• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • DEMENSIÝALY ADAMLARA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DEMENSIÝALY ADAMLARA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

demensiyaDemensiýany nädip saýgarmaly?

Bütin dünýäde 50 million töweregi demensiýaly adam bar. Demensiýanyň iň köp ýaýran görnüşlerine Alsgeýmer keseli, damar demensiýasy we Lewi bedenli demensiýa (nerw öýjükleriniň içinde emele gelýän adaty bolmadyk belok goşulmalary) degişli.

Demensiýa iň köp sebäp bolýan ýagdaý Alsgeýmer keselidir. Meselem, Şazada Çarlz, Margaret Tetçer, Şon Konneri ýaly meşhur şahsyýetlerde hem Alsgeýmer keseli bar. Dünýäde häzire çenli bu keseliň bejergisi tapylmady. Medisinanyň kömegi bilen demensiýadan ejir çekýäniň diňe simptomlaryny ýeňilleşdirip we keseliň ösüşini haýalladyp bolýar.

Nädip döreýär?

Beýni öýjükleriniň zeperlenmegi demensiýanyň esasy sebäbidir. Newrokognitiw bozulmalary bolan adamlaryň kognitiw ukyplarynyň ýaramazlaşmagynyň sebäbi barada birnäçe teoriýalar bolsa-da, ylmy subutnamalar entek ýok.

Beýniniň dürli bölekleri huşa, pikirlere we hereketlere jogap berýär. Şol sebäpli, demensiýanyň simptomlary beýniniň haýsy bölegindäki öýjüklere zeper ýetendigine baglydyr. Meselem: Alsgeýmer keseli, beýniniň öwrenmek we ýatlamak funksiýasyny ýerine ýetirýän gippokampom bölegini zeperleýär.

Alamatlary nähili?

Demensiýanyň alamatlary haýal ýüze çykýar we kem-kemden erbetleşýär. Bu kesele ýoluganlarda dürli simptomlar bolýar, ýöne käbirler has köp duş gelýär. Olardan:

Gürlemek we ýazmak kynçylyklary. Demensiýaly adamlarda gündelik durmuşda gürrüňleşmek ýa ýazmak ýaly kynçylyklar ýüze çykyp biler. Mysal üçin, üç sekunt öň aýdan sözüni ýa-da söhbetdeşiniň paýlaşan maglumatyny ýatdan çykarmagy mümkin. Şeýle-de, ýazuwda orfografiýa, dyngy belgiler we grammatika taýdan kynçylyk çekmegi ahmal.

Huşsuzlyk. Demensiýaly adam geçmişiniň jikme-jiklerini ýada salyp biler, ýöne ertirlikde näme iýenligini aýdyp bilmeýär. Käbirleri işleýän ugry boýunça adalgalary we temalary unudýar.

Gündelik endikleriň ýitmegi. Demensiýaly adam öýüniň salgysyny, jaňlara nädip jogap bermelidigini ýa-da sagat batareýasyny nähili çalyşmalydygyny ýatdan çykaryp biler. Bu keselliler belli bir tertibe eýermekde kynçylyk çekýärler. Meselem, nahar bişirilişiniň yzygiderliligini unudyp ýa-da töleg mukdaryny aňşyrman biler.

Wagty we ýeri bulaşdyrmak. Demensiýa adamyň wagty saýgarma ukybyny peseldýär. Netijede, näsagyň nirededigini we haýsy ýyldadygyny unutmagy ahmal.

Aragatnaşyk saklamaga höwessizlik. Demensiýadan ejir çekýäniň öýde ýa işde başgalar bilen gürleşmek islegi ýitýär. Näsagyň köplenç dymmagy ýa-da oňa ýüzlenseler-de üns bermezligi mümkin.

Keýpiň we häsiýetiň tiz üýtgemegi. Demensiýaly adamda gaharjaňlyk, sustupeslik ýa gorky ýaly duýgular ýygy-ýygydan döräp, keýpi tiz üýtgäp biler.

Demensiýanyň bejergisi barmy?

Demensiýa sebäp bolýan ýagdaýlaryň bejergisi ýok. Keseliň alamatlarynyň aglabasy wagtyň geçmegi bilen has güýjäp, erbetleşýär. Emma, käbir bejergiler demensiýanyň ötüşmesini haýallatmaga ýa simptomlary azaltmaga kömek edip biler. Kesele haýsy görnüşli bejergi almalydygyny bilmek üçin onuň düýp sebäbini anyklamaly.

