• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • “ŞÜKÜR, ENEM-ATAM DIRI” – OLARYŇ DIŇE DIRILIGI ÝETERLIKMI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

“ŞÜKÜR, ENEM-ATAM DIRI” – OLARYŇ DIŇE DIRILIGI ÝETERLIKMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Halkara gartasan adamlar guni1-nji Oktýabr – Gartaşan Adamlaryň Halkara Güni

Gartaşan adamlar kimler? Dünýäniň köp böleginde adamlar 60-65 ýaşlarynda pensiýa çykýarlar we bu döwür garrylygyň başy hasaplanylýar. Käbir milletlerde bolsa, garrylyk belli bir ýaşda däl-de, biologik we fiziki taýdan tapdan düşüp başlanyňda başlanýar. Häzirki wagtda, Birleşen Milletler Guramasyna görä “gartaşan adamyň” anyk kesgitlemesi ýok, emma BMG 60 ýaşdan geçenleri gartaşanlar diýip kabul etmeklige ylalaşdy.

Dünýäde gartaşan adamlaryň sany ýyl geçdigiçe artýar. 2050-nji ýyla çenli olaryň 1.5 milliarda ýetmegine garaşylýar. Gartaşan adamlaryň iň köp ýeri gündogar we günorta Aziýa bolup, olar Russiýanyň tutuş ilatynyň 15%, Gazagystanyň 8%, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň 5% düzýärler.  

Ýakynda çap edilen ylmy-barlaglara görä, dünýäde gartaşan adamlar üçin iň gowy ýurtlaryň başyny Finlandiýa, Daniýa we Niderlandiýa çekýär; Garrylar üçin iň ýaramaz ýurtlar bolsa, Yrak, Kenýa we Ukrainadyr. Gartaşan raýatlara gowy seredilýän ýurtlarda garrylar:

↪ Jemgyýete goşant goşýarlar we wagtlaryny hoş hem önjeýli geçirýärler;

↪ Ýokary hilli saglyk we abadançylyk hyzmatlaryny kabul edýärler;

↪ Maddy taýdan gurply bolýarlar;

↪ Ýaş nesil bilen netijeli aragatnaşyk edýärler.

BMG ähli ýurtlary gartaşan adamlaryň uzak ýaşamagyny gazanmaga, durmuşynyň oňat hilli, köpugurly, gyzykly, kanagatlanarly bolmagyny üpjün etmäge çagyrýar.  

Mähriban okyjy, sen Türkmenistanda gartaşan adamlaryň ýagdaýy barada nähili pikir edýärsiň? Biziň jemgyýetimizde adam haçan özüni "gartaşan" saýyp başlaýar?

  • 513 gezek okalan