• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • ABŞ-DAKY ALSGEÝMER NÄSAGLARY ÜÇIN AÝYLGANÇ HAKYKAT

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ABŞ-DAKY ALSGEÝMER NÄSAGLARY ÜÇIN AÝYLGANÇ HAKYKAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

alsgeymer hakykat↪ 2050-nji ýyla çenli ABŞ-da 65 we ondan uly ýaşly Alsgeýmer demensiýaly adamlaryň sanynyň 12,7 milliona ýetmegine garaşylýar.

↪ Gartaşan adamlaryň üçden biri Alsgeýmerden ýa-da demensiýanyň başga görnüşinden ölýär.

↪ Demensiýa jemgyýete iň gymmat düşýän keselleriň biridir. Alsgeýmer ýa demensiýanyň beýleki görnüşleri bilen ýaşaýan adamlara lukmançylyk kömegini we uzak möhletli bejergileri bermek möhüm. 2020-nji ýylda Alsgeýmer we beýleki demensiýa keselli adamlaryň ýakynlarynyň olara kömek etmek üçin çykaran çykdajysy $256,7 milliarda deň boldy.

↪ 2021-nji ýylda Alsgeýmerli we başga görnüşli demensiýaly adamlaryň ideginiň ýurda $355 milliard dollara düşmegine garaşylýar. Bu görkezijä syrkawyň ýakynlarynyň kömek üçin çykarmaly bolýan $256,7 milliard dollary girmeýär.

Alsgeýmer keselleriň iň gorkunjy bolsa gerek. Bu kesel adama özüniň kimdigini unutdyrýar we adamlar bilen gatnaşyklaryna zeper ýetirýär. Munuň häzire çenli bejergisi ýa emi tapylmady. Alsgeýmerli adamlar ençeme ýyl ömür sürüp bilýärler we olara ýöriteleşdirilen ýa-da gije-gündiz ideg etmek üçin ummasyz pul gerek bolýar. Kesel ahyrynda gutulgysyzlyga, ýagny 100% ölüme eltýär.

Alsgeýmer millionlarça amerikanla we olaryň maşgalalaryna täsir edip gelýär. Ýakynda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasynyň (FDA) soňky onýyllykda Alsgeýmere garşy tassyklan ilkinji dermany ("Aduhelm") bellige almagy köpleriň rahatlygyny bozdy.

FDA öz ylmy geňeşçileri dermanyň ujypsyz peýdasyndan töwekgelçilikleriniň has uludygyny belläp, garşylyk görkezseler-de Aduhelmi tassyklady. FDA indi garaşsyz derňewçileri tassyklama işini täzeden seljermäge çagyrdy. ABŞ-da 65 ýaşdan ulular üçin döwlet saglyk ätiýaçlandyryş programmasy Medicare "Aduhelm" dermanyny üpjün etmegi ýa-da etmezligi we onuň kimlere berilmelidigini kesgitlemek üçin birnäçe aýlyk prosese başlady. Ençeme hususy saglyk ätiýaçlandyryş guramalary Aduhelmiň täsirliligi barada subutnamanyň azlygy zerarly ony üpjün etmejekdiklerini aýdýarlar. Geçen hepde ABŞ-nyň iň görnükli hassahana ulgamlarynyň ikisi bolan Cleveland Clinic we Mount Sinai şol bir sebäbe görä Aduhelmi ulanmajakdyklaryny aýtdylar.

Alsgeýmer Assosiasiýasynyň 2021-nji ýyldaky hasabaty Alsgeýmere sebäp bolýan onlarça faktory belleýär: ýaşyň gidişmegi (iň esasy faktor), nesil yzarlama (esasy faktor bolup biler, ýöne takyk däl), ýürek-damar keselleri we iýmitleniş. Bilim derejesi we jemgyýetçilik işjeňligi hem goşant goşup biler.

