Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
IÝMITLENIŞ SAGATLARYŇY AZALTMAGYŇ ÝENE BIR ULY PEÝDASY
Täze kliniki synagyň netijelerine görä, günde iýmitleniş wagtyňy 9 sagatdan uzaltmazlyk we ýatmagyňa 4 sagat galandan soňra iýmit iýmezlik adamyň demensiýa uçrama ähtimallygyny peseltmäge goşant goşup biler.
Rutgers Uniwersitetiniň ylmy barlagçylar toparynyň alyp baran pilot synagynda semiz ýa-da aşa semiz gartaşan aýallaryň iýmitleniş sagatlaryny çäklendirenlerinde diňe bir horlanman, eýsem kognitiw ukyplarynyň hem ýitileşendigine syn etdiler. Barlagçylaryň çaklamagyna görä, ýaşyň gidişmegi bilen baglanyşykly kognitiw ejizlemä garşy diňe bir kadaly beden agramyny saklamak bilen däl, eýsem iýmitlenýän sagatlaryňy çäklendirmek bilen hem göreşip bolýar.
Bu kliniki synag 50-79 ýaş aralygynda we semiz ýa-da aşa semiz bolan 50 töweregi aýalyň gatnaşmagynda geçirildi. Alty aýlap gatnaşyjylaryň ählisi günlük kabul edýän kaloriýalaryny 500 kaloriýa azaltdylar. Emma olaryň ýarysy günlük iýmitleniş sagatlaryny 9 sagatdan aşak düşürdiler, beýleki ýarysy bolsa adaty iýmitleniş sagatlaryny saklap galdylar (günde 12 sagat töweregi). Iýmitleniş wagty çäklendirilen topar adatça sagat irden 10 bilen agşam 6 aralygy iýmit kabul etdiler.
Alty aýdan soňra gatnaşyjylaryň her biri ortaça 6.8 kilo horlandy. Emma synagyň soňunda iýmitleniş sagatlaryny çäklendirmedik topar bilen deňeşdireniňde, günde diňe 8-9 sagat içinde iýmitlenenler beýniniň mesele çözüş, seljeriş we planlaýyş ukyplaryny barlaýan ýumuşlarda aýratyn başarjaňlyk görkezdiler. Olar ýatkeşlik we täze zatlary öwreniş testlerinde hem has az ýalňyşlyk goýberdiler, emma bir wagtda birnäçe ýumşy bitirmekde (multitasking) we wagtynda reaksiýa görkezmekde iki topar biri-birinden kän tapawutlanmady.
Bu netijelere görä, günlük iýmitlenýän wagtyňy 9 sagatdan aşak düşürmek gündelik işleri edeniňde maglumatlary has gowy ýatda saklap bilmek, ýatkeşlige, ünslülige we mesele çözmäge degişli ýalňyşlyklary az goýbermek bilen baglanyşykly.
Bu netijeleriň jemgyýet köpçüligi üçin hem dogrudygyny tassyklamak üçin goşmaça barlaglaryň gerekdigini ylmy barlagçylar belleýärler. Şeýle-de, olar gelejekde wagty çäklendirilen iýmitlenmäniň bu täsirine has içgin düşünmäni we goşmaça täsirleri barada hem öwrenmäni maksat edinýärler.
- 11 gezek okalan