Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MASTURBASIÝA HAÇAN BEJERILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (52 Ses)

Masturbasiýa (onanizm) – seksuallyk jähtden özüňi alyp barmagyň görnüşi bolup, lezzet almak üçin öz jynsy agzalaryňy (ujydy, kinnigi we jynshanany) gyjyndyrmaga gönükdirilendir.

Biz masturbasiýa endigine jemgyýetiň garaýşy we ol barada umumy häsiýetnamany saýtymyzda ýerleşdirlen "Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?" atly makalada beýan edip geçipdik.

Masturbasiýa ýetginjeklik döwründe, uly adamlarda jynsy gatnaşyklardan saklanmagy talap edýän ýa-da onuň geçirilip bilinmeýän halatlary seksual dartgynlylygy ýeňip geçmäge kömek edýän bolsa hem, endige öwrülip, adamyň durmuşyna berk ornaşmagy onuň kesele öwrülendiginden habar berip biler.

SEBÄPLER

Masturbasiýany geçirmek göniden-göni adamyň seksual talaplaryna baglydyr. Ýokary seksual dartgynlylygyň bolmagy ýa-da bir gezek geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň ýeterlik bolmazlygy hem onuň sebäbi bolup biler. Başga ýagdaýlarda, masturbasiýa bolan talap başga adam bilen ýakyn gatnaşyk etmäge gorky dörände ýüze çykyp biler. Köplenç bu ýagdaý öz jynsy güýjüne ynamy bolmadyk adamlarda köp duş gelýändir.

Masturbasiýanyň sebäpleri höküminde dürli seksual we ruhy bozulmalar hem bellenilip bilner. Masturbasiýa alamaty bilen ýüze çykýan seksual bozulmalar:

► Jynsy islegiň aşa ýokary bolmagy.

► Erkek adamda ujydyň gönelmeginiň ýa-da dölüň dökülmeginiň bozulmalary.

► Jynsy islegiň peselmegi. Şuňa aýallarda duş gelýän jynsy sowuklyk, orgazm duýup bilmezlik ýagdaýy we waginizm (jynshana myşsalarynyň ýokary dartgynlylygy) degişlidir.

► Doga dörän ýa-da dogrum wagty alnan şikesler netijesinde daşky jyns agzalaryň görnüşiniň üýtgemegi. Şeýle näsaglar öz beden kemçiliklerini gizlemek maksady bilen masturbasiýany geçirmäge mejbur bolýarlar.

► Jynsy agzalaryň ösüşiniň kadadan üýtgemegi (juda uly ýa-da kiçi ujyt, giň ýa-da dar, gysga jynshana).

Onanizm alamaty bilen ýüze çykýan ruhy bozulmalar:

► Newrozlar;

► Howsalaly ýagdaýlar, gorkular;

► Şizofreniýa ýa-da şoňa menses bozulmalar;

► Kemakyllylyk;

► Gylygynda aşa ynanjaňlyk we howsalaly häsiýetleri bolan adamlar.

HAÇAN LUKMANA ÝÜZ TUTMALY

Masturbasiýa hereketlerine garaşly adam öz häsiýetine gözegçilik edip, şeýle hereketlerden saklanmaga ukyply däldir. Bu ugurda hemme tagallalary edeniňizden soň hem, bu gylykdan galyp bilmedik bolsaňyz – onda bu kynçylyk barada öz ýakynyňyza aýdyp, lukmana ýüz tutmaga wagtyň ýetendigini aňladýandyr. Kömek soramadan utanmaň – köp adamlar şeýle kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Onanizm bilen seksual lezzetlilige ýetmek ýeňil: öz taýyňy gözlemegiň geregi ýok we bu hereketleri islendik wagt geçirip bilýärsiň. Jynsy gatnaşyklaryň ýerini masturbasiýa bilen tutma kesel bolup, dine bir käbir halatlarda onuň üstüni dolma – kadadyr.

ONANIZMIŇ DÖREDÝÄN KYNÇYLYKLARY

♦ Adamyň ýanýoldaşy bolup, hemişe masturbasiýa geçiren ýagdaýlarynda jynsy gatnaşyklaryň bes edilip, ýanýoldaşy bilen aragatnaşyklarynyň bozulmagyna getirip biler. Masturbasiýanyň döredýän esasy kynçylygy newroz ýagdaýy bolup, ol özüňi günäkär saýma duýgusynyň döremeginden gelip çykman, erkiň we öz hereketleriňe gözegçilik etmek ukybynyň ýitirilýändiginden gelip çykýan galagopluk esasynda döreýändir.

♦ Masturbasiýa geçirme endigi islenilýän sepgitlere ýetme ukybyndan we durmuşyň başga lezzetliklerini duýma duýgusyndan juda düşurýär. Şeýle adam töweregindäkilerden üzňe bolup, ýekelikden ejir çekip biler.

