Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GARRYLYGA TAÝYNLANYŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (22 Ses)

1-nji oktýabr – ýaşuly adamlaryň Halkara günidir.

Adam öz durmuşynyň tamamlanyp barýanyna haçan göz ýetirýärkä? 60 ýaşdamy ýa-da 70-de? Bizde "Kyrkdan soň – pyrk" diýen düşünje hem bar. Otuzdan biraz alyp ugranymyzda biz entek wagtymyzyň bardygyny bilýäris we köp durmuşy işlere ýetişjekdigimize ynamymyz bar. Ýöne ýetişmek wajypdyr. Biz öz ýaşlygymyzy näçe manyly, peýdaly geçirdigimizçe, şonçada bize eşretli we gaýgysyz garrylyk garaşýandyr.

Şu ýerde we häzir

Adamyň sagdyn garramagynyň esasynda onuň durmuşa bolan garaýşy ýatýandyr. Biz öz durmuşymyzyň heýkeltaraşy bolup, her kabul edýän çözgüdimiz, durmuşda edýän her saýlawymyz bizi garrylygyň iki görnüşiniň birine alyp barýandyr: şatlykly we taply ýa-da tapsyz we ýalňyzlyga gurşalan.

Şonuň üçin hem häzirden pikirlenme gerekdir – biz öz islegimize görä ýaşaýarysmy? Eger sizde häzir bagtlylyk, durmuşdan kanagatlanma bolmasa, geljekde olary nireden alyp bolar? Eger sende häzir kanagatlanma bolmasa, ýene on ýyldan hemme zat üýtgäp bilermi?

Durmuşda köp gezek biz özümizi isleglerden we arzuwlardan mahrum edýäris. Her gün işe edýän işimizi halamaýan bolsak hem, "nätjek, işlemelidä" diýen pikir bilen barýarys. Öz ýanýoldaşymyzyň gylyk-häsiýetinden ejir çekip ýaşaýan bolsak hem, oňa "kysmat işi" diýip çydama bilen bolýarys... Käwagtlar çagalary bilen düşünişmezlik, adamyny ömrüniň dowamynda ejir çekmäge mejbur edýär.

Bagtsyz, dünýä närazylyk bildirýän garrylyk durmuşdan kanagatsyzlanmakdan, öz-özüňden we öz tejribäňden göwnüň geçmegi netijesinde emele gelýändir.

Eger adam geçen durmuş ýoluna seredip, hemme maksatlaryny amala aşyrma bilen manyly ömri ýaşandygyna göz ýetirse, oňa garaşýan ölümi mynasyp durmuşyň soňy höküminde kabul edip biler. Eger ol öz durmuşynyň manysyz we maksatsyz geçip, onuň köp ýalňyşlyklardan we şowsuzlyklardan düzülendigine göz ýetirse, lapykeçlik we gorky döräp biler.

Täze durmuş

Garrylyk – durmuşyň seni "ýasaýşy" ýaly ýaşamaly wagtydyr. Gartaşanlyk döwründen soň hiç hili kämilleşme döwri ýokdur we adam öz durmuşy jemlemelerini yza süýşürmäge wagt hem tapmaýar.

Başga tarapdan bolsa, hormatly dynç alyşa ugradylma erkin bir güňişlige çykan ýaly hadysadyr. Adamda iş bilen baglanşykly wagt ýetmezçiligi we gadaganlyklar bolmaýar we ol öz boş wagtyny özüçe ulanmaga mümkinçilik alýar: özüni kämilleşdirýär, köp söhbetdeş bolýar, dynç alýar, täze gyzyklanmalar döreýär.

Garrylygy bagtyýar, gowy şertli, gyzykly we manyly geçirmek üçin hem taýynlanmalydyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, onýyllyklardan soň özüňi bagtly we jemgyýete gerekli duýmak üçin 50 ýaşdan taýynlygy başlamalydyr.

Näme etmeli?

► Zähmet çekmegiň tamamlanmagyna özüňi taýynlamaly: özüňi maddy süýşürmeler bilen üpjün etmeli, nepagada wagtyň we güýjüň näme maksatlara sarp ediljegini kesgitlemeli (maşgala, gyzyklanmalar, özüňi kämilleşdirme).

► Psihologiki jähtden saglygyň ýitirilip, bedeniň tapsyzlanmagyna taýyn bolmaly. Garrylyga köp beden keselleri we tapsyzlyk, ýarawsyzlyk bilen gadam basmaz ýaly, saglygyňyzy ýaşlykdan goramaga başarmalydyr.

► Ýalňyzlykda galmaz ýaly, adamlar bilen bar bolan gatnaşyklaryňyzy goraň we täze tanşlyklary açyň.

Sen ýalňyz däl!

Ýalňyzlyk – garrylyk döwrüniň iň howply duýgusydyr. Bir tarapdan ýaşuly adam daşyndaky adamlardan daşlaşýanyny, ýalňyzlygyny duýsa, başga tarapdan başgalardan çekilip, öz "dünýäsini" goramaga ymtylýar.

Şonuň üçin hem häzirden söhbetdeş bolar ýaly dostlary gözläň. Olar sizi sosial gurşawdan daşlaşman, özüňizi gerekli, sylanýan duýmaga kömek edip biler. Bu ugurda ýaşuly adamynyň ýaşaýan maşgalasy we çagalary, agtyklary uly we bahasyna ýetip bolmajak kömegi we goldawy ýetirip bilerler.

Baky juwanlygyň syry

Asyrlar boýy adam baky juwan galmagyň syrlaryny gözläp, ony bir eýýäm tapandygyny hem duýmandyr. Hemişe ýaş bolup galmak üçin, hemişe döwre görä ýaşamaly we kämilleşmeli. Täze tehniki özgerişleri öwrenmäge çemeleşmeli, täze ugurlara we düşünjelere düşünmäge çalyşmaly.

Adam garranda täze, nätanyş hadysalar bilen gyzyklanmalardan galýar. Eger adam irden täze açyşlary etmäge we täzelikleri öwrenmäge höwesli bolup oýansa – ol hemişe juwanlygyna galar.

  • 1446 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. genius.boy.tm

genius.boy.tm@gmail.com

 
  1. Okyjy

Ýerlikli ýazylan makala. Hasam biziň türkmenlerimiz üçin. Makalany okap, bir üşmeleňde bolan söhbetdeşlik ýadyma düşdi. Köpçülikde orta ýaşdan geçen okuwly, düşünjeli adamdan bu günler näme bilen meşgullanýaň diýip soralanda, garrylyga...

Ýerlikli ýazylan makala. Hasam biziň türkmenlerimiz üçin. Makalany okap, bir üşmeleňde bolan söhbetdeşlik ýadyma düşdi. Köpçülikde orta ýaşdan geçen okuwly, düşünjeli adamdan bu günler näme bilen meşgullanýaň diýip soralanda, garrylyga taýýarlanýan diýip, jogap berdi. Oturanlaryň hemmesi heýem garrylyga taýýarlanmaly bolarmy, gelmeli wagtynda özi gelerdä diýip, ýaňsa alyp gülüşdiler. Biziň köpümiz, esasanam ýaşlykda hiç wagt garramajak ýaly onuň pikirini hem edemizok. Bu dünýäniň geldi geçerliginden habarymyz ýok...

Dowamy
 
  1. eziz

kä wagytlar meni bir zat binjalykdan gacyrÿar. Bu gorky ÿüregimi çalt urdyryp epesli ruhdan düsirÿä iñ soñky duralga cenli ÿatlaÿan. Durmys gaty täsin ÿene öz aladasy bilen ÿatdan cykartÿa.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location