Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ORTA ÝAŞDAKY ENDIKLER GARRYLYKDA BEÝNINI ÝITELDIP ÝA-DA KÜTELDIP BILER
40, 50, 60 ýaşlaryň garrylykda beýni saglygyny saklamakda wajyp rolunyň bardygyny tassyklaýan ylmy barlagçylar barha artýarlar.
Dünýäde 57 milliondan köp adam demensiýadan ejir çekýär we bu sanyň 2050-nji ýyla çenli 150 milliona ýetmegine garaşylýar. Gowy habar bolsa, ylmy barlagçylar demensiýa hadysalarynyň 45% golaýynyň öňüni alyp ýa-da ösüşini haýalladyp boljakdygyny çaklaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, bu kesele diňe gartaşýan beýnide bolup geçýän özgermeler sebäp bolman, eýsem bedende ençeme ýyllap ýygnanýan metabolik stres, alawlama we damarlaryň zeperlenmegi hem goşant goşýarlar. Mundan ugur alyp, köp ylmy barlagçylar indi ýatkeşlik bilen bagly meseleler ýüze çykmazyndan 15-20 ýyl öň bedende demensiýa eltýän hadysalaryň döreýändigine ynanýarlar. Hut şonuň üçin, newrologiýa alymlary orta ýaşlary beýniniň gartaşmaga ýykgyn emma öňüni alyş çärelerini-de gowy kabul edýän döwri hökmünde görýärler.
Beýni orta ýaşlarda üýtgeýär
20-nji asyryň köp bölegi boýunça alymlar beýni ösüşini şeýleräk hasaplaýardylar: çagalykda çalt ösýär, kämillik ýaşynda durnuklaşýar we ýaşyň gaýtmagy bilen kütekleşýär. Uly ýaşly adamyň beýnisi şol bir durkunda saklanýan we gartaşdygyça özüni ösdürmäge ukyby pes bolýar diýlip düşünilen.
Emma, 2024-nji ýylda Stanford uniwersitetinde geçirilen ylmy barlag metabolizm, iýmit siňdiriş hem-de ýürek-damar saglygyna täsir edýän beloklaryň 40 ýaşlaryň ortasynda we 60 ýaşlaryň başynda uly üýtgeşmelerden geçýändigini ýüze çykardy. Bu ulgamlaryň beýnide gan aýlanyşygyny, alawlamany we energiýa üpjünçiligini sazlamaga kömek edýäni üçin, olarda bolup geçýän üýtgeşmeler beýniniň (kognitiw) işjeňligine we umumy saglygyna hem täsir edip bilýär. 2025-nji ýylyň noýabrynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy barlag hem ömrüň dowamynda beýnide dört gezek (9, 32, 66 we 83 ýaşlarda) uly üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini görkezdi.
Möhüm üçlük: Iýmitleniş, hereketlilik, uky
↪ 100 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen we 30 ýyl dowam eden bir barlagyň netijelerine görä, 40, 50, 60 ýaşlarynda ösümlik esasly iýmitleri köp we aşa işlenilen iýmitleri az kabul edenleriň diňe bir 70 ýaşa sagdyn ýetme ähtimallygy ýokary bolman, eýsem ol ýaşda depressiýadan azat bolup, kognitiw testlerde hem başarjaňlyk görkezýärler.
↪ Hereketliligiň, esasan-da yzygiderli maşk etmegiň hem ýatkeşligiňe we kognitiw işjeňligiňe örän peýdalydygyny nygtaýan alymlardyr ylmy barlaglar hem barha köpelýär. Dürli ýaşlardaky birnäçe müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen bir barlag orta ýaşlarda fiziki taýdan hereketli bolan adamlaryň garrylykda demensiýa uçramak töwekgelliginiň 40-45% azdygyny görkezdi. Alymlaryň gitdigiçe köpüsi hereketlilige diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesi däl-de, eýsem newrologik çeýeligiň möhüm sütüni hökmünde garaýarlar.
↪ Alymlaryň ýene bir nygtaýan zatlarynyň biri: orta ýaşlarda gowy uky almak beýniniň alsgeýmer keseli bilen baglanyşykly zyňyndy beloklary arassalamagyna kömek edýär. Ukyň dowamynda beýni arassaçylyk işlerini ýerine ýetirýär. Yzygiderli ukynyň ýeterliksiz ýa-da pes hilli bolmagy entek adamda kognitiw gowşaklygyň alamatlary bildirip başlamazyndan ençeme ýyl öň beýniniň arassalaýjylyk ukybyny peseldip biler.
3 million adamyň ýaşaýşyny derňän bir uly meta-analiz hem demensiýa uçrama ähtimallygyny azaldan faktorlaryň orta ýaşlardaky endikler bilen baglanyşyklydygyny aýan etdi. Ol endikler: 7-8 sagat gowy hilli uky, hepdede azyndan 150 minut aerob hereket (uly muskul toparlaryňy işledýän we ýürek urşuňy galdyrýan hereketler: ýöremek, ylgamak, mellekde işlemek, tigir sürmek, ýüzmek, tans etmek we baş.) hem-de günde 8 sagatdan az oturmak.
Özüňi kämilleşdirmek we täze tejribeler
Alymlaryň köpüsiniň ýene bir razylaşýan zady: beýni haçanda dowamly öwrenmäge, uýgunlaşmaga we täze tejribeleri edinmäge iterilende çeýeleşýär. Täze zatlary öwrenmäge ymtylma beýnide täze nerw birleşmelerini köpeldip, gartaşma bilen baglanyşykly gowşama garşy netijeli rol oýnaýar. Täze dil öwrenmek, saz guralyny çalmany öwrenmek ýa-da özüňe nätanyş bolan bir hobby edinmek uzak ýyllaryň dowamynda beýnini has erjelleşdirip biler. Okamak, ýazmak ýa-da muzeýlere aýlanmak ýaly "beýnini baýlaşdyryjy" hereketleri köp edýän adamlarda beýlekilere garanyňda alsgeýmer keseliniň 5 ýyl giç ýüze çykyp başlaýandygyny görkezen ylmy barlaglar hem bar.
Şeýle-de, adamlar haçanda ýekelikde garranlarynda beýni erjelligini ýitirip bilýär. Ýakynlaryň bilen gürrüňdeşlikler we bilelikde ýerine ýetirilýän işler ýiti ýatkeşlik, ünslülik, duýgularyňy sazlama we dili dogry ulanma ukyplaryny talap edip, beýnä "maşk" hökmünde hyzmat edýärler. Üzňelikde we ýalňyzlykda garramak bolsa adamy beýle peýdaly maşklardan mahrum edip bilýär.
- 17 gezek okalan