Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN DOGANOGLANYMY HALAÝARYN…

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.03 (60 Ses)

Häzirki döwürde biziň jemgyýetimizde baglanşylýan garyndaşara nkalaryň sany azalyberenok. Dogry, Ýewropa ýurtlarynda we Demirgazyk Amerikada beýle nikalaryň sany 1%-den ýokary däl, ýöne Aziýa ýurtlarynda olaryň sanynyň ýokary bolmagy syn edilýär.

Türkmenistanda garyndaşara nikalaryň derejesi barada anyk maglumat ýok, ýöne biziň jemgyýetimizde hem baglanşylýan şeýle nikalaryň sany öňki ýyllar bilen deňeşdirlende biraz peseldi. Bu peselmäni bolsa ilki bilen ýaşlaryň gözýetiminiň giňelmegi, migrasiýanyň ýokarlanmagy bilen düşündirip bolar. Oňa garamazdan, ýaşuly nesliň pikirine görä, garyndaşara nikalar öz berkligi we agzybirligi bilen tapawutlanyp, guda bolan maşgalalaryň maddy we ruhy gymmatlyklaryny saklamaga ýardam berýär. Onuň şeýledigini tassyklaýan ýa-da ret edýän maglumatlar ýok, ýöne bu nikalaryň täze, doguljak nesil üçin howplydygy barada lukmanlaryň düşündirişleri aýratyn ünsi talap edýär.

Genleriň "oýny"

Geliň genetikanyň kanunlaryny ýada salalyň. Adam özünde 30 müňe golaý geny göteriji bolup, olar jübütler görnüşinde ýerleşýärler. Olaryň biri atasyndan "miras" alynsa, beýlekisi enesinden alynýar. Dominant (üstün çykyjy) we resessiw (gowşak täsirli) genler tapawutlandyrylýar. Şeýle dominant geniň özi hem "sag" jübütinden üstün çykyp, nesil yzarlaýan keseliň döremegine getirýär. Meselem, Gentingtonyň horeýasy ýaly seýrek duş gelýän kesel. Resessiw geni göteriji adam bolsa bütin ömrüni sag bolup, bu şikesli geny çagalaryna geçirip bilýändir. Ýöne şikesli, resessiw geniň täsiri, beýleki atadan (ýa-da eneden) alnan sag gen jübütiniň kömegi bilen basylýança, kesel ýaýbaňlanmaýar. Garyndaşara nikalaryň howplulygy hem şonda: garyndaşlarda meňzeş genler köp bolýar. Edil şuňa meňzeş ugur bilen ençeme agyr nesil yzarlaýjy keseller geçirilýär: lal-güňlük keseli, albinizm, nerw ulgamynyň we nesil yzarlaýjy alyş-çalyş ulgamynyň keselleri. Şonuň ýaly-da, ýakyn garyndaşlaryň nesillerinde diňe bir nesil yzarlaýan keselleriň döreme derejesi ýokarlanman, eýsem çaga düwünçeginiň düşme, öli çaga bolma we doga kemçilikli çagalaryň dünýä inme töwekgelçilikleri ýokarlanýandyr.

Ýöne garyndaş ene-atanyň ikisi hem şeýle üýtgän (keselli) geni göteriji hem bolsa, olardan dogjak çagalar hemişe nesil yzarlaýan keseller bilen kesellemeýär. Sebäbi üýtgän geni göterijileriň jynsy öýjükleriniň diňe ýarsy bu üýtgemeleri saklaýandyr. Eger düwünçek iki sany kadaly, sag öýjüklerden ösüp başlasa, çaga geljekde sag bolup biler, çünki ol ene-atadan uýtgän geni almaýar. Eger düwünçek bir sag we bir üýtgän öýjüklerden emele gelse, onda hem sag bolar, ýöne öz ene-atasy ýaly ýaramaz geni göteriji bolar.

