak reňkli bolýar. Newusyň bu görnüşi bedende ýa-da onuň ýokarky böleginde emele gelýär.

Mongol tegmili – gögümtil gyzyl, goýy gök, garamtyl gök ýa-da goňur reňkli ýasy tegmildir. Bu tegmil türre töwereginde, ýanbaşda, käte buduň daş tarapynda ýerleşýär. Mongol tegmili afrika we aziýa halklaryna degişli adamlarda (duş gelme ýagdaýlaryň 90%-de), käte ýewropa halklaryna degişli adamlarda hem duş gelýär. Kä halatlarda newusyň bu görnüşi 7 ýaşa çenli öz-özünden ýitip gidýär.

Gemangioma näme?

Gan damarlaryndan emele gelýän newuslara gemangioma diýilýär. Olar gyzlarda, oglanlar bilen deňeşdirilende 2-3 esse ýygy duş gelýär. Gemangiomalar pigment hallaryndan tapawutlylykda, deriniň has çuň gatlagynda emele gelýärler. Olaryň emele gelmegine diňe gan damarlary däl-de, nerw süýümleriniň ahyrlary hem gatnaşýar. Şonuň  üçinem, gemangiomalaryň käbir görnüşleri biraz agyryly ýa-da aşa duýgur bolýar. Gemangioma çaga enesiniň göwresindekä emele gelýär. Onuň ululygy birnäçe inedördül millimetrden 100 inedördül santimetre ýetýär. Gemangiomanyň reňki gülgün, goýy gyzyl ýa-da gyrmyzy bolýar. Onuň örän köp görnüşleri bolup, biz olaryň birnäçesi barada gürrüň ederis.

Tekiz gemangiomalar – gülgün, gyzyl-melewşe reňkli, iň ownuk damarlardan (kapillýarlardan) ybarat, biraz galyp duran ýüzleý ýerleşýän  tegmillerdir. Gemangiomanyň bu görnüşi bar bolan gemangiomalaryň 96%-ni tutýar. Olaryň ululygy we şekili dürli-dürli bolýar.

Ýyldyz görnüşli gemangiomany köplenç çagalaryň ýüzünde we boýnunda görmek bolýar. Ownuk arterial damarlar ýyldyz şekilli bolup, lagyl reňkli nokatdan ýaýraýarlar. Çaga 2 ýaşanda, ýyldyz şekilli gemangioma öz-özünden ýitip gidýär.

Öýjük-öýjükli gemangioma ýumşak, goňras öwüşginli gögümtil-gyzyl reňkli, ýyly bolýar.Ol büdür-südür bolup, deriniň ýüzünde pökgerip durýar. Öýjük-öýjük gemangioma deriniň çuň gatlaklarynda ýerleşipbilýär. Şol sebäpli ol deriniň reňkinde hem bolup bilýär. Gemangiomanyň bu görnüşi birleşdiriji dokuma bilen araçäklendirilen gandan doly boşluklardan ybarat. Adatça ol uly möçberli bolýar, köplenç adamyň ýüzünde, kelläniň saç örtükli ýerinde, käte el-aýakda, ýanbaşda, agyz boşlugynyň nemli örtüginde döreýär. Ol agyryly bolup bilýär. Biraz basylyp görlende, sorkuldaýar. Bu görnüşli gemangiomalaryň käbiri ömrüň dowamynda kiçelýär, käte ýok bolup gidýär, emma käbiri  hirurgiki bejergini talap edýändir.

Zemlýanika gemangiomasy köplenç çaganyň ýüzünde döreýär. Ol ýiti gyzyl reňkli, aýdyň araçäkli, tekiz görnüşli bolýar. Zemlýanika gemangiomasy 70% ýagdaýlarda 7  ýaşa çenli ýitip gidýär.

Bejergi zerur bolsa...

Gemangiomany bejermek, möhleti we bejeriş usullaryny saýlap almak onkolog- lukman tarapyndan kesgitlenilýär. Onuň geljek netijesi gemangiomanyň görnüşine, ölçegine, ösüş tizligine (ulalýan bolsa), çaganyň umumy ýagdaýyna bagly bolup biler. Uly bolmadyk gemangiomalar hirurgiki usul arkaly, aňsatlyk bilen tutuşlaýyn aýrylýar. Adamyň ýüzündäki we uly ölçegli angiomalar hirurgiki däl usullar bilen bejerilýär: pes gyzgynlygyň täsirini ýetirmek, giňelen damar boşluklarynyň daralmagyna ýardam berýän belli-belli himiki maddalary pürkmek. Lazer şöhleleri bilen bejermek usuly hem ulanylýar. Sowugyň täsiri (krioterapiýa) bedeniň açyk ýerlerindäki ýüzleý gemangiomalary bejermekde ulanylýar. Krioterapiýadan soň, doňdurylan ýerde sowuklama hadysasy bolup geçýär. Ol 7-12 günden aýrylyp gidýär. Şol bir wagtda-da gabyk gopýar we täze dokuma örtügi emele gelýär. Şeýle usul bilen gemangiomalaryň 93%-ni  bejerip bolýar.

