• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • ÝAŞULY GARYNDAŞLARYŇ SAGLYGYNA NÄHILI GÖZEGÇILIK ETMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAŞULY GARYNDAŞLARYŇ SAGLYGYNA NÄHILI GÖZEGÇILIK ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yasuly garyndaslaryn saglygyWagt geçip çagalar ulaldygyça, ýaşuly, gartaşan maşgala agzalary – ene-ataň, daýyň, daýzaň barada alada etmek wajyplygy ýüze çykýar. Ýaşuly agzalaryň saglygyna ýerlikli ideg etmek, olaryň gün tertibini tertipleşdirmäge kömek etmek, dogry iýmitlenme endigine uýgunlaşdyrmak, psihiki saglygyna üns bermek – bularyň ählisi olaryň ömrüni uzaldyp, özlerini bagtly duýmaga ýardam edip bilýär.

Olary wagtly-wagtynda lukmançylyk öňüni alyş barlaglaryndan geçiriň

Belki-de ýaşuly adam lukmanlaryň barlagyna gitmäge ýaýdanar ýa-da ýagdaýynyň gowulygyny bahana eder. "Köpüm geçip, azym galypdyr" diýen göwnüçökgün jümle köplenç ýaşuly adamlara özi üçin peýdaly hereket etmäge päsgelçilik döredýär. Ýaşyň näçedigine garamazdan, ömrüň hiliniň saglyga baglydygy barada gürleşip, özüňiz ýaşulyny dürli barlaglara alyp gidiň:

Kardiolog lukmany ganyň umumy, biohimiki barlagyny derňäp, EKG, EHOKG barlaglaryny geçirip, ýürek-damar ulgamynyň ýagdaýy barada maglumat alar. Ateroskleroz, gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýürek ritminiň bozulmalary ýaly keseller ýaýbaňlanmaz ýaly peýdaly maslahatlar berer.

Endokrinolog lukmany ganyň glýukoza barlagyny geçirip, süýji keseli wagtynda anyklamaga kömek eder. Eger ýaşuly adamda galkan şekilli mäziň keselleri bar bolsa, olary kadalaşdyrma barada maslahat berer.

Göz keselleri lukmany glaukoma (göze garasuw inme keseli), katarakta (göz merjenjiginiň ümezlemegi) ýaly ýaş bilen bagly bozulmalaryň öňüni almaga, okamak, işlemek üçin äýnek saýlap almaga kömek edip biler.

Eger ýaşuly adamda öňden dowamly keseller bar bolsa, degişli lukmanlaryň (pulmonolog, newropatolog, ortoped we baş.) maslahatyndan soň flýurografiýa, kompýuter tomografiýa barlagyny hem geçirip, saglyk babatda maglumat alyp bolar.

Ýaşuly adamynyň ruhy saglygyna üns beriň

Adamlarda ruhy we emosional saglygyň üýtgemelerini beden saglygynyň üýtgemelerine garanyňda birden saýgaryp bolmaýar. Ýaşyň ulalmagy bilen demensiýa, nädogry iýmitlenme, çilimkeşlik, alkogol içgilerini kabul etmek, fiziki işjeňliligiň we akyl zähmetiniň ýetmezçiligi bilen bagly bozulmalaryň döreme töwekgelçiligi hem artýar.

 Garrylygyň demensiýasy döremez ýaly:

Ýaşuly adam bilen kadaly söhbetdeşlikde boluň – uzyn gün telewizoryň öňünde oturmak hakyky söhbetdeşligiň ýerini tutmaýar. Siz uzyn gün işli bolsaňyz hem, agşamky naharyň başynda dürli täzelikler barada gürleşiň; ol ýa-da bu ahwalatlar barada pikirini soraň. Ýaşuly adamlaryň eşidiş we sözleýiş tizligi hem wagt geçdigiçe peselýär. Biraz gatyrak, dürs geplemäne we ýaşuly adamynyň sözüni bölmezlige çalşyň. Eger ol geçmişden bir wakany size birnäçe gezek hem aýdyp berýän bolsa, ony saklamaň. Tersine, ýaşlykdan ýatlamalaryny başyndan aýdyp bermegini haýyş edip, ony ýazga geçiriň. Bu maglumatlar geljekki nesilleriňize ýadygärlik bolar.

Başga adamlar bilen aragatnaşygyny goldaň – eger saglyk ýagdaýy mümkinçilik berse, ýaşuly ene-ataňyzy öz ýaşytdaşlary - garyndaşlary, goňşulary, öňki işdeşleri bilen duşuryň. Bu duşuşyklardan olar emosional güýç alar, ýaramaz pikirleri ýatdan çykarar. Şonuň ýaly-da, öz agtyklary, ýaş adamlar bilen duşuşyklar hem pozitiw duýgy bermäge ukyplydyr. Ýöne bu söhbetdeşlikler gaty uzak we ýaşuly üçin ýadadyjy bolmaly däldir.

Mümkin bolsa, zähmetden çetleşdirmäň – eger ýaşuly ejeňiziň nahary başbütin özüniň bişirmäge mümkinçiligi bolmasa hem, önümleri dograp, size kömek bermeginden saklamaň. Eger ataňyz mellekde güýmenýän bolsa, hemme gök-önümleri supermarketden hem alyp boljakdygyny aýdyp, onuň höwesini gaçyrmaň. Ýaşuly adam üçin özüniň maşgala gereklidigini, peýdaly zähmete ukyplydygyny bilmek juda wajypdyr.

Dogry iýmitlenme endigine uýgunlaşdyryň

Ýaşuly adamlarda wagtyň geçmegi bilen iýmit siňdiriş ulgamynyň işi haýallaşýar. Nahary wagtynda siňdirmezlik, içiň gatamagy ýaly alamatlar biynjalyk edip başlaýar. Şonuň üçin hem, ýagy az, agyr bolmadyk, ýöne ýokumly naharlary iýmek, düregeý önümleri ulanmak, günde az-azdan 3-4 gezek naharlanmak ýaşuly adam üçin oňaýly bolup biler.

Rahat, oňaýly şertleri dörediň

Ýaşuly adamda direg-hereketlendiriş ulgamynyň keselleri bolmadyk halatynda hem, käbir hereketleri amala aşyrma kynçylygy döreýär. Şonuň üçin hem, onuň geýim-eşiklerini dogry saýlamaga kömek ediň: ol pagtadan ýa-da ýüňden bolmalydyr, rahatlygy we ýylylygy üpjün etmelidir. Şeýle hem, ýaşuly adamyň aýakgaby oňaýly, ýumşak, gerek bolan halatlarynda ortopedik hilli saýlanmalydyr. Ýaşuly adamyň rahat ukusyny üpjün etmek üçin gowy hilli düşek-ýassyklary saýlamak zerurdyr.

Öýde aşhana otagyny we hajathanany dogry gurnama wajypdyr. Mebelleri dogry goýmak, pollaryň taýpançak bolmazlygyny gazanmak, ýörite rezin örtükleri ulanmak, gerek bolan ýerlerde tutawaçlary oturtmak ýaşuly adamynyň hereketini aňsatlaşdyryp, saglyk üçin howply şikeslenmeleri almakdan gorap bilýändir.

Maşgala lukmany

  • 404 gezek okalan