• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • ATA, ENE, BABA, MAMA, HAL-AHWALYŇYZ NÄHILI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ATA, ENE, BABA, MAMA, HAL-AHWALYŇYZ NÄHILI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gartasan yalnyzlykBSGG ýakynda jemgyýetçilik saglygyny we kanunlaryny aladalandyrýan hem-de COVID-19 pandemiýasynyň gelmegi bilen has-da ýitileşen mesele bolan gartaşan adamlaryň arasyndaky ýalňyzlyk we sosial üzňelik barada maglumat çap etdi. Bu maglumatda gartaşan adamlaryň arasyndaky ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň göwrümi, täsiri, zyýanlary we olara görüp boljak çäreler hakynda bellenilip geçilýär.

↪ Gartaşan adamlaryň arasynda sosial üzňelik we ýalňyzlyk barha ýaýbaňlaşýar. COVID-19 pandemiýasy bu meseläni has-da wajyplaşdyrdy.

↪ Sosial üzňelik we ýalňyzlyk zyýanlydyr. Bular gartaşan adamlaryň ömrüni gysgaldyp, olaryň psihiki we fiziki saglygyny hem-de durmuş hilini ýaramazlaşdyrýarlar.

↪ Garrylykda ýeke we ýalňyz ýaşamak dürli ölüm-howply keselleriň döreme töwekgelçiligini artdyrýar: ýürek-damar keselleri, beýnä gan inme, diabet, kognitiw ukyplaryň peselmegi, demensiýa, depressiýa, ynjalyksyzlyk we suisid.

Emma muňa birnäçe çözgüt bar:

↪ Ýüzbe-ýüz ýa-da wirtual (sanly), telefon arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny gurnamak. Meselem, kognitiw özüňi alyp baryş terapiýasy, sosial ukyplaryň türgenleşigi ýa-da dostlaşyklar.

↪ Infrastrukturany (transport, sanly inklýuziýa, emeli gurşawlar we ş.m.) ösdürmek we ähli ýaşdaky adamlar üçin oňaýly bolan ýaşaýyş ýerlerini döretmek.

↪ Kanunlaryň we düzgünleriň üsti bilen, ýaşa garşy diskriminasiýa, deňsizlige we sanly tehnologiýa elýeterligindäki deňsizlige garşy çäreler görmek.

Sosial üzňelik we ýalňyzlyk aýry ýöne baglanyşykly düşünjelerdir. "Ýalňyzlyk" yzaly subýektiw duýgy bolup, durmuşdaky sosial aragatnaşyklar islegdäki bilen gabat gelmese döreýär. "Sosial üzňelik" obýektiw ýagdaý bolup, birnäçe adamlyk maşgalaňdan ýa-da dost-joraňdan daşary başgalar bilen örän az we seýrek aragatnaşyk etmekdir. Käbir ylmy barlaglar sosial üzňelik bilen ýalňyzlygyň arasynda örän gowşak arabaglanyşyk tapdylar: sosial taýdan üzňe adamlar hökman ýalňyz bolmaýar ýa-da ýalňyz adamlar köpçülikden üzňe bolmaýar. Adamyň özüni nähili derejede ýalňyz duýýandygy onuň adam gatnaşyklaryna hem şahsy garaýşyna hem medeniýetiniň garaýyşlaryna bagly bolýar.

Çeşme

Surat: NYtimes

  • 92 gezek okalan