Donepezil, riwastigmin ýa galantamin ýaly dermanlar ýeňil we orta derejeli Alsgeýmer näsaglarynyň huşuny we ünsüni wagtlaýyn gowulandyryp biler. Kesel has ötüşen bolsa, lukman näsagyň ünsüni artdyrmak we käbir simptomlary ýeňilleşdirmek üçin memantin berip biler.

Ýokary gan basyş, ýokary holesterin, süýji we ýürek keselleri damar demensiýasyna sebäp bolýar. Demensiýanyň ähli görnüşlerinde howpsuzlyk çäreleri görülmeli we goldaw bejergisi alynmaly.

Demensiýaly adama nähili ýardam etmeli?

Demensiýanyň başlangyç döwründe näsag özbaşdak galyp biler. Şeýle-de bolsa, keseliň ösmegi bilen ideg zerurlygy artar, hatda gije-gündiz idegiň zerur bolmagy mümkin.

Demensiýaly adama ideg bermegiň görnüşleri:

Kognitiw ideg. Bu hassanyň pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek we bolup geçýän zatlary aňşyryşyny güýçlendirmek üçin berilýär. Kognitiw ideg keseliň irki döwürlerinde oňyn täsir etse-de, bu täsir ujypsyz we gysga wagtlaýyndyr. Idegiň dowamynda näsaga sylag görkezmek we onuň wagtyny ýakymly geçirmesini gazanmak möhümdir. Beýniniň işjeňligini artdyrmak üçin maşklary şu ýerden okap bilersiňiz.

Daş-töwerege uýgunlaşdyryjy ideg. Demensiýaly adamlar täze gurşawa, daş-töweregindäki üýtgeşmelere öwrenişmekde kynçylyk çekýärler. Şol sebäpli, daşky gurşawy näsagyň mümkinçiliklerine, çäklendirmelerine we howpsuzlygyna laýyk getirmek möhümdir. Meselem, demensiýaly adamyň gezmelemek endigi bar bolsa, oňa ýöremäge çykanda ýoldaş bolup bolar. Eger näsag ýeke ýöremegi halaýan bolsa, oňa uzagrakdan seresaplylyk bilen gözegçilik etmeli.

Lezzet berme idegi. Bu näsagyň häsiýetine, öňki endiklerine we ýagdaýyna baglylykda onda ýakymly duýgulary oýarmak üçin edilmeli. Mysal üçin, aýdym-saz terapiýasy, owkalama we ş.m. Aýdym-saz terapiýasynyň maşklarynyň wideosyny şu ýerden tapyp bilersiňiz.

Ýakynlaryňyz demensiýaly bolsa näme etmeli?

↪ Gündelik işleri ýatda saklatmaga synanyşmaň, onuň deregine bellikler ýazyň. Meselem, ýatladyjy bellikleri ýazmak üçin senenama ýa käbir zatlary habar bermek üçin depderçe tutup bilersiňiz.

↪ Zerur zatlaryň ählisini – açarlary, äýnekleri, gapjyklary – elýeterli edip, hemişe bir ýerde goýuň.

↪ Maşgalaňyzdakylaryň we ýakynlaryňyzyň telefon belgileri ýaly möhüm nomerleri ýazyp, göze ilýän ýerde goýuň.

↪ "Gazyň öçürilendigini barlamaly!", "Gapynyň gulplanandygyny barlamaly!" ýaly juda wajyp hereketleri ýatladýan bellikleri degişli ýerlere ýelmeşdiriň.

↪ Näsagyň uzak möhletli ýadyny ösdürip, onuň özüne bolan ynamyny artdyryň. Meselem, albomlarda suratlary tertiplemek, dürli taryhy wakalar barada maglumat gözlemek ýa-da gazet okamak ýaly endikler muňa kömek edip biler.

↪ Demensiýaly adamy utandyrman, sylaşykly we mylakatly gürleşiň. "Seresap bol!", "Ýene ýatdan çykardyň-da!" ýaly "çekindiriji" reaksiýalary görkezmäň. Mundan başga-da, "Meniň adym ýadyňa düşýärmi?", "Hany, adymy ýatlajak bol, pylan harp bilen başlanýar" diýip sorap, näsagyň ýadyny barlajak bolmakdan saklanyň.

Çeşme

  • 201 gezek okalan