Umuman aýdylanda, gemangiomalar ulalmasa ýa-da gurluşyny üýtgetmese, çaga 2 ýaşaýança bejerilmeýär we asla howply bolmaýar.

Emma käte olar sindromlaryň (alamatlaryň toplumy) biri bolup bilýär. Sindromlar, belli bolşy ýaly, nesilden nesle geçýär. Ýaňy doglan çaganyň bedeninde hallar däl-de, olara menses wagtlaýyn emele gelmeleriň bolup bilýändigini bilmelidir:

► Toksik ekzantemada – deriniň uly bolmadyk bölekleri gyzarýar. Olary ilkinji 48 sagadyň dowamynda görmek bolýar. Wagtyň geçmegi bilen olar ýitip gidýär.

► Teleangiektaziýa – köplenç fiziologiki hadysa bolup, burnuň gapdallarynda, kelläniň saç örtükli böleginde, boýnuň arka tarapynda, gabaklarda, dodaklarda ýerleşýän gyzylymtyl-gök tegmiller görnüşindäki embrional damarlaryň rudiment galyndylarydyr. Olar adatça, çaga 1,5 ýaşanda  ýitip gidýär we bejergini talap etmeýär.

► Medial tegmiller – ýaňy doglan çagalarda ýygy duş gelýär. Olar maňlaýyň ortasynda, burnuň gapdallarynda, gabaklarda we ýeňsede ýerleşýän, deriniň derejesinden saýlanyp çykmaýan, solak gülgüne reňkli tegmillerdir. Ol tegmiller bäbek asuda ýatyrka, asla görünmeýär. Çaga aglanda, medial tegmilleri aýdyň görünýär. Angiomanyň bu görnüşi tekiz gemangioma meňzedilýär. Çaganyň ýüzündäki medial tegmiller çaga 10-12 aýlyk bolanda ýitip gidýär.

Bu howplumyka?

Adamlaryň köpüsinde bar bolan kiçiräk pigment tegmiller (ýakallar) ownuk kosmetiki kemçilik hasaplanylýar. Olar howpsuzdyr. Emma ýakallar 5-10 mm ölçegli bolsa, günüň şöhlelerinden gaça durmalydyr. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, pigment tegmilleri melanositleriň toplanmagyndan emele gelýär. Gemangiomalar hem öz howpsuzlygyna garamazdan, pigment tegmilleri ýaly ultramelewşe şöhlelerinden goralmalydyr. Gün şöhleleriň derejesiniň  ýokarlanmagy, howpsuz täze döremeleriň howplulara (melanoma) öwrülmegine sebäp bolýar.

Ünsli boluň!

Çaganyň  bedeninde islendik täze döreme gören ene-ata barlag üçin  hökman onkolog-lukmana ýüzlenmelidir. Bar bolan hallara gözegçilik etmek üçin aşakdaky alamatlara üns bermelidir:

1. Halyň merkezinden hyýaly dik çyzyk geçiriň. Hallar iki deň bölege bölünmelidir. Asimmetriýa ýagdaýy howply alamatdyr.

2. Hallaryň gyrasyna serediň – olar howply döremelere öwrülende gyralary kertik-kertik bolýar.

3. Hallaryň reňkini üýtgetmeýänligine üns beriň. Olar hiç hili nokatjyklary, çyzyklary saklamaly däldir.

4. Has uly hallaryň ululygyna gözegçilik edip, olary ölçäň. Alan maglumatyňyzy belläp alyň.

5. Ululygynyň, reňkiniň, görnüşiniň üýtgemelerine ünsli boluň. Hal ganjaryp ýa-da agyryp başlasa, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

Ene çaganyň bedenindäki hallary, tegmilleri gyjyndyrýan, biynjalyk edýän egin-eşikleri geýdirmeli däldir. Bäbege rahat eşik geýdirip, nah arlyklary ulanmalydyr. Hallary gün şöhleleriniň täsirinden eşigiň, gün şöhlelerinden oňat goraýan papaklaryň, saýawanlaryň, äýnekleriň kömegi bilen gorap saklamalydyr. Hallary dyrmalamakdan, eşik bilen gysmakdan gaça duruň.

  • 7160 gezek okalan