Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜZÜŇ DERISI BARADA ALADA ETMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (53 Ses)

"Gül ýüzüni ol kylsa piş, aý-gün ondan uýalar,

Bag içine girse, meger, şuglasyndan gül solar"

Magtymguly

 

Islendik halkyň edebiýatynda zenan ýüzüniň görki, onuň nuranalygy giňden wasp edilýär. Dogrudan-da, zenan ýüzüniň görki muňa mynasypdyr. Emma, gynansak-da, wagtyň geçmegi bilen, ýaşyň ötüşip başlamagy bilen, zenan ýüzüniň derisi öz ýylmanaklygyny, terligini ýitirip başlaýar. Ýüzüň derisiniň terligini, çeýeligini mümkin boldugyndan uzak saklamak üçin, hünärmenler şu aşakdaky ýapgylary ulanmagy maslahat berýärler.

Gaýmakdan taýýarlanylan ýapgylar

2 n.ç. gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny garyň-da, 1 ç.ç. käşir suwuny goşuň. Bu garyndyny ýüzüňize çalyp, 20 min saklaň.  Soňra ýüzüňizi mylaýym suwa durlaň.

Ýumurtganyň sarysyndan taýýarlanylan ýapgy

1 ýumurtganyň sarysyny ösümlik ýagynyň 1/2 n.ç-ni garyň-da, ýüzüňize çalyň. 15 minutdan bu ýapgyny mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.

Süle ýarmasyndan taýýarlanylan ýapgy.

Süle ýarmasyny üwäň ýa-da gabyň içinde külke edip owradyň. Bu külkäni 1 ýumurtganyň sarysy bilen garyň. Bu garyndyny çalmazdan ozal, ýüzüňizi oňat ýuwuň ýa-da losyon bilen süpüriň. Arassalanan ýüzüňize taýýarlanaylan garyndyny çalyň-da, rahatlanyň. Ýapgynyň täsir edýän wagty 15-20 min. Ýapgyny öl esgi ýa-da pamyk bilen süpürip aýryň. Ony hepde-de 2-3 gezek ulanmak bolýar.

Ýumurtganyň agy bilen ary balyndan taýýarlanylan ýapgy

Ary balynyň 1 n.ç eredip, oňa 1 n.ç. bugdaý ununy goşuň. Soňra ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçä bulap, ony şol ary balyna garyň. Bu ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 min saklaň. Soňra ony gury pamyk bölegi bilen süpürip aýryň. Bu ýapgy ýüzüň derisini kuwwatlandyrýar.   

Şeýle-de derisi ýagly ýa-da gurak bolan ýüz üçin ýörite ýapgylar bar.

Derisi ýagly bolan ýüz üçin niýetlenen ýapgylar

Eger ýüzüňiziň derisi ýagly bolsa, ertirine we agşamyna mylaýyp suwa sabynlap ýuwuň. Ýuwanyňyzdan soňra ýüzüňizi losyon bilen süpüriň. Ýüzüňizi hepdede bir gezek buga tutsaňyz-da bolýar. Munuň üçin çopantelpek, narpyz ýaly derman otlaryny demläp, şonuň buguna ýüzüňizi tutuň.

Ýumurtganyň agy we limon şiresinden taýýarlanylan ýapgy

Ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçä garyň-da, oňa limon şiresiniň 1 ç.ç. goşuň. Bu ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 min saklaň. Soňra ony mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.

Ýagly derini gurakladýan ýapgy

Krahmaly 5-%-li bor turşulygy bilen garyň (1 n.ç. krahmal + 5 g bor turşulygy + ½ bulgur suw). Bu ýapgyny pamyk bölejigi bilen ýüzüňize çalyp, 10-15 min. saklaň. Soňra ony mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.   

Käşirden taýýarlanylýan ýapgy

Uly we suwly käşiri ownuk gyrgyçdan geçiriň. Soňra oňa talk (lukmançylykda  ulanylýan, açyk reňkli ýumşak toz) garyň-da, ýüzüňize çalyň. Ýapgyny 15-20 min. saklap, mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.