Koronar arteriýanyň ýürek keseliniň bir görnüşi bolşy ýaly, Alsgeýmer hem beýni keseliniň bir görnüşidir. Şeýle hem, Alsgeýmer wagtyň geçmegi bilen juda erbetleşýän progressiw keseldir. Alsgeýmeriň alamatlary, kesel doly ýüze çykmanka, 20 ýyl ýa-da ondanam öň döräp başlaýar diýlip çaklanylýar. Bularyň hemmesi beýnide adamyň özüne bildirmeýän üýteşmeleriň bolup geçmeginden başlanýar. Diňe beýnidäki üýtgeşmeler ençe ýyl dowam edeninden soň, adam ýadyň ýitmesi we gürleme kynçylyklary ýaly alamatlary başdan geçirip başlaýar. Onuň simptomlary beýniniň pikirlenmek, öwrenmek we ýatlamak (kognitiw funksiýa) bilen bagly böleklerindäki nerw öýjükleri (neýronlar) zeperlenende ýa-da bozulanda döreýär. Keseliň has güýjemegi bilen beýniniň beýleki böleklerindäki neýronlar hem zeperlenýär ýa-da bozulýar. Soňabaka, beýniniň ýöremek we ýuwutmak ýaly esasy beden funksiýalaryna jogapkär böleklerindäki neýronlar zeperlenýär. Şeýlelikde, alsgeýmerliler düşekde ýatan hassa öwrülýärler we gije-gündiz idege mätäç bolýarlar. Alsgeýmer keseli iň soňunda ölüme eltýär.

Alsgeýmer keselimi ýa demensiýa?

Alsgeýmer bilen demensiýanyň tapawudy näme? Demensiýa belli bir simptomlar topary üçin umumy adalgadyr. Demensiýanyň simptomlaryna adamyň ýatkeşlik, gürlemek, mesele çözmek we pikirlenmek ýaly, gündelik işleri berjaý etmek ukyplaryny ýitirmegi degişlidir. Demensiýanyň döremeginiň ençeme sebäbi bar. Alsgeýmer keseli demensiýanyň iň köp ýaýran sebäbidir. Alsgeýmer keseli zerarly ýüze çykandygy bilinýän ýa-da güman edilýän demensiýa "Alsgeýmeriň demensiýasy" diýilýär.

Alsgeýmer demensiýasynyň anyklanylyşy

Alsgeýmer sebäpli döreýän demensiýany anyklaýan ýekeje test ýokdur. Muňa derek lukmanlar (köplenç newrologlar, newropsihologlar, geriatr lukmanlary we geriatrik psihiatrlar) diagnoz goýmak üçin dürli çemeleşmeleri we gurallary ulanýarlar.

Alsgeýmer demensiýasynyň bejerilişi

Häzirki wagtda elýeter bolan bejergileriň we dermanlaryň hijisi Alsgeýmere sebäp bolýan we ölüme eltýän neýronlaryň zeperlenmegini we bozulmagyny haýalladyp ýa-da duruzyp bilmeýär.

Alsgeýmeriň demensiýasynyň nädip hötdesinden gelip bolar?

Geçirilen barlaglar Alsgeýmeri we beýleki demensiýa kesellerini işjeň dolandyrmagyň şol kesellerden ejir çekýänleriň we olara ideg edýänleriň durmuş hilini ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi.

Işjeň dolandyryş çäreleri:

↪ Bar bolan bejeriş usullaryny ýerlikli ulanmak.

↪ Elýeterli bolan şertleri netijeli dolandyrmak.

↪ Alsgeýmerli adamlara ideg edýän maşgala agzalaryna netijeli okuw bermek.

↪ Lukmanlaryň, saglyk işgärleriniň we idegçileriň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek.

↪ Demensiýaly adamlary ýaşaýşa many we höwes berýän çärelere gatnaşdyrmak.

↪ Beýleki demensiýaly adamlar bilen aragatnaşyk etmek mümkinçiligini döretmek. (Meselem, goldaw beriji toparlar we hyzmatlar).

↪ Kesel barada bilimiňi artdyrmak.

↪ Geljek üçin taýýarlyk görmek.

Alsgeýmer keseli, bu kesel bilen ýaşamak we ondan ejir çekýäne ideg etmek barada goşmaça maglumatlary alz.org sahypasyndan öwrenip bilersiňiz.

Çeşme:

2021 ALZHEIMER’S DISEASE FACTS AND FIGURES

The harrowing new reality for Alzheimer’s patients

  • 869 gezek okalan