♦ Onanizmiň başga bir gaýraüzülmesi – psihologiki jynsy gowşaklygyň döremegidir. Sebäbi adamyň jynsy gatnaşyklary geçirýän ýanýoldaşy, onuň hyýalynda döredýän erotiki keşpleri bilen deň gelmän biler.

♦ Masturbasiýa aşa garaşly bolmak işleme ukybyny peseldip bilýär.

♦ Bu endik özüňi hemişe günäli duýmagyňa getirýär.

♦ Masturbasiýa ýykgyn etmek, esasan hem dürli serişdeleriň ulanylan wagty saglyk üçin howply ýagdaýlaryň döremegine getirip biler – ujyda geýlen lateks halkalary, jynshana salnan ýiti zatlar, gyjyndyryjy maddalary ulanmak we ş. m.

♦ Eger masturbasiýa gyssaglykda geçirilip, otaga başgalaryň girip biljekdigi barada gorky bar bolsa, soňundan erkek adamlarda döli dökme ýagdaýynyň bozulmalary döräp biler.

BEJERGI ÇÄRELERI

Özüňe kömek bermek

► Özüňiziň isleýän zatlaryňyz bilen meşgullanmak: seksual güýjüňizi sungata sarp etmek, sportuň görnüşi bilen meşgullanmak, özüňize ýaramly gyzyklanma (hobbi) tapmak – şularyň hemmesi içki dartgynlylygy aýyrmaga, pikirleriňizi täze maksatlara gönükdirmäge kömek edýär.

► Eger sizde saklanma kynçylygy uka gitmezden öň ýüze çykýan bolsa, dürli usullary ulanyp saklanyň. Onanizm bilen meşgullanmak islegi uka gitmezden öň döreýän bolsa, doly ýadaýançaňyz sport maşklaryny ýerine ýetiriň. Eger seksual işjeňlik ir çaglary ýokarlanýan bolsa, uka gitmezden öň, jynsy agzalara ýetmekde kynçylyk döretmek üçin birnäçe gatdan ybarat eşik geýiň.

► Eger isleg örän ýokary bolsa sowuk duş kabul ediň.

► Masturbasiýasyz geçen günler üçin özüňizi dürli sowgatjyklar bilen sylaglaň.

► Seksual dartgynlylygy başdan geçirýän mahalyňyz öz ýakynlaryňyz, siziň "gyzyklanmaňyz" barada bilende, olaryň name pikir etjegi barada pikirleniň.

► Berhiz saklamaga çalşyň. Günde birnäçe sagat nahar iýmeden we suw içmeden saklanyp, siz öz ünsüňizi seksual masmunly pikirlerden sowarsyňyz we erkiňizi türgenleşdirersiňiz.

Lukmançylyk kömegi

Onanizm isleginiň döremeginiň sebäbini anyklap, size ýaramly we peýdaly bejergini bermek üçin, bu ugurdan tejribesi bolan psihiatr ýa-da seksolog lukmanyna ýüz tutmak gerekdir. Ýöriteleşdirilen kömek näsagyň özi bilen ýa-da düzülen toparlarda geçirilip, öz hereketleriňe we oňa itergi berýän sebäpleri öwrenip, olary aradan aýyrma çäreleri geçirmäge gönükdirilendir.

Seýrek ýagdaýlarda seksual islegi gowşadýan derman serişdeleri (ruhy gamgynlylyga garşy serişdeler, güýçli rahatlandyryjy dermanlar) bellenilýär.

ONANIZMIŇ ÖŇÜNI ALMAK

Masturbasiýa garaşly adam seksual kanagatlanmalaryna getirýän hereketlerden saklanyp bilmeýär. Keseliň başlanýan wagtyny duýup, kynçylyk barada ýanýoldaşyňyz bilen gepleşmek gerekdir. Bu onanizmiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga kömek eder. Bulara garamazdan, jübütleriň biri masturbasiýa bilen meşgullanyp, özüne bolan gözegçiligi ýitirýän bolsa, wagtynda lukmana ýüz tutulmagy özwagtlaýyn öňüni alyş çäre bolar.

Masturbasiýa endigine getirýän sebäpleriň biri höküminde, seksual mazmunly filmleriň, kitaplaryň, wideoýunlaryň elýeterli bolmagyny belläp bolar.

Kompýuteriňizde seksual mazmunly saýtlary ýapýan enjamlary goýmaga mümkinçilik gözläň, seksual mazmunly edebiýatlary okamakdan, telekanallara tomaşa etmekden gaça duruň.

Kadaly jynsy gatnaşyklara päsgel berýän masturbasiýa hem-de oňa bolan garaşlylyk bejergä mätäç bolup, jynsy gatnaşyklaryň wagtlaýyn bolmazlygy ýa-da başga sebäpler bilen dörän ýagdaýlar bolsa kada hasaplanýandyr.

  • 18522 gezek okalan