• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • GARRYLYK DÖWRÜŇ AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GARRYLYK DÖWRÜŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (26 Ses)

Garrylyk adam ömrüniň bir döwrüdir.  Adamyň ýaşy ulaldygyça, garrylyk hem şoňa görä ýakynlaşýar. Elbetde bu biologiki prosessdir. Ýöne garyllyga, garramaklyga  bolan garaýyş her bir adamda aýry-aýry bolýar.

Garry ýa-da gartaşan adamlaryň jemgyýet üçin peýdalydygy ýa-da  olaryň  gerekmejek ýükdigi baradaky jedelleriň çözgüdini alymlar, lukmanlar, şahyrlar, pelsepeçiler tapmaga synanyşýardylar. Pikirler dürli-dürlüdi. Käbiri garrylygy adam ömrüniň ajaýyp, kämil bir döwri hasaplasalar, beýlekiler oňa sustupeslik bilen garaýardylar.

Garrylyk döwrüniň iň janköýer tarapdary Rim syýasatçysy we pelsepeçisi Mark Tuliý Siserondy. Biziň e.ö. 44-nji ýylda ol "Garrylyk barada" diýen gepleşigini  ýazýar. Bu işinde Siseron garrylygy öwýär we ony ussatlyk bilen wasp edýär. Siseronyň aýtmagyna görä, garry ýa-da gartaşan adamlar jemgyýet üçin iň gymmatly adamlardyr. Ol garrylyga ýaramaz garaýan adamlaryň şu esasy pikirlerine, günäkärlemelerine garşy çykýar:

  1. Garrylyk adamyň jemgyýetçilik durmuşyna päsgel berýär.
  2. Ol ýany bilen fiziki gowşaklygy we dürli keselleri alyp gelýär.
  3. Ölümiň ýakynlaşmagyndan gorkyny döredýär.

Siseronyň pikirine görä, paýhasly garry özüniň durmuş tejribesine guwanýar, olary ýaşlara öwretmäge çalyşýar.

I asyrda ýaşap geçen Seneka bolsa garrylaryň özleriniň gereklidigini duýmagyny örän wajyp hasaplapdyr. Onuň aýtmagyna görä, adam ömri dowamlylygy bilen däl-de, many-mazmunlylygy bilen gymmatlydyr.

Gerontolog I. Dawydowskiý tejribäni we paýhasy wagtyň funksiýasy hasaplaýar. Olar uly adamyň artykmaçlygydyr. Gerontologiýa ylmy üçin "ömre ýyl goşmak" däl-de "ýyllara ömür goşmak" has ähmiýetlidir.

Emma gadymy ýazyjylaryň arasynda garrylygy adam ömrüniň gamgyn, gyzyksyz bir döwri ýaly suratlandyrypdyrlar.

Garrylyk dogrudan hem birgiden psihologiki kynçylyklary döredýär. Garrylyk isleseň-islemeseň "hiç bir iş etmän oturmagyň" döwri hasaplanylýar. Köpler üçin bu örän agyr bolýar. Garraýan adam ömrüni "öňki" we "soňky" döwre bölýär, olary deňeşdirip ýaşaýar. Bu ýagdaý hem garry adamyň içki dünýäsine belli derejede täsir edýär. Ol özüni töwerekdäkilere gerekli duýmagy isleýär.

Sagdyn ruhly garrylar bar bolan  tanyşlary, ýakynlary bilen aragatnaşyk saklamagy dowam edýärler. Bu esasanan garry aýallara degişlidir, sebäbi olaryň ýaşaýyş gatnaşyklary erkeklere garanda has giň bolýar.

Emosional taýdan durnuksyz garrylar, göwnüne ýaşlar olaryň üstünden güljek ýaly, özleri olara ýük boljak ýaly duýgulary başyndan geçirýärler. Elbetde, şeýle pikirler garrynyň adamlara goşulman ýaşamak isleýändiginiň esasy sebäbidir.

Bedeniň fiziki taýdan garramagyna päsgel berip bolmaýar. Emma garramagy az-kem haýallatmak bolsa mümkindir.

Käte adam öz  hakyky ýaşyndan has uly ýa-da ýaş görünýär. Şol sebäpli hem "biologik ýaş" diýen düşünje girizildi. Adatça adamda garrylygyň alamatlary 60 ýaşda aýdyň ýüze çykyp başlaýar. 60-dan 70 ýaşa çenli adam  gartaşan hasaplanylýar. Hakyky garrylyk bolsa adam bedeni ösmegini bes edenden soň başlanýar. Garry adamlaryň eşidişi, görşi, ys almak ukyby peselýär. Olaryň  psihiki işjeňligi hem pese düşýär. Olar emosional taýdan örän gowşak bolýar. Gartaşan adam durmuşdaky bolup geçýän özgertmelerden howatyrlanýar, ol hemişe öwüt-nesihat bermegi endik edinýär. Öz-özüne erk edip bilmezlik bolsa  garrylary gaharjaň, agressiw ýa-da sustupes, sähel zada aglap duran edýär. Olar örän aladaçyl bolýar. Ujypsyzja zatlara aşa gynanýarlar ýa-da aşa begenýärler. Olaryň bolşy käte lälik çaganyň bolşuna meňzeýär.