Aýdylanlardan bir esasy netije çykaryp bolýar: nesilde garyndaşara nikalaryň sany näçe köp boldugyça, şonça hem ýaramaz, keselli genleriň utgaşmagynyň köp emele gelme töwekgelçiligi artýandyr. Şuňa mysal edip, lukmanlar Ýewropada belli bolan Gabsburglaryň maşgala daragtyny ýatladýarlar. Patyşa maşgalalarynyň agzalary köp ýyllaryň dowanynda garyndaşara nikalary baglanşypdyrlar: Filipp-II birinji nikasynda öz doganoglan uýasyna öýlense, ikinji nikasyny ýegeni bilen baglanşypdyr. Onuň ogly Filipp-III doganoglan uýasyna öýlense, agtygy Filipp-IV ýegeni bilen nika baglanşypdyr. Taryha olaryň ruhy taýdan kemçilikli, kemakyllylygyň dürli derejelerinden ejir çeken, hiç hili döwlet işlerine ýaramadyk nesilleri bellidir. Ýene bir mysal – nesilden nesle, süýtdeş aýal we erkek doganlary bilen nika baglanyşan müsür faraonlarynyň maşgalalary. Eger olaryň nesilleri edil şu sebäpden ýitip giden bolsalar hem, olaryň nesillerinde garyndaşara nikalaryň baglanşylmagynyň düzgün bolup galandygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Howplulyk derejeleri

Genetikler ýakyn garyndaşara nikalary howplulyk derejesi boýunça aşakdaky toparlara bölýärler:

1. Süýtdeş erkek we aýal doganlar, dürli ýumurtgalyklardan emele gelen ekizler, ene-atalar we çagalar birinji derejeli garyndaşlara degişli bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyk "insest" (latyn. – gadagan) diýip atlandyrylýar. Şeýle gatnaşyklar lukmançylyk we etiki kadalara görä köp ýurtlaryň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilendir. Şeýle-de, eneleri ýa-da atalary bir bolan erkek we aýal doganyň arasynda baglanşylýan nikalar gadagan edilýändir. Şeýle nikada näsag çagalaryň dogulma töwekgelçiligi 60-65%-e deňdir.

2. Daýylar, daýzalar, ýegenler, mamasy we babasy ikinji derejeli garyndaşlara degişli edilip, olardan keselli çaganyň dogulma töwekgelçiligi 25%-e barabardyr.

3. Doganoglan aýal ýa-da erkek, üçünji derejeli garyndaşlara degişli bolup, olarda näsag çaga dogulma howpy 4-6%-i düzýändir (maşgalada nesil yzarlaýan keselleriň we nesillerinde ýakyn garyndaşlyk nikalaryň bolmadyk halatynda). Başga tarapdan seredeniňde, doganoglan jübütlerinde sag çaga dogma ähtimallygy 94-96% barabardyr.

Men doganoglanymy halaýaryn

Eger bardy-geldi, müňlerçe oglanlaryň we gyzlaryň içinde, sizde dörän söýgi oduny diňe doganoglanyňyz tutaşdyryp, diňe onuň bilen bagtly durmuşy meýilleşdirýän bolsaňyz, onda sizi gutlaýmak galýar. Ýöne toý dabarasyny tutmazdan öň, öz nesil daragtyňyzy düzüp we öwrenip (geçen nesilleriňizde garyndaşara nikalaryň sany we duş gelen nesil yzarlaýan keseller barada maglumatlar), genetik lukmanyň maslahatyny almak örän ýerlikli bolar. Genetik lukmanlar siziň nesil daragtyňyzy öwrenip, geljekki nesilleriňize howp salyp biljek keselleriň bardygy ýa-da ýokdugy babatda maglumat almaga kömek edip bilerler.

P. S. Bir maşgalada nesilden nesle diňe nesil yzarlaýan keselleri saklaýan genler geçirilmän, akyllylyk, başarjaňlyk häsiýetlerini kesgitleýän genleriň toplumy hem geçirilýändir. Taryha ylyma we sungata uly goşandyny goşan agzalary bilen tanalýan maşgalalar bellidir. Meselem, kompozitor I. S. Bahyň kyrk alty garyndaşy ussat sazandalar höküminde belli bolupdyrlar. L. N. Tolstoýyň we A. S. Puşkiniň eneleriniň ejeleri süýtdeş dogandyrlar.

  • 12088 gezek okalan