Hy‎ýardan taýýarlanylan ýapgy

Hyýary ownuk gyrgyçdan geçirip, ýumurtganyň agy bilen garyň-da, ýüzüňize çalyň. Ýapgyny 20-30 min saklap, mylaýym suw bilen ýuwup aýryň. 

Derisi gurak bolan ýüz üçin niýetlenen ýapgylar

Ýüzüňiziň derisi gurak bolsa, ony 14 günüň dowamynda bir gezek süýt garylan mylaýym suwa ýuwmak maslahat berilýär. 

Ýagly ýapgylar

Bu ýapgy üçin islendik ösümlik ýagy we hasa bölegi gerekdir. Hasany 2-3 gat epläp, gözüňiz, burnuňyz we agzyňyz üçin deşikleri gyrkyp aýryň, soňra bu hasany mylaýym gyzdyrylan ýaga eziň-de, ony ýüzüňize ýapyň. Hasany 10-15 minutdan aýryp, ýüzüňizi losyon bilen süpüriň.

Ýumurtganyň sarysyndan, baldan we ýagdan taýýarlanylan ýapgy

Ýumurtganyň sarysyny 1 ç.ç. bal we 1 n.ç. ösümlik ýagy bilen garyň. Limon suwunyň birnäçe damjasyny garsaňyz-da bolýar. Bu ýapgyny ýüzüňize çalyp, 15-20 min saklap, mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.

Ýüzüň derisini kuwwatlandyrýan ýapgy

Almany gyrgyçdan geçirip, 1 n.ç. gaýmak bilen garyň-da, ýüzüňize çalyň. Ýapgyny 15-20 min saklap, mylaýym suw bilen ýuwuň.

Bal bilen süýtden taýýarlanylan ýapgy

1 ç.ç baly agarýança bulap, oňa biraz süýt garyň. Bu ýapgyny ýüzüňize çalyp, 10-15 min saklaň. Soňra ony mylaýym suw bilen ýuwup aýryň. 

Derisi kadaly bolan ýüz üçin niýetlenen ýapgylar

Kelemden taýýarlanylan ýapgy

Ýüzüňizi arassalap, duza ýatyrylan kelemi ýapgy hökmünde ýüzüňize goýuň 15-20 minutdan ony sowuk suw bilen ýuwup aýryň. Bu ýapgynyň beýleki ady — "Pariž zenany”. Ol ýüzüň derisiniň terlenmegine we ýaş görünmegine ýardam berýär.

Ýüzüň ýadawlygyny aýyrýan ýapgy

Gözüňiziň töweregindäki deriniň ter bolmagy we ýadawlygyny aýyrmak üçin ýer almasynyň (kartoşkanyň) dilkaw kesilen bölejiklerini gözüňiziň gabaklaryna goýuň. Şu halda 5-10 rahat ýatyň. 

Derisi öýjük-öýjük bolan ýüz üçin ýapgy

Çowdary çöregini mylaýym suwda eziň-de, emele gelen süläni ýüzüňize çalyň. Bu ýapgyny 15-20 min saklap, sowuk suw bilen ýuwup aýryň. Bu ýapynyň täsiri diýseň güýçlüdir.

Nemlendiriji ýapgy

Dorogdan (tworog) taýýarlanylan ýapgy ýüzüň derisini oňat nemlendirýär. Dorogyň 1 n.ç-ne 1 n.ç. süýt ýa-da gaýmak garyň. Muňa 1 ç.ç bal goşsaň-da bolýar. Ýapgyny 10-15 saklap, suw bilen ýuwup aýryň. 

Ýüze gasyn düşmekden goraýan ýapgy

1 ýer almasyny ownuk gyrgyçdan geçirip, oňa biraz duz, 1 ç.ç. gaýmak ýa-da gatyk garyň-da, ýüzüňize çalyň. Ýapgyny çalyp, ony 15-20 min saklaň. Soňra mylaýym suw bilen ýuwup aýryň.

Ulanylan WEB Salgy

  • 19343 gezek okalan