Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BIR GEZEK GEÇIRLEN JYNSY GATNAŞYK AIW-iň ÝOKUŞMAGYNA SEZEWAR EDIP BILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.02 (59 Ses)

Biziň köpümiz AIW-iň ýokuşma töwekgelçiligine howaýy zat höküminde garaýarys we häzirlikçe bu wirusyň bize ýokuşmajakdygyna ynamly bolýarys. Bir gezek geçirlen jynsy gatnaşyklaryň ýa-da adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen bu wirusy "peşgeş" almajakdygymyz barada ýalňyş düşünjelere aldanyp gezýäris.

Ilkinji gezek geçirlýän jynsy gatnaşyklarda hem ýoldaşyňyz bu wirusy göteriji bolup, siz prezerwatiw ulanmadyk bolsaňyz, ýokuşmanyň bolup biljekdiginden habarly bolmalydyr. Soňky jynsy gatnaşyklary bu töwekgelçiligi has hem artdyrýandyr. Şeýle hem, bu töwekgelçilik aýbaşy döwründe geçirilýän goragsyz jynsy gatnaşyklarda, ýatga spiral goýlan bolsa we bejerilmedik jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklaryň bolan wagty has hem ýokarlanýandyr. AIDS keseliniň döremegine getirip biljek AIW-iň beden suwukluklary – ganyň, dölüň, jynshana bölünip çykmalaryň, ene süýdüniň üsti bilen ýokuşýandygyny ýatda saklamalydyr.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, erkeklere aýallardan ýokuşma ýagdaýy bilen deňeşdirlende, aýallar üçin wirusy göterýän erkek adamdan ýokuşma mümkinçiligi 2-3 esse ýokarydyr. Belli bir ýagdaýlarda aýallar üçin howplulyk fiziologiki faktorlaryň täsiri bilen ýokarlanýandyr: aýbaşy döwri ýa-da gyzlyk perdesiniň ýyrtylan wagty AIW aňsatlyk bilen gana düşüp bilýändir. Uçuk, hlamidioz ýaly weneriki ýokançlyklarda jyns agzalarynda döreýän şikeslenmeler netijesinde hem wiruslar bedene çalt aralaşyp bilýärler. Köp aýallaryň bolsa jyns agzalarynda şeýle häziýetli şikeslenmeleriniň bardygyny bilmezligi, ýokuşma howpuny has hem artdyrýandyr.

AIW-iň ýokuşma ýollarynyň içinde anal (artbujakdan) jynsy gatnaşyklaryň geçirilmegi iň howplusy hasaplanýandyr. Göni içege tebigy nemlendirijilerden mahrum bolup, onuň nemli gatlagynda AIW-e ýol açýan şikeslenmeler döräp bilerler. Kanadada geçirlen barlaglar, jübütleriň 20-30%-niň käbir sebäplere görä (göwreli bolmazlyk üçin ýa-da gyzlyk perdäniň bütewliligini saklamak maksady bilen) anal jynsy gatnaşyklaryny geçirýändigini äşgär etdi. Biziň ýurdumyzda şeýle barlaglar geçirilmese hem, bu babatda aýdylanlary subut edýän maglumatlaryň alynjagy aýdyňdyr.

Oral (agyz boşlugy) jynsy gatnaşyklary, dölüň agyz boşlugyna düşmedik ýagdaýynda, bu babatda has höwpsuz hasaplanýar. Oral jynsy gatnaşyklary arkaly wirusyň ýokuşmagy hasaba alnan halatlar seýrek bolsa hem, ýokuşma töwekgelçiligini agyz boşlugynda, dodaklarda ýarajyklaryň, jaýryklaryň bolmagy ýa-da diş etiniň alawlama ýagdaýy netijesinde ganamagy ýokarlandyryp bilýändir.

  • 3194 gezek okalan

Teswirler (5)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Atajan

Salam hormatly adamlar , Salam saýdyñ hormatly lukmany!<br /> Lukman siz bilen nähili yagdayda gürleşip sizden sroçny zady sozady sorap anyklap bilerkäm ?! E-mail poçtadamy, tapawudy yok. Komek edayiñ sizden maña zerur komek gerek

 
  1. Azat

Salam lukman menin edamym gijileyar yone menin endamymda hichili orgun yok arassa beden dine yatjak wagtym gijileyar name sewapden gijileyarka

 
  1. Talyp.

Bir ahwalat weli aşa geňligine galýar. Ol hem bizde bu kesel hakynda ýurtda raýatlaryň bilmegi üçin zerur bolan maglumatlaryň takyk aýan edilmeýändigi lapyňy keç edýär. Aýratyn hem ýaşlar üçin açyk maglumatlar olaryň hüşgärligini artdyrardy.

 
  1. Armu

Qqqqqqqqq

 
  1. Armu

Rrrrrrrrrrrrrrrrrr

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location