Gartaşan adamlaryň ýaşaýşyny durmuş we psihologik sebäpler hem kynlaşdyrýar. Uzak ýyllaryň dowamynda işläp pensiýa çykan adamyň durmuş endikleri üýtgeýär, ol özüni dereksiz hasaplaýar, ýekesireýär. Ol maddy taýdan hem özüni arkaýyn duýmaýar. Esasan hem bu ýagdaý ýeke bir iş bilen meşgullanyp bilýän adamlarda has ýiti duýulýar. Döredijilikli, köp ugurly bilimi bolan adamlar bolsa öz gowy görýän işleri bilen meşgullanmaga köp wagtyň boljakdygyna begenýärler.

W. Gize garry adamlary garrylyga bolan garaýyş boýunça üç topara bölýär:

  1. Özünde garrylygyň alamatlarynyň bardygyny boýun almaýanlar- ruhyçökgün-garry
  2. Garraýandygyny boýun alýan we daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara syn edip baha berýänler
  3. Garraýandygyna gorky bilen garaýanlar

Gartaşan ýa-da garry adam özüni köplenç keselli hasaplaýar. Ýöne köplenç olaryň "keselleri" ýekesiremekden döreýär. Hut şol sebäpli hem bu ýaşdaky adamlaryň ruhy ýagdaýyna  uly üns bermeli. Maşgalanyň ýaş agzalary garrylaryň ýanynda köpräk bolmaly, olar bilen gürrüňdeş bolmaly, aýdýan zatlaryny sabyrlylyk bilen diňlejek bolmaly. Ýakynlary goldaw berseler, garryny ýeke goýmasalar, onuň ýaşaýyşa bolan höwesini artdyrjak bolup jan etseler, garrynyň saglyk ýagdaýy has gowulaşýar.

Garry adamlar üçin  hiç bir zat etmän oturmagyň hem peýdasy ýokdur. Elbetde agyr işleri ýerine ýetirmek gartaşan adamlara aňsat düşmeýär. Emma ýeňil-ýelpaý işler welin garra ýakymly bolar. Garry adam öz eden işinden lezzet alar, öz gereklidigini duýar we töweregindäkilere kömek eder. Şeýle edilse, garry adam pensiýa çykmagy ömrüniň ahyry ýaly kabul etmän, durmuşynyň bir bölegi ýaly kabul eder.

Adam garranda, onuň ýanynda çagalary, agtyklary ýaşaýar. Elbetde olar garra özboluşly şatlyk getirýär. Ýöne garry adamyň öz deň-duşlary bilen görüşmegi, gürrüňdeş bolmagy halaýandygyny unutmaly däldir. Mümkin bolsa, onuň göwnüni tapmak üçin, onuň gowy görýän adamlaryny myhmançylyga çagyryň, olar bilen özüňiz hem gürrüňdeş boluň, gowy hezzet-hormat edip, garryny begendiriň. Ol öz myhmanlarynyň ýanynda özüni has oňaýly duýar, size-de buýsanar.

Adatça garry adamlar uzak möhletleýin meýilnamalary  göz öňünde tutmaýarlar. Garrylyk döwründe adam geljege däl-de geçmişe we şu gününe bil baglaýar.

Syrkaw garrylar barada aýdylanda hem olaryň psihologik aýratynlyklary barada unutmaly däldir. Sanjym edilende ýa-da derman içmeli bolanda, olar käte ynjyk bolýarlar. Şonda garra seredýän adam örän sabyrly bolmaga çalyşmalydyr, dermanlary kabul etmegiň zerurlygyny sypaýyçylyk bilen düşündirmelidir. Garry adamlara özbaşdak suwa düşünmek hem kyn bolýar. Olary wagtly-wagtynda suwa  düşündirmegi ýatdan çykarmaň.

Garry adamlaryň iýmitini oýlanyşykly taýýarlamaly. Hereketleriň azalýandygy sebäpli, garry adamlaryň köplenç içi ýöremeýär. Şol sebäpli hem olara süýt önümlerini, ir-iýmişleri (alma, garaly), kişmiş, kişde ýaly önümleri iýdirmeli. Mümkinçilik bolanda, garry adam bilen pyýada gezelenç etmeli.

Adam näçe ýaşynda bolsa-da, onuň göwni garramaýar. Şonuň üçin garrylara  ýagty, owadan egin-eşikleri geýdirmegi hem endik ediniň. Garry näsaga oňat gözegçilik edilse we bejergi geçirilse,  olaryň agyr keselleri  geçirenleriniň  hem ýagdaýlary gowulaşýar, durmuşa, ýaşaýyşa bolan höwesi artýar.

Garry adamlaryň biziň kömegimize mätäçdigini her birimiz bilmelidiris. Olara elimizden gelen kömegi etmeli, olaryň bize gerekdigini her pursatda bildirmeli. "Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek" diýip hem ýöne ýere aýdylan däldir. Garrylary görenimizde, özümiziň hem garrajakdygymyzy unutman, olara rehimli, mährem garalyň, olara ýaşlygymyzyň  bir bölegini bagyş edeliň.

  • 5951 gezek okalan