• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn garrama
  • GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOPOROZ

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOPOROZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Siz kimdir biriniň: «Tekiz ýerden barýarkam büdräp, aýagymy döwdüm», «Ýerimden turjak bolanymda, topugym çat açdy» diýenlerini, belki, eşidensiňiz. Biz çagalyk döwründe agaçlardan ýa-da haýatlardan bökenimizde, hiç ýerimiz döwlüp-ýenjilmeýärdi ahyryn. Eýsem indi näme üçin şeýle ýagdaýlar ýüze çykýarka? Näme üçin uly ýaşyndaky adam çalaja büdräýse-de, onuň elini ýa-da aýagyny gipse salmaly bolýar?

Bu adamyň süňkleriniň wagtyň geçmegi bilen inçelip, öz berkligini we çeýeligini ýitirýändigi zerarly bolýar. Belli bir şertlerde adamyň süňklerinde üýtgeşmeler ýüze çykyp, olar gubka ýaly bolýarlar. Süňkleriň düzümindäki kalsiý ýuwlup çykarylýar-da, olarda öýjükler emele gelýär. Bu ýagdaýyň birnäçe sebäpleri bardyr. Bu organizmdäki alyş-çalyş prosessiniň bozulyp, kalsiniň özleşdirilmeýän ýagdaýy bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlar adamyň organizminde garmonlaryň deňagramlygynyň bozulmagynyň netijesinde, dowamly arakhorlugyň, çilimkeşligiň ýa-da iýmit siňdirişiň bolzulmalarynyň netijesinde hem bolup bilýär. Bu ýagdaýa оsteoporoz diýilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, ýer ýüzündäki ilatynyň arasynda  osteoparoz süňk keselleriniň iň ýaýran görnüşidir.

Osteoparoza esasan-da gartaşan adamlar uçraýar. Adamyň içegeleriniň işleýşi wagtyň geçmegi bilen ýaramazlaşýar. Şoňa görä-de, kalsiý we witaminler öňküsi ýaly özleşdirilmeýär. Adam ýörände ýagyrnysynda güýçli agyrylary duýýar, onuň süňkleri ejiz bolýar. Keseliň agyr görnüşlerinde adamyň boýy käwagt on bäş santimetr dagy kiçelip bilýär. Bu oňurganyň görnüşiniň bozulmalarynyň netijesinde ýüze çykýar.

Erkekler aýallara garanyňda bu keseler iki esse az uçraýandyrlar. Aýallar bolsa bu kesele esasan-da menopauza, ýagny aýbaşydan galma döwründe duçar bolýarlar. Osteoporoz hemme döwürlerde duş gelse-de, bu ýagdaýyň aýallaryň aýbaşydan galma döwri bilen gönüden-göni baglydygy ýaňy-ýakynda mälim boldy. Dogrudan-da, şu döwürde adam süňkleriniň düzümindäki kalsiý köp mukdarda ýitirilýär. Bu keseliň alamaty däl-de, adam organizminde bolup geçýän adaty üýtgeşmeleriň alamatydyr. Ýöne şonda-da aýal (ginekolog) lukmanlaryň köpüsi osteoparozyň ilkinji alamatlarynda estrogen kabul etmegi maslahat berýärler. Bu derman serişdesiniň goşmaça göwneýakymly täsiri bardyr. Ol  köp aýallara aýbaşydan galmaklygy inkär etmäge mümkinçilik berýär. Estrogen serişdesi kabul edilende, aýalyň organizmi heniz-de ýaşdyr, hiç üýtgeşmeler bolmaýandyr öýdüp, aldanylýar.  Eýsem süňkleriniň heksizlenmeginden we kalsiý ýetmezçiliginden gorkýan adam bu meseläni näme üçin gormon serişdelersiz çözüp bilmeýär? Sebäbi aýbaşdan galma döwründe düzüminde kalsiý bolan serişdeleriň kabul edilmegi peýdasyzdyr. Organizm özüne berilýän kalsini artykmaç hasap edip, ony erjellik bilen daşyna çykarýar. Organizm indi özüne öňki ýaly berk skelet gerek däl diýip hasaplaýar. Sebäbi ol özünde bolup geçýän üýtgeşmeler barybir durmuşa bolan garaýşy üýtgeder, ýagny durmuş gyzyklanmalary indi daşky hereketjeňlikden içki oýlanmalara, ruhy ýörelgelere gönüger diýip pikir edýär. Emma muňa garamazdan, organizmi estrogen serişdeleri arkaly aldap, ony öňküsi ýaly süňklerde kalsiniň gerekli mukdaryny alyp galmagyny yrýarys. 

Osteoparozyň ýüze çykmagyna käbir dermanlar hem sebäp bolup bilýärler. Bu dermanlara kortikosteroidler, barbituratlar we tutgaýlara garşy dermanlar degişlidir. Eger bu dermanlary uzak wagtyň dowamynda kabul edilse, organizmde garmonlaryň deňagramlylygy bozulýar-da, osteoparoz ýüze çykýar. Osteoparoz keseliniň bu görnüşine ikinji derejeli osteoparoz diýlip, ol seýrek duş gelýär. Bu keseliň duş gelýän ýagdaýlarynyň diňe 5%-inde osteoparozyň şu görnüşi duşýar.

Şunlukda, siz haýsy ýagdaýlarda öz süňkleriňiziň ýagdaýyna has ünsli garamaly?

  • eger haýsydyr bir garyndaşyňyz şu kesele öň uçran bolsa;
  • eger düzüminde kalsiý köp bolan önümleri az iýýän bolsaňyz (süýt-gatyk önümleri, balyk eti);
  • eger siz az hereket edýän bolsaňyz;
  • eger göwräňiz çepiksizje bolsa;
  • eger çaga dogmadyk bolsaňyz;
  • eger kyrk bäş ýaşdan öň aýbaşydan galan bolsaňyz;
  • eger araga we çilim çekmekligige ýykgyn bolsaňyz.

 

Ulanylan WEB Salgy

  • 5503 gezek okalan