• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • AGTYKLARYŇA SEREDIŞMEK KOGNITIW PEÝDALAR BILEN BAGLANYŞDYRYLÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGTYKLARYŇA SEREDIŞMEK KOGNITIW PEÝDALAR BILEN BAGLANYŞDYRYLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

agtyklaryna seredismekAgtyklaryna ideg etmäge kömekleşýän ene-atalar we mama-babalar garradyklaryça has çeýe ýatkeşlik we dil ukyplaryny saklamakda üstünlik görkezýärler.

Täzelikde Amerikanyň psihologiýa birleşmesi tarapyndan çap edilen ylmy barlaga görä, agtyklaryna seredişmek gartaşan adamlarda kognitiw taýdan gowşaklaşma garşy netijeli göreşme usuly bolup biler.

Köp jemgyýetlerde ene-atalar we mama-babalar agtyklaryna seredişmekde uly ýardam çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Emma, agtyklaryna seredişmegiň ýaşulularyň özüne hem peýdasy barmyka? Bu soraga jogap gözläp, Niderlandiýadaky ylmy barlagçylar 50 ýaşdan geçen üç müňe golaý adamdan 2016-2022 ýyllar aralygynda soragnama hem-de kognitiw synaglary aldylar. Soragnamanyň içine adamlaryň nähili ýygylykda agtyklaryna seredişýändigi we agtyklary bilen nähili zatlary bilelikde edýändigi baradaky soraglar girýär.

Agtyklary bilen wagt geçirýän ýaşulular diňe bir olara dürli görnüşli ideg etmek däl, eýsem olar bilen oýun oýnamak, öý işlerine kömekleşmek, olara nahar taýýarlamak we olary maşynly dürli ýerlere äkitmek ýaly zatlary hem edýän ekenler. Agtyklary bilen bilelikde wagt geçirýän ýaşulular, agtyklaryna ýa-da kiçi çagalara seretmeýänler bilen deňeşdireniňde, ýatkeşlik we gürrüňdeşlik ukyplaryny barlaýan synaglarda has ýokary netijeleri gazandylar. We gowy netijeler agtyklara nähili ýygylykda ýa-da nähili görnüşde ideg berilýäni bilen baglanyşykly çykmady. Ýagny, seýrek hem bolsa, agtyklaryna seredişýänler hiç hili seredişmeýänlerden has gowy netijeleri görkezdiler.

Maşgala şertleri ähmiýetli bolup biler

Barlagyň awtorlary bu netijelere maşgala şertleriniň we beýleki faktorlaryň nädip täsir edýändigini öwrenmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmelidigini belleýärler. Çünki, çaga seredişmek we mundan kognitiw peýda almak meselesinde maşgalanyň ýagdaýy we şertleri möhüm rol oýnap biler. Meselem, agzybir we asuda maşgalada ýaşulularyň öz islegi bilen agtyklaryna seredişmesi dartgynly we durnuksyz maşgalada mejbury çaga seredişmeli bolmakdan has tapawutly netijeleri görkezip biler.

Çeşme

  • 20 gezek okalan